O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 5.2. Esasy gaznalara baha bermek. Fiziki we moral taýdan könelme
Sorag we ýumuşlar
1. Esasy gaznalara we dolanyşyk serişdelerine kesgitleme beriň. 2. Tehnologik alamaty boýunça esasy gaznalaryň topara bölünmesi barada gürrüň beriň. 3. «Esasy gaznalaryň aktiw bölegi» düşünjesi enjamlaryň haýsy görnüşlerini öz içine alýar? 5.2. Esasy gaznalara baha bermek. Fiziki we moral taýdan könelme Esasy önümçilik gaznalaryna gymmat we natural görnüşde baha berlip hemde hasaba alnyp bilner. Gymmat manysynda baha bermegiň birnäçe görnüşleri bardyr: ilkibaşky, dikeldiş, galyndy we ýatyryş gymmaty. Ilkibaşky gymmaty – esasy gaznalaryň şu görnüşiniň hakyky satyn alnan bahasydyr, oňa esasy gaznalaryň degişli elementleriniň (enjamlar, jaýlar we ş.m.) hereket edýän baha lary boýunça getirmegiň we oturtmagyň gymmaty hem goşulýar. Esasy gaznalaryň kärha nanyň balansynda şu baha boýunça hasaba alynýandygy sebäpli, ilkibaşky gymmatyny kähalatlarda balans gymmaty diýip hem atlandyrýarlar. Esasy gaznalaryň hereket edýän döwründe bellibir üýtgemeler bolup geçip biler. Olaryň käbiri YTÖniň çaltlanmagy bilen baglydyr, bu bolsa meňzeş zähmet serişdeleriniň taýýar lanyşyny arzanladýar. Tersine, hümmetsizlenme şertlerinde şular ýaly zähmet serişdeleriniň ilkibaşky gymmaty ýokarlanýar. Iki ýagdaýda hem baha faktorynyň ýagdaýy ýoýup görkez megi aradan aýyrmak zerurdyr. Munuň üçin esasy önümçilik gaznalaryna dikeldiş gymmaty boýunça baha berýärler. Dikeldiş gymmaty bar bolan önümçilik gaznalary ýaly esasy önümçilik gaznalaryny satyn almak (ýada gurmak) üçin häzirki pursatda hereket edýän bahalar boýunça nähili serişdeleriň harçlanmaly boljakdygyny görkezýär. 77 Esasy önümçilik gaznalarynyň dikeldiş gymmatyny kesgitlemek üçin olara gaýtadan baha bermek geçirilýär. Esasy gaznalara gaýtadan baha bermek, ýagny kärhananyň esasy maýasynyň ululy gyny üýtgetmek onuň işiniň maliýe netijelerine dürli ugurlar boýunça täsir edýär. Bir tarapdan esasy gaznalaryň gymmatynyň artmagy ulanyş tutumlarynyň ululygyny kärhananyň esasy gaznalary döwrebaplaşdyr mak, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyr mak, täzelemek boýunça isleglerine laýyk getirmäge mümkinçilik berýän obýektiw proses bolup durýar. Şol bir wagtda kärhananyň önüminiň özüne düşýän gymmaty hem ýokarlanýar (ýagny şunuň ýaly önümiň bäsdeşlige ukyplylygy peselýär) we salgyt salynýan peýdanyň ululygy peselýär (bahalar üýtgewsiz galanda). Şu ýagdaýda kärhana gelip gowuşýan maliýe seriş deleriniň möçberini saklap galýar we peýdadan alynýan salgydyň azalmagynyň hasabyna utuş gazanýar, şunda býujet bu salgydy ýitirýär. Gaýtadan baha bermegiň hasabyna kärhananyň esasy gaznalarynyň gymmatynyň art magy ýuridik şahsyň emläk üçin salgydynyň artmagyna getirýär we şol bir wagtda kärha nanyň bäsdeşlige ukyplylygy meselesi ýüze çykýar. Bu esasy serişdeleriň bar bolan ka dalaşdyryjy resminamalarda bellenilen indeksler boýunça esasy gaznalaryň gymmatynyň üýtgemeginiň we soňundan ulanyş tutumlarynyň ululygynyň üýtgemeginiň kärhana tara pyndan alynýan peýdanyň ýol berilýän derejeden hem pes bolýandygy ýada asla peýdanyň ýokdugy bilen baglydyr. Kärhana ýa ýitgi çekip işlemeli ýada bahany ýokarlandyrmaly bolýar, bu bolsa bazarda onuň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny dessine peseldýär. Şeýle ýagdaýlarda kärhana merkezleşdirilen tertipde bellenilýän indeksler babatynda belli bir peseldiji koeffisiýentleri peýdalanmak hukugyny alýar. Häzirki wagtda kärhananyň ýylda bir gezek ýylyň başynda esa sy gaznalaryň gym matyna meýletin esasda gaýtadan baha bermäge haky bardyr. Eger kärhana nobatdaky gaýtadan baha bermeden soň emlägiň gymmatyny soňky ýylyň 1nji ýanwaryndan üýt gedýän bolsa, onda şunuň ýaly gaýtadan bermegiň netijeleri diňe buhgalterçilik hasaba alnyşynda görkezilýär. Salgyt hasaba alnyşynda diňe bir emlägiň gymmaty däl, eýsem salgytlaryň derejesi hem üýtgewsiz galýar. Bir tarapdan kärhanalara esasy serişdelere olaryň gymmatyny artdyrmak bilen gaýtadan baha bermegi geçirmek peýdasyz bolýar, sebäbi şonuň netijesinde ulanyş tutumlary awtoma tik usulda diňe soňky ýylyň 1nji ýanwaryndan artýar, salgyt salynýan peýdanyň ululygy we peýdadan alynýan salgydyň möçberi bolsa soňky ýylyň dowamynda üýtgewsiz bolup galýar. Beýleki tarapdan, eger şunda emlägiň gymmaty peselýän bolsa, emläge gaýtadan baha ber mek peýdaly bolýar. Bu bolsa kärhana emläk üçin salgytda serişdeleri tygşytlamaga kömek edip biler, sebäbi bu salgyt emlägiň buhgalterçilik hasaba alnyşy boýunça gymmatyndan ugur alnyp hasaplanýar. Degişlilikde, eger emlägiň balans gymmaty azalsa, onda salgydyň absolýut ululygy hem peseler. Galyndy gymmaty – bu könelmäni aýyrmak bilen, esasy gaznalaryň ilkibaşky (ba lans) gymmatydyr, könelme möçberi bolsa şu esasy gaznalaryň hyzmat edýän möhletiniň geçen döwründäki ulanyş tutumlarynyň ululygy bilen kesgitlenýär. Önümçiligiň barşynda esasy önümçilik gaznalary fiziki we moral taýdan könelmä sezewar bolýarlar. 78 Fiziki taýdan könelme diýip esasy gaznalar tarapyndan özleriniň sarp ediş gymmatynyň ýitirilmegine düşünilýär. Fiziki taýdan könelme esasy gaznalaryň peýdalanylýandygyna ýada boş durýandygyna garamazdan, bolup geçýär. Fiziki taýdan könelme derejesi birnäçe faktor lary, hususanda, işiň howa düzgünine, hakyky peýdalanmagyň intensiwligine we wagtyna, işgärleriň hünär derejesine, konstruksiýanyň aýratynlyklaryna we enjamyň işiniň şertlerine, material laryň hiline we ş.m. baglydyr. Fiziki könelmeden başgada, esasy serişdeleriň moral taýdan könelmesi hem bolup geç ýär, bu ýagdaý YTÖniň täsiri bilen olaryň gymmatynyň peselmeginden ybaratdyr. Birinji we ikinji görnüşli moral taýdan könelme tapawutlandyrylýar. Birinji görnüşli moral taýdan könelme maşyn gurluşyk pudaklarynda önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagy bilen kesgit lenýär, şonuň netijesinde ozal çykarylan maşynlar we enjamlar arzanlaýar. Ikinji görnüşli mo ral taýdan könelme täze, has ýokary öndürijilikli tehnikanyň peýda bolmagy bilen baglydyr, şonuň netijesinde öndürilýän önümiň biri üçin çykdajylar peselýär. Bu bolsa könelişen esasy gaznalaryň bellibir derejede peýdalylygyny peseldýär. Fiziki taýdan könelme esasy gaznalaryň hyzmat edýän möhletleriniň esasynda şu for mula boýunça kesgitlenýär: C fiz.kön = T f /T kx 100%, bu ýerde T f – hakyky hyzmat etmeli möhleti, ýyl; T k – kadaly hyzmat etmeli möhleti, ýyl. Birinji görnüşli moral taýdan könelme balans (ilkibaşky) gymmat bilen dikeldiş gym matynyň gatnaşygy boýunça kesgitlenýär: C fiz.kön 1 = (F b –F d )/ F bx 100%, bu ýerde F b – esasy serişdeleriň balans gymmaty, müň manat; F d – dikeldiş gymmaty, müň manat. Ikinji görnüşli moral taýdan könelme, düzgün bolşy ýaly, köne we kämilleşdirilen enjamlary esasy parametr boýunça, köplenç halatda öndürijiligi boýunça deňeşdirmegiň esasynda kesgitlenýär: C fiz.kön 2 = (P h – P t ) / P t x 100%, bu ýerde P h – hereket edýän enjamyň öndürijiligi, P t – täze enjamyň öndürijiligi. Ýatyryş gymmaty – könelen we hasapdan öçürilen esasy gaznalaryň ýerlenýän gym maty bolup, esasy önümçilik gaznalarynyň ýagdaýy we olary geljekde peýdalanmak mümkinçiligi bilen tertipleşdirilýär. Şunuň ýaly gymmat (enjam üçin) doly dikeldiş gymmaty bilen en jamyň demir böleginiň bahasy boýunça satylýan gymmatynyň arasynda üýtgäp biler. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling