O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet35/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Esasy serişdelerden ulanyş tutumyny almagyň düýpli manysyny we maksadyny açyp 
görkeziň.
2. Ulanyş tutumynyň ölçegi nähili hasaplanýar?
3. Esasy serişdeleriň peýdaly ulanylýan möhletine kesgitleme beriň we onuň ulanyş tutum la-
rynyň ýyllyk ululygyna nähili täsir edýändigini görkeziň.
4. Ulanyş tutumyny hasaplap ýazmagyň haýsy esasy usullaryny bilýärsiňiz?
5. Senagatda çaltlandyrylan ulanyş tutumyny almak näme bilen bagly bolup durýar?
 5.4.
Esasy serişdeleriň bardygyna, ýagdaýyna, hereketine 
we peýdalanylyşyna baha bermek 
Esasy serişdeleriň ululygyna degişli döwürde ortaça we pursatdaky senedäki ýagdaýa 
görä baha berlip bilner. Bu baha bermeleri peýdalanmak esasy önümçilik gaznalarynyň 
ululygyna baha berlende göz öňünde tutulan maksatlara baglydyr. Meselem, kärhanalar 
hususylaşdyrylan ýagdaýynda we onuň emläginiň gymmaty kesgitlenilende esasy gazna­
laryň ululygy anyk pursatda hasaplanylýar, ýuridik şahslaryň emläk üçin salgydy hasap­
lanylanda esasy gaznalaryň ortaça ýyllyk gymmaty hasaplanylýar. 
Şeýle hem esasy serişdelere baha bermek üçin esasy serişdeleriň könelme we ýa­
ramlylyk görkezijileri peýdalanylýar, olar degişlilikde, esasy serişdeleriň könelme pul 
möçberi bilen galyndy gymmatynyň nagt bar bolan esasy serişdeleriň doly gymmatyna 
gatnaşygyny görkezýär.
Esasy serişdeleri peýdalanmakda has umumy görkeziji gaznanyň peýda berijilik 
görkezijisi bolup durýar, ol şu formula boýunça hasap lanylýar: 
PBG = Q / F
sn
,
bu ýerde Q – öndürilen önümiň (hyzmatlaryň, işleriň) gymmaty manysyndaky möçberi; 
F
sn 
– esasy gaznalaryň şu döwürdäki ortaça gymmaty.


83
Mälim bolşy ýaly, aktiw we passiw esasy gaznalar önümçilik prosesinde dürli wezipe­
leri ýerine ýetirýärler, şonuň üçin olaryň kärhananyň işiniň ahyrky netijesine edýän täsirine 
baha bermek üçin esasy serişdeleri aktiw we passiw bölekleriniň görkezijileri hasaplanýar.
Gaznanyň peýda berijilik görkezijisiniň tersine bolan görkeziji gaznany talap edijilik 
görkezijisidir, ol boýunça esasy maýanyň (esa sy gaznalaryň) öndürilen önümiň birligi üçin 
çykarylan harajatlara baha berilýär: 
TEG = F
sn
/ Q.
Gaznany talap edijilik görkezijisi bellibir derejede esasy maýanyň önümçilikde bag­
lanyşdyrylmagynyň ortaça derejesini häsiýetlendir ýär, şonuň üçin hem kähalatda ony esasy 
serişdeleri berkitme koef fisiýenti diýip atlandyrýarlar.
Esasy önümçilik gaznalarynyň möhüm elementleriniň biri hem önümçilik we edara 
jaýlary kärhananyň ýerleşýän meýdany bolup durýar. Meýdanlaryň peýdalanylyşyna baha 
bermegiň barşynda şu kesgitlemeler ulanylýar:
– eýelenýän meýdan, kärhanada bar bolan meýdan (P
meý
)
– önümçilik meýdany – gönüden­göni önümçilik işiniň amala aşyrylýan meýdany
(P
ön.meý
);
– enjamlaryň oturdylan meýdany – önümçilik meýdanynyň enjamlaryň gönüden­göni 
ýerleşýän bölegi (P
enj
).
Seljermäniň barşynda tutýan meýdany koeffisiýenti (enjamlaryň tutýan meýdanynyň 
önümçilik meýdanyna bolan gatnaşygy) we eýelenýän meýdanyň üpjünçilik koeffisiýenti 
(önümçilik meýdanynyň eýelenýän (bar bolan) meýdana bolan gatnaşygy) peýdalanylýar. 
Bu iki koeffisiýentiň goşulmagy enjamlaryň tutýan meýdanynyň ähli eýelenýän (bar bolan) 
meýdan babatyndaky paýyndan ybarat bolýar. 
Kärhananyň meýdanlarynyň peýdalanylyşy üç esasy görkeziji bilen häsiýetlendiril ýär:
– enjamlaryň oturdylan 1 kubmetr meýdanyndan alnan önüm (Q / P
meý
);
– 1 kubmetr önümçilik meýdanyndan alnan önüm (Q / P
öm
);
– 1 kubmetr eýelenýän (bar bolan) meýdandan alnan önüm (Q / P
enj
).
Esasy gaznalaryň ululygy kärhananyň we onuň aýry­aýry birlikleriniň önümçilik 
kuwwatlyklaryny emele getirmekde esasy görkeziji bolup durýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling