O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 9.2. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy
Soraglar we ýumuşlar
1. «Önümiň bäsdeşlige ukyplylygy» düşünjesine kesgitleme beriň. 2. Önümiň hiline kesgitleme beriň, önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde ol nähili rol oýnaýar? 3. Hil görkezijileriniň esasy toparlaryny aýdyp beriň. 4. Aýratyn hil görkezijilerini aýdyp beriň we olaryň mazmunyna kesgitleme beriň. 5. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna nähili baha bermeli? 9.2. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy Önümiň we harydyň bäsdeşlige ukyplylygy düşünjesi bilen kärhananyň bäsdeşli ge ukyplylygy kategoriýasy ýakyn baglanyşyklydyr. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerinde onuň kärhananyň işine gözegçilik edýän toparyň (adamlaryň, guramalaryň) bähbidine laýyk gelýän orny üpjün etmek we goýlan maksatlara ýetmäge ýardam bermek ukybyny aňladýar. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny emele getirmegiň esasy şular bolup durýar: – harytlar bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk, ýagny sarp edijiler (müşderiler) üçin kabul ederlikli hili bolan we kabul ederlikli bahalardan harytlary öndürmek ýada hyzmat etmek ukyby; – zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk – zerur hünär derejesi bolan işgärleri çek mek we saklamak ukyby; – maýa bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk – maýa bazarlarynda zerur bolan maliýe serişdelerini çekmek ukyby; Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy onuň hereket edýän daşky we içki gurşawynyň faktorlarynyň toplumynyň hereketi bilen kesgitlenilýär. Daşky gurşawyň faktorlaryna birikdirilen görnüşe şular degişli edilip bilner: 122 – pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy, sebitiň bäsdeşlige ukyplylygy, kärhananyň ýer leşýän ýurdunyň bäsdeşlige ukyplylygy (milli bäsdeşlige ukyplylyk); – materiallaryň, maliýe we maglumat serişdeleriniň gelýän akymlaryny guramak; – bäsdeşikli bazaryň şertleri: ýagdaýy, gurluşy we sygymy, haryt teklibiniň şertleri, sarp edijiniň önüme bildirýän talaplary we ş.m. Pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy diýip kärhanalaryň ýurduň içki we daşky bazarlaryn da bäsdeşlige jemi taýýarlyk derejesine düşünilýär; ol ýurduň ykdysady ösüşini we dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini çaklamagyň dürli görnüşlerinde pudagyň bazardaky potensial pa ýy nyň ululygy bilen kesgitlenýär. Sebitiň bäsdeşlige ukyplylygyna sebitleriň dolandyryş edaralarynyň sebitiň ilatynyň, öz çäginde ýerleşen kärhanalaryň we guramalaryň barha artýan isleglerini has doly kana gatlandyrmak mak sady bilen, çägiň (sebitiň) ykdysady mümkinçiligini oýlanyşykly peý dalanmak üçin şertleri döretmek ukyby bilen baha berilýär. Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyna (milli bäsdeşlige ukyplylyga) hem şunuň ýaly görnüşde baha berip bolar. Içki gurşaw faktorlaryna kärhananyň ykdysady mümkinçiliginiň elementleri degişli dir, olar binýatlyk serişdeleriň möçberine we hiline hemde olary netijeli peýdalanmak mümkinçiligine baglydyr. Haryt bazarynda kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy onuň ab ra ýynyň, ýagny satyn alyjylaryň (sarp edijileriň) kärhana ba radaky pikirleriniň netijesinde ýüze çykýar. Ol kärha nanyň öndüriji we ahyrky önüm hemde islendik tapgyrdaky aralyk önüm bilen üpjün ediji hökmündäki işewürlik abraýyna esaslanýar. Degişlilikde, kärhananyň atabraýy harytlary ýerlemegiň barşynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýär. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek onuň bäsdeşlik mümkinçiligini seljermegiň, bençmarkingiň (daýanç nokadynyň) usullaryny peýdalanmagyň we kärha nanyň hil boýunça baýraklar modelleriniň ölçeglerine laýyk gelşine baha bermegiň esasyn da geçirilip bilner. 1. Kärhananyň bäsdeşlik mümkinçiligine baha bermegiň görkezijileri şu toparlara jemlenip biler: – emläk ýagdaýy; – tölege ukyplylyk we maliýe taýdan durnuklylyk; – işewürlik işjeňligi; – önümçilik işiniň netijeliligi; – harydy ýerlemegi we öňe sürmegi guramagyň netijeliligi; – önümiň bäsdeşlige ukyplylygy. Jemläp alanyňda, bu görkezijiler kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek üçin seljeriş binýadynyň ulgamyny emele getirýär. Soňra hasaplanan görkezijiler bäsdeş kärhanalaryň görkezijileri, pudak boýunça ortaça görkezijiler, baha berilýän kärhananyň geçen ýyl lardaky görkezijileri ýada kärhananyň bäsdeşlige ukyplylyk modeliniň etalon (ideal) modelini häsiýetlendirýän kadalaýyn görkezijiler bilen deňeşdirilmelidir. 123 Bäsdeşlige ukyplylyga kärhananyň bäsdeşlige ukyplylyk mümkinçiligini seljermegiň esasynda berilýän bahanyň üsti kärhananyň da şky gurşaw faktorlaryna geçirilen marketing barlaglar bilen ýetirilmelidir. 2. Bençmarking (benchmarking – daýanç nokady) – baha berilýän kärhananyň işini üstünlikli işleýän kärhananyň işi bilen deňeşdirmek prosesidir. Şunuň esasynda ony ösdür megiň we kämilleşdirmegiň ugurlary kesgitlenilýär. Bençmarking barlaglarynyň obýekti diňe bir tutuş kärhana bolman, eýsem aýryaýry kiçi ulgamlar, bu kiçi ulgamlary kesgit leýän prosesler hem seljerilip bilner. Iş ýüzünde içki, daşky we funksional bençmarking has giň ýaý randyr. Içki bençmarking iri kompaniýalar tarapyndan golçur firmalaryň ýada bölümleriň işini deňeşdirmek ýoly bilen bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin peýdala nylýar. Daşky bençmarkingde kärhana, düzgün bolşy ýaly, bir pudagyň çäklerinde öňdebary jy firmalar bilen deňeşdirilýär. Funksional bençmarkingiň barşynda kompaniýanyň bir ýada birnäçe wezipeleri (marketing, önümçilik, ýerlemek we ş.m.) şu ulgamda öňde barýan kompaniýanyň şunuň ýaly wezipeleri bilen de ňeşdirilýär. 3. Kärhananyň hil boýunça baýraklar modelleriniň ölçeglerine laýyk gelşine baha ber megi onuň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermäge çemeleşmelere degişli edip bolar, sebä bi şu hili baha bermegiň ölçegleriniň köpüsi hili dolandyryş ulgamlarynyň çäginden çykýar we tutuş kärhananyň işine degişli bolýar. Hil boýunça baýraklar modeli dürli derejelerde, ýagny halkara, sebitleýin, mil li, pudaklaýyn, korporatiw derejelerde işlenip taýýarlanylýar we hereket edýär. Hil babatynda baýraklar modelleriniň esasynda bäsdeşiň hasabatynyň çäklerinde kärhananyň bellenilen ölçegler boýunça özözüne berýän bahasy ýatýar. Gatnaşýan kärha nalara bilermenleriň hasabatlary berilýär, olarda kärhananyň işiniň artyk taraplary we ýet mezçilikleri bellenilýär. Käbir ýurtlarda hil babatynda baýraklar modelinde bäsdeşlige gat naşýan kärhanalara baha bermek 1000 bally ulgam boýunça alnyp barylýar, ol işiň esasy dokuz ölçegini öz içine alýar, olar iki topara – «Mümkinçilikler» we «Netijeler» toparlaryna bölünýär (21-nji surat). Özözüňe baha bermegiň barşynda şu çäreler ýerine ýetirilýär: – kärhananyň işini we onuň netijelerini ýeketäk ölçegleriň esa synda pudagyň iň go wy kärhanalary bilen deňeşdirmek; – bilermenleriň faktlara esaslanýan obýektiw bahalaryny almak; – işgärlere hili ählumumy dolandyrmak ýörelgelerini öwretmek; – kämilleşdirip boljak prosesleri ýüze çykarmak we seljermek; – ozalky özözüňe berlen baha bilen deňeşdirilende üýtgemeleri ýüze çykarmak we seljermek; – birlikleriň we işgärleriň üstünliklerini ýüze çykarmak hemde baýrak bermek. Şeýle likde, hil babatynda baýraklar modelleri kärhanalaryň öz işlerine özleriniň baha bermegine 124 we soňra bençmarkingiň kömegi bilen ony ykrar edilen iň gowy tejribe bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Işleri gura makda ýolbaşçy laryň wezipesi 100 ball (10%) Teh nologik prosesleri we işleri ýerine ýetirmegiň prosesle rini dolan dyrmak 130 ball (13%) Gura manyň işiniň netijeleri 120 ball (12%) Mümkinçilikler 550 ball (55%) Netijeler 450 ball (45%) Işgärleriň mümkinçiligini peýdalanmak 129 ball (12%) Hil babatyn da meýil namalaşdyrmak 100 ball (10%) Serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak 120 ball (10%) Sarp edijileriň önümiň (hyzmat laryň) hilinden kanagatlanma derejesi 180 ball (18%) Guramanyň jemgyýete täsiri 60 ball (6%) (9%) Işgärleriň gura madaky işden kanagatlanmagy 90 ball (9%) Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling