O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 6.2. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak
Soraglar we ýumuşlar
1. Dolanyşyk serişdelerine kesgitleme beriň. 2. Kärhananyň dolanyşyk serişdeleriniň düzümine näme goşulýar? 3. Kärhananyň önümçilik dolanyşyk serişdeleriniň düzümine näme goşulýar? 4. Dolanyşyk gaznalaryna we olaryň düzümine häsiýetnama beriň. 5. Dolanyşyk serişdeleriniň ýetmezçiligi kärhananyň işine nähili täsir edýär? 96 6.2. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak iki esasy wezipäni çöz ýär. Birinjisi, kärha nanyň dolanyşyk serişdeleriniň möçberi bilen maddy gymmatlyklaryň iň pes derejede gerek bolan ätiýaçlyklaryny üpjün etmek üçin serişdelere bolan islegiň arasyndaky zerur bolan laýyklygy birsyhly saklamak wezipesidir. Bu her bir kärhana üçin kadanyň (norma tiwiň) bellenmelidigini aňladýar, onuň peýdalanylmagy kadaly hojalyk işinde kärhananyň üznüksiz önümçiligi üpjün etmek üçin maliýe kynçylyklaryny çekmezligine mümkinçilik berip biler. Beýleki wezipe has çylşyrymly bolup, ol kadalaşdyrmagyň esa synda ätiýaçlyklary dolandyrmakdan ybaratdyr. Kadalaşdyrmak ho jalyk işiniň gowulandyrylmagyny, goşmaça mümkinçilikleriň göz lenip tapylmagyny we üpjünçilik usullarynyň oýlanyşykly saz la şy gynyň emele getirilmegini höweslendirmäge niýetlenendir. Kadalaşdyrmagyň birinji tapgyry dolanyşyk serişdeleriniň her bir elementi boýunça ätiýaçlyk kadalaryny işläp taýýarlamak bolup durýar. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak günlerde olaryň ätiýaç lyklarynyň kadasyny (ölçegini) we tutuşlygyna alnanda dolanyşyk serişdeleriniň kadalaryny pul manysynda kes gitlemegi, şol sanda her bir element boýunça kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Dolanyşyk serişdeleriniň kadalary kärhananyň iş şertleri bilen, hususanda, aşak dakylar bilen kesgitlenýär: – önümçilik döwrüniň uzaklygy; – materialyň önümçilige taýýarlanýan wagty; – gaýtadan işlemegiň we galyndylary peýdalanmagyň tertibi, üpjün edijileriň çäkler boýunça ýerleşişi; – üpjün etmegiň ýygylygy we deňeçerligi, materiallaryň we önümleriň iberilýän tap gyrlarynyň möçberi; – hasaplaşyklar ulgamy we görnüşi, üpjünçiligiň we ýerlemegiň beýleki şertleri. Dolanyşyk serişdeleriniň kadalary bellenilende şu görkezijilerden ugur alynýar: – harytlaryň öndürilýän we ýerlenýän möçberinden; – önümçilik üçin harajatlardan; – harytmaddy gymmatlyklaryň görnüşleri boýunça dolanyşyk serişdeleriniň günler de görkezilen kadalaryndan. Çig maly we materiallary sarp ediji bolup duran kärhananyň içki islegleri önümiň ön dürilen we ýerlenen möçberi baradaky maglumatlaryň hemde kärhanalaryň harajatlary bara daky maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär. Kärhananyň dolanyşyk serişdelerine bolan islegi daşky şertlere, hususanda, üpjün edijileriň we ulaglaryň işleýşine baglydyr, şonuň üçin do lanyşyk serişdeleriniň kadalary günlerde hasaplanýar. Dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak esasy üç orun boýunça amala aşyrylýar: – çig mal, materiallar, satyn alynýan önümler üçin dolanyşyk serişdelerini kadalaş dyrmak; – tamamlanmadyk önümçilik üçin dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak; – taýýar önüm üçin dolanyşyk serişdelerini kadalaşdyrmak. 97 Çig mal, materiallar, satyn alynýan önümler üçin dolanyşyk serişdeleriniň kadasy wag tyň jemi hökmünde hasaplanýar: – kärhana tarapyndan tölegi geçirilen maddy gymmatlyklaryň ýolda bolýan wagty (ulag ätiýaçlygy); – materialy düşürmek we kärhana getirmek, kabul etmek we ammarda ýerleşdirip goýmak üçin gerek bolan wagt; – materiallary önümçilige taýýarlamak üçin gerek bolan wagt; – materiallaryň gündelik we ätiýaçlyklaryň düzüminde bolýan wagty. Çig mal, materiallar, satyn alynýan önümler üçin dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň birinji elementi bolan ulag ätiýaçlygy üpjün edijiniň hasabynyň tölenen pursadyndan ýüküň sarp edijiniň ammaryna gelýän pursadyna çenli materiallaryň ýolda bolýan wagtyny öz içine alýar. Bellibir wagtyň dowamynda maddy gymmatlyklar önümçilikden çykarylýar – üpjün ediji ony sarp edijä iberýär we eýýäm ondan peýdalanyp bilmeýär, sarp ediji bolsa olary heniz almandygy sebäpli, sarp edip bilmeýär (aýratyn hem bu ýagdaý öndüriji bilen sarp edijiniň arasynda birnäçe araçynyň durýan wagtynda ähmiýetli bolýar). Maddy gymmat lyklaryň önümçilikden çykarylan wagtynda üpjün ediji üçin hem, sarp ediji üçin hem do lanyşyk serişdeleri zerur bolýar. Üpjün ediji üçin harydyň iberilen wagtyndan sarp ediji tarapyndan tölegiň geçirilýän wagtyna çenli, sarp ediji üçin bolsa tölenen pursadyndan materiallaryň sarp edijiniň ammaryna gelip gowuşýan wagtyna çenli serişde gerek bolýar. Üpjün ediji tarapyndan önümi ibermegiň barşynda ulaglaryň dürli görnüşi boýunça maddy gymmatlyklaryň (materiallaryň dolanyşygy) we töleg resminamalarynyň (resmina malaryň dolanyşygy) bir wagtdaky hereketi bolup geçýär, şunda maddy gymmatlyklaryň we töleg resminamalarynyň hereketi wagt boýunça gabat gelmän biler we köplenç ýagdaý da gabat hem gelmeýär. Aşakdaky ýagdaýlar mümkindir: – kärhana töleg resminamalaryny alýar, maddy gymmatlyklar gelip gowuşmazyndan öň çig malyň, materiallaryň, ýarym taýýar önümleriň bahasyny töleýär. Şu ýagdaýda birnä çe wagt ýolda bolmaly bolýan maddy gymmatlyklaryň bahasyny tölemek üçin oňa bel libir möçberde dolanyşyk serişdeleri gerek bolýar; – maddy gymmatlyklar we töleg resminamalary bir wagtda gelýär; – maddy gymmatlyklar töleg resminamalaryndan öň gelýär. Ikinji we üçünji ýagdaýlarda kärhana ýoldaky materiallaryň tölegi üçin dolanyşyk serişdesi gerek bolmaýar. Ulag ätiýaçlygynyň möçberi ýoldaky materiallaryň gymmatynyň we hasabat maglu matlary boýunça materiallaryň bir günde sarp edilýän möçberiniň esasynda hasaplanýar. Çig mal, materiallar, satyn alynýan önümler üçin dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň emele gelýän wagtynyň ikinji elementi – materiallary kabul etmek, düşürmek, sortlara böl mek we ammarda ýerleşdirip goýmak üçin gerek bolan wagtdyr. Düzgün bolşy ýaly, bu amallar tehniki taýdan kadalaşdyrmak ýoly bilen ýada hronometraž arkaly kesgitlenýär. Bu kada maddytehniki üpjünçiligiň aýratynlyklaryna, ýüklemedüşürme işleriniň guralyşyna we beýleki şoňa meňzeş ýagdaýlara baglydyr. Mundan başgada, bu görkezijä materiallaryň görnüşi we olary resmileşdirmegiň aýratynlyklary hem uly täsir edýär. 7. Sargyt № 996 98 Materiallaryň we çig malyň gündelik hemde ätiýaçlandyryş ätiýaç lyklarynyň düzü minde bolýan wagtyny hasaplamak has çylşyrymlydyr. Gündelik ätiýaçlyklar dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň esasy bölegi bolup durýar. Gündelik (ammardaky) ätiýaçlyk – bu önümçilige goýbermek üçin doly taýýarlanan materiallaryň hemişelik ätiýaçlygydyr. Onuň maksady kärhananyň bökdençsiz önümçilik işini üpjün etmekden ybaratdyr. Ätiýaçlygyň ululygy çig malyň we materiallaryň şu görnüşini ibermegiň ýygylygyna baglydyr. Dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň ýene bir elementi ätiýaç lyk ýada ätiýaçlandyryş ätiýaçlygy bolup durýar, ol tötänden ýüze çykýan faktorlaryň bu serişdeleriň dolanyşygyna edýän täsirini aradan aýyrmalydyr. Ol harytlary ibermegiň möhleti we bellenen möç beri bozulan ýagdaýynda, kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelmeýän önümler ýada toplu ma girmeýän materiallar gelip gowşanda kärhananyň bökdençsiz işini kepillendirmek üçin niýetlenendir. Ykdysady we usuly edebiýatlarda ätiýaçlandyryş ätiýaçlygynyň kadasyny gündelik ätiýaçlygyň kadasynyň 50%i möçberinde hasaplamak maslahat berilýär. Materiallaryň her bir görnüşi boýunça dolanyşyk serişdeleriniň kadasy her bir element boýunça alnan, ätiýaçlyk günleriniň sanyndan ýokary bolan günleri goşmak bilen hasaplanýar. Dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň gymmatyna baha bermek üçin günleriň sanyny gymmat manysynda şu görnüşiň gijegündizdäki ortaça çykdajysyna köpeltmeli. Tamamlanmadyk önümçilige işläp bejermegiň dürli tapgyrlaryndaky – çig malyň, materiallaryň we toplaýyş enjamlarynyň önümçilige goýberilen wagtyndan tehniki göze gçilik bölümi tarapyndan taýýar önümiň kabul edilýän pursadyna aralykda önümçilikde bolýan önümler degişlidir. Tamamlanmadyk önümçilik çig mala, esasy we kömekçi mate riallara, ýangyja, elektroenergiýa goýlan, hakujy pul serişdelerini, ulanyş tutumlaryny we gaýry çykdajylary öz içine alýar. Her bir görnüş boýunça bu harajatlaryň ählisi tehnologik hatar boýunça herekete görä ýokarlanýar. Tamamlanmadyk önümçilige çekilen dolanyşyk serişdeleriniň möçberi önümçilik sik liniň uzaklygyna, taýýarlanýan önümiň özüne düşýän gymmatyna we önümçiligiň barşyn da harajatlaryň artyşynyň intensiwligine baglydyr. Tamamlanmadyk önümçilikde bolýan dolanyşyk serişdeleriniň möçberini kesgitlemek dolanyşyk serişdeleriniň doly ululygyny hasaplamagyň iň bir çylşyrymly bölegidir. Tamamlanmadyk önümçilikdäki dolanyşyk serişdeleriniň kadasy (N tö ) şunuň ýaly hasaplanýar: N tö =Z or x T öň x k, bu ýerde Z or – bir günki ortaça harajatlar, manat; T öň – şu önümi ön dürmek üçin önümçilik sikliniň uzaklygy, gün; k – harajatlaryň köpelme koeffisiýenti. Önümçilik döwri ýada önümçilik sikliniň uzaklygy maşynyň önümçilige goýberilýän birinji şaýynyň öndürilip başlanan wagtyndan tehniki gözegçilik bölümi (TGB) tarapyndan taýýar maşynyň kabul edilýän pursatyna çenli bolup geçýär. Önümçilik harajatlarynyň deňeçer köpelýän ýagdaýynda harajatlaryň köpelme koeffi siýenti şu formula boýunça hasaplanýar: k = (Z mö + 0,5 Z ön ) / C, bu ýerde Z mö – esasy materiallar üçin meýilnamalaýyn harajatlar; Z ön – harajatlaryň gaýry elementleri; C – önümiň biriniň meýilnamalaýyn özüne düşýän gymmaty. 99 Dolanyşyk serişdeleriniň kadasynyň jemleýji elementi – taýýar önüm üçin dolanyşyk serişdeleriniň kadasydyr. Oňa önümçiligi tamamlanan, TGB tarapyndan kabul edilen we taýýar önümler ammaryna tabşyrylan önümler degişlidir. Taýýar önüm üçin dolanyşyk serişdeleriniň kadasy önümiň ammara kabul edilen pursatyndan onuň töleginiň geçirilen wagtyna çenli döwür bilen kesgitlenýär we şu aşakdakylar üçin zerur bolan wagta bag lydyr: – sehlerden taýýar önümi kabul etmek; – önümi iberilýän tapgyryň ululygyna çenli we sargytlara, tab şyryklara, şertnamalara laýyk görnüşlerde toplamak we seçip almak; – önümleri belgilemek, gaplamak; – gaplanan önümi kärhananyň ammaryndan demir ýol stansiýa syna, gämi duralgasy na we ş.m. getirmek; – önümleri ulag serişdelerine ýüklemek; – önümi ammarda saklamak. Ammardaky taýýar önümleriň ätiýaçlyklarynda dolanyşyk serişdeleriniň kadasy (N tö ): N tö = P or x N tög , bu ýerde P or – önümçiligiň özüne düşýän gymmaty boýunça her bir önümiň bir günde orta ça çykarylyşy, manat; N tög – dolanyşyk serişdeleriniň kadasy, gün. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling