O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet52/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. Kärhanalaryň kooperasiýasy nämäni aňladýar, ol maddy-tehniki üpjünçilikden nähili ta-
pawutlanýar?
2. Kooperasiýanyň haýsy görnüşlerini aýdyp bilersiňiz?
3. Kärhanalaryň kooperirlenme derejesine nähili baha berip bolar?
4. Kooperirlenen aragatnaşyklaryň görnüşlerini aýdyp beriň.
IX BAP. KÄRHANADA ÖNÜMIŇ HILINI
WE BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK
 9.1.
Önümiň hili we bäsdeşlige ukyplylygy: düşünje, 
görkezijiler, baha beriş usullary
Önümiň hili diýip şu önümi sarp etmegiň kesgitli bellenen şert lerinde onuň niýetlenen 
maksadyna laýyklykda bellibir islegleri ka na gatlandyrmaga ýaramlylyk derejesini şertlen­
dirýän sarp ediş hä si ýetleriniň bitewi jemine düşünilýär.
Önüm öndürilende, synag edilende, sertifikatlaşdyrylanda, satyn alnanda we sarp edi­
lende (ulanylanda) önümiň hiline baha bermek hil görkezijileri ulgamynyň peýdalanylma­
gyny göz öňünde tutýar. 
Önümiň hil görkezijisi – ony döretmegiň we ulanmagyň bellibir şertlerine degişlilikde 
önümiň bir ýa­da birnäçe häsiýetlerini mukdar taýdan aňlatmakdyr.
Hil görkezijileri aýratyn, toplumlaýyn (toparlaýyn) we integral görkezijilere bölünýär. 
Aýratyn hil görkezijileri önümiň häsiýetleriniň birini häsiýetlendirýär we baha be­
rilýän önüm bilen binýatlyk nusgalygyň parametr ululyklarynyň gatnaşygy hökmünde kes­
gitlenilýär.
Toplumlaýyn hil görkezijileri önümiň birnäçe häsiýetleriniň jemini häsiýetlendirýär 
we aýratyn görkezijileriň esasynda ortaça ölçenen jemi parametriki indeks hökmünde ha­
saplanylýar.
Integral hil görkezijisi önümi ulanmakdan ýa­da sarp etmekden alnan jemi peýdaly 
netijäni häsiýetlendirýär we peýdaly netijäniň önümi satyn almak hem­de peýdalanmak 
üçin jemi harajatlara bolan gatnaşygy hökmünde kesgitlenýär.
6-njy tablisada mysal hökmünde elektrohereketlendirijiniň hiliniň aýratyn görkeziji­
leri getirilýär.
Önümiň hiliniň ähli aýratyn görkezijilerini iki topara bölüp bolar: ulanyş görkezijileri 
(tehniki dereje görkezijileri), önümçilik­tehnologik görkezijileri (tehnologiýa görkezijileri)
Ulanyş görkezijilerine şular degişlidir:
– bellenilen maksatly görkezijiler – önümiň olary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen 
esasy wezipelerini kesgitleýän we onuň ulanylmaly ugruny şertlendirýän häsiýetlerini 
häsiýetlendirýär;


118
– ygtybarlylyk görkezijileri – önümiň bellenilen wagt aralygynda we bellenilen çäk­
lerde onuň esasy wezipelerini ýerine ýetirmek ukybyny üpjün edýän ähli parametrleriniň 
ähmiýetini saklap galmak häsiýetlerini häsiýetlendirýär. Ygtybarlylyga howpsuzlyk, berk­
lik, abatlap bolýandygy, saklap bolujylygy görkezijileri bilen baha berilýär; 
– ergonomiki görkezijiler – «adam – önüm – gurşaw» ulgamyny häsiýetlendirýär we 
adamyň önümçilik we durmuş şertlerinde önüm bilen özara hereketinde gigiýeniki, antro­
pometrik, fiziologik, psihologik häsiýetleriniň toplumyny göz öňünde tutýar;
– estetiki görkezijiler – kompozisiýanyň bitewiligine, maglumat taýdan täsirliligine, 
görnüşiniň oýlanyşyklylygyna, reňk taýdan ýerine ýetirilişine we ş.m. baha berýär;
– daşap bolujylyk görkezijileri– önümiň ulanylmaýan we sarp edilmeýän mahalynda 
onuň giňişlikde ondan­oňa geçirilmäge (daşalmaga) ýaramlylygyny kesgitleýär; 
6-njy tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling