121
Önümiň hiline hemde onuň tehniki derejesine seredilýän önümiň aýratyn we topar
laýyn görkezijilerini binýatlyk nusganyň degişli gör kezijileri bilen deňeşdirmek arkaly
baha berlip bilner.
Önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň integral görkezijisini kesgitlemegiň esasynda hil
görkezijileri boýunça tehniki derejäniň jemi indeks parametri hökmünde hasaplanan jemi
peýdaly netijäniň we önümi satmak, peýdalanmak (sarp etmek) üçin sarp ediş bahasy bo
ýunça jemi indeks parametri hökmünde hasaplanan doly harajatla ryň gatnaşygy ýatýar.
Önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň integral görkezijisini hasap lamagyň we ykdysady
görkezijileri seljermegiň esasynda önümiň bäsdeşlige ukyplylygy barada netije çykarylýar.
Oňyn baha bolan ýagdaýynda (baha berilýän önümiň görkezijileri binýatlyk nusgalygyň
görkezijisinden ýokary bolanda) kärhana taslamak, işläp taýýarlamak, öndürmek, bazara
çykmak we ş.m. barada çözgüt kabul edýär. Ýaramaz baha bolanda önümiň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça goşmaça tehnikiykdysady çäreler işlenip taýýar
lanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: