A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.
Pdf просмотр
bet7/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
Melaneziýa.  Melaneziýa  Täze  Gwineýa,  Bismark,  Luiziada  ar-
hipelaglary, Solomon adalary, Santa-Krus, Täze Gebrit adalary, Täze
Kaledoniýa, Fiji, ºonuò ýaly-da, birnäçe maýda adalar girýär. Bular,
esasan, materik adalarydyr.
Mikroneziýa.  Mikroneziýa  Walkano,  Bonin,  Miriana,  Karolina,
Marºall, Gilbert, Ellis arhipelaglary, Nauru we Oºen adalary girýär.
Bular köpräk merjen adalary hasaplanýar.
Polineziýa. Polineziýa Gawaýi adalary, Laýn, Finiks, Tokelau, Sa-
moa, Kuk, Taiti, Jemgyýet, Tuamotu ýa-da Rossian atollary (atoll —
ýarym ýaý ýa-da ýarym tegelek ºekilli merjen adasy), Markiz adalary
we Pasha adasy girýär.

79
Öwreniliº taryhy. Okeaniýa baradaky maglumatlar ýewropalylara
F. Magellanyò  syýahatyndan  (1521-nji  ý.)  soò  mälim  bolupdyr.
J. Kuk  (1771 — 1773-nji  ý.)  ençeme  adalary  karta  geçirip  häsiýet-
lendiripdir. XIX asyrda ruslar 40 gezek ekspedisiýa gurapdyrlar. ªu
asyryò  ahyrynda  „Çellenjer“  ekspedisiýasy  (1873 — 1876-njy  ý.)
Okeaniýa adalary, ilaty hakynda gyzykly maglumatlary toplapdyr. Bu
babatda  M. N. Mikluho-Maklaý  (1871 — 1882-nji  ý.)  Täze
Gwineýada  papuaslar  bilen  bilelikde  ýaºap,  olaryò  ýaºaýyº  terzi
hakynda bibaha maglumatlary ýazyp galdyrypdyr.
Geologik gurluºy we relýefi. Adalaryò geologik taryhy we nähili
jynslardan düzülendigine görä birnäçe toparlara bölmek mümkin. Ma-
terigiò  adalary  (Täze  Gwineýa,  Täze  Zelandiýa),  wulkanik  adalar
(Gawaýi, Pasha, Tuamotu), geosinklinal adalar (Mariana, Täze Kale-
doniýa).  Bulardan  daºary,  Okeaniýada  biogen  (merjen,  atoll,  rif)
adalary  köp  duºýar.  Okeaniýanyò  iò  belent  nokady  Täze  Gwineýa
adasyndaky Jaýa depesi (5 030 m) hasaplanýar.
Okeaniýanyò iri adalarynda gazylyp alynýan baýlyk gorlary kän.
ªol  sanda,  Täze  Kaledoniýada  nikel,  Täze  Gwineýa  we  Täze  Ze-
landiýada nebit we gaz, Täze Gwineýa we Fijide altyn, Nauru ada-
synda fosforit känleri bar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Okeaniýa,  Melaneziýa,  Mikroneziýa,  Polineziýa,  atollar,  merjen
adalary, wulkan adalary, arhipelag.
Barlag  üçin  soraglar
1. Okeaniýanyò iri adalarynda nähili gazylyp alynýan baýlyklar bar?
2. Okeaniýadaky adalar nänili böleklere bölünýär?
Amaly ýumuºlar
1. Okeaniýadaky wulkanlary sudury karta geçiriò we atlaryny ýazyò.
2. Okeaniýadaky iri adalary sudury karta geçiriò.

80
35- §. 
Okeaniýanyò klimaty,
tebigy zolaklary we ilaty
Klimat guºaklyklary. Ähli diýen ýaly adalar ekwatorial, subek-
watorial we tropiki klimat guºaklyklarynda ýerleºýär. Diòe Täze Ze-
landiýa  we  oòa  ýakyn  bolan  adalar  subtropiki  we  aram  klimat
guºaklyklaryna dogry gelýär. Umuman, Okeaniýanyò klimaty ýyly,
ýumºak bolup, temperaturanyò yrgyldysy pasyllar boýunça gijesine
we  gündizine-de  uly  däl.  Günortan  wagty  +30 °C,  gijesi  +23 °C
bolýar. Ygallar köp ýagýar, orta hasapda 3 000 — 4 000 mm. Gawaýi
adasyndaky  daglaryò  ºemala  gapma-garºy  eòòitlerine  ýylyna
12 500 — 14 000  mm  ygal  ýagýandygy  anyklandy.  Täze  Gwineýa
daglarynda  4 420  m-dan  ýokarda  hemiºelik  garlar,  hatda  kiçi
buzluklar  bar.  Täze  Zelandiýa  daglarynda  hem  gar-buzluklar  köp
duºýar.
Tebigy  zolaklary.  Okeaniýa  adalarynyò  esasy  bölegi  hemiºelik
ýaºyl,  çyg  tokaýlar  we  sawannalar  bilen  örtülen.  Daragtlardan
gymmatlysy  kokos  we  sago  palmalary,  kauçukly  daragt,  banan,
çörek we  gawun  daragtlary,  mango,  ºekerçiòrik.  Täze  Zelandiýada
daragt ºekilli paporotnikler, kauri tilagajy, kelem daragty, zygyr we
baºga  endemikler  ösýär.  Daglaryò  ºemala  garaýan  eòòitlerinde,
düzlüklerinde galyò tokaýlar bolsa, ters tarapynda sawannalar emele
gelipdir.
Haýwanat  älemi  özboluºly.  Täze  Gwineýa  we  oòa  ýakyn
adalarda  kazuar  towugy  (emu  maºgalasyna  degiºli),  Täze  Zelan-
diýada 3 görnüºdäki kiwi towuklary, pingwin we baºga deòiz guº-
lary örän köp (albatros, tupan guºy, balykçy guº). Adalara getirilen
alaka,  ýabanylaºan  piºik,  geçi,  towºan  tebigata  örän  uly  zyýan
ýetirýärler.
Okeanlar haýwanlaryò ýaýramagy üçin uly kynçylyk döredýär, bu
Okeaniýanyò  haýwanat  dünýäsiniò  düzüminiò  özboluºlylygyna
getiripdir. Ilki bilen, süýdemdirijileriò umuman ýok diýen ýalydygynyò
hasabyna gaty kemelip gidenligi bilen häsiýetlendirilýär.

81
Ilaty.  Okeaniýada  16  mln  ilat  ýaºaýar  (2016-njy  ý.,  1-nji  iýul).
Täze  Zelandiýada  düýpli  ilaty  maoriler  jemi  ilatyò  15%-ini  tutýar.
Esasy  ilaty  iòlis — täze  zelandiýalylardan  ybarat.  Täze  Zelandiýa,
Täze  Kaledoniýa,  Täze  Gwineýa,  Gawaýi  adalarynda  gelmiºekler
köp. Bu ýerde ilatyò köpüsi ºäherlerde ýaºaýar. Baºga adalarda oba
ilaty köpçüligi düzýär. Ýerli ilat kokos palmasy, banan, ºekerçiòrik,
ananas,  kofe,  kakao  ýetiºdirýär.  Balykçylyk,  tokaýçylyk,  turistlere
hyzmat  etmek,  deòizden  dür  almak,  reòkli  metal  magdanlaryny,
kömür, nebit gazyp almak bilen meºgullanýarlar.
Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar
Sago  palmasy,  mango,  kelem  daragty,  kazuar  towugy,  kiwi,
maoriler.
Barlag  üçin  soraglar
1. Okeaniýada nähili ösümlikler duºýar?
2. Okeaniýada nähili haýwanlar ýaºaýar?
3. Täze Zelandiýanyò düýpli ilaty kimler?
Amaly ýumuºlar
1. Okeaniýa mahsus bolan ösümlikleriò atlaryny depderiòize ýazyò.
2. Okeaniýa mahsus bolan haýwanat dünýäsini depderiòize ýazyò.
ANTARKTIDA
36- §.  Geografik  ýerleºiºi,  öwreniliº
taryhy, geologik gurluºy, gazylyp
alynýan peýdaly zatlary. Relýefi
Esasy aýratynlyklary. Hemiºelik buz bilen örtülen ýeke-täk ma-
terik, iò sowuk, ortaça beýikligi boýunça iò beýik (2 040 m), Günorta
polýusda Günüò çykyºy we batyºy bir ýylda diòe bir gezek bolýar,
6 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

82
Ýer ýüzündäki iò güýçli ºemal ºu ýerde bolýar, süýji suw gory bo-
ýunça (80 %) ýeke-täk materik, ösümlik we haýwanat dünýäsine iò
garyp,  buzsuz ýerleriò oýuklygy boýunça birinji orunda (–2 555 m),
ýeke-täk  iri  ýarymadasy  bar,  Ýer  ýüzüniò  „sowuklyk  polýusy“
(„Wostok“ stansiýasy, –89,2 °C) we „magnit polýusy“ ºu ýerde, hiç
bir ýurda degiºli bolmadyk we parahatçylyk hem-de ylmy maksatlar-
da peýdalanylýan ýeke-täk materik.
Geografik  ýerleºiºi.  Antarktida  grekçe  „anti“ — gapma-garºy,
ters,  „arktika“ — demirgazyk,  ýagny  Arktikanyò  ters  tarapy  diýen
manyny aòladýar. Antarktika — günorta sowuk ülke, onuò meýdany
52,5  mln  km
2
.  Antarktida — bitewi  buzly  materik  bolup,  meýdany
14 mln km
2
. Antarktida Günorta polýar çäkde, baºga materiklerden
gaty uzakda ýerleºýän ýeke-täk materik. Materige utgaºýan 12 sany
çetki deòizleri bar.
Antarktidany 1820-nji ýylyò 16-njy ýanwar güni rus deòizçileri
F. Bellinsgauzen we M. Lazarewler açdylar. Norwegiýaly R. Amun-
dsen 1911-nji ýylyò 14-nji dekabrynda birinji bolup, ondan bir aý soò
iòlis  R. Skott  ikinji  bolup  polýusa  bardy.  Häzir  Günorta  polýusda
Amundsen–Skott ady bilen ylmy stansiýa (ABª) iºläp dur.
Antarktidany giò gerimde kämil öwrenmek Halkara geofizik ýyl
maksatnamasynyò girizmegi (1957 — 1958) bilen baºlandy. 1959-njy
ýylda 11 sany ýurduò arasynda „Antarktida barada ºertnama“ kabul
edildi. Oòa görä, materikden diòe ylmy we turistik maksatlarda peý-
dalanmaga ylalaºyldy. ªol bir wagtda 16 ýurduò alymlary materigiò
tebigatyny öwrenýärler.
Geologik  gurluºy.  Antarktida  gadymky  Pangeýa,  soòluk  bilen
Gondwana  iri  materiklerinden  bölünip  çykyp,  özbaºdak  materige
öwrülipdir. Alp dag gatlaklanmasyndan ýokary galan Transantarktida
dag ulgamy Antarktidany iki bölege bölüp durýar.
Antarktidanyò gadymky geologik taryhynda yssy, aram klimatlar
we gür daragtlar ösen döwürler bolupdyr (meselem, daºkömür döw-
ründe). Buz örtmesi 360 mln ýyl öò baºlanypdyr. Häzirki buzluklar
20 mln ýyl mundan ozal emele gelipdir.
Gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Materigiò jümmüºinde gara

83
we reòkli metallar magdanlary (mis, gurºun), daºkömür, almaz, uran
we  baºga  gazylyp  alynýan  baýlyklar  tapylypdyr.  Nebit,  gaz,  grafit,
slýuda we dag hrustaly ýaly peýdaly zatlaryò bardygyny delillendirýän
alamatlar anyklanypdyr.
Relýefi. Materik ortaça beýikligi boýunça iò beýik hasaplanýar.
Buz örtüginiò ortaça galyòlygy 2 000 m töwereginde. Buzuò iò galyò
ýeri 4 500 m-e ýetýär. Ýöne buzasty relýefiniò 70 %-i diýen ýaly de-
òiz derejesinden pesde ýerleºýär. Berd düzlügindäki Bentli çöketliginiò
buzsuz absolýut çuòlugy — 2 555 m, buzasty relýefiniò ortaça beýik-
ligi bolsa 110 m. Bu babatda, Antarktida iò pes materik hasaplanýar.
Materigiò iò beýik bölegi Elsuert dagyndaky Wadam (5 140 m) mas-
siwidir (15- nji surat).
15- nji surat.  Antarktidanyò  fiziki  kartasy.

84
Günorta  Amerikadaky  And  daglarynyò  gönüden-göni  dowamy
hökmünde Transantarktida zynjyr ulgamly daglary materigi ikä bölüp
durýar.  Materikde  üç  sany  hereketdäki  wulkan  bar.  ªolardan  iò
beýigi — Erebus wulkany (3 794 m). Daglaryò buzlardan çykyp duran
depelerine ylymda nunutaklar diýip atlandyrýarlar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Antarktika, nunutaklar, Erebus wulkany, Bentli çöketligi, ylmy stan-
siýalar, R. Amundsen, R. Skott.
Barlag  üçin  soraglar
1. Antarktidanyò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat?
2. Barlagçylaryò we polýarçylaryò açyºlaryny aýdyp beriò.
3. Materigiò relýefi hakynda nämeleri bilýärsiòiz?
Amaly ýumuºlar
1.  Antarktidanyò relýefini sudury karta geçiriò, ylmy stansiýalaryò
atlaryny ýazyò.
2. Relýefe  degiºli  aýratyn  düºünjeleri  we  adalgalary  häsiýetlen-
diriò.
37- §. Klimaty we tebigy toplumlary
Klimaty. Materigiò geografik ýerleºiºi we buz-gar bilen örtülen-
ligi özboluºly klimat aýratynlyklaryny getirip çykarypdyr. Materigiò
içersinde sowuk we gurak antarktida howa massalary (antisiklon)
ºekillenýär. Netijede ýokary howa basyºynyò täsirinde demirgazyk
ýöneliºindäki güýçli ýeller okean tarapa öwüsýär. „Ýeller akymy“
adyny  alan  beýle  ýeller  600 — 800  km  giòliikdäki  çäkde  öwüsýär,
tizligi bolsa bir sekuntda 30 — 35 m, käte 90 m-e çenli ýetýär. Garly
tupanlary tiz-tiz gaýtalanyp durýar. Käbir ýerlerde bir ýylda 340 gün
tupanly bolýandygy anyklandy.

85
Gyº aýlarynda (aprel-sentýabr) howanyò ortaça temperaturasy –
60 °C, köplen砖70 — 80 °C-dan pes bolýar. Russiýanyò „Wostok“
ylmy  stansiýasynda  howanyò  temperaturasy  –89,2 °C-a  peselenligi
anyklandy.  ªonuò  üçin  bu  ýere  planetamyzyò  „sowuklyk  polýusy“
diýip at berlipdir.
Tomus aýlarynda (oktýabr-mart) buz-gar gün energiýasynyò 80 %-
den köprägini serpikdirýär. Materigiò içersinde howanyò temperatu-
rasy  –36 °C-dan  ýokary  galmaýar.  Ýöne  kenarýakalarynda  tempe-
ratura 0 °C töwereginde bolýar. Köp aýsbergler bölünip çykýar.
Materigiò merkezinde ygalyò mukdary 30 — 50 mm, kenara tarap
barha artýar (600 — 700 mm).
Antarktidanyò çägini iki klimat guºaklygyna bölmek mümkin: an-
tarktika we subantarktika. Materikde süýji suwlaryò 80 % gory buz
halynda toplanandyr.
Organiki dünýäsi. Materigiò buz-garlar bilen örtülen içki bölekle-
rinde organizmler ýok diýen ýaly. Ýöne materige utgaºýan okeanyò
suwlarynda haýwanat dünýäsi baºga ýerlerine garanda köp. Bu kenar
zolagynda plankton we krilleri (maýda balyk) iýýän gök kitler, týulen-
ler,  deòiz  barsy,  günorta  deòiz  piºigi,  deòiz  ýolbarsy  we  ençeme
pingwinler ýaºaýar (16-njy surat). Bu ýerde pingwinleriò 17 görnüºi
ýaýrapdyr.  Aýratynam,  gözel  imperator  (boýy  1  m  töwereginde,
agyrlygy 50 kg çenli) we kiçiräk adeli pingwinleri köp. Pingwinler
16- njy surat. Antarktidanyò haýwanlary.
Pingwin
Deòiz barsy
Deòiz piºigi
Deòiz ýolbarsy

86
suwda  gowy  ýüzýärler,  balyklar,  mollýuskalar  we  leòòeçler  bilen
iýmitlenýär.
Antarktidanyò kenarynda öldürilen iò uly gök kitiò uzynlygy 33 m,
agyrlygy 160 t, sap ýagy 20 t töwereginde bolupdyr. 1967-nji ýyldan
baºlap, gök kitleri tutmak gadagan edildi.
 Antarktidada örän uly süýji suw gory toplanan. Ondan bölünip
çykan aýsbergleri tirkege alyp äkidip, gurakçyl ülkeleri suw bilen
üpjün etmek göz öòünde tutulýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Antarktika howa massalary, „ýeller akymy“, „sowuklyk polýusy“,
pingwin gök kit.
Barlag  üçin  soraglar
1. Antarktidada tomus we gyº aýlarynda nähili özgeriºler bolýar?
2. Näme üçin „Wostok“ stansiýasyna „sowuklyk polýusy“ diýýärler?
3. Antarktidada pingwinleriò haýsy görnüºleri köp duºýar?
Amaly ýumuºlar
1. Depderiòize esasy klimat elementlerini ýazyò we öwreniò.
2. Atlasdaky Antarktidanyò klimat kartasyny sudury karta geçiriò.
GÜNORTA AMERIKA
38- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº
taryhy, geologik gurluºy, gazylyp
alynýan peýdaly zatlary. Relýefi
Esasy aýratynlyklary. Dünýädäki iò uzyn we bol suwly derýasy,
iò beýik we iò giò ºaglawugy, iò uly ýylany, iò kiçi „adam iýýän“
balygy, iò uzyn dagy, iò uly derýa basseýni, iò beýikde ýerleºýän süýji
suwly uly köli, iò beýik hereketdäki wulkany, iò gür Amazoniýa to-
kaýlary — „planetamyzyò öýkeni“ bar. Iò çygly materik.

87
Geografik ýerleºiºi. Günorta Amerika doly Günbatar ýarymºarda
ýerleºýär.  Onuò  demirgazyk  böleginden  ekwator  kesip  geçýär.
Demirgazykdan günorta 7 000 km, günbatardan gündo-gara 5 000 km
uzap  gidýär.  Ol  Amerika  kontinentiniò  bir  bölegi.  Demirgazyk  we
Günorta Amerika materikleriniò araçägi ºertli ýagdaýda Panama ka-
naly arkaly geçirilýär. Materigi günbatarda Ýuwaº, gündogarda Atlantik
okeanyò suwlary ýuwup durýar.
Öwreniliº  taryhy.  Amerikanyò  açylyºy  hakynda  anyk  maglu-
matlar ýok. H. Kolumba çenli, ýagny XV asyrdan öò Amerika hy-
taýlylar,  ýaponlar,  finikiýalylar,  araplar,  iòlisler,  skandinawiýalylar,
okeaniýalylaryò barandygy hakynda deliller tapylýar. Watandaºymyz
Abu Reýhan Biruny özüniò „Hindistan“ atly eserinde Amerika gury
ýeriniò bardygyny H. Kolumbyò açyºyndan 450 ýyl öò aýdypdyr.
H. Kolumb „Ýer ºar ºeklinde“ diýen taglyma esaslanyp, Hindis-
tana günbatardan ýakyn deòiz ýoly bilen barmak üçin sapara çykýar.
Ol  1492-nji  ýylyò  12-nji  oktýabr  güni  San-Salwador  (ispança  ha-
lasgär) adasyna gelýär. Bu sene Amerikanyò açyº edilen güni hök-
münde  geografiýanyò  taryhyna  girizilen.  Beýik  geografik  açyºlar
döwrüni  baºlap  beren  H. Kolumb  özüniò  dört  gezek  Amerika  eden
saparlary çagynda-da özi baran ýerlerini Hindistan diýip oýlapdyr.
Amerigo  Wespuççi  (asly  italiýaly,  Ispaniýanyò  deòiz  flotunda
gulluk eden) 1499 — 1504-nji ýyllardaky Günorta Amerika guran iki
syýahaty döwründe birinji bolup bu ýerleriò Hindistan däl, eýsem uly
gury ýeriò Täze Dünýädigini aýdyp, onuò tebigatyny ussatlyk bilen
häsiýetlendiripdir. 1507-nji ýyldan baºlap Täze Dünýä Amerika diýip
at berildi.
Günorta Amerikany ylmy taýdan öwrenmekde nemes syýahatçysy
A. Gumboldt we fransuz botanigi E. Bonplanyò hyzmatlary uly boldy.
Materigiò tebigaty we ilaty baradaky gyzykly maglumatlary rus alym-
laryndan  G. I. Langsdorf,  N. G. Rubsow,  A. I. Woýeýkow,  N. I. Wa-
wilowlar toplapdyrlar.
Geologik gurluºy. Gadymda Günorta Amerika iri Gondwana gu-
ry ýeriniò düzüminde bolupdyr. Soòky geologik döwürlerde özbaºdak
materige öwrülipdir.

88
Tektonik hereketleriò täsirinde Günorta Amerika platformasynyò
çöken ýerlerinde oýuklar (Amazonka, Orinoko, La-Plata) we ýokary
galan  böleklerinde  ýasy  daglar  (Gwiana,  Braziliýa)  döräpdir.  Ýasy
daglarda  lawa — wulkan  çökündileri  köp  duºýar.  Alp  dag  gatlak-
lanmasynda ýaº And dag geriºleri ºekillenipdir. Bu ýerlerde hereket-
däki wulkanlar, güýçli ýer titremeleri bolup durýar. ªu aýratynlygyna
görä kenar zolagy Ýuwaº okeanyò „ýalynly halkasyna“ girizilipdir.
Gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Materikde magdanly we mag-
dan  däl  gazylyp  alynýan  baýlyklar  köp  ýaýran.  And  daglarynyò
magmatik  we  metamorfik  jynslarynda  mis,  galaýy,  gurºun,  altyn,
kümüº, platina, magdan däl känlerden kükürt, bor, ýod, tebigy selitra
bar. Braziliýa ýasy daglaryndaky bazaltly we metamorfik jynslarda
demir,  almaz,  uran,  marganes,  nikel,  kobalt,  wolfram  gorlary  köp
(goºmaçadaky 25- nji surata garaò).
Çökündi  dag  jynslary  toplanan  oýuklarda  nebit,  tebigy  gaz,
daºkömür känleri bar.
Relýefi. Günorta Amerikanyò çägi relýef gurluºyna görä iki bö-
lege  bölünýär.  Birinjisi  dagly  günbatar.  Bu  meridianal  diýen  ýaly
ýöneliºdäki iò uzyn (9 000 km) And dag ulgamydyr. And daglary köp
böleginde  dag  ulgamlaryny,  merkezi  böleginde  daglyk  we  ýasy
daglyklary (3 500 — 4 500 m) emele getirýär. Bu ýerde dünýädäki iò
beýik  hereketdäki  wulkan — Lýulýaýlýako  (6 723  m),  materigiò  iò
beýik nokady Akonkagua (6 960 m) we baºgalar bar. Dünýädäki iò
beýik  dag  köllerinden  biri  (Titikaka,  3 810  m)  hem  ºu  ýerde  ýer-
leºýär.  Materigiò  ikinji  gündogar  bölegi  uly  meýdanlary  eýeleýän
düzlük  we  ýasy  daglyklardan  ybarat.  Dünýädäki  iò  iri  Amazonka,
ondan  kiçiräk  La-Plata  we  Orinoko  peslikleri,  olaryò  arasyndaky
Braziliýa we Gwiana ýasy daglyklar ºu çäkde ýerleºýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
And, platforma, „ýalynly halka“, Lýulýaýlýako, Akonkagua, Biruny,
H. Kolumb, A. Wespuççi, A. Gumboldt, N. I. Wawilow.

89
Barlag  üçin  soraglar
1. Günorta Amerikanyò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat?
2. Gazylyp alynýan nähili peýdaly zatlaryny bilýärsiòiz?
3. Günorta Amerikanyò relýef gurluºyny häsiýetlendiriò.
Amaly sapaklar
1. Materigiò esasy aýratynlyklaryny depderiòize ýazyò.
2. Materigiò relýefini we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryny sudury
karta geçiriò.
39- §. Klimaty we içerki suwlary
Klimaty. Günorta Amerikanyò klimatynyò emele gelmeginde Gün
radiasiýasy, Ýeriò relýefi, howa massalary, okean akymlary möhüm
rol oýnaýar.
Materik  alty  sany  klimat  guºaklygynda  ýerleºýär.  Olar  demir-
gazykdan  günorta  aºakdaky  tertipde  çalyºýarlar:  subekwatorial  (2
sany), ekwatorial, tropiki, subtropiki we aram. Daglarynda beýiklik
klimat guºaklyklary bar.
Ekwatorial klimat guºaklygy Afrikadaky ýaly örän çygly. Ygalyò
mukdary 3 500 mm-den köp. Ýylyò dowamynda howanyò tempera-
turasy 24 — 25 °C töwereginde. Subekwatorial klimat guºaklygynda
iki  pasyl  anyk  ýüze  çykýar.  Tomsuna  ygal  köp  ýagýar  (1 000 —
2 000  mm),  ortaça  aýlyk  temperatura  +25 °C-dan  geçýär.  Gyºda
birnäçe aýlap ýagyn ýagmaýar. Bu pasylda howanyò temperaturasy
+20 °C töwereginde bolýar.
Tropiki guºaklygyò gündogar bölekleri passat ýelleriniò täsirinde
bolýar. ªonuò üçin Braziliýa ýasy daglarynyò gündogar böleklerine
1 500 — 2 000 mm töwereginde ygal ýagýar. Bu ýerlerde ýylyò esasy
böleginde  howa  çygly  we  yssy  bolýar.  Ýanwaryò  ortaça  tempera-
turasy +25 °C, iýulda bolsa +17 °C +19 °C ýetýär. Ýöne günbatara

90
tarap  gitdigiçe  howadaky  çyglylyk  barha  kemelip,  And  daglaryna
ýakyn ýerlere 250 — 500 mm ygal düºýär.
Tropiki  guºaklygyò  Ýuwaº  okeanyò  kenarlaryna  Peru  sowuk
akymy  ygal  getirmeýär  we  ýagyn  ýagmaýar  diýen  ýaly.  Netijede,
gyraw Afrikadaky Namib çöli ýaly Atakama çölüniò çyglylygynyò
ýeke-täk çeºmesi hasaplanýar.
Subtropiki klimat guºaklygy materigiò 30 ° we 40 ° Go.g. araly-
gyndaky  çäkleri  eýeleýär.  Guºaklygyò  gündogarynda  ýagynlar  köp
(1 000 — 2 000  mm),  ýanwarda  howanyò  temperaturasy  +25 °C,
iýulda +10 °C +15 °C töwereginde bolýar.
Aram klimat guºaklygy materigiò günorta bölegini eýeleýär. Ýuwaº
okeanyò  kenarynda  ýylyò  dowamynda  köp  ygal  ýagýar  (2 000 —
3 000  mm),  gyº  ýumºak,  tomsuna  salkyn  bolýar.  Guºaklygyò  gün-
dogarynda  aram-kontinental  klimat  dörän  bolup,  ygal  300 — 400
mm, gyºy sowuk, garly.
And daglarynda beýiklik klimat guºaklyklary döräpdir.
Içerki suwlary. Günorta Amerika iò bol suwly materik. Onuò iò
uly we iò bol suwly Amazonka derýasy 500-den gowrak goºandyna
eýe. Soòky ýyllarda onuò uzynlygy Ukaýali goandy bilen bilelikde
6 992 km-digi aýdylýar. Onuò orta akymyndaky giòligi 5 km, aºaky
akymynda  80  km,  guýulýan  ýerinde  320  km-e  ýetýär.  Amazonka
derýa suwunyò „ ters akyº“ hadysasy 1 400 km ýokary akyma çenli
bolýar. Muòa okeandaky galkma hadysasy sebäpçidir. Parana derýasy
bol suwlulygy we uzynlygy taýdan materikde ikinji orunda durýar. Bu
derýada  dünýädäki  iò  giò  (giòligi  2 700  m,  beýikligi  2  m)  Iguasu
ºaglawugy  emele  gelipdir.  Orinoko  derýasynda  dünýädäki  iò  beýik
(1 054 m) Anhel ºaglawugy emele gelipdir.
Materikde köller az. Iò uly köli — Marakaýbo materigiò demir-
gazygynda ýerleºýär. Ol laguna kölleriniò tipik wekilidir. And dag-
laryndaky  Titikaka  köli  Ýer  ºaryndaky  iò  beýikde  ýerleºýän  uly  we
süýji suwly köldür. Ol deòiz derejesinden 3 810 m beýiklikde ýerleºýär.
Günorta Amerikanyò düzlük bölekleri ýerasty suwlary, daglary we
ýasy daglyklarda bulak suwlary, gar we buzluklar köp.

91
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Howa  massalary,  ýyly  we  sowuk  okean  akymlary,  çygly  we  bol
suwly materik, gyraw, Iguasu, Anhel, Amazonka, Titikaka.
Barlag  üçin  soraglar
1.  Günorta  Amerikanyò  klimaty  nähili  faktorlaryò  täsirinde
ºekillenýär?
2. Materikde näçe we nähili klimat guºaklyklary bar?
Amaly ýumuºlar
1. Materigiò klimat kartasyny sudury karta geçiriò.
2. Materikdäki derýalary we kölleri depderiòize ýazyò.
40- §. Günorta Amerikanyò tebigy
zolaklary we beýiklik guºaklyklary
Tebigy zolaklary. Materikde giòlik we beýiklik tebigy zolaklylygy
höküm sürýär. Onuò düzlük böleginde ekwatorial, subekwatorial to-
kaýlar,  sawannalar,  sähra,  ýarym  çöl,  çöl  we  giò  ýaprakly  tokaýlar
zolaklary ºekillenen.
Ekwatorial tokaýlar zolagy. Günorta Amerikada ekwatorial tokaý-
lar zolagy ekwatoryò iki tarapynda ýerleºýär. Ekwatorial tokaýlar bu
ýerde selwa (portugalça, „tokaý“) diýilýär. Günorta Amerikada ekwa-
torial tokaýlar uly meýdany eýeleýär. Amazonka basseýnindäki tokaý-
lar eýeleýän çäklere Amazoniýa diýilýär. Diòe Braziliýa Amazoniýa-



Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2019
ma'muriyatiga murojaat qiling