O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet36/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Esasy gaznalaryň peýdalanylyşynyň esasy görkezijilerini aýdyp beriň.
2. Esasy gaznalary täzeleme koeffisiýentini nämäni häsiýetlendirýär?
3. Enjamlaryň peýdalanyş derejesine baha berlende haýsy görkezijiler peýdalanylýar?
4. Kärhananyň meýdanlarynyň peýdalanylyşy haýsy görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär? 
 5.5.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty
Kärhananyň önümçilik kuwwaty bellenilen döwürde şu enjamda önüm öndürmegiň 
mümkin bolan möçberi hökmünde kesgitlenýär. Has takyk kesgitleme önümçilik kuwwat­
lygyna bellibir iş düzgüninde şu enjamda bellenilen nomenklatura we görnüşler boýunça 


84
önümleri (işleri, hyzmatlary) çykarmagyň ýyllyk (gije­gündizdäki, çalşykdaky) aňrybaş 
mümkin bolan möçberi hökmünde seretmäge mümkinçilik berýär.
Önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy – görkezijiler ulgamynyň üstünden önümçi­
lik kuwwatlyklarynyň olaryň üznüksiz önümçiligi niň şertleri we peýdalanyş derejesi bilen 
baglanyşdyrylan ýagda ýyny häsiýetlendirýän ýörite balans bolup durýar. Bu öňi bilen, esa­ 
sy önümçilik gaznalarynyň aktiw bölegine degişlidir. Önümçilik kuw watlyklarynyň ba­
lansynda meýilnama döwrüniň başyndaky önüm çilik kuwwatlyklary baradaky maglumat­
lar bolýar, şeýle hem şu döwürde olaryň artyşy (işe girizilişi) we azalyşy (çykyp gitmegi) 
barad aky maglumatlar getirilýär. Şunda balansda işe girizilýän anyk çeşmeler (täze kuwwat­
lyklaryň işe girizilmegi, hereket edýänleriň döwrebaplaşdyrylmagy, guramaçylyk çäreleri, 
kärende) hem, önümçilik kuwwatlyklarynyň çykyp gitmeginiň sebäpleri (önümçilik gaz­
nalarynyň könelmegi, gaznalaryň kärendä berilmegi we beýlekiler) hem beýanyny tapýar.
Kärhananyň önümçilik­hojalyk işi meýilnamalaşdyrylanda we seljerilende, şeýle hem 
önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy düzülende giriş, çykyş we ortaça ýyllyk önümçilik 
kuwwatlygyny tapawutlandyrýarlar.
Kärhananyň ýa­da onuň gurluş birliginiň çykyş önümçilik kuw watlygy degişli döwrüň 
ahyryndaky kuwwatlykdyr. Döwrüň başyndaky giriş kuwwatlygy şol döwrüň dowamynda 
dürli çeşmeleriň hasabyna girizilen kuwwatlygyň we şu döwürde çykyp giden kuwwatly­
gyň jemi hökmünde hasaplanýar.
Ortaça ýyllyk kuwwatlyk – kärhananyň ýa­da onuň gurluş birlikleriniň bar bolan 
kuwwatlyklaryň artyşyny we çykyp gitmegini hasaba almak bilen, bir ýyldaky ortaça 
kuwwatlykdyr.
Önümçilik kuwwatlyklarynyň balansy şu formula boýunça aňladylyp bilner:
M
çyk
= M
gir
+ M
gtç
+ M
te
+ M
nom
– M
çg
bu ýerde M
çyk
– meýilnamalaşdyrylýan döwrüň ahyryndaky önümçilik kuwwatlygy 
(çykyş kuwwatlygy); M
gir
– ýylyň başyndaky (giriş) kuwwatlygy; M
gtç
– geçirilýän gura­
maçylyk­tehniki çäreleriň hasabyna meýilnama döwründe önümçilik kuwwatlyklarynyň 
artyşy; M
te
– kärhanany giňeltmegiň, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyr magyň we 
durkuny täzelemegiň hasabyna kuwwatlyklaryň artyşy; M
nom
– önümiň nomenklatu­
rasynyň we görnüşleriniň üýtgemegi bilen bagly kuwwatlygyň artyşy (+) ýa­da azalyşy 
(–); – M
çg
esasy önümçilik gaznalarynyň çykyp gitmegi sebäpli önümçilik kuwwatlyk­
larynyň azalmagy. 
Kärhananyň önümçilik kuwwatlygy we kuwwatlyklaryň balansy kärhanada önümleriň 
(işleriň, hyzmatlaryň) meýilnamalaşdyrylýan we önümçiligiň hasaba alynýan birliklerinde 
hasaplanýar. 
Kärhananyň önümçilik kuwwatlygy esasy sehleriň ýa­da uçastoklaryň, esasy 
önümçilik agregatlarynyň we enjamlarynyň kuwwatlygy boýunça bellibir döwre (ýyla) 
hasaplamak bilen kesgitlenýär. Şunda «gowşak ýerleri» aradan aýyrmak boýunça 
çäreleri geçirmek mümkinçiligi hasaba alynýar. Esasy önümçiligiň bölümlerine önüm 
öndürmek boýunça esasy tehnologik amal lary ýerine ýetirýän bölümleri degişlidir. 
Eger kärhanada tehnologik prosesleriň aýry­aýry tapgyrlaryna laýyk gelýän birnäçe 
esasy önümçilik bölümleri bar bolsa, işleriň zähmet talap edijiligi ýa­da ölçegiň natural 


85
birlikleri boýunça baha berilýän iň ýokary möç beri haýsy bölüme düşýän bolsa, şol bö­
lümler boýunça önümçilik kuwwatlygy kesgitlenýär.
Senagat kärhanasynyň önümçilik kuwwatlygy çykarylýan önümiň ähli nomenklatu­
rasy boýunça hasaplanýar. Kähalatda köp nomenklaturaly önümçilikde nomenklaturalary 
ölçeg birligi hökmünde kabul edilýän birmeňzeş önümiň bir ýa­da birnäçe görnüşlerine 
getirmek maksadalaýyk bolar. 
Kuwwatlygy önümçilik maksatnamasy ýaly, ähli harytlyk önüm hem­de onuň 
aýry­aýry görnüşleri boýunça natural görnüşlerde hasaplamak bilen bir wagtda gymmat 
manysynda hem kesgitläp bolar.
Kärhanalaryň bazar ykdysadyýeti şertlerinde hereket etmegi hasaplamada nominal 
aňryçäk önümçilik kuwwatlygynyň we ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygynyň 
görkezijileriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar.
Nominal aňryçäk önümçilik kuwwatlygy – tehniki taýdan ýetip bolýan kuwwatlyk bo­
lup, düzgün bolşy ýaly, ol önümçilik enjamy bilen üpjün ediji tarapyndan kepillendirilýän 
bellenen kuwwatlyga laýyk gelýär. Ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygy diňe bir 
goýlan enjamyň mümkinçiliklerini we onuň hereket etmeginiň bellenilen tehniki şertlerini 
(işdäki kadaly arakesmeler, boş durmalar, dynç günleri, tehniki taýdan hyzmat etmek we 
abatlamak, guraly çalyşmak, çalşyklylyk we ş.m.) däl, eýsem dolandyryş ulgamyny hem 
hasaba almak bilen işiň kadaly şertlerinde amala aşyrylýar. Bu kuwwatlyk önümçiligiň 
meýilnamalaşdyrylýan möçberine laýyk gelmelidir. Bu ululyklaryň arasyndaky tapawut 
hakykatdan ätiýaçlykda duran önümçilik kuwwatlygynyň (ätiýaçlyk önümçilik kuwwat­
lyklarynyň) ululygyna laýyk gelýär. 
Ätiýaçlyk kuwwatlygy kärhananyň ýetip bolýan kadaly önümçilik kuwwatlygynyň 
ululygyna täsir edýän faktorlary hasaba almak bilen kesgitlenýär. Oňyn faktorlara şular 
degişlidir:
– täze tehnikany özleşdirmek;
– tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak;
– çykarylýan önümiň nomenklaturasynyň we görnüşleriniň onuň zähmeti hem­de 
material lary talap edijiligini çäklendirmäge tarap üýtgemegi;
– çig mal serişdeleriniň düzüminiň üýtgemegi;
– çig malyň we materiallaryň iberilmeli möhletleriniň gysgalmagy;
– enjamyň boş durýan wagtynyň azalmagy;
– zaýa önüm çykarmakdan çekilýän ýitgileriň azalmagy;
– tehnologik arakesmeleriň azalmagy;
– önümçiligi taýýarlamak üçin wagtyň azalmagy;
– işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy we zähmet öndürijiliginiň artmagy we ş.m.
Önümçilik kuwwatlygynyň ululygyna ýaramaz täsir edýän faktorlara şular degişlidir:
– täze önümi özleşdirmek;
– aýry­aýry birlikleriň kuwwatlyklarynyň biri­biri bilen bagly däldigi;
– awariýa we fors mažor ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy we ş.m.
Kärhanada bar bolan ätiýaçlyk kuwwatlyklaryny kesgitlemek üçin önümçilik kuwwat­
lyklaryny peýdalanyş koeffisiýenti ulanylýar (C
m
).


86
Bu koeffisiýent hasaplamalarda önümçiligiň meýilnamalaýyn ýa­da hakyky möçberi­
niň peýdalanylýandygyna baglylykda meýilnamalaýyn ýa­da hakyky koeffisiýent bolup 
biler we kärhananyň şu döwürde öndüren önüminiň möçberini şol döwürdäki önümçilik 
kuwwatyna bölmek bilen kesgitlenýär:
C
m
= (Q / M
or
) x 100%,
bu ýerde Q – şu döwürdäki önümçilik möçberi; M
or 
– döwürdäki ortaça önümçilik.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, senagat önümleriniň aýry­aýry gör nüşleri boýunça 
önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşy ýokary däldir, şeýle­de bolsa, onuň durnuk­
laşma we bellibir derejede artma meýli açyk görünýär.
Bu meýil aýry­aýry senagat pudaklary boýunça önümçilik kuw watlyklaryny peýda­
lanyşynyň ortaça derejesiniň depginine hem mahsusdyr. Maglumatlar kuwwatlyklary peý­
dalanmagyň bellibir derejesi, düzgün bolşy ýaly, diňe eksport­import pudaklaryna (ýan­
gyç­energetika, metallurgiýa we agaç­kagyz toplumlaryna) mahsusdyr. 
Peýdalanylmaýan kuwwatlyklaryň möçberiniň senagat önüminiň köp görnüşleri 
boýunça ýeterlik derejede ýokarydygyna garamaz dan kuwwatlyklaryň hakyky ätiýaç­
lyklary kärhanalaryň däp bolan önümine we aýratyn hem, täze önüme bolan islegleri artan 
ýagdaýynda ep­esli pesdir. Kuwwalyklaryň könelme derejesi we olaryň bäsdeşlige ukyply 
önümi çykarmak talaplaryna laýyk gelmezligi, senagat önümçiligi ulgamynda ykdysa­
dy işiň dürli görnüşlerine degişli bolan senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň pikirine 
görä, bu kuwwatlyklary önümçiligi giňeltmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär.
Bellibir döwür üçin önümçilik kuwwatlyklary meýilnamalaşdyrylanda önümçilik 
kuwwatlyklaryny peýdalanmagyň ölçegi (Ö
k
) hasaplanylmalydyr:
Ö
k
= (M
or
– M
ät
/ M
or
) x 100%, 
bu ýerde M
or
– kärhananyň orta ýyllyk önümçilik kuwwatlygy; M
ät
kärhananyň önümçilik 
kuwwatlygynyň ätiýaçlygy. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling