A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.
Pdf ko'rish
bet3/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
#21038
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
raýonlara we tebigy zolaklara bölünýär.
Tebigy zolaklar — özboluºly klimaty, toprak örtügi, ösümlik we
haýwanat dünýäsine eýe bolan gury ýeriò iri tebigy toplumlarydyr.
Olaryò atlary köpräk ösümlik örtügi bilen baglanyºyklydyr.
Her  bir  klimat  guºaklygynyò  özboluºly  tebigy  zolaklary  emele

28
gelendir.  Meselem,  aram  klimat  guºaklygynda  70°  gd.u.  (gündogar
uzynlyk) meridiany boýunça iòòe ýaprakly tokaýlar (taýga), gatyºyk
yokaýlar, giò ýaprakly tokaýlar, tokaý-sähra, ýarymçöl we çöl tebigy
zolaklary  ýerleºýär.  Klimat  guºaklygyò  içinde  tebigy  zolaklar —
okeanyò kenarlaryndan gury ýeriò içersine tarap, ygal kemeldigi saýyn
çalºyp durýar. ªonuò üçin hem çöl tebigy zolak aram, subtropik we
tropik klimat guºaklyklarynyò orta böleginde duºýar.
Tebigy toplumlaryò döwürliligini geografik giòlikler boýunça der-
òemek  bolar.  Ähli  tebigy  toplumlar,  ýagny  klimat  guºaklyklary  we
tebigy zolaklar ekwatordan iki polýusa tarap kanuny ýagdaýda çalºyp
durýar. Muòa, ilkinji nobatda, klimat ºertleri sebäpdir.
Daglarda tebigy toplumlar dagyò eteginden depesine tarap gezek-
leºýär. Daglardaky tebigy toplumyò, ýagny beýiklik: guºaklyklarynyò
köp ýa-da az bolmagy ºu daglaryò geografik ýerleºiºine, beýikligine,
ýelleriò ugruna, okeanlardan uzak ýa-da ýakynlygyna bagly bolýar.
Dag ekwatora näçe ýakyn we beýik bolsa, ondaky tebigy toplumlar
ºonça köp bolýar we gezekleºip gelýär.
Okeanlarda  TT-lary  özboluºly  aýratynlyklara  eýe  bolup,  olar
köplenç suwuò temperaturasyna, ºorlugyna, akymlaryò yssy ýa-da
sowuklygyna  bagly.  Dünýä  okeanynda  11  sany  tebigy  guºaklyk
tapawutlandyrylýar: bir sany ekwatorial, iki-ikiden polýar, polýuse-
tek,  aram,  subtropik  we  tropik  guºaklyklar  giòlik  boýunça  çalºyp
ýerleºýär.
Adamyò  hojalyk  iºi  netijesinde  özgerdilen  TT-lara  antropogen
kompleksler ýa-da landºaftlar diýilýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Tebigy  toplum,  tebigat  komponentleri,  tebigy  zolaklar,  beýiklik
guºaklyklary, zolaklylyk, giòiºleýin zolak kanunalaýyklyklary.
Barlag  üçin  soraglar
1. Tebigy toplum diýende nämäni düºünýärsiòiz?

29
2. Nähili sebäplere görä tebigy zolaklar emele gelýär?
3. Beýiklik guºaklyklarynyò sany nämelere bagly?
Amaly ýumuºlar
1. Tebigy zolaklary sudury karta geçiriò we olaryò atlaryny ýazyò.
2. Depderiòize klimat guºaklyklary boýunça tebigy zolaklary bellik
ediò.
12- §. Ýer ýüzüniò ilaty, jynslar
Ýer ýüzüniò ilaty, jynslar. Ilat sany jemgyýetiò durmuº-ykdy-
sady  ösüºiniò  dowamynda  ösüp  gelipdir.  Meselem,  eramyzyò  baº-
larynda 230 mln, 1 000-nji ýylda 305 mln, 1 500-nji ýylda 440 mln
adama ýetipdir. Ahyrky müò ýyllykda ilatyò iki esse köpelmegi üçin
600 ýyl gerek bolan bolsa, ikinji gezek iki esse köpelmegi üçin 230
ýyl, üçünjisine 100 ýyl we dördünjisine 40 ýyl gerek bolupdyr.
Birleºen Milletler Guramasynyò maglumatlaryna görä, Ýer ýüzüniò
ilaty 2016-njy ýylyò ortalarynda 7 mlrd 400 mln-dan geçdi. Ilat sany
iò köp (100 mln-dan artyk) ýurtlar Hytaý, Hindistan, ABª, Indoneziýa,
Braziliýa, Päkistan, Nigeriýa, Bangladeº, Russiýa, Meksika, Ýaponiýa
we Filippin.
XX asyryò 60-njy ýyllarynda „demografik partlama“, ýagny ilatyò
örän çalt depginler bilen artýandygy anyklandy. Ilatyò artmagy Afrika,
Aziýa  we  Amerika  ýurtlarynda  ýokary  bolsa,  ençeme  Ýewropa
ýurtlarynda görkezijiler pes.
Dünýä ilaty esasan üç sany uly jynsa degiºli. Bular ýewropeoid,
mongoloid we negroid. Bu esaasy jynslaryò aralygynda köp aralyk
(gatyºyk) jynslar bar.
Ilatyò ýerleºiº aýratynlyklary. Dünýä ilatynyò biendigan ýaýran-
lygyna ýurtlaryò geografik ýerleºiºi, tebigy ºerti, taryhy taýdan ösüºi,

30
durmuº-ykdysady ösüºi, tebigy baýlyklar bilen üpjünçiligi ýaly fak-
torlar täsir edýär.
Dünýä ilatynyò esasy bölegi deòiz we okean kenarlaryna ýakyn
aralykda  ýaºaýar.  Muòa  sebäp  tebigy  ºertiniò  ýaºamak  üçin  amat-
lylygy, iò arzan deòiz transportyna ýakyn bolanlygy, iò iri deòiz port-
ºäherleriniò döränligi bilen bagly.
Ýer ýüzünde ilat güp ýerleºýän dört sany iri çäk ºekillenen. Bular:
Günorta Aziýa, Gündogar Aziýa, Günbatar Ýewropa we Demirgazyk
Amerikanyò  gündogar  bölegi.  Munuò  faktorlary — tebigy  ºertiò
amatlylygy,  hojalygyò  gowy  ösenligi  we  gadymdan  ilat  ýaºap  gel-
ýänligidir.
Tebigy baýlyklar we olaryò adam üçin ähmiýeti. Adam özüniò
gündelik  isleglerini  kanagatlandyrmak  maksadynda  tebigatyò  baý-
lyklaryndan peýdalanmaga mejbur. Tebigatyò baýlyklaryny esasy bäº
topara bölmek mümkin: mineral, klimat, suw, ýer we biologik baý-
lyklar.
Ilatyò ýaºamagy üçin ýangyç, magdanly we magdan däl mineral
baýlyklar  zerur.  Olarsyz  jemgyýetiò  durmuº-ykdysady  ösüºini  göz
öòüne getirmek kyn. Magdanly gazylyp alynýan peýdaly zatlara de-
mir,  mis,  almaz,  altyn,  uran  we  baºgalar,  magdan  däl  mineral
baýlyklara kükürt, fosforit, ahar duzy we baºgalar girýär.
Adamzadyò  oba  hojalyk  önümlerine  bolan  talabyny  kanagat-
landyrmak hem-de tebigatyò gujagynda dynç almagy (rekreasiýa) üçin
klimat baýlyklarynyò ähmiýeti çäksiz.
Hojalykda iò köp peýdalanylýan tebigy baýlyk suw hasaplanýar.
„Suw  bar  ýerde  ýaºaýyº  bar“,  „Suw  gutaran  ýerde  ýaºaýyº  tog-
taýar“, diýen halk nakyllary suwuò bibaha tebigy baýlykdygyny delil-
lendirýär.
Ekerançylygy  ösdürmekde  hasylly  topraklaryò  ähmiýeti  iòòän
uludyr.
Belli bir çägiò haýwanat dünýäsi we ösümlik örtügi biologik baý-
lyklary düzýär. Bu baýlyklaryò iò möhüm aýratynlygy olary gaýtadan
dikeltmek mümkinligidir.

31
Ilatyò tebigat bilen baglylygy. Adam öz zerurlyklary üçin zerur
bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Netijede, tebigata mälim derejede
täsir edýär. Bu bolsa dürli tebigy toplumlaryò ºekillenmegine getirýär.
Tebigy  toplumlar  adamyò  täsiri  derejesine  görä  üç  topara  bö-
lünýär:
1. Tebigy landºaftlar. 2. Tebigy-antropogen landºaftlar. 3. Antro-
pogen landºaftlar.
Tebigy landºaftlar diýende adamlar tarapyndan peýdalanylmaýan
çäkleriò landºaftyny düºünýäris. Olara Antarktida, Demirgazyk Buzly
okeandaky hemiºelik buzluklar we adalar, belent daglar, çöller, gür
tokaýlar mysal bolup biler.
Tebigy-antropogen landºaftlar tebigy we antropogen landºaftlaryò
aralygynda döreýär. Olara ýaýlaglar, düme ýerler girýär.
Antropogen  landºaftlar — adamlaryò  hojalyk  iºiniò  täsirinde
özgeren tebigy landºaftlar bolup, olar Ýeriò üstünde giò ýaýrandyr.
Ilatly punktlar — oba we ºäherler antropogen landºaftlaryò nusgasy
hasaplanýar. ªäherler landºafty ilki 5 — 4 müò ýyl öò „gala ºäher“,
„ºäher-döwlet“ hökmünde ºekillenip baºlapdyr.
Tebigaty we tebigy resurslary goramak maksadynda goraghanalar,
buýurma  mesgenleri,  milli  baglar  döredilýär.  Ýitip  gitmek  howpy
astynda  bolan  ösümlikler  we  haýwanat  älemi  „Gyzyl  kitap“lara
girizilýär we aýratyn goralýar. ªeýle çäreler ýeke-täk umumy öýümiz
Ýeriò  tebigatyny  we  adamlaryò  saglygyny  goramak  üçin  hyzmat
edýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Ýer ýüzüniò ilaty, „demografik partlama“, Günorta Aziýa, Gündogar
Aziýa, Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Amerika, jyns.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ilat sany iò köp bolan ýurtlar haýsylar?
2. Tebigy baýlyklaryò adam üçin nähili ähmiýeti bar?
3. Antropogen landºaftlar näme?

32
7- nji surat. Okeanlar
ýarymºary.
Amaly ýumuºlar
1. Atlasdan peýdalanyp, ilaty iò gür ýerleºýän çäklerini anyklaò.
2. Kartadan peýdalanyp, ilatyò biendigan ýaýranlygynyò sebäplerini
düºündiriò.
OKEANLARYÒ TEBIGATY
13- §. Dünýä okeany we onuò
bölekleri
Dünýä  okeany.  Alymlaryò  pikirine  görä,  „okean“  adalgasy
finikiýalylaryò sözünden alnan bolup, grekçe „kenarsyz deòiz“, „Ýeri
aýlanyp akýan beýik derýa“, diýen manyny aòladýär. „Dünýä okeany“
adalgasyny rus alymy Ý. M. ªokalskiý 1917-nji ýylda ylma girizipdir.
Ýer  ºarynyò  üznüksiz  suwly  gabygy  Dünýä  okeany  diýlip  atlan-
dyrylýar.
Dünýä okeany Ýer ºarynyò 361 mln. km
2
 meýdanyny eýeleýär.
Suw Ýer üstüniò Demirgazyk ýarymºarda 61 %-ini, Günorta ýarym-
ºarda  81 %-ini  örtýär.  Ýeri  Demirgazyk,  Günorta,  Günbatar  we
Gündogar ýarymºarlara bölünmeginden daºary, ýene okeanlar ýarym-
ºary  we  materikler  ýarymºaryna  hem  bölünýär.  Okeanlar  ýarym-
ºarynda  Ýer  üstüniò  90,5 %  bölegini  suw
örtýär (7- nji surat).
Dünýä  okeanynynyò  öwreniliº  taryhy.
Beýik geografik açyºlar döwründen (XV asy-
ryò  ikinji  ýarymy — XVII  asyryò  birinji
ýarymy) baºlanýar. Bu döwürde H. Kolumb,
J. Kabot, Wasko da Gama, Amerigo Wespuç-
çi, F. Magellan, F. Dreýk, W. Ýanszon,  A. Tas-
man  we  baºgalar  Dünýä  okeanynda  ýüzüp,
möhüm açyºlar etdiler. ªonuò bilen birlikde,

33
akymlar, materik we adalar, gury ýer kenarlary, suwuò ºorlugy, tem-
peraturasy,  haýwanat  dünýäsi  barada  gymmatly  maglumatla-
ry topladylar. XVII — XIX asyrlarda okeany öwrenmek ylmy çeme-
leºme esasynda alnyp baryldy. ªol sanda, J. Kuk, I. W. Kruzenºtern
we  Ý. F. Lisýanskiý,  F. F. Bellinsgauzen  we  M. P. Lazarew,
S. O. Makarow,  „Çellenjer“  gämisiniò  agzalary  Dünýä  okeanynyò
geo-grafiýasy  üçin  iò  zerur  maglumatlary  topladylar.  Meselem,
„Çellenjer“ ekspedisiýasynyò netijeleri „Okeanografiýa“ ylmyna esas
boldy.
XX  asyrdan  baºlap  mahsus  deòiz  guramalary  düzülip,  Dünýä
okeanyny halkara hyzmatdaºlyk esasynda öwrenmek iºleri ýola go-
ýuldy. 1920-nji ýyldan soò okean suwlary çuòlugy boýunça öwrenilip
baºlandy. 1960-njy ýylda fransuz Jan Pikar Mariana çöketligini zabt
etdi.  Indi  gämiler  häzirki  zaman  gurallary  bilen  enjamlaºdyryldy,
kosmik gämilerden alnan suratlar deròelýär.
Dünýä  okeanynyò  bölekleri  deòiz,  aýlag,  bogazlardan  ybarat.
Okeanlar bir-birinden geografik ýerleºiºi, geologik gurluºy, biologik
aýratynlyklary bilen tapawutlanýan bir bitewi tebigy toplumlardyr.
Deòizler — okeanyò  bir  bölegi  bolup,  olar  Dünýä  okeanyndan
gury  ýer  ýa-da  adalar,  ýarymadalar  we  suwasty  relýefiniò  ýokary
galan ýerleri bilen tapawutlanýar. Özüniò geografik ýerleºiºi we bas-
seýnleriniò aýratynlygyna garap 3 görnüºe bölünýär: 1) materikleriò
arasyndaky deòizler; 2) materigiò içersindäki deòizler; 3) çet deòizler.
Okeanyò  (deòiz  ýa-da  kölüò)  gury  ýeriò  içersine  girip  durýan
bölegine aýlag diýilýär. Bengaliýa, Meksika, Gudzon, Uly Awstraliýa,
Alýaska ýaly aýlaglar iò uly aýlaglardyr.
Okeanlary  (deòiz  ýa-da  kölleri)  bir-biri  bilen  goºup  durýan  dar
suwa bogaz diýilýär. Bulara Dreýk, Mozambik, Gibraltar, La-Manº
we baºgalar mysal bolup biler.
Dünýä okeanyny birinji bolup niderland alymy B.Werenius 1650-
nji ýylda b亠okeana bölüpdir (Ýuwaº, Atlantik, Hin-di, Demirgazyk
we  Günorta  Buzly  okeanlary).  Soòluk  bilen,  barlagçylar  ony  üç
(Ýuwaº, Atlantik, Hindi), dört (Ýuwaº, Atlantik, Hindi, Demirgazyk
3 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

34
Buzly) okeanlara bölüpdirler. Häzirki wagtda bäºinji — Günorta Buzly
okeany  hakynda  hem  pikirler  bar.  Dünýä  okeanynda  jemi  67  sany,
gury ýerde bolsa 2 sany (Kaspi we Aral) deòiz bar (8- nji surat).
67
8- nji surat. Dünýä okeany we onuò bölekleri.
Araçäkler: a — okeanlar; b — deòizler. Atlantik okeanyò deòizleri: 1. Baltika. 2.
Demirgazyk. 3. Irlandiýa. 4. Orta. 5. Alboran. 6. Balear. 7. Liguriy. 8. Tirren. 9.
Adriatika. 10. Ioniýa. 11. Egeý. 12. Krit. 13. Marmar. 14. Kara.15. Azow. 16. Karib.
17. Sargasso. 18. Skoºa. 19. Ueddell. 20. Lazarew. Ýuwaº okeanyò deòizleri: 21.
Bering. 22. Ohota. 23. Gündogar (Ýapon). 24. Sary. 25. Gündogar Hytaý. 26. Günorta
Hytaý. 27. Filippin. 28. Sulu (Sibirýan, Basaýas, Samar, Samotor, Mindano deòizleri bilen).
29. Sulawesi. 30. Moluk. 31. Halmaher. 32. Seram. 33. Ýawa. 34. Bali. 35. Flores. 36.
Sawu. 37. Banda. 38. Täze Gwineýa. 39. Solomon. 40. Merjen. 41. Fiji. 42. Koro.  43.
Tasman. 44. Ross. 45. Amundsen. 46. Bellinsgauzen. Hindi okeany deòizleri: 47.
Gyzyl. 48. Arap. 49. Andaman. 50. Timor. 51. Arafur. 52. Dýurwill. 53. Mouson. 54.
Deýwis.  55.  Arkalaºyk.  56.  Kosmonawtlar.  57.  Riser-Larsen.  Demirgazyk    Buzly
okeanynyò deòizleri: 58. Grenlandiýa. 59. Norwegiýa. 60. Ak. 61. Barens. 62. Kara.
63. Laptewler.  64. Gündogar Sibir. 65. Çukotka. 66. Bofort. 67. Baffin. Ýapyk basseý
deòizleri: 68. Kaspi. 69. Aral.
=
>

35
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Dünýä  okeany,  deòiz,  aýlag,  bogaz,  basseýn,  Magellan,  Dreýk,
Ýanszon, Warenius, J. Pikar.
Barlag  üçin  soraglar
1. Dünýä okeanynyò bölekleri diýende nämäni düºünýärsiòiz?
2. Dünýädäki iò uly bogazlar haýsy?
Amaly ýumuºlar
1. Dünýäniò fiziki kartasyndan okeanlary we deòizleri tapyò.
2. Sudury  karta  okeanlar  hem-de  olaryò  käbir  böleklerini  geçi-rip,
atlaryny ýazyò.
14- §. Dünýä okeany düýbüniò
geologik gurluºy, relýefi
Geologik  gurluºy.  Dünýä  okeanynyò  düýbi  iri  litosfera  plita-
laryndan düzülen. Ýöne olar materikler bilen birlikde bitewi litosfera
plitalaryny emele getirendigi üçin materikleriò ady bilen atlandyrylýar.
Diòe Ýuwaº okeanynyò düýbi özbaºdak litosfera plitasy hökmünde
tapawutlandyrylýar.
Okean düýplerinde derýa, deòiz tolkunlary we akymlary, ýeller,
aýsbergler getiren çökündiler, hatda organizmler we kosmiki tozanlar
çökündi jynslar gatlagyny emele getirýär.
Terrigen, ýagny emele gelºine görä gury ýer bilen bagly çökün-
diler kenara golaý bolýar. Terrigen gatlaklanmalar Dünýä okeanynyò
25 %-ini örtýär.
Okean  düýbi  bolsa  heläk  bolan  deòiz  organizmleriniò  galyndy-
laryndan emele gelen çökündiler, ýagny okean löti bilen örtülen.
Okeanyò kenardan uzak iò çuò böleklerinde gyzyl reòkli okean
laýy  toplanan.  Ol  Dünýä  okeany  düýbüniò  36 %-ini  örtýär.  Okean

36
laýy  goòur  reòkli  palçykdan  ybarat.  Ol  okeanyò  5 000 m-den  çuò
böleklerinde bolýar.
Okean  düýbüniò  relýefi.  Dünýä  okeanynyò  düýbüniò  relýefi
gaty çylºyrymly düzülen. Okean düýbünde materik ºelfleri, materik
eòòidi, materik etegi, okean düýbi oýuklary, Orta okean geriºleri we
iò çuò çöketlikler ýaly iri relýef ºekilleri bar. Orta okean dag gerºiniò
umumy  uzynlygy  60  müò  km-dan  artyk  bolup,  ol  ähli  okeanlary
kesip geçýär we birnäçe ºahalara bölünýär (9- njy surat).
Atlantik okeanda Demirgazyk Afrika, Demirgazyk Amerika, Bra-
ziliýa, Angola; Ýuwaº okeanda Demirgazyk-gündogar, Demirgazyk-
günbatar, Merkezi, Günorta we Çili; Hindi okeanynda Somali, Mer-
kezi  we  Günbatar  Awstraliýa  ýaly  oýuklar  bar.  Antarktida  kenar
ýakasynda Afrika-Antarktida, Awstraliýa-Antarktida we Bellinsgauzen
oýuklary bor.
Dünýäniò fiziki kartasynda b亠sany basseýni tapawutlandyrmak
mümkin.  Olar  Ýuwaº,  Atlantik,  Hindi,  Demirgazyk  Buzly  okean
basseýnleri we ýapyk basseýnlerdir. Derýa haýsy basseýne öz suwuny
guýsa, ºol basseýne degiºli bolýar.
9- njy  surat.  Okean  düýbüniò  relýefi.
materik
ýalpaklygy
okeanyò
düýbi
materik
eòòidi
ma
terik
eteg
i
çuò
çökündiler
orta
okean
ulgamlary
adalar

37
Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar
Okean  düýbi  relýefi,  materik  ºelfi,  materik  eòòidi,  materik  etegi,
okean düýbi oýuklary, orta okean ulgamlary.
Barlag  üçin  soraglar
1. Dünýä okeany düýbi nähili gatlaklanmalardan ybarat?
2. Okean düýbi relýefi nähili düzülen?
Amaly ýumuºlar
1. Okean düýbi relýefiniò esasy ºekillerini depderiòize ýazyò.
2. Fizki geografik kartadan okean basseýnlerini tapyò.
15- §. Okean suwunyò
  aýratynlyklary
Okean suwunyò ºorlugy. Dünýä okeany suwunyò esasy aýratynlygy
ºorlugydyr. Eger  suwuò  düzümindäki  duzuò  mukdary  1  litr  suwda  1
gramdan kem bolsa, süýji, artyk bolsa, ºor suw diýlip atlandyrylýar.
ªonuò  üçin  1  litr  suwda  erän  maddalar  (gram  ýa-da  prfaktor-
ledäki)  mukdary  suwuò  ºorluk  derejesini  görkezýär.  Dünýä  okeany
suwunyò ortaça ºorlugy 35
0
00
bolup, onda dürli maddalar: duzlar, or-
ganiki maddalar, ergin halyndaky metallar duºýar.
Ekwatorial zolaga (34 — 35
0
00
) garanda tropik guºaklyklarda su-
wuò  ºorlugy  ep-esli  ýokary  (Ýuwaº  okeanda  36 — 37
0
00
,  Atlantik
okeanda 37,9
0
00
). Okeanyò açyk böleginde suwuò ºorlugy 33
0
00
-den
37
0
00
  çenli,  deòizlerde  2
0
00
-den (Fin  aýlagy)  42
0
00
 
çenli  (Gyzyl
deòiz) üýtgeýär.
  Okean  suwunyò  temperaturasy.  Dünýä  okeany  suwlarynyò
temperaturasy geografik kanunalaýyklyk esasynda üýtgäp durýar. Suw
üstüniò ortaça ýyllyk temperaturasy 17,54 °C-a deò. Açyk okeanda
–2
o
 dan 29
o
C çenli üýtgeýär. Termiki ekwator zolagynda (5 — 10
o
demirgazyk  giòliklerde)  üstki  suwuò  ortaça  temperaturasy  27 —

38
28 °C.  Ýöne  tropiklerde  bu  temperatura  25 — 27 °C  ýetýär.  Polýar
ülkelerde temperatura –1°, –2 °C çenli peselýär.
  Dünýä  okeanynyò  suwy  giòlik  we  uzynlyk  boýunça  hem-de
çuòluga  tarap  üýtgeýär.  Okean  düýbünde  temperatura  1 000  m-dan
çuòlukda, orta hasapda 2 — 3 °C töwereginde bolýar.
Okean suwlary — 2 °C-da doòýar. Dünýä okeanynyò iò yssy su-
wy Pars aýlagynda, iò sowugy bolsa polýar çägiò içersinde bolýar.
Okean akymlary. Dünýä okeanyndaky suwuò hereketi akymlar,
galkmalar  we  tolkunlar  ýaly  görnüºde  ýüze  çykýar.  Uly  göwrümli
okean  suwlarynyò  uzak  aralyklara  ýönelen  gorizontal  hereketine
okean akymlary diýilýär. Bir tarapa öwüsýän ýelleriò täsirinde okean
suwunyò 1 500 m çenli galyòlykdaky üstki gatlagy hereketlenýär.
Okean akymlary temperaturasyna görä yssy we sowuk akymlara
bölünýär.  Polýuslardan  ekwatora  tarap  düýp  sowuk  akymlar,  ek-
watordan  polýuslara  tarap  üstki  yssy  akymlar  hereketlenýär.  Bu
özboluºly  „sowadyjy-gyzdyryjy“  maºyny  döredýär.  Beýle  proses
„okean — atmosfera“, „okean — materik“ ulgamynda-da bolup, mate-
rikleriò tebigatynyò reòbe-reò bolmagyna getirýär.
Dünýä  okeanyndaky  Demirgazyk  we  Günorta  passat  akymlary,
passatlarara garºy akym we günbatar ýeller akymy (uzynlygy 30 müò
km) esasy akymlardyr.
Ýeriò we Aýyò dartyº güýji täsirinde Dünýä okeany suwlarynda
galkma hadysasy (sutkanyò dowamynda iki gezek ýokary galyp, iki
gezek  peselýär)  bolýar.  Açyk  okeanda  suwuò  galkma  amplitudasy
1 — 2 m-dan geçmeýär. Ýöne materigiò kenarlarynda tolkunyò beýik-
ligi artýar.
Ýeliò täsirinde emele gelen tolkunlaryò belentligi okeanlarda 4 m
çenli,  käbir  halatlarda  7,5  m,  uzynlygy  90 — 100  m  (käte  800  m)
töwereginde bolýar. Iò belent tolkun (34 m) Ýuwaº okeanyò demir-
gazyk böleginde bolupdyr. Tropiki we aram giòliklerde tupanlar ýygy-
ýygydan bolýar. Gazaply tolkunlardan biri sunami (ýaponça, ajal we
weýrançylyk getirýän tolkunlar) ýer titremesi we hereketdäki wulkan-
laryò täsirinde emele gelýär. Açyk okeanda belentligi 1 m-den geç-

39
meýär. Ýöne kenara gelende 10 m, käbir wagtlarda 50 m-e göterilýär.
Tizligi  sagadyna  700 — 800  km-e  ýetýär.  Gaty  uly  ykdysady  we
ruhy zyýan ýetirýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Suwuò  ºorlugy,  prfaktore,  temperatura,  akym,  aýsberg,  Arktika,
Antarktida, sunami, galkma.
Barlag  üçin  soraglar
1. Okean suwlarynyò ºorlugy nähili anyklanýar?
2. Yssy we sowuk akymlar nähili peýda bolýar?
Amaly ýumuºlar
1. Dünýä okeanynyò esasy aýratynlyklaryny ýazyò.
2. Esasy yssy we sowuk deòiz akymlaryny sudury karta geçiriò.
16- §. Dünýä okeanynyò
atmosfera we gury ýere täsiri
Dünýä  okeany  Ýeriò  ähli  gabyklary  bilen  yzygiderli  özara  ara-
gatnaºykda bolup, planetamyzyò tebigatyna güýçli täsir edip durýar.
Dünýä okeanynyò atmosfera, litosfera, biosfera bilen hemiºelik özara
täsiri  netijesinde  „okean 


  atmosfera 


  gury  ýer“  ulgamy  emele
gelen. Bu ulgamda madda we energiýa çalºygy bolup geçýär. Ulgam-
daky maddalaryò hereketini üpjün edýän uly güýç gün energiýasydyr.
Dünýä okeany Yeriò üstüne Günden gelýän ýylylygyò 70 %-ini ýuwud-
ýar. Netijede okean ýylylyk „akkumulýatoryna“ öwrülýär we atmo-
sferany ýyladyp durýar, bug halyndaky çyg bilen üpjün edýär, gury
ýere we ähli suw basseýnlerine ygal berýär.
Gün energiýasynyò täsirinde herekete gelýän „ýylylyk maºyny“
bütin Ýer üsti boýunça „okean 


 atmosfera 


 gury ýer“ ulgamynda
ýylylyk we çyglylyk paýlaºygyny üpjün edýär (10-njy surat). „Ýylylyk

40
maºynyyò“ hereket ugry, tizligi ýaly aýra-
tynlyklaryna  Aýyò  we  Günüò  dartyºy
hem-de  Koriolis  güýji,  Ýeriò  içki  ener-
giýasy, hatda antropogen faktor hem mä-
lim  mukdarda  täsir  edýär.  Netijede  tebi-
gatda dürli prosesler bolup geçýär.
Okeanyò atmosfera we gury ýere täsir
etmeginde  howa  massalarynyò  orny  uly.
Okean  günüò  ýylylygyny  toplaýar,  olary
deòiz akymy dürli giòliklere we uzaklyklara
äkidýär, atmosferany ýyladýar.
Eger  howa  massalary  okean  üstünde  emele  gelse,  deòiz  howa
massalary,  tersine,  gury  ýer  üstünde  emele  gelse,  kontinental  howa
massalary diýilýär. Bu howa massalary „okean


gury ýer“ ulgamynda
ýylylygy we sowuklygy daºaýan seriºde wezipesini ýerine ýetirýär.
Atmosferada ýüze çykýan ýelleriò, tupanlaryò we taýfunlaryò baº
sebäpçisi-de „okean


atmosfera


gury ýer“ ulgamyndaky madda
we energiýa çalºygydyr. Taýfun we tupanlar iki ýarymºaryò 5 — 20°
giòlikleriniò aralygyndaky okeanyò üstünde emele gelýär.
Deòiz akymlary hem okeanyò atmosfera bilen gury ýeriò arasyn-
daky  özara  aragatnaºyga  güýçli  täsir  edýär.  Aýratynam,  maýyl  we
sowuk  deòiz  akymlary  ýylylygy  we  sowuklygy  geografik  giòlikler
hem-de uzaklyklar boýunça daºaýar.
Okeanlaryò ýaºamak üçin amatly bolan kenarlarynda gadymdan
adamlar  mekan  edinipdirler.  Häzir  hem  kenaryò  50  km  çenli  bolan
böleginde dünýä ilatynyò 27 %-i ýaºaýar.

Download 4.19 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling