A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.
Pdf ko'rish
bet9/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
#21038
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
Barlag  üçin  soraglar
1. Materigiò klimatyna nähili faktorlar täsir edýär?
2. Materigiò klimat guºaklyklarynyò tapawudy nämede?
3. Esasy derýalar we köller haýsy basseýnlerde ýerleºýär?

104
19-njy  surat.  Goýunöküz.
Amaly ýumuºlar
1. Klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò.
2. Materigiò  içerki  suwlarynyò  basseýnler  boýunça  paýlanyºyny
anyklaò.
3. Uly derýalaryny we köllerini depderiòize ýazyò.
45- §. Demirgazyk Amerikanyò tebigy
zolaklary we beýiklik guºaklyklary
Tebigy  zolaklar.  Materigiò  klimatyndaky  we  relýefindäki  tapa-
wutlar tebigy zolaklaryò dürlüçe bolmagyna esas bolýar. Beýik köl-
lerden demirgazykdaky tebigy zolaklar giòliik boýunça dörän bolsa,
günortadaky tebigy zolaklar meridianyò ugrunda diýen ýaly ýerleºýär.
Arktika  çölleri  zolagy  Grenlandiýa  adasyny  we  Kanada-Arktika
arhipelagyny eýeleýär. Gyºy gaty sowuk (–35 °C-dan pes), tomsuna
salkyn  (+5 °C-dan  pes).  Esasy  ösümlikleri  moh  we  liºaýnikler.
Haýwanat  dünýäsi  ak  aýy,  morž,  goýunöküz  (olar  diòe  ºu  zolakda
ýaºaýar, 19- njy surat), ak ýapalakguº we baºgalardan emele gelen.
Tundra  we  tokaý-tundra  zolagynyò  günorta  araçägi  gündogarda
53°
 
gd. g.-den, günbatarda 62°
 
dg.g. ýöneliºine çenli barýar. Batga we
tundra — gleýli  topraklarda  gyrymsy  we  ot  ösümlikler,  pes  boýly
berýoza we tal, daºýarar, moh we liºaýnikler ösýär. Tokaý-tundrada
gara  we  ak  sosna,  balzam  pihtasy    tila-
gaçlar  ösýär.  Tundrada  demirgazyk  sugu-
ny,  goýunöküz,  lemming,  polýar  tilkisi,
polýar  möjeki,  ak  käkilik,  ak  towºan,  Al-
ýaskada dag goçy, gar geçisi köp duºýar.
Taýga  zolagy  45°  dg.g  çenli  ýaýran.
Zolakda batga, podzol we buzly topraklar
döräpdir.  Esasy  ösümligi  gara  we  ak
sosna,  amerika  tilagajy,  balzam  pihtasy,
sosna ýaly iòòeýaprakly daragtlar tokaýlary

105
emele  getirýär.  Labrador  ýarymadasyndaky  agaçlaryò  90%-i  gara
sosna dogry gelýär. Haýwanlardan gara we goòur aýy, amerika losy,
keýik, tokaý bizony, sugun, kanada gum piºigi, ýenot, möjek, skuns,
ondatra, gyzyl tilki ýalylar ýaºaýar. Ýuwaº okeanyò kenarlarynda-da
duglas sosnasy, ak we gara sosna, kedr köp ösýär. Daragtlaryò boýy
80 — 100  m-e  ýetýär.
Garyºyk  we  giò  ýaprakly  tokaýlar  zolagynyò  ýumºak  tokaý
topraklarynda sosna, berýoza, derek, tal, kaºtan, dub, buk, amerika
hozy,  landyº,  ýertut  ýaly  ösümlikler  ösýär.  Wirgins  suguny,  alaka,
puma,  bobr  (suw  gunduzy),  gyzyl  belka,  ýenot,  burunduk  esasy
haýwanlarydyr.
Tokaý-sähra we sähra zolaklarynyò kaºtan we gara topraklarynda
çalaw, betaga, bizon oty iò köp duºýar. Zolaklaryò demirgazyk we
gündogar  böleklerinde  gür  otlaryò  boýy  1,5  m-e  ýetýär.  Beýik
düzlüklerde  ot  ösümlikleri  ep-esli  seýrekleºýär,  tikenli  gyrymsylar,
günortada, hatda dub, akasiýa ýaly daragtlar duºýar. Esasy haýwan-
lary  bizon,  möjek,  tilki,  keýik,  skuns,  opossum,  akbaº  bürgüt  we
baºgalar dan ybarat.
Ýarym  çöl  we  çöl  zolaklarynyò  esasy  ösümligi  gara  ýowºan,
kaktus  (boýy  4 — 9  m),  ýukka  (daragt  ºekilli  hemiºelik  ýaºyl
ösümlik) goòur topraklarda ösýär. Süýrenijiler (gara ýylan) we gem-
rijiler, galkanlylar ýaºaýar.
Sawannalar we selçeò tokaýlar zolagynda gyzyl we gyzyl-goòur
topraklar emele gelen. Beýik ot ösümlikli, kaktus-akasiýaly sawan-
nalar we dub-sosnaly selçeò tokaýlara mahsusdyr.
Pasyllaýyn çygly (musson) tokaýlar zolagy üçin ferrolit topraklar,
dub,  Karib  sosnasy,  palma,  kiparis  ýaly  ösümlikler  mahsusdyr.
Haýwanlardan  alligator  (krokodiliò  bir  görnüºi),  gara  ýylan,  hind
towugy, Nikaraguanyò kenarlarynda anakonda ýylanlary ýaºaýar.
Beýiklik guºaklyklary Kordilýera we Appalaçi daglarynyò çägini
gurºaýar.  Daglarda  ak  sosna,  kedr,  sekwoýýa,  gara  sosna  ösýär.
Haýwanlardan  dag  goçy,  gyzyl  aýy,  ýaguar,  puma,  gar  geçisi,
kondor we baºgalar ýaºaýar.

106
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Arktika çölleri, goýunöküz, ondatra, bobr, alligator, gyzyl kerkaw,
daºýarar, sekwoýýa, kaktus, ýukka, puma.
Barlag  üçin  soraglar
1. Tebigy zolaklar nähili faktorlaryò täsirinde emele gelýär?
2. Materikde nähili beýiklik guºaklyklary bar?
Amaly ýumuºlar
1. Tebigy zolaklary sudury karta geçiriò.
2. Tebigy zolaklaryò esasy organizmlerini öwreniò.
3. Beýiklik guºaklyklaryny depderiòize ýazyò.
46- §. Demirgazyk Amerikanyò
tebigy geografik ülkeleri
Tebigy geografik ülkeleri. Demirgazyk Amerikanyò tebiga-tynyò
dürli-dürlüligi ony iki uly bölege bölmäge mümkinçilik berýär. Bular:
1. Gündogar — düzlük ülkesi we 2. Günbatar — Kordilýera dagly ül-
kesi.  Öz  gezeginde,  bu  ülkeler  ençeme  tebigy  geografik  oblastlara
bölünen. Aºakda ºolardan käbirlerine häsiýetnama berýäris.
Alýaska we Kanada Kordilýera daglary (20- nji surat). Alýaska
birnäçe parallel ýerleºen daglardan emele gelen bolup, olar bir-birin-
den  çuò  jülgeler  bilen  bölünýär.  Materigiò  iò  belent  depesi  Denali
(Mak-Kinli) (6 194 m) ºu ýerde ýerleºýär. Alýaska ýarymadasynda
we Aleut adalarynda güýçli ýer titremeleri bolup durýar, onlarça he-
reketdäki we sönen wulkanlar bar. Bu daglardan altyn, kümüº, reòkli
metallar,  nebit  we  daºkömür  gazylyp  alynýar.  Alýaska  we  Kanada
Kordilýera  daglarynyò  günbatar  kenarynda  klimat  deòiz  klimaty
bolanlygyndan  ýagynlar  köp  bolýar.  ªu  sebäpli  iòòeýaprakly  gür
tokaýlar ösýär. Içerki ýasy daglyklarda dag-tundra ösümlikleri ösýär.
Dag  tundralarynda  demirgazyk  suguny,  polýar  tilkisi,  lemmingler
ýaºaýar. Tokaýlarda los, grizli aýysy, puma, bars, dag goçy duºýar.

107
Kordilýera  dagly  ülkesinde  ýene — Uly  Basseýn  (20- nji  surat)
we  Kolorado  platosy  ýerleºýär.  Olaryò  tebigy  toplumlary  onçakly
belent bolmadyk dag ulgamlaryndan, sönen wulkan konuslaryndan we
çuòòur oýuklardan emele gelipdir. Daglaryò arasynda suwsuz çölden
ybarat iò çuò Ajal jülgesi (–86 m) ýerleºýär. Ajal jülgesi Demirgazyk
Amerikanyò  iò  yssy  we  ygal  kem  ýagýan  raýonydyr.  Uly  Basseýn
bilen Kolorado platosynda çöl we ýarym çöllere mahsus bolan ýow-
ºanlar, dürli gyrymsylar, ºoralar ösýär. Ýabany haýwanlardan bizon,
antilopa, gemrijiler we süýrenijiler ýaºaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Tebigy geografik ülke, Alýaska, Sýerra-Newada, Uly Basseýn, Aleut
adalary, Kanada Kordilýerasy, Denali (Mak-Kinli).
Barlag  üçin  soraglar
1. Tebigy  geografik  ülkeleri  tapawutlandyranda  nämelere  esasla-
nylýar?
2. Demirgazyk  Amerikanyò  iò  çuò  nokady  näme  diýip  atlan-
dyrylýar?
Amaly ýumuºlar
1. Tebigy geografik ülkeleri sudury karta geçiriò.
2. Alýaska we Kanada daglaryny häsiýetlendiriò.
20-nji surat. Uly Basseýn we Kanada Kordilýera daglary.

108
47- §. Demirgazyk Amerikanyò ilaty
Ilaty.  Demirgazyk  Amerikanyò  ilaty  578  mln  adam  (2016-njy
ý.,1-nji iýul, Merkezi Amerika bilen). Düýpli ýerli ilaty indeýesler,
eskimoslar  we  aleutlardyr.  Olar  häzir  ep-esli  azalypdyr  (20  mln
adam).  Materigiò  düýpli  ýerli  ilaty  25 — 30  müò  ýyl  öò  Ýewra-
ziýadan Bering bogazy arkaly gelipdir. Soòluk bilen, ýuwaº-ýuwaºdan
Günorta Amerika-da aralaºypdyrlar.
Ýewropalylar gelmezinden öò eskimoslar, aleutlar, esasan, awçy-
lyk,  balykçylyk  bilen,  indeýesler  bolsa  awçylyk,  maldarçylyk  we
ekerançylyk bilen meºgullanypdyrlar.
Demirgazyk  Amerika  edil  Günorta  Amerika  ýaly  H.Kolumbyò
açyºyndan  soò  ýewropalylar  topar-topar  bolup  gelip  baºlapdyrlar.
Meksika  we  Merkezi  Amerikada  mulatlar  we  metisler  köpçüligi
düzýär.
Demirgazyk Amerikanyò ilatynyò esasy bölegini Ýewropadan gö-
çüp gelenler we olaryò nesilleri düzýär. Bular amerikan we kanadaly
iòlisler  bolup,  iòlis  dilinde  gepleºýänler.  Kanada  göçüp  gelen  fran-
suzlaryò nesilleri fransuzça gepleºýär.
Ilatyò ýerleºiºi. Ilatyò ýerleºiºi, ilki bilen, materige ilatyò göçüp
geliº taryhyna we tebigy ºerte bagly. Materigiò günorta ýarymynda
ilat iò köp ornaºan. Materigiò Ýewropa ýurtlaryndan ilkibaºda göçüp
gelen adamlar ýerleºýän gündogar böleginde ilatyò gürlügi uly. Iò iri
ºäherler Demirgazyk Amerikanyò ºu böleginde ýerleºýär.
Materigiò ýaºamak üçin amatsyz, tundra we taýga tokaýlaryndan
ybarat  bolan  demirgazyk  ýerlerinde  ilat  seýrek  ýerleºen.  Klimaty
gurak we üsti biendigan dagly tokaýlarda-da ilat kem.
Tebigatyna  adamyò  täsiri.  Milli  baglary  we  goraghanalary.
Adamyò hojalyk iºi Demirgazyk Amerikanyò tebigatyna uly täsir etdi.
Bu bolsa tebigy toplumlaryò özgermegine we antropogen landºaftlaryò

109
emele gelmegine getirdi. ªonuò üçin tebigaty goramaga gönükdirilen
kanunlar  kabul  edilipdir.  Tebigaty  goramak,  ony  aýawly  saklap
geljekki  nesle  galdyrmak  maksadynda  ençeme  milli  baglar,  gorag-
hanalar  döredildi.  Materikde  birinji  milli  bag  1872-nji  ýylda  (Ýel-
loustoun) ABª-da döredildi. Wud-Baffalo, Ýelloustoun, Grand-Kan-
ýon, Sekwoýýa, Mamont, Ajal jülgesi, Jasper, Katmaý, El-Wiskaino,
Ýosemit we baºgalar iò iri milli parklar we goraghanalardyr. Olaryò
meýdany  boýunça  Demirgazyk  Amerika  materigi  dünýäde  birinji
orunda.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
ABª  amerikanlary,  eskimoslar,  astekler,  mayyalar,  Ýelloustoun,
Grand-Kanýon, Sekwoýýa, Mamont.
Barlag  üçin  soraglar
1. Demirgazyk Amerikada ilatynyò esasy bölegini kimler  düzýär?
2. Materikde birinji milli bag haçan we nirede döredildi?
Amaly ýumuºlar
1. Kartadan peýdalanyp materigiò ilaty gür ýaºaýan  çäkleri anyklaò
we deròäò.
2.  Demirgazyk  Amerikanyò  milli  baglaryny  we  goraghanalaryny
sudury karta geçiriò.
48- §. Demirgazyk Buzly okean
Esasy aýratynlyklary. Okeanlaryò iò kiçisi, Demirgazyk polýusyò
töwereginde ýerleºýär, deòizleri okeanyò meýdanynyò ýarysyny eýe-
leýär,  ºelf  eýeleýän  meýdanyna  görä  birinji  orunda,  iò  saý,  köp
ýyllyk  buzlar  bilen  örtülen  ýeke-täk  okean,  iò  sowuk,  klimaty  we
tebigy guºaklyklary iò kem, moržlar, ak aýylar ýaºaýar, iò iri adasy
bar, uzak polýar gijeleri we gündizleri bolýar.

110
Geografik  ýerleºiºi.  Okean  demirgazyk  polýusyò  töwereginde
ýerleºýär.  Ony  iki  materik  gurºaýar.  Bering  bogazy  arkaly  Ýuwaº
okean bilen, Skandinawiýa ýarymadasy — Farer, Irlandiýa we Gren-
landiýa    adalary — Smit  bogazy — Kanada  arhipelaglary  arkaly
Atlantik  okeany  bilen  araçäkleºýär.  Kenarlary  ep-esli  dilkawlanan.
Adalary köp. Meýdany 14 mln km
2
.
Öwreniliº taryhy. Okean baradaky birinji maglumaty grek alymy
Pifeý  (er.  öò.  325-nji  ýyl)  ýazypdyr  we  „Öwrülen  deòiz“  diýip  at
beripdir.  Soòluk  bilen,  ýewropalylar  Giperboreý  (grekçe,  Boreý —
„demirgazykdaky ýelleriò hudaýy“) diýip atlandyrypdyrlar. 1650-nji
ýylda B. Werenius özbaºdak okean hökmünde tapawutlandyrypdyr.
XIX  asyryò  baºlarynda  içerki  deòiz  hökmünde  Atlantik  okeanyò
düzümine  girizildi.  1845-nji  ýylda  London  Geografiýa  jemgyýeti,
1928-nji ýylda Halkara gidrografik býuro, 1936-njy ýylda Rus Geog-
rafiýa  jemgyýeti  Demirgazyk  Buzly  okeany  özbaºdak  okean  hök-
münde karar kabul edipdirler.
Okeany öwrenmekde Pýotr I („Beýik Demirgazyk ekspedisiýasy“,
1733 — 1743-nji  ý.),  M.W.Lomonosow  (XVIII  asyryò  ikinji  ýary-
my),  ºwed  alymy  N.A.Nordenºeldler  (1878 — 1879)  tarapyndan
guralan ekspedisiýalar möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. ªonuò ýaly-da,
XIX  asyryò  ahyrynda  F.  Nansen,  S.O. Makarow  (1899-njy  ý.),  R.
Piri (1909-njy ý.) Demirgazyk polýusy birinji bolup zabt edipdir, R.
Amundsen  (1903 — 1906-njy  ý.,  1918 — 1920-nji ý.)  we  baºgalar
gymmatly maglumatlary topladylar. Häzirki wagtda Russiýa, ABª we
Kanadanyò  hünärmenleri  Demirgazyk  Buzly  okeanyò  tebigatyny
öwrenýärler.
Geologik gurluºy we tebigy baýlyklary. Okean mundan 60 mln
ýyl öò peýda bolup baºlapdyr. Onuò düýbi geologik taýdan Demirga-
zyk Amerikanyò we Ýewraziýanyò litosfera plitalarynyò düzümine girýär.
Okeanyò düýbünde deòiz, derýa we aýsberg gatlaklary uly meý-
dana ýaýrandyr. Olaryò galyòlygy 1 000 — 3 500 m töwereginde. ªelf
zolagynda derýalar, deòiz akymlary getiren çökündi jynslar, okeanyò
merkezinde bolsa tozan ºekilli bölejikler, biogen gatlaklar duºýar.

111
Gazylyp  alynýan  baýlyklardan  demir  magdany  ºahta  usulynda
gazylyp  alynýar,  Norwegiýa  kenarlarynda  titan  pytraòòy  ýagdaýda
ýaýran.  Nebit  we  gaz  Kanada  utgaºýan  suwlarda  köp  gazylyp
alynýar.  Derýalaryò  guýulýan  ýerlerinde,  Ak,  Barens,  Norwegiýa
deòizlerinden köp balyk tutulýar we suwotylar ýygnalýar.
Okean  düýbi  relýefi.  Suwuò  düýbüniò  relýefini  öwrenmek  bu
çäkleriò deòiz däl, eýsem okeandygyny görkezýär. Relýefinde parallel
uzap gidýän dag geriºleri, olaryò aralygynda çuò çöketlikler (Litke
çöketligi 5 449 m) we oýuklar, uly meýdany eýeleýän ºelfler duºýar.
Demirgazyk Buzly okeanyò baºga okeanlardan tapawudy, onuò 70 %
meýdanynyò ºelflerden ybaratlygydyr. Okeanyò orta böleginden dag
ulgamlary  we  Ýer  gabygynyò  tektonik  jaýryklary  kesip  geçýär.
Okeanyò aºagy 2 000 km aralyga uzap gidýän Lomonosow suwasty
dag ulgamy (belentligi 2 500 — 3 300 m) bilen iki bölege bölünen. Bu
ulgamdan günbatarda Gakkel wulkanik dagy we gündogarda Mende-
leýew  dag  ulgamy  parallel  uzap  gidýär.  Ulgamlaryò  arasynda
Amundsen(çuòlugy 4 321 m), Nansen (5 449 m), Maka-row (3 940),
Kanada  (3 810  m)  we  baºga  oýuklar  ýerleºýär.  Okeanyò  ortaça
çuòlugy  1 225  m,  iò  çuò  ýeri  5 527  m  bolup,  ol  Grenlandiýa
deòzinde ýerleºýär.
Klimaty. Okeanyò klimatynyò özboluºly aýratynlygy Arktikanyò
merkezinde  ýerleºýänligi  we  ýylyò  dowamynda  sowuk  howa  mas-
salarynyò agdyklyk etmegi bilen aòladylýar. Uzak polýar gijeleri we
gündizler  3 — 6  aýlap  dowam  edýär.  Gyº  aýlarynda  aýazly  sowuk
(–30 °C – 40 °C)  we  garly  tupanlaryò  mekanyna  öwrülýär.  Antar-
ktidanyò howasyna garanda maýyl. Muòa sebäp Atlantik we Ýuwaº
okeanlardan ýyly we ºor suwlaryò okean düýbüniò akymlaryny emele
getirip girip gelmegidir. Anyklanmagyna görä, 150 —1 000 m çuò-
luklary,  esasan,  Atlantik  okeanyò  ýyly  we  ºor  suwlary  eýeleýär.
Okeandan Grenlandiýa sowuk suw akymy (aýsbergler bilen) çykyp
gidýär. Iki klimat guºaklygy (arktika we subarktika) bar. Köp ýyllyk
buzlaryò galyòlygy 3 — 5 m.

112
Tebigy  guºaklyklary.  Klimat  guºaklyklaryna  laýyklykda  iki:
polýar  we  subpolýar  tebigy  guºaklyga  bölünýär.  Polýar  tebigy  gu-
ºaklygy  okeanyò  çuò  ýerlerini  eýeleýär.  Süýºüp  gezýän  buzlar  bar.
Garyºyp  giden  buzlar — toroslar  köp  duºýar.  Organizme  iò  garyp
Arktika sähralar zolagy ºu ýerlerde ýerleºýär.
Subpolýar  guºaklyk,  esasan,  deòizleriò  çägini  eýeleýär.  Beýleki
ýerlere garanda organizme (haýwanat dünýäsine we suwotylara) baý.
Tomsuna  buzlaryò  köp  bölegi  ereýär.  Derýa  suwlary  okean  suw-
laryny  ep-esli  süýjeldýär.  Netijede,  organizmleriò  ösmegi  üçin  ºert
peýda bolýar. Balyklardan treska, diºli (zubatka), deòiz okuny, seld,
paltus,  kambala,  ºonuò  ýaly-da,  kemelip  giden  kit  ºekilliler,  morž,
týulen, ak aýy köp duºýar. Arktikada deòiz guºlary „guºlar bazary-
ny“ emele getirýär.
Hojalykda  peýdalanylyºy.  Demirgazyk  Buzly  okean  Kanada,
Russiýa  we  bölekleýin  ABª  üçin  möhüm  ähmiýete  eýe.  Ol  ilkinji
nobatda arzan deòiz ýoly hasaplanýar. Nawigasiýa döwri 1 — 4 aý,
ýöne atom buzýaryjy gämileri nawigasiýa döwrüni ep-esli uzaldýar.
Norwegiýa  kenarlary,  Barens  deòzinde  ýylyò  dowamynda  gämiler
gatnaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Arktika, „Öwrülen deòiz“, Giperboreý, Litke çöketligi, Lomonosow
ulgamy, guºaklyklar, toroslar, „guºlar bazary“, nawigasiýa.
Barlag  üçin  soraglar
1. Häzir okeany haýsy ýurtlar öwrenýärler?
2. Okeanda nähili tebigy guºaklyklar bar?
Amaly ýumuºlar
1. Okeanyò araçägini, düýbüni, relýefini, baýlyklaryny sudury karta
geçiriò.
2. Okeanyò hojalyk ähmiýetini, barlagçylary depderiòize ýazyò.

113
ÝEWRAZIÝA
49- §. Ýewraziýanyò geografik
ýerleºiºi, öwreniliº taryhy
Esasy aýratynlyklary. Ýer ýüzündäki iò uly, iò belent superma-
terik (8 848 m), Demirgazyk ýarymºaryò „sowuklyk polýusy“ bar, iò
iri  ýarymadasy,  iò  çukur  gowagy,  iò  çukur  we  iò  uly  köli  bar,  iò
uzyn lianalar hem ºu ýerde (300 m) ösýär, Demirgazyk ýarymºaryò
ähli klimat guºaklyklary we tebigy zolaklary ºekillenen, iò uly deltasy
bar,  Ýer  ºaryndaky  „sekiz  müòlük“  14  sany  depäniò  ählisi  ºu
materikde ýerleºen, hemiºelik buzluk ýerler meýdanyna görä birinji
orunda, ýapyk basseýnler meýdanyna görä öòdebaryjy, gar çyzy-
gy — „beýiklik polýusy“ iò belentden geçýän ýer (6400 m, Merkezi
Tibet) ºu ýerde.
Tebigy geografik ýerleºiºi. Ýewraziýa materigi Demirgazyk ýa-
rymºarda doly ýerleºýär. (Malaýýa arhipelagynyò käbir adalary ekwa-
torda günortada).
Gury  ýer  meýdanynyò  36,5 %-ini  diýen  ýaly  eýeleýär.  Bu  ma-
terik  Ýewropa  (meýdany  10  mln  kw  km)  we  Aziýa    (meýdany  44
mln kw km) kontinentlerinden emele gelen. Ýewropa adalgasy ga-
dymy finikiýalylaryò (assiriýa) Ýerep — günbatar we Aziýa adalgasy
Osu bolsa gündogar sözlerinden gelip çykypdyr. Ýewraziýa materigi
gündogarda Bering bogazy arkaly Demirgazyk Amerikadan bölünse,
günbatarda Gibraltar bogazy ony Afrikadan bölüp durýar.
Ýewraziýanyò  Atlantik  we  Ýuwaº  okean  kenarlary  güýçli  dil-
kawlanan. Materigiò töwereginde müòlerçe adalar we ençeme ýary-
madalar ýerleºýär.
Öwreniliº  taryhy.  Ýewraziýa  iò  gadymky  siwilizasiýa  merkezi
hasaplanýar. Ilkinji geografik kartalar, globuslar hem ºu çäkde açyº
edilen. Eratosfen we Ptolemeý düzen kartalarda Ýewraziýa we De-
mirgazyk Afrika görkezilen. Materik baradaky ilkinji geografik mag-
8 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

114
lumatlar  gadymky  filosof,  tebigaty  öwreniji  alymlardan  Gerodot
(er.öò. 485 — 425-nji ýyllar), Geraklit (er.öò. IV asyr), Strabon, Af-
lotun (Aristotel), Ptolemeý we baºgalaryò eserlerinde berlen.
Ýewraziýanyò  içerki  ülkeleriniò  tebigatyny  öwrenmekde  Orta
aziýaly geograf alymlaryò hyzmatlary örän uly. Orta Aziýa we Arap
geografiýasyny  esaslandyran  Muhammet  ibn  Musa  al-Horezminiò
(783 — 850-nji  ý.)  hyzmatyny  aýratyn  bellemek  gerek.  Horezmi
ylmy  iºiniò  dowamynda  tebigy  ylymlary  ösdürmäge,  tebigaty  öw-
renmäge  aýratyn  üns  beripdir.  Onuò  ýolbaºçylygynda  70-e  golaý
alymlar  „Dünýäniò  kartalaryny“  düzüpdirler.  ªu  kartalar  esasynda
Horezmi „Kitap surat al-arz“ (Ýeriò suraty) kitabyny ýazypdyr.
Abu  Reýhan  Biruny  (973 — 1048-nji  ý.)  Hindistanda  ýaºan
döwründe  ülkäniò  derýalaryny,  daglaryny,  ösümlik  we  haýwanat
dünýäsini  jikme-jik  öwrenip,  „Hindistan“  atly  eserini  ýazypdyr.  Ol
Amyderýanyò mysalynda „derýalaryò getirýän dag jynslarynyò mas-
sasynyò (uly-kiçiligi) suwuò akymynyò tizligine göni proporsional-
dygyny“ anyklady. Bu, soòluk bilen, Biruny kanuny diýlip aýdylýan
boldy.  Biruny  Garagumuò  we  Gyzylgumuò  çäkleriniò  döreýºini,
materikleriò süýºme taglymyny birinjilerden bolup aýdypdyr. Biruny
1010 — 1017-nji  ýyllarda  Horezmde  alymlary  birleºdirip  „Ylymlar
akademiýasyny“  („Ma’mun  akademiýasyny“)  döretdi.  Alymlaryò
arasynda Ibn Sina hem bolupdyr.
Zahiriddin Babur Orta Aziýanyò, Eýranyò, Owganystanyò, Hin-
distanyò çäginiò ilaty, hojalygy barada gymmatly maglumatlary ýazyp
galdyrypdyr. Aýratynam, onuò „Baburnama“ eserindäki geografik mag-
lumatlar göreldeli we üns bererlikdir. Umuman, orta aziýaly alymlar
dünýä  geografiýa  taryhyna,  adamzat  medeniýetine  ullakan  goºant
goºan  halk  wekilleridir.  Olaryò  ylmy  mirasy  hakda  H. Hasanow
„Syýahatçy  alymlar“  eserinde  (1981-nji  ý.)  uly  höweslenme  bilen
ýazýar.
XVIII — XIX asyrlarda guralan syýahat we ylmy ekspedisiýalar
wagtynda  Ýewraziýany  ylmy  taýdan  öwrenmek  iºleri  alnyp
barylypdyr. Alymlar Ýewraziýanyò dürli böleklerini her taraplaýyn

115
öwrenipdirler. XX asyrdaky alnyp barylan ylmy iºler öòki düºünjeleri
giòeltdi we täze maglumatlar bilen baýlaºdyrdy.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Ýewraziýa, Ýewropa, Aziýa, Muhammet al-Horezmi, „Birunynyò
kanuny“, Babur, Ibn Sina, Ma’mun akademiýasy.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ýewraziýanyò nähili aýratynlyklaryny bilýärsiòiz?
2. Ýewraziýa haýsy okeanlaryò aralygynda ýerleºýär?
3. Orta aziýaly alymlaryò geografik mirasy barada aýdyò?
Amaly ýumuºlar
1. Ýewraziýa materiginiò çet nokatlaryny sudury karta geçiriò.
2. Orta  aziýaly  beýik  alymlaryò  geografik  mirasyny  depderiòize
ýazyò.
50- §. Geologik gurluºy we gazylyp
alynýan peýdaly zatlary. Relýefi
Ýewraziýanyò  geologik  gurluºy.  Geologik  taýdan  Ýewraziýa
gadymky berk platformalardan we olary utgaºdyrýan dürli ýaºdaky
gatlakly  guºaklyklardan  emele  gelipdir.  Gadymky  Lawraziýa  ma-
teriginiò dargamagyndan Ýewraziýa we  Demirgazyk Amerika bölünip
çykypdyr  (65  mln  ýyl  öò).  Häzir  Ýewraziýa  materiginde  iki  sany
iºjeò  geosinklinal  guºaklyk  bar:  Alp-Gimalaý  we  Ýuwaº  okean
„ýalynly  halkasy“. Bu guºaklyklarda hereketdäki wulkanlar, gazaply
ýer titremeleri ýygy-ýygydan bolup durýar. Bu guºaklygyò daglary
ýaº  gatlakly  daglar  bolup,  käbir  ýerlerde  zynjyrly  ulgamlary  (Alp-
Gimalaý),  baºga  ýerde  dag  düwünlerini  (meselem,  Pamir,  Tibet)
emele  getirýär.  Alp-Gimalaý  geosinklinal  guºaklygynyò  Orta  deòiz
böleginde Etna, Stromboli, Wezuwiý ýaly hereketdäki wulkanlar, biziò
ülkemiz — Orta we Günorta-Gündogar Aziýada heläkçilikli ýer tit-

116
remeleri  (Aºgabat — 1948,  Daºkent — 1966,  Hindukuº — 2002,
Eýran — 2003,  Indoneziýa — 2004,  2009,  Hytaý — 2009  we  b.).
Bular Ýer gabygynyò iºjeòdigini delillendirýär.
Gazylyp alynýan baýlyklary. Ýewraziýa gazylyp alynýan peý-
daly zatlara baý. Magdanly baýlyklar magmatik we metamorfik dag
jynslarynyò  düzüminde  köp  duºýar.  Demirgazyk-gündogar  Hytaý,
Skandinawiýa  we  Hindistan  ýarymadasyndaky  demir  magdanlary
magmatik  dag  jynslaryndan  gazylyp  alynýar.  Gündogar  Ýewropa
platformasyndaky  Kursk  magnit  anomaliýasy  demir  magdan  käni
metamorfik dag jynslarynda emele gelipdir. Altyn, mis, wolfram, uran,
galaýy, simap we baºga reòkli metallar hem-de gymmatbaha daºlaryò
emele gelmegi magmatik dag jynslarynda köp duºýar. Pireneý ýary-
madasynda, Sibirde, Orta Aziýada, Koreýa ýarymadasynda altyn kän-
leri, Merkezi Ýakudys-tanda, Hindistan ýarymadasynda almaz känleri
köp. Uralda, Hindistan ýarymadasynda, ªri-Lanka adasynda dürli hili
gymmatbaha mawy sapfir (gök ýakut), gyzyl ýakut känleri bar.
Çökündi jynslaryò gatlaklarynda, esasan, nebit, gaz, daº we goòur
kömür känleri döräpdir. Ýewraziýa nebit we gaz känleriniò baýlygy
taýdan baºga materiklerden öòki orunda.
Relýefi. Esasy relýef ºekillerine dag we düzlükler degiºli. Daglar
materigiò meýdanynyò 50 % bölegini eýeleýär. Olar geosinklinal gu-
ºaklyklarda  we  litosfera  plitalarynyò  özara  çaknyºan  zolaklarynda
döräpdir.  Ural,  Dekan,  Gazagystan  ýasy  daglary  iò  garry  gadymy
daglardyr. Ýaºaran daglara Týanºan, Altaý, iò ýaº daglara Alp, Kar-
pat, Kawkaz, Pamir, Hindukuº, Köpetdag we baºgalar degiºli. Wul-
kanik daglar Kamçatka ýarymadasynda, Kuril, Sisiliýa we Islandiýa
adalarynda, Apennin ýarymadasyndaky daglarda, Karpat we Kawkaz
daglarynyò käbir böleklerinde ýaýran. Hereketdäki iò belent wulkan-
lardan biri (Kamçatka ýarymadasyndaky Klýuçi Sopkasydyr 4 750 m).
Ýer  üstüniò  iò  belent  nokady  Gimalaý  gerºindäki  Jomolungma
(Ewerest)  depesi  bolup,  onuò  absolýut  beýikligi  8 848  m.  Ýer  ºa-
rynyò gury ýeriniò iò pes nokady hem Ýewraziýada ýerleºen Öli de-
òizdir (–405 m).

117
Düzlükler  garry  we  ýaº  platformalaryò  üstünde  döräpdir.  Gün-
dogar Ýewropa, Gündogar Sibir, Hindistan, Beýik Hytaý, Arabystan
ýarymadasyndaky düzlükleriò esasy iò garry platformalar hasaplanýar.
Günbatar Sibir, Hind-Gang we Turan peslikleri esasy bolsa ýaº bolup,
olar çökündi jynslar bilen örtülen (goºmaçadaky 27-nji surata garaò).
Düzlükleriò üstki bölegi gyr-ýaýlalar we pes daglar bilen çylºy-
rymlaºan. Daglaryò we düzlükleriò ösüºinde hem-de ºekillenmeginde
dörtlenji döwürdäki buz örtme basgançaklaryndaky buzlaryò iºi hem
uly rol oýnapdyr.
Ýewraziýanyò  demirgazygynda we belent daglarda buzlar emele
getiren relýef ºekilleri köp duºýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Lawraziýa, geosinklinal guºaklyk, platforma, Jomolungma, Ewerest,
Soltan Uweýs, buz örtme basgançaklary.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ýewraziýa haýsy gadymky supermaterigiò bir bölegi bolupdyr?
2.  Gazylyp  alynýan  peýdaly  zatlar  nähili  dag  jynslarynda  emele
gelýär?
3. Esasy relýef ºekilleri nirerlerde ýaýrapdyr?
Amaly ýumuºlar
1. Ýewraziýanyò esasy platformalary we hereketdäki wulkanlaryny
sudury karta geçiriò.
2. Daglary we düzlükleri sudury karta geçiriò.
51- §. Ýewraziýanyò klimaty
Ýewraziýanyò klimaty baºga materikleriò klimatyna garanda ep-
esli  köpdürlüdir.  Materigiò  klimatynyò  aýratynlyklary,  ilki  bilen,
Ýewraziýa çäginiò demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara

118
garap  örän  uly  aralyga  uzap  gidenligine  bagly  bolsa,  ikinjiden,
okeanlardan gelýän howa massalaryna we relýefine bagly.
Geografik  giòligiò  klimata  täsiri.  Gury  ýeriò  demirgazykdan
günorta uzap gidenligi ýylylygyò paýlanyºynda uly täsir edýär. Ýew-
raziýada  iýul  aýynyò  ortaça  temperaturasy  ep-esli  ýokary.  Onuò
demirgazygynda bu temperatura +12 °C we günortasynda +28 °C-a
deò.  Arabystan  ýarymadasynda  bolsa  +32 °C.  Gyº  materigiò  gün-
batarynda maýyl, ýöne demirgazyk-gündogarynda gaty sowuk bolýar.
Aýratynam, Sibirde ýanwar aýynyò ortaça temperaturasy –48 °C çenli
peselýär. Käbir günler bu temperatura Oýmýakonda –71 °C-a düºýär.
ªonuò üçin bu ýer Demirgazyk ýarymºaryò „sowuklyk polýusy“ di-
ýilýär. Gyº Ýewropanyò günorta-günbatarynda maýyl, Aziýanyò gü-
nortasynda bolsa yssy (+20 °C) bolýar. Esasy klimat elementlerinden
hasaplanýan ygalyò mukdary hem materigiò içersine tarap barha ke-
melýär. Meselem, Orta we Merkezi Aziýa çäklerinden haýsy tarapa
ýöreseò-de ygal barha köpelýär. Dünýädäki iò köp ygal düºýän ýer
Çerrapunja obasydyr. Bu ýerde orta hasapda ýylyna 12 665 mm ygal
ýagýar. 1856-njy ýylda bu ýere  23 000 mm-e golaý ygal ýagypdyr.
Okeanlaryò klimata täsiri. Ýewraziýada klimat ºerti diòe bir giò-
lik boýunça üýtgemän, eýsem günbatardan gündogara tarap hem üýt-
geýär. Munuò esasy sebäbi, Ýewraziýa materiginiò günbatar böleginiò
hemiºe Atlantik okeandan gelýän maýyl we çygly deòiz howa mas-
sasynyò täsirinde bolanlygydyr. Netijede, Günbatar Ýewropada ygal
köp ýagýar, gyº ep-esli maýyl we tomus bolsa salkyn bolýar.
Gündogara gitdigiòçe deòiz howa massasynyò düzüminde çygly-
lygyò  barha  kemelmegi  netijesinde  ýagynlaryò  mukdary  hem  ke-
melýär, klimatyò kontinentallygy barha artýar, tomus aýlarynyò tem-
peraturasy ýokarlanýar, gyºyò tempera-turasy bolsa gaty peselýär, ne-
tijede gyº we tomus aýlarynyò temperaturalarynyò arasynda uly ta-
pawut emele gelýär. Tomusda Ýuwaº okeandan gelýän deòiz howa
massasy, ýagny tomusky musson ýelleri özi bilen köp mukdarda ygal
getirýär. Gyºda materigiò üstünde, aýratynam, Merkezi  Aziýanyò uly
böleginde ýokary howa basyºy oblasty emele gelýär, netijede howa

'
gurak  we  açyk  bolýar,  ygal  kem  düºýär,  sowuk  howa  agdyklyk
edýär. Özbegistanyò çäginde-de ºeýle howa ýagdaýynyò bolmagyna
Merkezi Aziýadan girip gelýän howa sebäpçidir.
Relýefiò klimata täsiri. Ýewraziýanyò ýer üstüniò gurluºy-da kli-
matyò emele gelmegine uly täsir edýär. Aýratynam, beýik dag geriº-
leri atmosferada hereket edýän maýyl we sowuk howa massalarynyò
öòüni bekläp, klimatyò ýiti üýtgemegine sebäp bolýar. Beýle ýagdaýy
Alp, Kawkaz, Týanºan, Gimalaý daglarynyò mysalynda görmek bo-
lar. Bu dag ulgamlary günbatardan gündogara tarap uzap giden bolup,
demirgazykdan  gelýän  sowuk  ýelleriò  günorta  geçmegine  päsgel
berýär. Ýewraziýa daglarynda klimat ºerti beýiklik guºaklyklary bo-
ýunça  hem  üýtgeýär.  Beýiklik  klimat  guºaklyklary  Alp,  Karpat,
Kawkaz, Týanºan, Gimalaý ýaly daglarda aýdyò göze ilýär. Tibet we
Pamir  daglaryndaky  klimat  belent  dag  klimaty  bolup,  tomsunyò
yssylygy, gyºynyò gaty sowuklygy we atmosfera çyglylygynyò örän
kem ýagýandygy bilen baºga ýerlerden tapawutlanýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
„Sowuklik  polýusy“,  Oýmýakon,  Çerrapunja,  klimatyò  ºekillen-
megindäki faktorlar, Tibet, Pamir.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ýewraziýanyò klimat ºertiniò giòlik boýunça üýtgemegine sebäp
näme?
2.  Klimaty günbatardan gündogara näme üçin üýtgeýär?
Amaly ýumuºlar
1. Ýewraziýanyò  klimatynyò  aýratynlygyny  görkezýän  faktorlary
depderiòize ýazyò.
2. Atlasyò 28-nji sahypasyndaky klimat kartasyny deròäò.

120

52- §. Sowuk we aram klimat
guºaklyklary
Klimat guºaklyklary. Materigiò demirgazykdan günorta garap uly
aralyga  uzap  gidýänligi  sebäpli  onuò  klimat  ºerti  örän  dürli-dürli.
Sowuk klimat guºaklygyna arktika we subarktika klimat guºaklyklary
girýär.
Arktika  klimat  guºaklygy  Ýewraziýanyò  Arktikadaky  adalaryny
we  gury  ýeriò  Demirgazyk  Buzly  okeana  utgaºyp  duran  bölegini
eýeleýär. Bu ýerde ýylyò dowamynda sowuk arktika howa massasy
agdyklyk edýär. Temperatura tomus aýlarynda-da pes (+1 °C, +3 °C)
bolýar,  gyºda  bolsa  gaty  sowuk  uzak  dowam  edýär.  Tomsy  gaty
gysga  bolup,  polýus  güni  birnäçe  aý  gorizontdan  birneme  ýokary
galyp durýar we gury ýeriò üstüni gyzdyryp bilmeýär. Gyºyò ortaça
temperaturasy (–40 °C) pes bolup, gar tupanlary gaýtalanyp durýar.
Ýyllyk  ygal  50 — 100  mm  töwereginde  gar  ºeklinde  ýagýar.  Gury
ýerleriò esasy bölegi buz we gar bilen örtülen.
Subarktika  klimat  guºaklygy  günbatarda  Skandinawiýa  ýaryma-
dasynyò demirgazygyndan gündogarda Bering deòziniò kenaryna çenli
dowam  edýär.  Tomus  aýlarynda  ortaça  temperatura  +4 °C-dan
+14 °C  çenli  ýokarlanýar.  Ýylyò  dowamynda  sowuk  ýeller  öwsüp
durýar,  bulutly  günler  köp  bolýar.  Bu  ýere  200 — 400  mm  töwe-
reginde ygal düºýär.
Aram klimat guºaklygy Ýewraziýanyò iò uly bölegini eýeläpdir.
Ol günbatarda Atlantik okeanyò kenarlaryndan baºlanyp, gündogarda
Ýuwaº okeanyò kenarlaryna çenli dowam edýär. Aram guºaklygyò
klimat ºertiniò ºekillenmeginde Atlantik okeandan gelýän deòiz howa
massasy,  materigiò  içersinde  dörän  kontinental  howa  massasy  we
Ýuwaº okeandan gelýän musson howasy möhüm rol oýnaýar. ªonuò
üçin  bu  ýerde  aram  klimat  guºaklygynyò  deòiz,  aram-kontinental,
kontinental we  musson klimat tipleri emele gelýär.

121
Ýewraziýanyò  günbatar  böleginde  Atlantik  okeanyndan  gelýän
ýyly  howa  massalarynyò  täsiri  sebäpli  gyº  ýumºak,  tomus  salkyn
bolýar.  Ýanwaryò  ortaça  temperaturasy  0°C  töwereginde,  iýulyòky
bolsa  +15 °C,  +20 °C-a  deò.    Ýagynlar  ýylyò  dowamynda  bolup
durýar we onuò ortaça ýyllyk mukdary 1 000 mm-dan geçýär.
Aram guºaklygyò gündogar bölegindäki Ýuwaº okeanyò kenar-
larynda musson ýelleri höküm sürýär. Bu howa massalary pasyllara
garap  gezekleºip  durýar  we  aram  guºaklygyò  musson  klimat  tipini
emele  getirýär.  Ýagynlar,  esasan,  tomus  aýlarynda  bolýar  (ygalyò
ýyllyk  mukdarynyò  90 %-i  aprel-noýabr  aýlaryna  dogry  gelýär),
gyºda bolsa tersine, ygal az (100 mm).
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Sowuk guºaklyklar, arktika, subarktika we aram klimat guºaklyklary,
klimatyò tipleri.
Barlag  üçin  soraglar
1. Aram  klimat  guºaklygynda klimatyò nähili tipleri bar?
2. Bu guºaklyklarda temperaturanyò we ygallar mukdary uzaklyk
boýunça nähili üýtgeýär?
Amaly ýumuºlar
1. Sowuk we aram guºaklyklaryny sudury karta geçiriò.
2. Depderiòize klimatyò tiplerini häsiýetlendirip ýazyò.
53- §. Ýylylyk klimat guºaklyklary
Ýewraziýanyò yssy klimat guºaklyklary subtropiki, tropiki, subek-
watorial (2 sanydan) we ekwatorial klimat guºaklyklaryndan ybarat.
Subtropiki  klimat  guºaklygy  materigiò  günbataryndaky  Pireneý
ýarymadasyndan  tä  Ýuwaº  okeanyò  kenaryna  çenli  bolan  bölegini
eýeleýär. Tomusda tropiki howa we gyºda aram giòlik howa massa-

122
lary agdyklyk edýär. Materigiò içersinde tomusda tropiki howa mas-
salarynyò täsirinde temperatura +30 °C, +35 °C çenli ýokarlanýar,
howa  açyk  bolýar,  ýagyº  örän  az  ýagýar.  Orta  deòiz  kenarlarynda
gyº örän maýyl bolýar. Ýagyº ýygy-ýygydan ýagyp durýar, howanyò
ortaça  temperaturasy  hemme  ýerde  0 °C-dan  ýokary.  ªonuò  üçin
ösümlikleriò wegetasiýasy ýylboýy togtamaýar. Ygaly Atlantik okean-
dan öwüsýän günbatar çygly ýeller getirýär. Bu subtropik klimat tipi
Orta  deòze  mahsusdyr.  Gruziýanyò  Gara  dedeòiz  kenarlarynda-da
subtropik klimat emele gelen.
Günbatardan  gündogara  materigiò  içersine  tarap  howanyò  çyg-
lylygy gitdigiçe kemelip, kontinentallygy barha artýar. Netijede sub-
tropiki guºaklygyò orta böleginde subtropiki kontinental klimat emele
gelýär. Bu ýerde tomus örän yssy we gurak, gyº bolsa ep-esli sowuk
bolýar.  Ýagynlar  kem,  100 — 150  mm  töwereginde  ýagýar.  Orta
Aziýanyò  günorta  bölekleriniò  klimaty  ºeýle  klimata  dogry  gelýär.
Azerbaýjanyò Kaspiboýy düzlükleri, Türkmenistanyò, Özbegistanyò
günorta gurak subtropiki çägine girýär.
Materigiò Gündogar — Ýuwaº okeanyò kenaryndaky subtropiki
guºaklykda möwsümleýin ýelleriò täsirinde subtropiki musson klimaty
emele gelýär.
Tropiki  klimat  guºaklygy  Arabystan  ýarymadasyny,  Eýran  dag-
laryny  we  Hindi  derýasynyò  basseýnini  eýeleýär.  Guºaklygyò  gü-
nortasynda ýylyò dowamynda gurak we yssy kontinental tropiki howa
massalary emele gelýär. Tomsy örän yssy (+30, +35 °C), gyºy maýyl
(+18, +24 °C)  bolup, 500 — 1 000 mm töwereginde ygal ýagýar.
Subekwatorial  klimat  guºaklygy  Hindistan  ýarymadasynyò  mer-
kezi  we  gündogar  böleginden  Ýuwaº  okeana  çenli  dowam  edýär.
Hytaýyò  günorta  bölegi  (25°  dg.g.  çenli),  Filippin  adalary  hem  ºu
guºaklyga girýär. Bu çäklere musson klimat tipi mahsusdyr. Ygal köp
ýagýar.  Ýer  ºarynyò  iò  köp  ygal  ýagýan  ýeri  bolan  Çerrapunjada
ýyllyk ygal 12 000 mm-den geçýär.
Ekwatorial  klimat  guºaklygy  ªri-Lanka  adasy  bilen  Malakka
ýarymadasynyò günorta bölekleri hem-de Aziýanyò günorta-gündo-

123
garyndaky adalary öz içine alýar. Bu guºaklykda ýylyò dowamynda
temperatura ýokary (+24 °C), ygal bol (3 000 mm-den köp) bolýar.
Günorta subekwatorial guºaklyga Ýawa adasynyò ýarysy we on-
dan gündogardaky adalar, Täze Gwineýa adasynyò günorta-günbatary
girýär. Klimaty ekwatorial guºaklyk klimatyna meòzeº. Diòe ygallaryò
mukdary  birneme  az  (1 000 — 2 500  mm).  Diýmek,  Ýewraziýada
b亠sany yssy klimat guºaklygy ºekillenen bolup, subtropiki guºaklyk
baºga  ýerlere  garanda  iò  köp  meýdany  eýelese,  günorta  subek-
watorial guºaklyk Aziýada az meýdanda ºekillenen.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Yssy klimat guºaklyklary, ösümlik wegetasiýasy, Hindi derýasynyò
basseýni,  Malakka  ýarymadasy,  Ýawa  adasy,  çygly  we  gurak
subtropik.
Barlag  üçin  soraglar
1. Yssy klimat guºaklyklary diýende nämäni düºünýärsiòiz?
2. Subtropiki klimat guºaklygynda nähili klimat tipleri bar?
3. Ekwatorial klimat guºaklygy Ýewraziýanyò haýsy çäklerini öz
içine alýar?
Amaly ýumuºlar
1. Yssy klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò.
2. Yssy klimat guºaklyklary gysga düºündirip, depderiòize ýazyò.
54-§. Içerki suwlary
Içki suwlaryò  ýerleºiºi. Içerki suwlary ýerüsti we ýerasty suw-
lara bölüp öwrenmek mümkin. Ýerüsti suwlar derýalardan, köllerden
we buzluklardan, suw howdanlaryndan we kanallardan emele gelen.
Iò  uly  bol  suwly  derýalar  aram  we  musson  klimatly  ülkelerde
ýerleºýär. Gurak klimatly ülkelerde derýalar ep-esli seýrek. Ýewra-

124
ziýanyò  derýalary  suwlaryny  b亠 sany  basseýne  guýýar.  Olar —
Demirgazyk  Buzly,  Atlantik,  Ýuwaº  we  Hindi  okeanlarynyò  bas-
seýnleri  hem-de  ýapyk  basseýndir.  Ýanszy,  Huanhe,  Ob,  Ýeniseý,
Wolga, Dnepr, Hindi, Gang uly derýalardyr. Ülkämizdäki Amyderýa
we Syrderýa, Ýewropadaky Wolga ýapyk basseýniò iò iri derýalary
hasaplanýar.
Derýalaryò  suwlulanyº  tipleri.  Ýewraziýanyò  derýalary  suw-
lulanyºyna görä dört tipe bölünýär: ýagyº, gar, buz we ýerasty suw-
dan  suwlulanýanlar.  Ýöne  olar  köplenç  garyºyk  ýagdaýda  suw-
lulanýar.  Meselem,  ýagyº  we  gar,  gar  we  buz,  buz  we  ýerasty
suwlardan suwlulanýar. Derýalaryò suw režimi we suwlulanyºy ýylyò
pasyllaryna bagly.
Ýewraziýanyò  iò  iri  derýalaryndan  Wolga,  Ob  (Yrtyº  goºandy
bilen)  Ýeniseý,  Lena,  Peçora,  adatda,  gar  we  ýagyº  suwlaryndan
suwlunayp,  baharda  dolup  akýar  we  kenarlaryndan  daºýar.  Demir-
gazyga  akýan  derýalar  gyºda  uzak  wagt  doòýar.  Musson  klimatly
ülkelerdäki  derýalar — Amur,  Huanhe,  Mekong,  Gang,  Hindi  we
baºgalar musson ygallaryndan suwlulanyp, olaryò suwy tomusda ýiti
ýokarlanýar.
Ekwatorial klimatly Uly Zond adalaryndaky derýalar ýagyº suw-
laryndan  suwlulanýar  we  olaryò  režimi  ýylboýy    üýtgemeýär.  Orta
Aziýanyò derýalary — Amyderýa, Syrderýa (Özbegistanyò çäginden
akyp geçýär), Ili, Tarim belent daglarynyò buz we gar suwlaryndan
suwlulanyp,  tomsuò  baºynda  dolup  akýar,  güýzde  we  gyºda  ýiti
kemelýär.
Ýewraziýada  köller  örän  köp.  Olaryò  esasy  bölegi  materigiò
demirgazyk  we  gündogar  ülkelerinde  ýerleºýär.  Dünýädäki  iò  uly
(Kaspi,  376  müò  km
2
  )  we  iò  çuò  (Baýkal  1 620  m)  köl  hem  ºu
materikdedir. Emele gelºine görä, tektonik (Baýkal, Ženewa, Yssyk-
köl),  bentli  (Sarez),  wulkanik,  morena  kölleri  bar.  Häzirki  zaman
buzluklary  süýji  suwlaryò  esasy  çeºmesidir.  ªolardan  biri  Pamir
dagyndaky Fedçenko buzlugy. Onuò uzynlygy 72 km, galyòlygy orta
böleginde 1 000 m, ini 1 700 — 3 100 m.

125
Suw  akymyna  görä  köller  akýan  (Baýkal,  Onega),  akmaýan
(Yssykköl, Balhaº, Kaspi, Aral) köllere bölünýär. Emeli köller hem
bar.
Materik ýerasty suwlara-da baý. Uly düzlükleriò aºagynda ýerasty
suwlaryò  örän  uly  gory  bar.  Geýzerler,  bulak  suwlary  hem  ýerasty
suwlary düzýär.
Köpýyllyk buzluk ýerler Ýewraziýanyò demirgazyk böleginde uly
meýdanlary eýeleýär. Olar ýerasty suw bilen çökündi dag jynslarynyò
doòmagyndan emele gelýär. Olaryò temperaturasy hemiºe 0 °C-dan
pes.  Hemiºelik  buzluk  ýerleriò  galyòlygy  günortadan  demirgazyk
tarapa  barha  artýar  (0 — 1 500  m).
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Içerki  suwlar,  ýerüsti  we  ýerasty  suwlar,  hemiºelik  buzluk  ýerler,
derýalaryò  suwlulanyº  tipleri,  kölleriò  gelip  çykyºyna  görä  gör-
nüºleri, Kaspi, Baýkal, Ženewa, Aral.
Barlag  üçin  soraglar
1. Nähili suwlar ýerüsti suwlaryny düzýär?
2. Ýewraziýada gelip çykyºyna görä nähili köller bar?
3. Hemiºelik buzluk ýerler diýende nämäni düºünýärsiòiz?
Amaly ýumuºlar
1. Ýewraziýanyò derýalaryny we köllerini sudury karta ýazyò.
2. Derýalaryò gürlügi bilen klimat kartasyny deòeºdirip, deròäò.
55- §. Sowuk we aram klimat
guºaklyklaryndaky
tebigy zolaklary
Arktika guºaklygynyò tebigy zolaklary. Arktika guºaklygynda
bir sany tebigy zolak — Arktika sähralary bar. Arktika sähralarynda
howa gaty sowuk we pes temperaturaly döwür uzak dowam edýär.
Ygal gar halynda ýagýar. Köp ýyllyk buzlar zolagyò hemme bölegini

126
diýen  ýaly  eýeleýär.  Adalaryò  daºly  ýerlerinde  diòe  mohlar  we
liºaýnikler ösýär. Haýwanlardan ak aýy, morž, týulen, ak käkilikler
köp ýaýran.
Subarktika guºaklygynyò tebigy zolaklary. Subarktika guºak-
lygy  iki  sany  tebigy  zolakdan:  tundra  we  tokaý-tundradan  emele
gelen. Tundra solagynda ýylyò dowamynda temperatura ep-esli pes
bolýar, ygal kem ýagýar. Zolagyò günortasynda iò yssy aýyò ortaça
temperaturasy +10 °C  bolýar. Zolagyò esasy toprak tipi tundra-gleýli,
torfly-gleýli  topraklardyr.  Olar  moh-liºaýnik  we  gyrymsylar  bilen
örtülen. Pes boýly berýoza, gyrymsylar, polýar gülälekleri köp duºýar.
Tundrada  demirgazyk  suguny,  lemmingler  ýaºaýar.  Tokaý-tundra
zolagy klimaty tundra garanda maýylrak. Iýuluò ortaça temperaturasy
+11 °, +13 °C-a deò. Ygal köpräk (300 — 400 mm) ýagýar. Zolakda
podzolly-gleýli, torfly-podzolly we batga topraklar giò ýaýran. Zola-
gyò selçeò tokaýlarynda pes boýly sosna, berýoza, tilagaç, tal ösýär.
Bu ýerlerde polýar tilkisi, polýar käkiligi, rosomaha ýaly haýwanlar
köp ýaýran.
Aram  guºaklygyò  tebigy  zolaklary.  Bu  guºaklykda  demir-ga-
zykdan günorta tarap aºakdaky tebigy zolaklar gezekleºýär.
Taýga zolagynda, esasan, podzol topraklar duºýar. Taýga tokaý-
larynda iòòeýaprakly daragtlardan — Ýewropa sosnasy, gara we ak
sosna,  kedr,  tilagaçlar  ösýär.  Bu  zolakda  haýwanlardan  sugunlar,
goòur  aýy,  gum  piºigi,  belka,  karkur  we  baºgalar  köp  duºýar.
Garyºyk tokaýlar zolagy materigiò günbatar we gündogar bölek-
lerinde  ýerleºýär.  Zolagyò  klimaty  ep-esli  maýyl,  ygal  köp  ýagýar.
Zolagyò esasy bölegi bajakly-podzol toprak bilen örtülen. Tokaýlaryò
düzüminde iòòeýaprakly we giò ýaprakly daragtlar duºýar. Garyºyk
tokaýlarda gyrymsy we ot ösümlikler köpelýär. Giò ýapraklylardan
dub, gara berýoza, lipa, kerkaw, grab (berýozalar maºgalasyna de-
giºli daragt),  joka we baºga  daragtlar ösýär.
Giò  ýaprakly  tokaýlar  zolagy  hem  materigiò  diòe  günbatar  we
gündogar böleklerinde bar. Giò ýaprakly tokaýlaryò (buk bilen dub)

127
aºagynda, esasan, goòur tokaý topraklary ýaýran. Ösümlikleriò köp
ýaruslylygy giò ýaprakly tokaýlar üçin mahsusdyr.
Tokaý-sähra  we  sähra  zolaklarynda  tokaý  we  sähra  tebigy
toplumlar bile duºýar. Tokaýlarda ýumºak-goòur topraklar, sähralarda
gara topraklar ýaýran. Ot ösümliklerden ýylak, betaga, ýowºan ösýär.
Haýwanlary  saýgak,  sugur,  möjek,  sassykközen,  alaka,  atýalman,
bürgüt, alahorjun we syçanlardan ybarat.
Ýarym çöl zolagynda temperatura ýokary, tomusda +24 °, +27 °C,
ygal kem (150 — 250 mm). Zolagyò demirgazygynda garamtyl kaºtan
we tipik kaºtan topraklary, günortada açyk kaºtan topraklary dörän.
Çöl  zolagy  aram  guºaklygyò  günortasynda  ýerleºýär.  Onuò  kli-
maty ýiti kontinental. Tomsy gurak we yssy (+25 °, +32 °C) bolýar.
Ýagynlar,  esasan,  baharda  we  giçki  güýzde  bolýar.  Gyºda  gaty
sowuklar  ýygy-ýygydan  gaýtalanyp  durýar.  Çöller  diòe  alabaharda
ýaºyl reòke girýär. Garagum we Gyzylgum, Taklamekan, Gobi çöl-
lerinde gumak, ºorhek ýumºak-goòur, dag eteklerinde açyk boz top-
raklar emele gelipdir. Ýarym çöllerde we çöllerde gemriji hem-de toý-
nakly  haýwan  görnüºleri  köp.  Aziýada  iki  örküçli  düýe,  Pržewals-
kiniò aty, jeren, saýgak, zemzen, pyºsyl, ýylanlar we ýabany eºekler
duºýar. Çöllerden ýaýla hökmünde peýdalanylýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Tebigy zolaklar, pes sosna, berýoza, polýar gülägi, podzol topraklar,
Pržewalskiniò aty, jeren, saýgak, zemzen.
Barlag  üçin  soraglar
1. Sowuk guºaklykda nähili tebigy zolaklar ºekillenen?
2. Aram guºaklykda nähili tebigy zolaklar bar?
Amaly ýumuºlar
1. Öwrenilen tebigy zolaklary sudury karta geçiriò.
2. Dersligiò tekstinden peýdalanyp, tebigy zolaklaryna degiºli aºak-
daky jedweli dolduryò..

128
T/n Tebigy zolaklaryò ady
Topraklary
Ösümlikleri
Haýwanat dünýäsi
1. Arktika sähralary
2. Tundra
3. Tokaý-tundra
4. Taýga
5. Garyºyk tokaýlar
6. Giò ýaprakly tokaýlar
7. Tokaý-sähra we sähra
8. Ýarymçol
9. Çöl
56- §. Yssy klimat guºaklyklaryndaky
tebigy zolaklary
Subtropik  guºaklygyò  tebigy  zolaklary.  Ýewraziýanyò  sub-
tropik  guºaklyklarynda  gaty  ýaprakly  hemiºelik  ýaºyl  tokaýlar  we
gyrymsy  agaçlar,  subtropik  garyºyk  tokaýlar,  subtropik  ýarym  çöl
hem-de çöller zolaklary ºekillenen.
Subtropik  tokaýlar  we  gyrymsylar  zolagy  Ýewraziýanyò  Orta
deòiz kenarlary boýunça ýerleºýär. Bu ýerde tomus gurak we yssy,
gyº maýyl (ortaça temperatura +5°, +7°) hem-de köp ýagyºly. ªonuò
üçin ösümlikleriò wegetasiýasy ýylboýy dowam edýär. Ýaºyl ösüm-
likleriò aºagynda hasyldar gyrmyzy reòkli topraklar ösen. Pes boýly
daragtlar,  maýda  ýaprakly  daº  dub,  ýertut  daragty,  mirta  we  baº-
galar köp ýaýran. Medeni ösümliklerden injir, nar, üzüm, zeýtun we
sitrus miweler ýetiºdirilýär.
Subtropik  çygly  musson  tokaýlar  zolagy.  Bu  zolak  Ýewra-
ziýanyò  günorta-gündogarynda  musson  klimatyò  täsirinde  emele
gelipdir.  Bu  ýerde  tomus  örän  çyglylygy,  gyº  bolsa  guraklygy  we

129
salkynlygy bilen  tapawutlanýar. Çygly tokaýlar üçin kameliýa, kam-
foraly dafna, paporotnik daragtlary mahsusdyr. Haýwanat dünýäsinde
panda, bars, gibbon (maýmyn), tapir, piton ýylanlary duºýar.
Subtropik  ýarym  çöl  we  çöl  zolaklary.  Bu  zolaklar  aram  gu-
ºaklygyò çöllerinden tapawutlylykda, tomsy ep-esli yssy, ýagyº kem
ýagýar. Ýöne aram guºaklygyò çöl ösümlikleri bilen meòzeºligi bar.
Bu guºaklykdaky çöl we ýarym çölleri gurak subtropik çölleri diýip
hem  atlandyrýarlar.  Çygly  subtropik  guºaklygyna  Gara  deòziò
kenarlary tipik  mysaldyr. Gurak subtropik guºaklygyna uýgunlaºan
ak  we  gara    sazaklar,  ýowºan,  ýandak,  gum  leýlisaçy,  ir  baharda
lülälekler, ýylak ýaly ösümlikler ösýär. Haýwanlardan jeren, saýgak,
dürli  suwulganlar  we  ýylanlar,  gemrijiler,  çöl  bürgüdi,  çaý-çaò-
òalak,  ýabany  kepderiler,  pyºdyl,  towºan,  tilki,  jeòòellerde  ýabany
doòuz,  ondatra,  ýabany  piºik,  dürli  guºlar  ýaºaýar.  Bular  Özbe-
gistanyò çöllerinde-de bar.
Tropiki guºaklygyò tebigy zolaklary. Tropiki guºaklykda ýarym
çöl  we  çöl  zolaklary  hem-de  sawannalar  bar.  Aram  we  subtropik
guºaklyklaryò ýarym çöl we çöllerine garanda bu ýerde temperatura
örän  ýokary  (iýuluò  ortaça  temperaturasy  +30 °C-a  deò),  ýagynlar
bolsa gaty kem bolýar. Arabystan ýarymadasyndaky Rubel-Hali çägeli
çöli iò gurak  we yssy ýer hasaplanýar. Ösümlik we haýwanlary az.
Arabystanyò çöllerinde ýabany eºek — onagr, uçgur keýik, ýyrtyjy-
lardan syrtlan we ºagallar duºýar.
Tropiki sawannalar zolagy. Belent boýly gallagülli ösüm-likler,
selçeò tokaýlarda daragtlardan sal (belentligi 30 — 35 m), tik, aka-
siýa  we  palmalar  ösýär.  Subekwatorial  guºaklyga  golaýlaºdygyò
saýyn  sawannalarda  ýagynlaryò  mukdary  barha  artýar.  Tokaýlaryò
meýdany hem barha giòeýär.
Subekwatorial  guºaklygyò  tebigy  zolaklary.  Bu  guºaklyk  sa-
wannalar we pasyllaýyn çygly tokaýlar zolagyndan dörän. Sawannalar
Hindistan  we  Hindihytaý  ýarymadalarynda  ýerleºýär.  Afrikanyò
sawannalaryna  meòzäp  gidýär.  Bu  ýerde-de  ot  ösümlikleri,  agaçlar
(palma),  paporotnikler,  akasiýa,  mangra  (Gang  deltasynda)  ösýär.
9 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

130
Hindihytaý  ýarymadasynda  bambuklar  köp.  Haýwanlardan  pil,
maýmyn, gaplaò, panda, bars, jeren, krokodil, ýylan we dürli guºlar
bar (21- nji surat).
Subekwatorial  pasyllaýyn  çygly  tokaýlar  zolagy  daragt  gör-
nüºlerine  örän  baý.  Zolagyò  çäginde  gyº  örän  maýyl  bolýar.  Ýan-
waryò ortaça temperaturasy +15°, +18 °C-a deò. Haýwanat dünýäsi
dürli-dürli.  Hindistanda  we  ªri-Lanka  adasynda  häzir  hem  ýabany
pillere  duºmak  mümkin.  Gür  tokaýlarda  maýmynlaryò  birnäçe
görnüºleri ýaºaýar.
Ekwatorial guºaklygyò tebigy zolagy. Ýewraziýanyò ekwatorial
guºaklygynda bir sany tebigy zolak — ekwatorial çygly tokaýlar zo-
lagy ºekillenen. Bu zolak Malakka ýarymadasynda we köpräk ada-
larda ýerleºýär. Ekwatorial çygly tokaýlar zolagy baºga zolaklardan
ýylboýy  ýagynlaryò  köplügi,  temperaturanyò  birmeòzeº  diýen  ýaly
bolmagy  bilen  tapawutlanýar.  Ekwatorial  çygly  tokaýlarda  ferralit-
laterit  topraklar  emele  gelýär.  Olar  köp  ýarusly  gür  tokaýlar  bilen
örtülen. Ösümlik örtügi görnüºlere baý. Malakkanyò özünde 7,5 müò
görnüºli ösümlik duºýar. Ýabany öküz, kerkler, orangutan maýmynlar
zolaga mahsus haýwanlardyr.
21- nji surat. Aram we yssy klimatly guºaklyklaryò haýwanlary.
Gaplaò
Panda
Ýak
Pil
Piton ýylany

131
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Yssy  klimat  guºaklyklaryndaky  tebigy  zolaklar,  daº  dub,  ýertut
daragty, paporotnik, bambuk, piton, kerk.
Barlag  üçin  soraglar
1. Çöller haýsy klimat guºaklyklarynda duºýar?
2. Sawannalar nirerlerde döräpdir?
Amaly ýumuºlar
1. Tema degiºli tebigy zolaklary sudury karta geçiriò.
2. Tokaý-sähra zolagy bilen sawannalary deòeºdiriò.
 
57- §.  Beýiklik  guºaklyklary
Ýewraziýa  çäginiò  ýarysy  diýen  ýaly  daglardan  ybarat.  Dag-
lardaky beýiklik guºaklyklarynyò sany we görnüºi olaryò geografik
ýerleºiºine, beýikligine, ýöneliºine, howa akymlaryna garºy durºuna
bagly. Dag haýsy tebigy zolakda ýerleºen bolsa, beýiklik guºaklygyò
esasy  hem  ºu  tebigy  zolak  hasaplanýar.  Beýiklik  guºaklyklarynyò
gezekleºip gelmegi Gimalaý (38° dg.g., 88° gd.u.), Alp (46° dg.g.,
18° gd.u.) daglarynyò günorta eòòidinde anyk görünýär. Gimalaýyò
dag  eteklerinde  batalaºan    jeòòeller — teraýalar  ýerleºýär.  Topragy
garapalçyk-batga, ösümligi belent boýly (5 m çenli) ot ösümlikler, sa-
byn agajy, mimoza, palma we bam-buklardan ybarat. Ondan ýokarda
tropiki çygly tokaýlar (ferrolit  topraklar, esasy ösümligi  dafna, pal-
ma), subekwatorial hemiºelik ýaºyl tokaýlar (ferrolit topraklar, esasy
ösümligi dub, magnoliýa), subtropik hemiºelik ýaºyl tokaýlar, ýap-
ragyny gaçyrýan  giò ýaprakly tokaýlar (tokaý-goòur topraklar, hoz,
berýoza,  kerkaw),  iòòeýaprakly  tokaýlar  (çala-podzol  topraklar,  ak
sosna, tilagaç), belent boýly subalp we pes boýly alp otluklary (dag-
otluk  topraklar),  gar  we  buzluklar  gezekleºip  gelýär  (22- nji surat).

132
Teraýalaryò klimat ºerti ýerden 2 — 3 gezek hasyl almaga mümkin-
çilik  berýär.  Adatda,  tomusda  ºaly,  kenep,  ºekerçiòrik,  gyºda  bolsa
arpa, greçiha we bugdaý ýetiºdirilýär.
Gimalaý  we  Alp  daglaryndaky  beýiklik  guºaklyklaryny  deòeº-
dirsek, ºeýle netijä gelmek mümkin: belent daglardaky guºaklyklaryò
sany polýuslardan ekwatora tarap barha artýar. Eger beýle dag pol-
ýusda bolsa bir sany, eger taýgada ýerleºse üç sany, sähra zolagynda
ýerleºse  ýedi sany beýiklik guºaklygy emele gelýär. Meselem, Kaw-
kaz  daglaryndan  polýusa  çenli  näçe  düzlük  guºaklyklary  bolsa,  ºu
dagyò  demirgazyk  eòòidinde  ºonça  beýiklik  guºaklyklary  emele
gelýär.  Kawkaz  dagynyò  demirgazyk  eòòidinde  sähra,  tokaý-sähra,
giò ýaprakly tokaýlar, garyºyk tokaýlar, iòòeýaprakly tokaýlar, subalp
we alp otluklary, iò belentde gar we buzluklar gezekleºip gelýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Beýiklik  guºaklyklary,  Alp,  Kawkaz,  Gimalaý,  teraýa,  gileýa,
berýoza, kerkaw, sabyn agajy, mimoza.
22- nji surat. Gimalaý we  Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklary.

133
Barlag  üçin  soraglar
1.  Beýiklik guºaklyklarynyò köp ýa-da azlygynyò sebäbi näme?
2. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny deòeºdiriò.
3. Näme üçin Ural dagynda hem giòlik zolaklylygy, hem beýiklik
gatlalanyºy görkezilen?
Amaly ýumuºlar
1. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny deròäò
we depderiòize çyzyò.
2. Kawkaz daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny shema ýazyò.

58- §. Ýewraziýanyò ilaty we
syýasy kartasy
Ilat  sany  we  jynslary.  Ýewraziýada  2016-njy  ýylyò  1-nji  iýul
hasaby  boýunça  5  mlrd  177  mln  adam  ýaºaýar  (Ýewropada  740
mln,  Aziýada  4  mlrd  437  mln).  Bu  dünýä  ilatynyò  esasy  bölegini
tutýar. Ýewraziýa ilatyò gürlügi (1 kw km-e 96 adamdan artyk) we
ösüºi boýunça baºga materiklere garanda öòde durýar. Ilatyò artmagy
Orta  Aziýada,  Aziýanyò  günorta  we  günorta-gündogar  böleginde
ýokary  bolsa,  Ýewropada  ep-esli  pes.  Hindistan  ýarymadasynda,
Beýik Hytaý düzlüginde, Ýewropada ilat gür, materigiò  demirgazyk
böleginde, daglarda we çöllerinde örän seýrek ýaºaýar.
Ýewraziýada,  esasan,  ýewropoid  we  mongoloid  jynsyna  degiºli
bolan ilat ýaºaýar. Ilatyò ýarysy diýen ýaly ýewropoid jynsyna degiºli
bolup, Ýewropanyò we Aziýanyò günorta-günbatarynda ýaýran.
Ýewraziýanyò halklary. Adatda, ilaty halklara bölmekde ölçeg
hasaplanýan  dili,  taryhy  taýdan  däbe  öwrülen  medeni-ruhy  mirasy,
durmuº terzi hasaba alynýar. ªol sanda, diline görä, Ýewropa  konti-
nentinde üç sany uly topar — german, roman, slawýan toparlary bar.
Aziýada bolsa hytaýlar we hindiler dünýädäki iò köp sanly halklardyr.
Türkler,  türkmenler,  özbekler,  gazaklar,  gyrgyzlar,  azerbaýjanlar,
garagalpaklar, tatarlar, baºgyrtlar türki dil toparyny düzýär.

134
Ýewraziýanyò  syýasy  kartasy.  Materigiò  syýasy  kartasynda
takmynan 90-dan artyk döwlet bar. Meýdanyna görä uly döwletlerden
Russiýa  (meýdany  17,1  mln  kw.km),  Hytaý  (9,6  mln.  kw.  km),  iò
kiçi döwletlerden Watikan (0,4 kw. km), Lihtenºteýni (0,2 müò kw.
km) görkezmek bolar. Iò köp sanly ilaty bar bolan döwletlere Hytaý
(1,35  mlrd.dan  artyk),  Hindistan  (1,3  mlrd-dan  artyk),  Indoneziýa
(259,4), Päkistan (203,4 mln), Bangladeº (162,9 mln), Russiýa (144
mln-dan  artyk),  Ýaponiýa(125,3  mln)  girýär.  Bu  döwletlerde
Ýewraziýanyò ilatynyò ýarysyndan köp bölegi ýaºaýar.
Ýewraziýanyò syýasy kartasynyò ºekillenmegi uzak dowam eden
taryhy proses bolup, onda jemgyýetiò ösüºi görünýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Ilatyò gürlügi, jynslar, ýewropoid, germanlar, slawýanlar, romanlar,
hindiler, türkler, syýasy karta.
Barlag  üçin  soraglar
1. Materikde jynslar nähili ýaýrapdyr?
2. Ilatyò gürlüginiò sebäbi nämede? Ilat nirelerde gür?
Amaly ýumuºlar
1. Meýdanyna,  ilatynyò  sanyna  görä  10  sany  iri  döwletleri  we  5
sany kiçi döwletleri sudury karta geçiriò, olaryò paýtagtlaryny
kartadan tapyò.
2. Ýewraziýadaky  ilat  gür  ýerleºýän  çäkleri  kartadan  tapyò  we
deròäò.

59- §. Antropogen tebigy
  toplumlary
Antropogen tebigy toplumlar. Ýewraziýanyò çägi gadymdan ilat
ýaºap  gelen  siwilizasiýa  merkezlerinden  hasaplanýar.  Orta  deòiz
kenarlaryndaky gadymy subtropik tokaýlar adamyò hojalyk iºi sebäpli

135
çapylypdyr. Gündogar Ýewropa düzlügindäki gara we kaºtan toprakly
sähralaryò  80 %  meýdany  özleºdirilen.  Olaryò  ýerinde  ºäher  we
obalar, baglar we dürli ekin meýdanlary ýaly antropogen toplumlar
emele  gelipdir.  ªonuò  ýalyda,  Mesopotamiýa  we  Beýik  Hytaý
düzlükleri,  Hindistan,  Ýewropa  we  Orta  Aziýanyò  gadymdan  öz-
leºdirilip gelinýän çäklerinde, dag eòòitlerinde antropogen landºaftlar
döredilipdir.
Ýaºamak üçin amatly çäkler özleºdirilip gutarlypdyr. XX asyryò
ikinji  ýarymyndan  baºlap  tokaýlar,  çöller  we  dagly  zolaklary  öz-
leºdirmäge giriºildi. Netijede, antropogen tebigy toplum eýeleýän meý-
danlar barha giòelýär.
  Tebigaty  goramak  maksadynda  Ýewraziýa  tebigy  zolaklarynda
we dagly ülkelerde goraghanalar, milli baglar, buýurmalar gurlan.
Goraghana  iºgärleriniò  esasy  maksady  tebigatyò  gaýtalanmaz
ýerlerini, ajaýyp relýef ºekillerini, öwºün atýan magdanlaryny, dürli-
dürli  ösümlik  we  haýwanat  dünýäsini  we  baºga  tebigatyò  ýady-
gärliklerini tebigy ýagdaýda saklap galmakdyr. Ural dagynda Ilmen,
Altaý,  Ýewropada  Belowež  Puºçasy,  Astrahan,  Aziýada  Çatkal,
Yssykköl, Barguzin Taman, Negara ýaly goraghana we milli baglar
döredilen.
ªol  bir  wagtda,  tebigaty  goramak,  onuò  resurslaryndan  akylly-
baºly  we  tygºytlylyk  bilen  peýdalanmak  meselesine-de  uly  üns
berilýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Antropogen  tebigy  toplumlar,  landºaft,  goraghana,  milli  baglar,
Belowež Puºçasy, Çatkal.
Barlag  üçin  soraglar
1. Antropogen tebigy toplumlar diýende nämäni düºünýärsiòiz?
2. Goraghanalar, milli baglar nähili maksatlarda döredilýär?

136
Amaly sapaklar
1. Ýewraziýanyò antropogen tebigy toplumlara (atlasyò 30 — 31-
nji sahypalaryndaky toplum kartadan peýdalanyp) häsiýetnama
beriò.
2. Goraghanalary we milli baglary sudury karta geçiriò.
60-

Download 4.19 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling