O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet61/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Standartlaşdyrmagyň nämedigini we onuň maksatlarynyň hem-de wezipele riniň nämeden 
ybaratdygyny düşündiriň.
2. Standartlaşdyrmagyň esasy ýörelgelerini we wezipelerini açyp görkeziň.


133
3. Standartlaşdyrmak boýunça iş haýsy resminamalar bilen tertipleşdirilýär?
4. Standartlaşdyrylýan obýekte we onuň aýratynlygyna baglylykda standartlaryň görnüşlerini 
aýdyp beriň.
 9.6.
Sertifikatlaşdyrmak önümiň
hilini üpjün etmegiň guraly hökmünde
Haryt bazarlarynda baha däl bäsdeşligiň rolunyň barha ýokarlanýan, mümkin bolan 
sarp edijileriň önümiň we hyzmatlaryň hili babatynda barha talabediji bolýan şertlerinde 
olar baradaky maglumatlar obýektiw hem­de dogry bolmalydyr. Önümi sertifikatlaşdyr­
mak onuň hili babatynda sarp edijä bellibir kepillendirmeleri berýär.
Çilide kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryny ISO 9000 standartynyň talaplaryna 
laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga ýardam etmek boýunça döwlet maksatnamasy hereket 
edýär. Şu maksatnama laýyklykda Çiliniň 100 müň töweregi orta kärhanalarynyň 25 müňe 
golaýy halkara sertifikatyny aldy. Hökümet sertifikat almak üçin çykdajylaryň 50%­ini 
maliýeleşdirdi, galan 50%­ini kompaniýanyň özi töledi. Şunda býujet serişdeleri ýüz tu­
tan kompaniýanyň özüne däl­de, sertifikasiýa geçirýän halkara agentliginiň gönüden­göni 
özüne tölendi.
Sertifikatlaşdyrmak sertifikasiýa geçirýän edara tarapyndan ob ýek tiň tehniki tertip­
leriň talaplaryna, standartlaryň düzgünlerine ýa­da şertnamalaryň şertlerine laýyklygyny 
tassyklamak görnüşi hökmünde amala aşyrylýar.
Laýyklygy tassyklamak şu maksatlarda geçirilýär:
– önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň we beýleki obýektleriň), önümçilik prosesleriniň, 
ulanmagyň, saklamagyň, daşamagyň, ýerlemegiň we gaýtadan peýdalanmagyň tehniki ter­
tiplere, standartlara, şertnamalaryň şertlerine laýyklygyny tassyklamak;
– sarp edijileriň önümleri (işleri, hyzmatlary) saýlap almagyna ýardam etmek;
– bazarlarda önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlan­
dyrmak;
– harytlaryň ýurduň çägi boýunça erkin ondan­oňa geçirilmegini üpjün etmek üçin, 
şeýle hem halkara ykdysady, ylmy­tehniki hyzmatdaşlygy we halkara söwdasyny amala 
aşyrmak üçin şertleri döretmek.
Halkara tejribesinde laýyklygy tassyklamak hökmünde sertifikatlaşdyrmak meýletin 
ýa­da hökmany häsiýetde bolýar we şu gör nüşlerde amala aşyrylýar:
Öz­özüňi sertifikasiýa etmek (birinji tarapyň sertifikasiýasy). Taýýarlaýjy (satyjy) 
önümiň hili üçin jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Şunda beýannama doldurylýar we 
onda önümiň we hil menej menti ulgamynyň ölçegleriň (standartlaryň, tehniki şertleriň, ka­
dalaryň, spesifikasiýalaryň we ş.m.) talaplaryny kanagatlandyrýandygy beýan edilýär. Sarp 
edijiler ýa­da üçünji tarap tarapyndan mümkin bolan seljermeler üçin degişli resminamalar 
goşulýar.
Ikinji tarapyň sertifikasiýasy. Satyn alyjy, buýrujy tarapyndan, şeýle hem ahyrky 
önümi öndürýän kärhana tarapyndan özüniň üpjün edijilerinde geçirilýär. Köplenç, uly 
göwrümli, daşamasy kyn bolan önümler üçin we üpjün ediji kärhanalaryň hil menejmenti 
ulgamy sertifikatlaşdyrylanda ulanylýar.


134
Üçünji tarapyň sertifikasiýasy. Şunuň ýaly baha bermek hukugy bolan garaşsyz eda­
ralar tarapyndan amala aşyrylýar.
Sertifikasiýanyň görnüşini saýlap almak onuň hökmanylygyna baglydyr. Halkara tej­
ribesinde hökmany sertifikasiýa, düzgün bolşy ýaly, üçünji tarap tarapyndan geçirilýär, 
meýletin sertifikasiýada onuň dürli görnüşleri ulanylyp bilner.
Laýyklygy meýletin tassyklamak degişlilikde, meýletin sertifikasiýany talap edýär.
Olar babatynda standartlarda, meýletin sertifikasiýa ulgamlarynda we şertnamalaryn­
da bellibir talaplar bellenilýän önümler (işler, hyzmatlar), olary öndürmek, ulanmak, sakla­
mak, daşamak, ýerlemek we gaýtadan peýdalanmak prosesleri laýyklygy meýletin tassyk­
lanýan obýektler bolup durýarlar.
Laýyklygy hökmany tassyklamak laýyklyk hakynda beýannamany kabul etmek (mun­
dan beýläk, laýyklyk hakynda beýannama) we hökmany sertifikatlaşdyrmak görnüşlerinde 
amala aşyrylýar.
Laýyklygy hökmany tassyklamak diňe degişli tehniki tertiplerde bellenilen halat­
larynda we diňe tehniki tertibiň talaplaryna laýyklyk babatynda geçirilýär. Diňe ýurduň 
çäklerinde dolanyşyga çykarylýan önümler laýyklygy hökmany tassyklanýan obýekt bolup 
biler.
Laýyklygy hökmany tassyklamagyň görnüşi we nusgalary, eger tehniki tertibiň 
maksatlaryna ýetip bolmaýan bolsa, töwekgelçilik derejesini hasaba almak bilen, diňe teh­
niki tertip bilen bellenilip bilner.
Laýyklyk hakynda beýannamanyň we laýyklyk sertifikatynyň laýyklygy hökmany 
tassyklamak nusgalaryna garamazdan, deň hu kuk güýji bolýar we ýurduň ähli ýerlerinde 
hereket edýär.
Hökmany sertifikasiýa hökümet tarapyndan bellenen tertipde akkreditasiýa edilen 
sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýüz tutýan tarap bilen baglaşan şertnamasynyň esa­
synda amala aşyrylýar.
Önümleriň bellibir görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak üçin ula nylýan sertifikatlaşdyrma 
nusgalary degişli tehniki tertipde bellenilýär.
Tehniki taýdan düzgünleşdirmek edarasy tehniki tertipleriň ta lap laryna laýyk gelýän­
digi kanunda bellenen tertipde tassyklanan, bazarda dolanyşyk nyşany bilen belgilenýän 
önümlere berlen sertifikatlaryň sanawyny alyp barýar.
Milli standartyň esasyny birmeňzeş önümiň bellibir görnüşi üçin döredilýän serti­
fikatlaşdyryş ulgamy emele getirýär. Bu görnüşler bir funk sional bellenilen maksady, iş 
(ulanyş) ýörelgeleri, gözegçilik we sy nag usul lary we ş.m. bolan harytlaryň (hyzmatlaryň) 
uly toparyny öz içine al ýar. 
Ýurtda önümleri we hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak umumy kada­
laryň we ony geçirmegiň tassyklanan tertibiniň esa synda geçirilýär.
Käbir ýurtlarda hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak meýletin häsiýetde 
bolýar. Onuň kadalaýyn esasyny ISO 9000, ISO 14000 halkara standartlary we hil menej­
menti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalar toplumy düzýär.
Hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmagyň esasy ýörelgelerine şular degişlidir:
– meýletinlik;


135
– baha bermegiň obýektiwligi, bu sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň garaşsyzlygy 
we bilermenleriň – auditorlaryň düşünjelilik derejesi bilen gazanylýar;
– berilýän bahalaryň netijeleriniň beýan edijiligi, ol baha bermeleri geçirmäge bildi­
rilýän ýeke­täk talaplara esaslanýan usullary ulanmak bilen üpjün edilýär;
– gizlinlik, ol hil menejmenti ulgamlaryny sertifikatlaşdyrmagyň we önümçiligiň 
barşynda kepillendirilýär;
– maglumatlylyk, ol sertifikatlaşdyrylýan edaralar we sertifikatlaşdyrylýan hil ul­
gamlary barada maglumat bilen üpjün edilýär. 
Hil menejmenti ulgamlary sertifikatlaşdyrylanda şular barlag we baha beriş obýektleri bo­
lup durýar: hili dolandyrmak we üpjün etmek boýunça iş, önümçilik ulgamy we önümiň hili.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling