O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 7.4. Zähmet öndürijiligi: görkezijiler, ölçegler, ösüş ätiýaçlyklary
Soraglar we ýumuşlar
1. Işgärleriň çekilýän ugurlaryny görkeziň. 2. Kandidatlary seçip almagyň esasy tapgyrlaryny görkeziň we mazmunyny açyp görkeziň. 3. Işgärleriň çykyp gitmeginiň haýsy ugurlaryny bilýärsiňiz? 4. Işgärleriň geldi-geçerligi, koeffisiýenti nähili hasaplanýar? 7.4. Zähmet öndürijiligi: görkezijiler, ölçegler, ösüş ätiýaçlyklary Zähmet öndürijiligi – kärhananyň işiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup, ol adam laryň önümçilik işiniň netijeliligini, peýdalylygyny häsiýetlendirýär. Iş wagtynyň birligin de öndürilen önümiň mukdary bilen kesgitlenilýän zähmet öndürijiligi zähmet serişdeleri 110 niň peýdalanylyşynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Zähmet öndürijiligine tersine bolan görkeziji – zähmet talap edijiligi bilen, ýagny önümiň birligini öndürmek üçin sarp edilen iş wagty bilen hem baha berip bolar. Zähmet öndürijiliginiň giňden ulanylýan we ählumumy görkezijisi işlenip çykarylan önüm bolup durýar, ol peýdalanylýan ölçeglere baglylykda, üç usul – natural, gymmat we zähmet usullary bilen hasap lanyp bilner. Iş öndürijiligi iş wagtynyň birliginde öndürilen önümiň ýada onuň ortaça sanaw sanyndaky bir işgäre bir günde, aýda, çärýekde, ýylda düşýän mukdarydyr. Iň ýönekeý we ygtybarly usul natural usuly bolup durýar, şu usul boýunça öndürilen önümiň möçberi natural görnüşde ölçenilýär. Natural ölçegler (sanlar, tonnalar, metrler), düzgün bolşy ýaly, birmeňzeş önümler taýýarlanylanda peýdalanylýar, olar ýönekeý we aýdyňdyr. Emma olaryň ulanylýan ugurlary çäklidir, sebäbi olar kärhana tarapyndan önümleriň giň nomenklaturasy taýýarlanan ýag daýynda dürli sarp ediş gymmatlyklaryň köplügini ölçemäge mümkinçilik bermeýär. Gymmat usuly iş öndürijiligini gymmat manysynda öndürilen önümiň möçberiniň sarp edilen iş wagtyna bolan gatnaşygy hökmünde kesgitlenýändiginden ybaratdyr. Ön dürilen önümiň möçberi hökmünde şu görkezijiler alnyp bilner: jemi, harytlyk, kadalaýyn, arassa we arassa önüm, şeýle hem jemi girdeji. Ölçemegiň zähmet usuly çykarylan önümiň möçberine kadalaşdyrylan wagt birlik lerinde – kadalaýyn sagatlarda baha bermäge esas lanýar. Bu usuly peýdalanmagyň zerur şertleri kadalaryň deň depginliligi, zähmete wagt boýunça hak tölenýän işlerde işleýän işçileri kadalaşdyrylmak bilen gurşap almak bolup durýar. Bu usulyň öz ýetmezçilikleri bardyr, Mysal üçin, kadalaýyn sagatlar peýdalanylanda zähmetiň çylşyrymlylygy we hili hasaba alynmaýar. Şol bir wagtyň özünde iş ýüzünde dürli görnüşli hasaplamalarda, şol sanda zähmet öndürijiliginiň ýokarlanyşy hasaplananda zähmet talap edijiliginiň görkezijisi, ýagny na tural görnüşde önümiň birligi üçin sarp edilýän iş wagtynyň görkezijisi giňden ulanylýar. Zähmetiň sarp edilişiniň gurşalyp alnyş derejesine baglylykda, zähmet talap edijiligi doly, tehnologik we önümçilik talap edijiligi bolup biler. Önümiň doly zähmet talap edijiligi boýunça ähli senagatönümçilik işgärleriniň sarp eden zähmeti, önümçilik zähmet talap edijiligi bo ýunça esasy we kömekçi işçileriň sarp eden zähmeti, tehnologik zäh met talap edijiligi boýunça – diňe esasy önümçilik işçileriniň sarp eden zähmeti hasaba alynýar. Degişlilikde, önümiň zähmet talap edijiligi kärhanalaryň işgärleriniň has jikmejik leşdirilen kategoriýalarynyň ählisi boýunça we olaryň hünär toparlary boýunça kesgitlenip bilner. Kadalaýyn, meýilnamalaýyn we hakyky zähmet talap edijiligi tapawutlandyrylýar. Kadalaýyn zähmet talap edijiligi tehniki wagt kadalarynyň, hyzmat etmek kadalarynyň, işgär sanynyň we ş.m. esa synda kesgitlenýär, meýilnamalaýyn zähmet talap edijiligi kada laýyn zähmet talap edijiligi boýunça, ýöne meýilnamalaýyn döwürde göz öňünde tutulan, önümçiligiň netijeliligini we zähmet öndürijiligini ýo karlandyrmaga gönükdirilen çäreleri hasaba almak bilen kes git lenýär. Hakyky zähmet talap edijiligi wagtyň bellibir döwründe önümiň birligi üçin hakyky sarp edilýän zähmete şaýatlyk edýär we zähmet öndürijiliginiň görkezijisiniň aýdyň şöhlelenmesi bolup dur ýar. 111 Zähmet öndürijiligini yzygiderli ýokarlandyrmak we netijede, önümiň birligine düşýän harajatlary azaltmak wezipesi ätiýaçlyklaryň ähli görnüşlerini gözlemegi we olary geljekde peýdalanmagy talap edýär. Şu ýagdaýda mümkinçilikler diýip ösüş faktorlaryny has doly peýdalanmak we kärhanada dürli görnüşdäki ýitgileri aradan aýyrmak ýoly bilen öndürijiligi ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine düşünilýär. Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak köp dürlüdir, olar dolandyryşyň ähli derejelerin de we önümçiligiň ähli bölüm lerinde mümkindir. Ähli ätiýaçlyklar şunuň ýaly toparlanma bölünip bilner: 1. Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak çeşmesi boýunça: – önümçilik serişdeleriniň peýdalanylyşyny gowulandyrmak; – işçi güýjüniň peýdalanylyşyny gowulandyrmak. 2. Ýüze çykyş we peýdalanyş derejesi boýunça: – zawod; – seh; – brigada; – iş ýerinde. 3. Funksional gelip çykyşy boýunça: – esasy önümçilik; – kömekçi önümçilik; – dolandyryş. 4. Peýdalanmagyň mümkin bolan möhletleri boýunça: – gündelik; – geljegi bolan. Zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikleri ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek meselesi tehniki we guramaçylyk faktorlary bilen bir hatar da zähmetiň durmuş jähtleri bilen – işgärleriň önümçilik işiniň durmuşykdysady we psihofiziologik şert lerini has doly hasaba almak bilen, ýakyndan baglanyşyklydyr. Olara şular degişlidir: zähmet we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň gel digeçerligini azaltmak, iş wagtynyň önümçilik däl sarp edilmegini peseltmek, zähmet düzgünnyzamynyň derejesini ýokarlandyr mak, işgärleriň başlangyjyny we döredijilik mümkinçiligini ösdürmek. Zähmet öndürijiligini we tutuşlygyna alanyňda önümçiligiň netijeliligini ýokarlan dyrmak zähmete höwes döretmek ýörelgeleriniň has doly hasaba alynmagyny talap edýär. Mälim bolşy ýaly, kärhananyň işgärleriniň zähmet çekmek höwesiniň esasy görnüşi zäh met haky bolup durýar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling