A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.

bet10/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
§.
 Ýewraziýa çäginiò
tebigy geografik ülkelere
bölüniºi
Ýewraziýa materiginiò ululygy we geografik ýerleºiºi materigiò
tebigatynyò dürli-dürlüligine sebäp bolupdyr. Onuò ºeýle dürli-dürlüligi
çäk taýdan bölünmegine esas bolýar.
Tebigy-geografik raýonlaºdyryº diýende, materikleri bir-birinden
tebigy ºerti bilen tapawutlanýan belli bir böleklere bölmek prosesi dü-
ºünilýär. Ýewraziýa materiginiò tebigatyny çäk taýdan tapawutlaryna
görä  raýonlaºdyranda  hem  giòlik  zolaklylygy,  hem  beýiklik  gu-
ºaklyklara bölüniºine we uzaklyk boýunça täsir edýän faktorlara üns
berilýär.
Ýewraziýa  materiginde  bir-birinden  çäk  taýdan  tapawutlanýan
ençeme  uly  we  kiçi  ülkeler  bölünen.  Ýewraziýa  çägi  Demirgazyk
Ýewropa,  Orta  Ýewropa,  Günorta  Ýewropa,  Gündogar  Ýewropa,
Günbatar Sibir, Gündogar Sibir, Uzak Gündogar, Günorta-Günbatar
Aziýa, Alynky Aziýa, Orta Aziýa, Merkezi Aziýa, Gündogar Aziýa,
Günorta Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa 14 sany uly tebigy geografik
ülkelere bölünen (23-nji surat).
Özbegistan  ýerleºen  Orta  Aziýa  ülkesi  özüniò  gaýtalanmaz  te-
bigaty  bilen  aýratyn  tapawutlanýar.  Orta  Aziýa  tebigatyny  her  ta-
raplaýyn  öwrenen  rus  alymy  W. I. Muºketow  „Türküstan“  atly  ki-
tabynda bu ülkäni „Ýewraziýa materiginiò içindäki özboluºly seýrek
tebigatly  gözel  materikdir“  diýip  baha  beripdir.  Orta  Aziýanyò  we
Özbegistanyò tebigaty hakynda 7-nji synpda bilim alarsyòyz.

137
23-nji 
surat. 
Ýewraziýanyò 
tebigy 
geografik 
ülkeleri.
I.
Demirgazyk 
Ýewropa
II.
Orta 
Ýewropa
III.
Günorta 
Ýewropa
IV
.
Gündogar 
Ýewropa
V.
Günbatar 
Sibir
VI.
Gündogar 
Sibir
VII.
Uzak 
Dündogar
VIII.
Günorta-günbatar 
Aziýa
IX.
Alynky 
Aziýa
X
.
Orta 
Aziýa
XI.
Merkezi 
Aziýa
XII.
Gündogar 
Aziýa
XIII.
Günorta 
 Aziýa
XIV
.
Günorta-gündogar 
Aziýa

138
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Uly  tebigy geografik  ülkeler,  kiçi  ülkeler,  tebigy-geografik
raýonlaºdyryº, Ýewropa ülkeleri, Aziýa ülkeleri.
Barlag  üçin  soraglar
1. Tebigy geografik raýonlaºdyryº diýende nämäni düºünýärsiòiz?
2. Ýewraziýa nähili tebigy-geografik ülkelere bölünýär?
Amaly ýumuºlar
1. Tebigy geografik ülkeleri depderiòize ýazyò we kartadan tapyò.
2. Ýewraziýanyò tebigy geografik ülkelerini iki list kagyza çyzyò.
61- §. Orta Ýewropa
Ýewraziýa materigi taryhy-geologik ösüºi we tebigatynyò dürli-
dürlüligine görä iki — Ýewropa we Aziýa kontinentlerine bölünen.
Ýewropa kontinentiniò tebigatyny öwrenen barlagçylar hem ony köp
kiçi tebigy georgafik ülkelere bölüpdirler.
Orta  Ýewropa  kiçi  ülkesiniò  düzümindäki  tebigy  geografik  ob-
lastlardan biri Alp-Karpat daglarydyr.
Alp-Karpat daglary. Geografik ýerleºiºi. Alp-Karpat daglary ki-
çi ülkesi Ýewropadaky belent, uzyn we uly daglardan hasaplanýar.
Bu ülke Günbatar Ýewropanyò merkezi böleginde ýerleºýär. Alp dag
gatlaklanmasynda  emele  gelen  iò  ýaº  daglardan  hasaplanýar.  Öz
gezeginde,  bu  kiçi  ülke  tebigatynyò  özboluºly  aýratynlyklary  bilen
tapawutlanýan özbaºdak Alp we Karpat daglaryna bölünýär.
Alp  daglary  ýaý  ºeklinde  günbatardan  gündogara  1 200  km-e
uzap gidýär. Alp daglarynyò iò belent ýeri onuò günbatar böleginde
ýerleºen b亠granly Monblan depesidir (4 807 m).

139
Alp daglarynyò klimaty aram bolup, gyºy ýumºak, tomsy salkyn.
Ýylyna  2 000 — 3 000  mm  töwereginde  ygal  düºýär.  Dagyò  depe-
lerinde  hemiºelik  garlar  we  buzluklar  emele  gelipdir.  Buzluklaryò
meýdany  4 140  kw  km  bolup,  uzynlygy  15 — 27  km  çenli  uzap
gidýär. Bu buzluklardan Reýn, Rona, Adije, Drawa derýalary suw-
lulanýar.
Alp  daglarynyò  demirgazyk  eteklerinde  we  ýasy  daglyklarynda
podzol topraklar döräpdir. Dag eòòitleri buk we dub tokaýlary bilen
örtülen. Bu tokaýlaryò aºagynda goòur topraklar duºýar.
Karpat daglary Orta Ýewropanyò gündogar böleginde ýerleºen,
ýaýºekilli dag ulgamyndan ybarat bolup, tebigy aýratynlyklaryna görä
üç bölege — Günbatar Karpat, Gündogar Karpat we Günorta Karpat
daglaryna bölünýär. Karpat daglarynyò uzynlygy 1500 km, ortaça be-
ýikligi 800 — 1 200 m, iò belent ýeri Belent Tatra dagyndaky Gerla-
howski-ªtit depesidir (2 655 m).
Karpat daglary täze dag gatlaklanyºlarynyò, wulkanlaryò täsirinde
emele gelipdir. Onda gazylyp alynýan peýdaly zatlardan nebit, gaz,
kömür,  demir  we  marganes  magdanlary,  reòkli  we  seýrek  metallar,
kaliý hem-de nahar duzlary bar.
Klimaty Alp daglarynyò klimatyna garanda birneme kontinental.
Ýanwaryò  ortaça  temperaturasy  –3°,  –5 °C.  Dag  eteklerinde  tomus
yssy,  ortaça  temperatura  +17°,  +20 °C-a  deò.  Beýige  göterildigiò
saýyn  temperatura  peselýär.  Ýyllyk  ygal  800 — 1 000  mm,  dagyò
depelerinde 1 200 — 2 000 mm.
Karpat  daglary  derýalara  baý.  Demirgazyga  akýan  Oder,  Wisla
derýalary hem Karpatdan baºlanýar.
Karpatyò  iò  uly  tebigy  baýlygy  dag  tokaýlarydyr.  Oòa  tokaýly
Karpat diýilmegi-de ýöne ýerden däldir. Dag eòòitlerinde giò ýaprakly
tokaýlar  (buk,  dub,  kerkaw,  gara  sosna)  ýaýran.  Iò  belent  ýerleri
hem dag tokaýlary bilen örtülen. Olara planinalar (ýaýlalar) diýilýär.
Pesliklerde käte-käte puºta diýilýän sähralar saklanyp galypdyr.
Karpat daglarynda, esasan, goòur aýy, doòuz, gum piºigi, belka,
samyr ýaly haýwan görnüºleri köp duºýar.

140
Adalgalar,  daýanç  düºünjeler  we  atlar
Orta Ýewropa, Alp-Karpat daglary, tokaýly Karpat, planinalar, puºta,
Reýn, Dunaý, Tisa.
Barlag  üçin  soraglar
1. Alp daglarynyò tebigaty nähili faktorlaryò täsirinde döräpdir?
2. Tokaýly Karpat, planina, puºta nähili manylary aòladýar?
Amaly ýumuºlar
1. Orta Ýewropa ülkesini sudury karta geçiriò.
2.  Alp  we  Karpat  daglaryna  deòeºdirme  häsiýetnama  beriò  we
depderiòize ýazyò.
62- §. Gündogar Ýewropa
Geografik ýerleºiºi.  Gündogar Ýewropa düzlügi Ýewraziýada iò
uly tebigy geografik ülkelerden biri bolup, onuò meýdany 4 mln. kw.
km-e  deò.  Bu  düzlük  Ýewropanyò  gündogar  böleginde  ýerleºýär.
Gündogar Ýewropa düzlügi dürli giòliklerde ýerleºen bolup, demir-
gazykda  tebigy  toplumlar  tundradan  baºlanyp,  günorta-gündogarda
aram guºaklygyò çöl tebigatyna çenli dowam edýär.
Tebigy ºerti. Gündogar Ýewropa düzlük ülkesi geologik taýdan
Ýer  gabygynyò  iò  gadymky,  beýlekilere  garanda  durnukly  bolan
Gündogar Ýewropa platformasynda emele gelen. Platformanyò üstki
bölegi häzirki döwür deòiz we kontinental çökündileri bilen örtülen.
Gündogar Ýewropa düzlügi dürli-dürli baýlyklara eýe. Kriwoý-Rog-
daky  demir  käni,  Kursk  magnit  anomaliýasy,  Peçora  we  Donesk
basseýnlerindäki  daºkömür  känleri,  Wolga-Ural  raýony  we  Peçora
basseýnlerindäki nebit känleri, Baltikboýundaky ýanyjy slanes känleri

141
muòa mysaldyr. Bu ülkede beýiklikler, krýaž, düzlük we peslikler giò
ýaýran
.
Gündogar Ýewropa klimatynyò ºekillenmeginde Atlantik okeandan
öwüsýän  ýyly  we  çygly  howa  massalary  hem-de  Arktika  sowuk
howa  massalarynyò  täsiri  güýçli.  Demirgazykdan  günorta  we  gün-
batardan  gündogara gitdigiçe klimatyò kontinentallygy barha artýar.
Düzlügiò    günbatarynda  gyº  ýumºak  (–6°,  –8 °C),  gündogarynda
sowuk  (–10°,  –20 °C).  Tomus  aýlary  köp  ýerlerde  salkyn  (+18°,
+22 °C). Ülkäniò  günorta-gündogar böleginde dowamly jöwzaly yssy
(+25°, +29 °C) bolýar. Ygalyò ýyllyk mukdary günbatardan gündogar
tarapa barha (800 — 600 mm) kemelýär. Iò kem ýagynlar (200 mm)
Kaspiboýy pesliginde bolupdyr. Gündogar Ýewropa düzlügi derýalara
örän  baý.  Düzlügiò  demirgazyga  garap  akýan  derýalary  Peçora,
Mezin, Demirgazyk Dwina bol suwly derýalar hasaplanýar. Günorta
garap akýan iò uly derýalar Wolga, Dnepr we Ural derýalarydyr.
Gündogar Ýewropa düzlüginde köller köp, aýratynam, ular düz-
lügiò demirgazyk-günbatarynda giò ýaýran. Munuò sebäbi Ýer üstü-
niò gurluºynyò we klimat ºertiniò amatlylygydyr.
Gündogar  Ýewropa  düzlüginde  günorta  tarap  aºakdaky  tebigy
zolaklar gezekleºip gelýär: tundra, tokaý-tundra, taýga, garyºyk tokaý-
lar, giò ýaprakly tokaýlar, tokaý-sähra, sähra, ýarymçöl we çöller
.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Gündogar  Ýewropa,  Waldaý,  Wolga,  Kursk  magnit  anomaliýasy
(KMA)
.
Barlag  üçin  soraglar
1. Ilkedäki tebigy zolaklar hakynda nämeleri bilýärsiòiz?
2. Gündogar Ýewropa düzlüginde nähili derýalar bar?
Amaly ýumuºlar
1. Ýewropa ülkelerini sudury karta geçiriò.
2. Bu ilkedäki tebigy zolaklary häsiýetlendirip beriò.

142
63- §.
 Günbatar we Gündogar Sibir
Günbatar  Sibir.  Günbatar  Sibire  ºu  atdaky  peslik  we  Kara
deòzindäki birnäçe kiçiräk adalar girýär. Ol demirgazykdan günorta
2 500 km-e, günbatardan gündogara 1 900 km-e uzap gidýär.
Günbatar  Sibiriò  ýeri  paleozoý  erasynda  emele  gelen  plitadan
ybarat. Onuò üsti mezozoý we kaýnozoý eralarynyò dürlüçe galyò-
lykdaky gatlaklanmalar bilen örtülen. Paleozoý döwri gatlaklanmalary
Günbatar Sibir pesliginiò çetki böleklerinde aýdyò görünýär. Nebit we
kömür çägiò esasy gazylyp alynýan peýdaly zatlaryny düzýär.
Günbatar Sibir çägi günortadan demirgazyga tarap sähelçe ýapgyt.
Günbatar Sibir çäginde uzyn, süýri depeler köp. Umuman, ülke çäginiò
hakyky beýikligi 300 m dan geçmeýär.
Günbatar Sibir çäginde gyºda arktika, ýazda bolsa aram guºaklygyò
howa  massalary  agdyklyk  edýär.  ªu  sebäpden  ortaça  ýyllyk  howa
temperaturasy gyºda –25 –30 °C, ýazda +22 °C bolýar. Ygalyò ortaça
ýyllyk mukdary 480 — 550 mm-e ýetýär.
Ob,  Irtyº,  Taz  we  Pur  ýaly  derýalar  Günbatar  Sibiriò  iò  iri
derýalarydyr. Umuman, çäkdäki ähli diýen ýaly derýalar Demirgazyk
Buzly okeanynyò basseýnine girýär.
Günbatar Sibiriò demirgazygynda tundra-gleýli, podzol we batga
topraklar, günorta böleginde bolsa hasyldar gara topraklar ýaýran.
Peslik çäginde pes boýly gaýyò, polýar tallary, kedr, pihta, tilagaç,
käkilik oty ýaly ösümlikler ösýär. Haýwanlardan ak aýy, ak käkilik,
demirgazyk  suguny,  lemming,  polýar  tilkisi,  rosomaha  ýalylar
ýaºaýar.
Gündogar Sibir. Ol Sibiriò merkezi bölegini eýeläp, günbatarda
Günbatar Sibir pesliginden gündogarda Kolyma derýasynyò jülgesine
çenli dowam edýär.

143
Gündogar Sibiriò merkezi bölegini eýeleýän gaty we berk Sibir
platformasy  arheý  erasynda  emele  gelen.  Onuò  günbatar  bölegi
paleozoý, gündogar bölegi bolsa mezozoý eralarynda ýokary galypdyr.
Ülkäniò  relýefi,  esasan,  ýasy  daglyklardan  ybarat.  Gündogar
Sibiriò merkezi böleginde Orta Sibir ýasy daglary ýerleºýär. Onuò üsti
deòiz derejesinden ortaça 400 — 600 m beýik. Putorana daglarynda
beýiklik 1 701 m-e ýetýär.
  Gündogar  Sibir  üç  sany — arktika,  subarktika  we  aram  klimat
guºaklyklarynda  ýerleºýär.  Ülkäniò  klimatynyò  Günbatar  Sibir
klimatyndan tapawutly tarapy onuò ýiti kontinentallygydyr. Bu ýerde
ýyllyk  howa  temperaturasy  tapawudy  örän  uly  (gyºda  –20 –40 °C,
ýazda  +16 +18 °C).  Oýmýakonda  gyºda  temperatura  –71 °C  ga,
ýazda bolsa +36 °C-a ýetýändigi anyklanan.
Gündogar  Sibir  derýalara  baý.  Ýewraziýanyò  iri  derýalaryndan
Ýeniseý,  Lena,  Aldan,  Kolyma,  Taýmyr,  Hatanga,  Wilýuý,  Anabar
ºolara degiºlidir..
Ülkäniò  çäginde  arktika  sähralary,  tundra  we  tokaý-tundra
zolaklarynyò landºaftlary emele gelen. Esasy topraklary tundra-gleýli
we torfly gleýli, batga we podzol topraklardyr. Ülkäniò demirgazyk
böleginde köp ýyllyk buzluk ýerler uly meýdany eýeleýär.
Gündogar Sibirde ösümliklerden moh we liºaýnikler, ak we gara
garagaç, tilagagaç, Sibir ýeli, kedr, zirk ýalylar ösýär. Haýwanlardan
ak  aýy,  polýar  tilkisi,  möjek,  tokaý  samyry,  ak  käkilik,  demirgazyk
itsyçany, alaka we baºgalar ýaºaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Kara, Ob, Günbatar Sibir, Gündogar Sibir, tundra-gleýli topraklar,
buzluk ýerler, Sibir ýeli.
Barlag  üçin  soraglar
1. Günbatar Sibirde nähili howa massalary agdyklyk edýär?
2. Gündogar Sibir nähili klimat guºaklyklarynda ýerleºen?
3. Köp ýyllyk buzluk ýerler ülkäniò haýsy böleginde duºýar?

144
Amaly ýumuºlar
1. Ýer  gabygynyò  gurluºy  kartasyndan  peýdalanyp,  Günbatar  we
Gündogar Sibiriò geologik gurluºyny deòeºdiriò.
2. Dersligiò tekstinden we tematik kartalardan peýdalanyp, Günba-
tar we Gündogar Sibiriò tebigatyny deòeºdiriò.
64- §.  Merkezi  Aziýa
Geografik ýerleºiºi. Merkezi Aziýa tebigy geografik ülkesi Aziýa-
nyò Merkezi bölegini eýeleýär. Bu ülkede Hytaý we Mongoliýa çä-
gindäki daglar we çöller ýerleºýär.
Ülkäniò merkezi we günorta böleginden Ýer gabygynyò iºjeò Alp-
Gimalaý seýsmik guºaklygy geçýär. Ülkede garry, ýöne ýaºaran dag-
lar bilen birlikde iò ýaº daglar hem bar.
Relýefi. Merkezi Aziýa ülkesiniò relýefinde, esasan, dag, daglyk,
dag aralygyndaky oýuklar we belent düzlükler duºýar. Tibet daglygy,
Garagurum, Gündogar Týanºan ýa-da Hytaý Týanºany, Altaý (Mon-
goliýa Altaýy), Kunlun daglary, Taklamekan çöketligi, Gobi çöli ýer-
leºen belent düzlük ülke relýefiniò esasy ºekilleri hasaplanýar. Ülkäniò
iò belent ýeri (8 611 m) Garagurum ulgamyndaky Çogory depesi bol-
sa, iò pes nokady Taklamekan çölündäki Turfan çöketligi (–154 m).
Klimaty. Ülkäniò çägi aram we subtropik klimat guºaklyklarynda
ýerleºýär.  Merkezi  Aziýa  maksimumy  (gyº  aýlarynda)  we  Ýuwaº
okeandan öwüsýän howa massalarynyò ülºi uly. Ýyllyk ýagynlar Ti-
bet  daglygynyò  merkezinde,  Taklamekan  we  Gobi  çöllerinde  100
mm-den kem. Ülkäniò günorta-gündogar bölegindäki daglaryò (Tibet,
Kunlun)  gündogar  eòòidine  1 000  mm  we  ondan  köp  ygal  düºýär.
Ýanwaryò  ortaça  temperaturasy  ülkäniò  demirgazygynda  –24 °C
(iýulda  +16 °C),  merkezinde  (Taklamekan  çölünde)  –8 °C  (iýulda
+24 °C),  günortasynda  (Tibet  daglygynda)  –20 °C  (iýulda  +10 °C)
töwereginde bolýar.

145
10 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Ülkede uly derýalar ýok, emma bar kiçi derýalar Ýuwaº we Hin-
di  okeanlaryna  guýulýan  derýalaryò  ýokary  akymyndaky  ºahala-
ryndan ybarat. Suwsuz we gurap galýan ençeme kiçi derýalar (Tarim,
Züleýha  we  b.)  ýapyk  basseýnde  ýerleºýär.  Köllerinden  Lobnor
(meýdany üýtgäp durýar), Kukunur, Ubsu-nur ºor köller bolsa, Bag-
raºköl, Orin-Nur süýji suwly köllerdir.
Merkezi Aziýada aram we gurak subtropik klimat guºaklyklarynyò
tokaý-sähra (dag etekleri), ýarym çöl, çöl zolaklary emele gelipdir.
Daglaryò 6 000 m-den ýokarsy garlar we buzlar bilen örtülen
.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Ýapyk basseýn, oýuk, ýaº daglar, Turfan, Çogory, Tibet, Týanºan,
Tarim, Mongoliýa Altaýy.
Barlag  üçin  soraglar
1. Merkezi Aziýanyò relýef ºekilleri nähili?
2. Merkezi Aziýa klimatyna nähili faktorlar täsir edýär?
Amaly ýumuºlar
1. Esasy relýef ºekillerini we olaryò atlaryny depderiòize ýazyò.
2. Derslikden we tematik kartalardan peýdalanyp, Merkezi  Aziýa-
nyò tebigatyny gysgaça häsiýetlendiriò.
.
65- §.  Gündogar  Aziýa
Geografik ýerleºiºi. Gündogar Aziýa Hytaý döwletiniò gündogar
bölegini, Koreýa ýarymadasyny, Ýapon adalaryny eýeleýär. Bu ülke
demirgazykdan günorta tarap deòiz kenarlary boýunça birnäçe müò
kilometre uzap gidýär.
Tebigy ºerti.  Gündogar Aziýanyò jümmüºinde iò gadymky kristal
jynslardan dörän Hytaý-Koreýa we Günorta Hytaý platformalary ýatýar.
Platformanyò  üsti  Huanhe  we  Ýanszy  derýalary  getiren  allýuwial

146
çökündilerden  emele  gelipdir.  Bu  çäk  Beýik  Hytaý  pesligine  gabat
gelýär.
Beýik  Hytaý  pesliginiò  demirgazyk  böleginiò  klimaty  aram,
mussonly, günorta subtropik mussonly klimatdyr. Demirgazykda gyº
gurak, sowuk (– 6 °C), günortada maýyl (+3 °C) bolýar. Tomsy yssy,
deòiz  kenarlarynda  iýuluò  ortaça  temperaturasy  +26 °C.  Ygalyò
ýyllyk  mukdary  demirgazykda  500  mm,  günortada  1 000  mm.
Ygalyò 80 %-i diýen ýaly tomus aýlaryna dogry gelýär. Bu peslikden
Huanhe,  Ýanszy  we  baºga  derýalar  akyp  geçýär.  Pesliklerde  köller
we suw howdanlary hem köp. Iò uly köllerden biri Taýhu kölüdir.
Beýik Hytaý pesliginde hasyldar goòur topraklar emele gelipdir.
Az bolsa-da, mangra, sosna, dub, paporotnik, magnoliýa ösümlikleri
duºýar. Daýhanlar pesligiò demirgazygynda ýylyna iki gezek, günor-
tasynda, hatda üç gezek hasyl alynýar.
Gündogar Aziýa ülkesiniò günorta böleklerini Günorta Hytaý pes
gatlakly daglary eýeleýär. Bu kiçi ülke belentligi 2 000 m çenli bolan
Nanlin we Uiºan daglaryndan emele gelen.
Huanhe  we  Ýanszy  derýalarynyò  basseýnleriniò  uly  meýdanla-
rynda pagta, günorta böleginde ºekerçiòrik, apelsin, mandarin, ana-
nas we bananlar ýetiºdirilýär. Bu ülkäniò esasy ekini ºaly we dünýä
meºhur  Hytaý  çaýy  hasaplanýar.  Mundan  baºga-da,  bugdaý,  soýa,
tarygyò bir görnüºi — gaolýan hem ýetiºdirilýär.
Gündogar Aziýa ülkesi dürli gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý.
Günorta Hytaý pes gatlakly daglary galaýy we wolfram ýaly gazylyp
alynýan peýdaly zatlary bilen meºhur. Gündogar Hytaýda daºkömür
we demir magdanynyò gory örän uly
.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Platforma, musson klimaty, Beýik Hytaý pesligi, Huanhe, Ýanszy,
Taýhu, Hytaý çaýy, gaolýan.
Barlag  üçin  soraglar
1. Gündogar Aziýa tebigatynyò dürlüçe bolmagyna sebäp näme?
2. Ülkede nähili tebigy toplumlary üstün durýar?

147
Amaly ýumuºlar
1. Gündogar  Aziýa  ülkesine  degiºli  adalgalaryò  we  düºünjeleriò
mazmunyny depderiòize ýazyò.
2. Ülkedäki esasy gazylyp alynýan peýdaly zatlary kartadan tapyò.
.
66- §.  Günorta  Aziýa
Geografik ýerleºiºi. Günorta Aziýa Ýewraziýanyò günortasynda
ýerleºýär.  Ol  tebigy  ºerti  bir-birinden  düýpgöter  tapawutlanýan  iò
beýik Gimalaý dag ulgamlaryny, ýasy daglykdan emele gelen Hin-
distan ýarymadasyny we allýuwial çökündilerden emele gelen Hind-
Gang pesligini öz içine alýar.
Gimalaý  daglary.  Gimalaý  „garly  mekan“  diýmekdir.  Ol  Tibet
daglary we Hind-Gang pesligi aralygynda ýerleºen bolup, uzynlygy
2 400  km-e  we  ini  200 — 300  km-e  uzap  gidýär.  Ortaça  belentligi
6 000 m. Bu dag ulgamynda her biri 8 000 m-den belent 11 depesi
bar. Iò beýigi Jomolungma depesi — 8 848 m.
Gimalaý daglary Alp gatlaklanyºynda ºekillenen bolup, ýaº dagla-
ryò ulgamyna girýär. Alp-Gimalaý geosinklinal guºaklygy ºu çäkden
geçýär. Bu guºaklyk gaty iºjeò bolup, onda güýçli ýer titremeleri bo-
lup durýar.
Gimalaý daglarynyò klimaty tropiki (günbatar bölegi) we subek-
watorial (gündogar bölegi) klimat guºaklyklaryna mahsusdyr. Musson
ýelleriniò täsiri gaty güýçli. Bu ýagdaý Gimalaý daglarynyò tebiga-
tynyò örän dürli-dürli bolmagyna sebäp bolupdyr. Bu ýerde dag etek-
lerine mahsus bolan batgalaºan teraýalardan çekip, dag eòòitlerindäki
hemiºelik  ýaºyl  tokaýlary,  gyrymsy  agaçlary  we  belent  dag  otluk-
laryny hemde hemiºelik garlary we buzluklary görýäris.
Hind-Gang  pesligi.  Gimalaý  daglaryndan  günortada  uzynlygy
3 000  km-e  ýetýän  Hind-Gang  pesligi  ýerleºýär.  Bu  peslik  dagetek

148
bükülmesinde  emele  gelen  we  daglardan  düºýän  gyrmança  jynslar
bilen  dolupdyr.  Hindi  jülgesinde  tropiki,  Gang  jülgesinde  bolsa
subekwatorial musson klimat döräpdir.
Gang derýasynyò aºaky akymynda ygalyò mukdary 2 500 mm-e
ýetýär.  Bu  ýerde  ýagyº  wagtal-wagtal  çabga  bolup  ýagýar  we  suw
daºgynlary  bolup  durýar.  Ýöne  Hindi  derýasynyò  gündogarynda
klimat gurak, ýagyº juda kem ýagýar. Hatda bu ýerdäki Tar çölünde
ýylyna 100 — 150 mm ygal ýagýar
.
Hind-Gang pesliginde musson klimatly tokaýlar kem duºýar. Gang
we  Brahmaputra  deltasynda  gür  mangrazarlar  we  hemiºelik  ýaºyl
tokaýlar bar. Günbatar böleginde ºor we çägeli çöller bar.
Hindistan ýarymadasy. Hindistan ýarymadasynyò esasy iò ga-
dymky  Hindi  platformasyndan  ybarat.  Ýer  üstüniò  uly  bölegi  ga-
dymky  kristal  jynslardan  düzülen.  Gazylyp  alynýan  baýlyklardan
demir  we  marganes  magdanlary,  altyn,  almaz,  grafit,  kömür  we
nebit känleri bar. Iò belent ýeri ýarymadanyò günortasynda ýerleºen
Anaýmudi  dagydyr  (2 698  m).  Ýarymadanyò  günbatarynda  deòiz
kenary boýunça uly aralyga uzap gidýän Günbatar Gatt daglary we
gündogarynda Gündogar Gatt daglary bar.
Hindistan ýarymadasynyò klimaty subekwatorial musson klimat.
Ýanwaryò  ortaça  temperaturasy  +26 °C,  iýun  aýynda  +40 °C-dan
geçýär.
Günbatar Gatt daglarynda hemiºelik ýaºyl çygly tropiki tokaýlar,
merkezinde  sawanna tokaýlary  we  sawannalar,  derýa  deltalarynda
mangra tokaýlary ýaýran
.
Teraýalar,  Hindistan  ýarymadasy,  Gimalaý  daglary,  Hind-Gang
pesligi, Günbatar we Gündogar Gatt daglary.
Barlag  üçin  soraglar
1.
Günorta Aziýa tebigatynyò dürli-dürli bolmagyna nähili faktorlar
täsir edýär?
2.
Günorta Aziýa çäginde nähili klimat guºaklyklary bar?
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar

149
Amaly ýumuºlar
1.
Gimalaý,  Hind-Gang  we  Hindistan  ýarymadasynyò  klimatyny
deòeºdiriò.
2.
Atlasdaky kartadan peýdalanyp, ülkedäki tebigy zolaklaryò jed-
welini dolduryò.
67
- §.
  Alynky  Aziýa
Geografik ýerleºiºi. Alynky Aziýa ülkesi Kiçi Aziýa ýarymadasy,
Ermenistan  we  Eýran  daglyklaryny  öz  içine  alýar.  Bu  ülke  demir-
gazykda  Gündogar  Ýewropa,  gündogarda  Orta  Aziýa,  günorta-
gündogarda  Günorta  Aziýa,  günortada  Günorta-günbatar  Aziýa
ülkeleri bilen araçäkleºýär.
Geologik gurluºy. Alynky Aziýa ýeri paleozoý erasynda emele
gelen.  Kaýnozoý  erasynda  bolup  geçen  alp  dag  ýygyrtlanmasy
döwründe ýene täzeden ýokary galypdyr we ýaºarypdyr. Ülkäniò çägi
tektonik  taýdan  aktiw  bolup,  Alp-Gimalaý  seýsmik  guºaklygyna
girýär.
Relýefi.  Relýefi,  esasan,  pes  we  ýasy  daglyklardan  ybarat.
Alynky Aziýanyò relýefi demirgazykdan we gündogardan günorta we
günbatara  tarap  ýapgyt.  Ülkäniò  günbatar  we  günorta  çetlerinde
peslikler ýerleºýär. Alynky Aziýanyò çäginde beýikligi 200 metrden
geçmeýän pesliklerden çekip, hakyky beýikligi 5 000 metrden geçýän
beýik  geriºlere  duºmak  mümkin.  Kawkaz,  Pontiý,  Tawr,  Zagros,
Elbrus daglary ine ºeýle geriºlere degiºlidir. Alynky Aziýanyò iò beýik
nokady Kawkaz dagynda bolup, beýikligi 5 642 m-e ýetýär.
Klimaty.  Alynky  Aziýanyò  klimaty  özboluºly  bolup,
günbatarynda,  esasan,  Orta  deòiz  klimaty,  günorta-gündogarynda
bolsa  subtropik  kontinental  klimat  emele  gelen.  Ülkäniò
demirgazygynda howanyò ortaça temperaturasy gyºda –15 °C, ýazda
+20 +24 °C,  günortasynda  bolsa  gyºda  +2 +10 °C,  ýazda  +32 °C
bolýar.  Tomus  aýlarynda  käbir  ýerlerde  howanyò  temperaturasy

150
+45 +50 °C  çenli  ýetýär.  Ygalyò  ýyllyk  mukdary  ülkäniò
demirgazygynda  50 — 100  mm,  günortasynda  350 — 500  mm-e
ýetýär. Daglarda 1 000 mm-e çenli ýagyn ýagýar.
Içerki  suwlary.  Kura,  Karun,  Gerirud,  Etrek,  Kaºofrud,  Araks
derýalary Alynky Aziýanyò iò iri derýalarydyr. ªunuò bilen birlikde
ülkäniò çäginde Urmiýa, Wan we baºga kiçi köller bar.
Topraklary, ösümlikleri we haýwanat dünýäsi. Alynky Aziýada,
esasan,  açyk  kaºtan,  goòur  we  açyk  goòur,  tokaý  goòur  we  dag
podzol  topraklar  ýaýran.  Çöllerde  gumly  çöl  topraklary  duºýar.
Ülkede  ösümliklerden  dub,  buk,  grab,  ýabany  üzüm,  çyrmaºyk,
handan  pisse,  hurma  daragty,  igde  ýaly  ösümlikler  ösýär.
Haýwanlardan  dag  goçy  we  geçisi,  ýolbars,  gaplaò,  doòuz,  çöl
piºigi,  jeren,  ºagal,  dürli  gemrijiler,  ýylanlar,  guºlardan  gyzyl  gaz,
ör­dek, balykçy guº we baºgalar ýaºaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Kiçi Aziýa, Zagros, Elbrus, ýabany üzüm, çöp piºigi, jeren.
Barlag üçin soraglar
1. Alynky Aziýanyò relýefi nähili?
2. Ülkede nähili topraklar ýaýran?
Amaly ýumuºlar
1. Ülkedäki esasy relýef ºekilleriniò atlaryny ýazyò.
2.  Dersligiò tekstinden peýdalanyp, Alynky Aziýa tebigatyna gysgaça
häsiýetnama beriò.
68- §. Jemleýji gaýtalamak
Derslik we 6-njy synp atlasyndaky kartalar esasynda öz bilimiòizi
synaò we baha beriò. Munuò üçin ilki ähli paragraflardaky adalgalara,
daýanç düºünjelere we atlara, barlag üçin soraglara beren jogaplary-
òyzy ýada salyò we ýene gaýtalaò
.

151
24-nji  surat. Afrikanyò fiziki kartasy.
GOªMAÇALAR

152
25-nji  surat.  Günorta  Amerikanyò  fiziki  kartasy.

153
26-njy  surat.  Demirgazyk  Amerikanyò  fiziki  kartasy.

154
27-nji  surat.  Ýewraziýanyò  fiziki  kartasy.

155
155

156
M A Z M U N Y
SÖZBAªY ........................................................................................................... 3
1- §. „Materikleriò we okeanlaryò fiziki geografiýasy“ kursunda nämeler
öwrenilýär? ...................................................................................................... 5
2- §. Geografik kartalar we olaryò görnüºleri. Atlaslar, globuslar .......................... 7
GEOGRAFIK GABYK
3- §. Geografik gabygyò araçäkleri, aýratynlyklary ............................................ 10
4–5-§. Geografik gabygyò ösüº basgançaklary we umumy kanunalaýyklyklary ... 12
6- §. Litosfera we Ýeriò relýefi .......................................................................... 16
7- §. Materikleriò we okeanlaryò peýda bolºy we ösüºi ..................................... 19
8- §. Gidrosfera, onuò düzüm bölekleri.............................................................. 21
9-10 §. Atmosfera. Ýeriò klimat guºaklyklary .................................................... 24
11- §. Tebigy toplumlar, olaryò döwürliligi we zolaklylygy .................................... 27
12- §. Ýer ýüzüò ilaty, jynslar .............................................................................. 29
OKEANLARYÒ TEBIGATY
13- §. Dünýä okeany, onuò bölekleri ................................................................... 32
14- §. Dünýä okeanynyò düýbüniò geologik gurluºy we relýefi ............................. 35
15- §. Okean suwunyò  ºorlugy, temperaturasy, akymlary .................................... 37
16- §. Dünýä okeanynyò atmosfera we gury ýere täsiri ........................................ 39
17- §. Okeanyò baýlyklary, olardan peýdalanmak we goramak ........................... 41
MATERIKLERIÒ WE OKEANLARYÒ TEBIGATY
AFRIKA
18- §. Afrika materiginiò geografik ýerleºiºi we öwreniliº taryhy ........................... 43
19- §. Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi .................... 45
20- §. Materigiò klimatynyò aýratynlyklary .......................................................... 48
21- §. Klimat guºaklyklary .................................................................................. 49
22- §. Içerki suwlary ........................................................................................... 51
23- §. Ekwatorial tokaýlar we sawannalar ........................................................... 53
24- §. Tropiki çöller we subtropikler ................................................................... 56

157
25- §. Tebigy geografik ülkeleri ........................................................................... 58
26- §. Materigiò ilaty we onuò tebigata täsiri ........................................................ 60
27- §. Atlantik okean .......................................................................................... 62
28- §. Hindi okeany ............................................................................................ 65
AWSTRALIÝA WE OKEANIÝA
29- §. Awstraliýanyò geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy, geologik
    gurluºy, gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi ....................................... 67
30- §. Klimaty, içerki suwlary, tebigy zolaklary .................................................... 70
31- §. Materigiò ilaty we onuò tebigata täsiri ........................................................ 73
32- §. Gaýtalamak .............................................................................................. 74
33- §. Ýuwaº okean ........................................................................................... 75
34- §. Okeaniýa .................................................................................................. 78
35- §. Okeaniýanyò klimaty, tebigy zolaklary we ilaty. ......................................... 80
ANTARKTIDA
36- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy, geologik gurluºy, gazylyp alynýan
          peýdaly zatlary. Relýefi ............................................................................ 81
37- §. Klimaty tebigy toplumlary ......................................................................... 84
GÜNORTA   AMERIKA
38- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy, geologik gurluºy, gazylyp alynýan
             peýdaly zatlary. Relýefi ........................................................................... 86
39- §. Klimaty we içerki suwlary ......................................................................... 89
40- §. Tebigy zolaklary, beýiklik guºaklyklary ...................................................... 91
41- §. Tebigy geografik ülkeleri ........................................................................... 94
42- §. Günorta Amerikanyò ilaty.......................................................................... 96
DEMIRGAZYK AMERIKA
43- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy, geologik gurluºy, gazylyp alynýan
            peýdaly zatlary. Relýefi ............................................................................ 99
44- §. Demirgazyk Amerikanyò klimaty we içerki suwlary ................................. 101
45- §. Demirgazyk Amerikanyò tebigy zolaklary we beýiklik
            guºaklyklary ........................................................................................... 104
46- §. Demirgazyk Amerikanyò tebigy geografik ülkeleri ................................... 106
47- §. Demirgazyk Amerikanyò ilaty .................................................................. 108
48- §. Demirgazyk Buzly okean ........................................................................ 109

ÝEWRAZIÝA
49- §. Ýewraziýanyò geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy ................................... 113
50- §. Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi .................. 115
51- §. Ýewraziýanyò klimaty ............................................................................. 117
52- §. Sowuk we aram klimat guºaklyklary ....................................................... 120
53- §. Yssy klimat guºaklyklary......................................................................... 121
54- §. Içerki suwlary ......................................................................................... 123
55- §. Sowuk we aram klimat guºaklyklaryndaky tebigy
zolaklary ................................................................................................ 125
56- §. Yssy klimat guºaklyklaryndaky tebigy zolaklary ...................................... 128
57- §. Beýiklik  guºaklyklary ............................................................................. 131
58- §. Ýewraziýanyò ilaty we syýasy kartasy ..................................................... 133
59- §. Antropogen tebigy toplumlary ................................................................. 134
60- §. Ýewraziýa çäginiò iri tebigy geografik ülkelere
bölüniºi ................................................................................................. 136
61- §. Orta Ýewropa ........................................................................................ 138
62- §. Gündogar Ýewropa ................................................................................ 140
63- §. Günbatar we Gündogar Sibir .................................................................. 142
64- §. Merkezi Aziýa ........................................................................................ 143
65- §. Gündogar Aziýa ...................................................................................... 145
66- §. Günorta Aziýa......................................................................................... 147
67- §. Alynky Aziýa .......................................................................................... 149
68- §.
Jemleýji gaýtalamak ................................................................................
150
Goºmaçalar ............................................................................................ 151

26.82
S 53
Soatow A.
Geografiýa: Materikleriò we okeanlaryò fiziki geografiýasy. 6-
njy synp üçin derslik /A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow. –
Gaýtadan iºlenen we doldurylan dördünji neºir. – Daºkent: „O‘qituvchi“
neºirýat-çaphana dörediijilik öýi, 2017. – 160 sah.
ISBN 978-9943-22-091-1
UO‘K: 91(075.3)
KBK 26.82ya72
ABDURASUL  SOATOV,  ALI  ABDULQOSIMOV,
MIRALI  MIRAKMALOV
GEOGRAFIYA
(Materiklar va okeanlar tabiiy geografiyasi)
6- sinf o‘quvchilari uchun darslik
(Turkman  tilida)
Qayta ishlangan va to‘ldirilgan to‘rtinchi  nashri

O‘qituvchi“  nashriyot-matbaa ijodiy uyi
Òoshkent — 2017
Ý ö r i t e   r e d a k t o r  E. Nazaraliýewa — RTM Tebigy we takyk ylymlar
bölüminiò geografiýa ylmy baº metodisti
Terjime eden K. Hallyýew
Redaktor K. Hallyýew
Çeper redaktorlar: ª. Odilow, B. Ibragimow
Tehredaktor  S. Nabiýewa
Kompýuterde sahaplaýjy M. Salimowa
 Neºirýat lisenziýasy AI ¹291, 04.11.2016.  Original-maketden çap etmäge 2017-nji ýylyò 15-nji
iýununda  rugsat edildi. Möçberi 70×90
1
/
16
. Kegli 13, 12 ºponly. „Tayms“ harpynda ýygnalyp, ofset çap
ediliº usulynda çap edildi. Ofset kagyzy. Çap l. 10,0. ªertli ç. l. 11,70. Hasap-neºirýat l. 8,52.
 986 nusgada çap edildi. Buýurma ¹
Özbegistanyò Metbugat we habar agentliginiò „O‘qituvchi“ neºirýat-çaphana döredijlik öýi.
Daºkent — 206. Ýunusabat, Ýangiºäher köçesi, 1. ªertnama ¹ 39-17.

Kärendesine berlen dersligiò ýagdaýyny
görkezýän jedwel
Derslik kärendesine berilip, okuw ýylynyò ahyrynda gaýtarylyp alnanda
ýokardaky jedwel synp ýolbaºçysy tarapyndan aºakdaky baha bermek
ölçeglerine esaslanylyp doldurylýar:
1.
2.
3.
4.
5.
6.
¹
Okuwcynyò
ady,
familiýasy
Okuw
ýyly
Dersligiò
alnandaky
ýagdaýy
Synp
ýolbaºçy-
synyò goly
Dersligiò
tabºyrylan-
daky ýagdaýy
Synp
ýolbaºçy-
synyò goly
Täze
Dersligiò birinji gezek peýdalanmaga berlendäki ýagdaýy.
Sahaby butin, dersligiò esasy böleginden aýrylmandyr. Ähli
sahypalary bar, ýyrtylmadyk, goparylmadyk, sahypalarynda
ýazgylar we çyzyklar ýok.
Ýagºy
Kitabyò daºy ýenjilen, ep-esli çyzylan, gyralary gädilen, dersligiò
esasy böleginden aýrylan ýerleri bar, peýdalanyjy tarapyndan
kanagatlanarly  abatlanan.  Goparylan  sahypalary  täzeden
ýelmenen, käbir sahypalary çyzylan.
Kanagat-
lanarly
Kitabyò daºy çyzylan, ýyrtylan, esasy böleginden aýrylan ýa-
da bütinleý ýok, kanagatlanarsyz abatlanan. Sahypalary ýyrtylan,
sahypalary  ýetiºmeýär,  çyzylyp  taºlanan.  Dersligi  dikeldip
bolmaýar.
Kanagat-
lanarsyz


Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10


Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2017
ma'muriyatiga murojaat qiling