O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Soraglar
1. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak nämeden ybarat? 2. Dolanyşyk serişdeleriniň kadasy haýsy düzüm böleklerinden emele gelýär? 3. Maddy gymmatlyklaryň we degişli resminamalaryň hereketi nähili bolup geçýär? 6.3. Kärhananyň dolanyşyk serişdelerinden peýdalanylyşynyň netijeliligi Kärhananyň dolanyşyk serişdelerini peýdalanylyşynyň netijelilik derejesi şu es asy görkezijileri häsiýetlendirýär: dolanyşygyň tizligini ýada dolanyşyk koeffisiýentini; bir dolanyşygyň wagtyny ýada uzaklygyny; dolanyşyk serişdeleriniň bir dolanyşygyny berkitme koeffisiýentini. Dolanyşyk serişdelerini peýdalanylyşynyň netijeliliginiň esasy görkezijisi belli bir wagtyň dowamynda dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşyklarynyň sany (dolanyşyk koeffisiýenti) bolup durýar: k dol = Q e / R or.gal , bu ýerde Q e – şu döwürde önümiň ýerlenen möçberi, müň manat; R or.gal – seredilýän döwür de dolanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndysy, mln. manat. Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine geçirilen seljermäniň barşynda dolanyşyk wagty, ýagny bir dolanyşygyň uzaklygynyň görkezijisi giňden ulanylýar, bu görkeziji günlerde ölçenilýär: T dol = R or.gal x N sg / Q e . 100 bu ýerde N sg – seredilýän döwürde senenama günleriniň sany. Ýerlenen önümiň 1 manadyna düşýän dolanyşyk serişdeleriniň jemi bilen kesgit lenýän dolanyşyk serişdeleriniň berkitme koeffisiýenti şunuň ýaly hasaplanýar: k dol = / R or.gal / Q e . Senenama döwrüniň dowamynda dolanyşyk serişdeleriniň ululygy üýtgeýär, şonuň üçin hem degişli hasaplamalarda ortaça hronologik formula boýunça hasaplanylýan do lanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndy görkezijisi peýdalanylýar. Kärhananyň dolanyşyk serişdeleriniň dürli çeşmelerden emele getirilýändigi (peýda, karzlar, paýdarlar maýasy, býujet serişdeleri we ş.m.) sebäpli, kärhana üçin öz dolanyşyk serişdeleri bilen üpjünçilik görkezijisi möhümdir, ol öz dolanyşyk serişdeleriniň pul möç beriniň dolanyşyk serişdeleriniň umumy möçberine gatnaşygy hökmünde hasaplanýar. Maliýe ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalarynda bu görkezijiniň ululygynyň 10% den az bolmaly däldigi bellenilýär. Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine geçirilen seljerme şol serişdeleriň dolanyşygyň çaltlanmagynyň (haýallamagynyň) netijesinde dolanyşykdan çykarylan (dolanyşyga çekilen) möçberini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu görkezi jiniň hasap lamasy dolanyşyk serişdeleriniň hakyky ortaça galyndysyny hakyky alnan düşewüntde we dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşygynyň ozal emele gelen tizliginde olara bolan islegiň şertli ululygy bilen deňeşdirmek ýoly bilen, şu formula boýunça geçirilýär: R boş g = R f.or – T dol x Q e / F k , bu ýerde R f.or – dolanyşyk serişdeleriniň hakyky ortaça galyndysy; T dol – binýatlyk döwürde serişdeleriň bir dolanyşygynyň dowamlylygy; Q e – önümleriň hakyky ýerlenen möçberi; F k – hasaplamagyň geçirilýän döwrüniň dowamlylygy. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling