O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Tehniki tertipleriň görnüşleriniň häsiýetnamasy


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet59/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Tehniki tertipleriň görnüşleriniň häsiýetnamasy
Deňeşdirilýän
häsiýetnamalar
Umumy
tehniki tertipler
Ýörite
tehniki tertipler
Tehniki tertipleriň 
talaplarynyň bellenýän 
ugurlary.
Maşynlary we enjamlary 
howpsuz ulanmak we gaýta­
dan peýdalanmak;
jaýlary, ymaratlary, desgalary 
howpsuz ulanmak we olara 
ýanaşyk ýerleri howpsuz 
peýdalanmak; ýangyn howp­
suzlygy;
biologik howpsuzlyk;
elektromagnit laýyk geliji­
ligi;
ekologiýa howpsuzlygy;
ýadro we radiasiýa howp­
suzlygy.
Olaryň howpsuzlygy umumy 
tehniki tertip leriň talaplary 
bilen üpjün edilmeýän we 
olaryň zyýan ýetirmek töwek­
gelçilikleri zyýan ýetirmek 
töwekgelçiliginiň umumy 
tehniki tertipde göz öňünde 
tutulan derejesinden ýokary 
bolan önümleriň görnüşleri, 
önümçilik prosesleri, ulan­
mak, saklamak, daşamak, 
ýerlemek we gaýtadan peýda­
lanmak.
Ulanmagyň we berjaý 
etmegiň hökmanylygy.
Önümleriň islendik 
görnüşleri, önüm öndürmek 
prosesleri, olary ulanmak, 
saklamak, daşamak, ýerle­
mek we gaýtadan peýdalan­
mak.
Önümleriň aýry­aýry 
görnüşleri, önümçilik proses­
leri, ulanmak, saklamak, daşa­
mak, ýerlemek we gaýtadan 
peýdalanmak.
Tehniki tertipleriň 
talap larynda ulanylýan 
obýektleriň aýratyn­
lyklarynyň göz öňünde 
tutulmagy.
Önümleriň aýry­aýry 
görnüşleriniň, önüm öndürmek 
prosesleriniň, olary ulanmagyň, 
saklamagyň, daşamagyň, ýerle­
megiň we gaýtadan peýdalan­
magyň tehnologik we beýleki 
aýratynlyklary.
Talaplar umumy häsiýetde 
bolýar.
9. Sargyt № 996


130
Tehniki tertipleriň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi diňe önüm leriň dolanyşyk döw­
ründe amala aşyrylýar. Döwlet gözegçiligi edaralarynyň gözegçiligi geçirmegiň barşynda 
şu hukyklary bardyr:
– taýýarlaýjydan (satyjydan) önümiň tehniki tertipleriň talaplaryna laýyk gelýändigini 
tassyklaýan resminamalaryň berilmegini talap etmäge;
– tehniki tertipleriň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi boýunça çäreleri 
kanunçylykda bellenen tertipde amala aşyrmaga;
– tehniki tertipleriň talaplarynyň bozulmalaryny düzgün bozulmalaryň häsiýetini ha­
saba almak bilen, bellenen möhletde düzetmek barada görkezme bermäge;
– eger tehniki tertipleriň talaplarynyň bozulmalaryny başga çäreler bilen düzetmek 
mümkin bolmasa, önümiň berilmegini gadagan etmek barada, şeýle hem önümçilik pro­
seslerini ulanmagy, saklamagy, daşamagy, ýerlemegi we ikinji gezek ulanmagy doly ýa­da 
bölekleýin togtatmak barada esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge;
– laýyklyk barada beýannamanyň ýa­da laýyklyk sertifikatynyň hereketini togtatmaga 
ýa­da bes etmäge;
– zyýan ýetirilmegine ýol bermezlik maksady bilen, taýýarlaýjyny (ýerine ýetirijini, 
satyjyny) jogapkärçilige çekmäge we kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki çäreleri 
görmäge.
Eger önümleriň tehniki tertipleriň talaplaryna laýyk gelmezliginiň, bu talaplaryň bo­
zulmagynyň netijesinde önümçilik prosesleri, ulanmak, saklamak, daşamak, ýerlemek we 
gaýtadan peýdalanmak amala aşyrylanda raýatlaryň ömrüne ýa­da saglygyna, fiziki ýa­da 
ýuridik şahslaryň emlägine, döwlet ýa­da munisipal emläge, daşky gurşawa, haýwanlaryň 
we ösümlikleriň ömrüne ýa­da saglygyna zyýan ýetirilen bolsa ýa­da şunuň ýaly zyýan ýe­
tirmek howpy ýüze çykan bolsa, onda taýýarlaýjy (ýerine ýetiriji, satyjy) kanuna laýyklykda 
ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga we beýleki adamlara, olaryň emlägine, daşky gurşawa 
zyýan ýetmegine ýol bermezlik maksady bilen, degişli çäreleri görmäge borçludyr.
«Tehniki taýdan düzgünleşdirmek hakynda» kanun standartlaşdyrmak, sertifikatlaş­
dyrmak (laýyklygy tassyklamak) işleriniň hem kanunçylyk taýdan düzgünleşdirilmegini 
amala aşyrýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling