O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Maddy däl serişdeleriň görnüşleriniň
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
17-nji surat. Maddy däl serişdeleriň görnüşleriniň
topara bölünmesi 89 4-nji tablisa Kanun arkaly goraglylygy nukdaýnazaryndan maddy däl aktiwleriň toparlanyşy Kanun arkaly goralýar Kanun arkaly goralmaýar 1 2 Söwda nyşanlary Ygtyýarnamalar Awtorlyk hukugy Bellige alnan modeller Şertnamalar we ygtyýarnamalar Jemgyýetçilik ulgamynda maglumatlar 1 2 Söwda syrlary Maglumatlar binýady Önümiň we kompaniýanyň abraýy Şahsy we guramaçylyk ulgamlary Häzirki wagtda dünýäde öndürilýän maşyn gurluşyk önümleriniň ýarysyndan gow ragy ygtyýarnama ylalaşyklarynyň esasynda öndürilýär, bu bolsa satyn alyja nouhau üznüksiz öndürmek üçin almaga we geleşik meselelerini kämilleşdirmäge, kämilleşdiri len önümleri özara alyşmagy amala aşyrmaga we hyzmatdaş bilen ylalaşyga laýyk lykda ygtyýarnama önümlerini bellibir bazarlarda ýerlemäge müm kin çilik berýär. Maddy däl aktiwler buhgalterçilik hasaba alnyşynda ilkibaşky gymmaty boýunça görkezilýär, bu gymmat goşulan baha üçin salgydy we beýleki öwezi dolunýan salgytlary aýyrmak bilen, hakyky çykdajylaryň ählisiniň jemi hökmünde kesgitlenýär. Maddy däl aktiwleri satyn almak üçin hakyky çykdajylar şulardan ybaratdyr: – hukuklary bermek (satyn almak) şertnamasyna laýyklykda hukuk eýesine (satyja) tölenýän pul möçberleri; – geleşik bilen bagly maglumat we geňeş hyzmatlary üçin guramalara tölenýän pul möçberleri; – bellige alyş ýygymlary, gümrük paçlary, ygtyýarnama paçlary we hukuk eýesiniň aýratyn hukuklaryny bermek (satyn almak) bilen baglanyşykly geçirilen şoňa meňzeş tö legler; – maddy däl akitiwler obýektini satyn almak bilen baglanyşykly tölenýän öwezi do lunmaýan salgytlar. – maddy däl aktiwler obýekti araçy guramanyň üstünden satyn alnan bolsa, şol gura ma tölenen hakheşdekler; – maddy däl aktiwleri satyn almak bilen gönüdengöni bag lanyşykly beýleki çykda jylar. Kärhananyň özi tarapyndan döredilen maddy däl aktiwleriň ilkibaşky gymmaty döret mek we taýýarlmak üçin hakyky çykdajylaryň ählisiniň (harçlanan maddy serişdeler, zäh met hakyny tölemek, kontr a gent şertnamalary boýunça beýleki guramalaryň hyzmatlary, ygtyýarnamalary, şahadatnamalary almak bilen baglanyşykly ygtyýarnama paçlary we 90 ş.m.) jemi hökmünde kesgitlenýär, goşulan baha üçin salgyt we beýleki öwezi dolunýan salgytlar muňa girmeýär. Maddy däl aktiwlerden, esasy serişdelerden alnyşy ýaly, ula nylýan döwründe ulanyş tutumy alynýar. Maddy däl aktiwlerden alynýan ulanyş tutumy ulanyş tutumynyň ölçegleri boýunça öndürilen önümiň özüne düşýän gymmatyna goşulýar we salgyt hasaba alnyşy üçin iki usulyň biri bilen, ýagny çyzyklaýyn we çyzyklaýyn däl usul boýunça hasaplanýar. Maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhleti ygtyýarnamanyň, şahadatnamanyň ýada intellektual eýeçilik obýektleriniň peýdalanylmaly möhletini çäklendirýän beýleki bir res minamanyň berlen döwrüne deňdir. Peýdaly ulanylýan möhletini kesgitlemek mümkin bolmadyk maddy däl aktiwler boýunça ulanyş tutumlarynyň ölçegleri on ýyl möhlete bellenýär. Buhgalterçilik hasaba alnyşynda maddy däl aktiwiň ulanyş tutumyny hasaplap ýaz mak ýörelgeleri salgyt hasaba alnyşyna garanyňda başgaça görnüşde bolýar. Buhgalterçilik hasaba alnyşynda ulanyş tutumy üç görnüşiň biri boýunça hasaplanyp ýazylyp bilner: – çyzyklaýyn usul; – önümiň möçberine deň ölçegli; – azalýan galyndy usuly. Maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletini şulardan ugur alyp hasaplap bolar: – ygtyýarnamanyň, şahadatnamanyň we ş.m. hereket edýän wagty; – maddy däl aktiwiň peýdalanylar öýdüp garaşylýan, onuň dowa mynda guramanyň bu aktiwden girdeji alyp biljek döwri; – kärhananyň şu maddy däl aktiwi peýdalanmak bilen, almak isleýän önüminiň möç beri. Eger maddy däl aktiwiň peýdaly ulanylýan möhletini kesgitlemek mümkin bolmasa, onda ol 20 ýyl hyzmat eder diýip hasap edilýär. Häzirki zaman şertlerinde senagat kärhanalary üçin intellektual senagat eýeçiliginiň (ISE) aýratyn ähmiýeti bardyr, ol oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna, peýdaly modellere, haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna degişli hukuklaryň jeminden ybaratdyr. Döwlet emläginiň, hususanda, ylmytehniki ulgama degişli obýektleriň hususylaşdyrylmagy bu meseläniň ähmiýetini hasda ýitileşdirdi. Kärhananyň olar babatynda aýratyn hukuklary bolan intellektual eýeçilik obýektleriniň ählisiniň ýüze çykarylmagy kärhananyň özüniň gymmatyna obýektiw baha bermäge mümkinçilik berer. ISEniň bazar gymmatyna baha bermegiň şu usullary bardyr: – satuwlary deňeşdirmek usuly, oňa laýyklykda obýektiň bazar gymmaty baha be rilýän obýekt babatynda birmeňzeş bolup duran obýektler bilen bazarda baglaşylan satyn almaksatmak geleşikleriniň degişli derejede ortaça we düzediş girizilen bahasy hökmünde kesgitlenýär; – girdeji usuly, onda göni maýalaşdyrmak ýada pul akymlaryny diskontirlemek usul lary bilen gündelik (ýada häzirki) gymmatyna getirilen obýektden garaşylýan jemi girdeji hökmünde baha berilýär; – çykdajyly usul, şunda obýektiň gymmaty diýip ony döretmek we bazara çykarmak üçin harajatlaryň jemine düşünilýär. 5nji tablisada ISE bilen amallar bilen oňa baha bermek usul larynyň arasyndaky özara baglanyşyk görkezilýär. Seredilen ýagdaýlaryň her birinde diýen ýaly baha berijide baha 91 berilýän gymmatyň görnüşini hem, baha beriş usulyny hem saýlap almaga mümkinçilik bar, şunda şol bir ISEne baha bermek üçin dürli çemeleşmeleriň ulanylmagy dürli neti jeleri berip biler. 5-nji tablisa Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling