O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- V BAP. KÄRHANANYŇ ESASY MAÝASY 5.1. Esasy gaznalar: düşünje, düzümi, gurluşy
Soraglar we ýumuşlar
1. Gytaklaýyn ykdysady taýdan düzgünleşdirmegi öz içine alýan elementleri aýdyp beriň. 2. Salgyt ulgamynyň esasy wezipeleri nämeden ybarat? 3. Salgyt düzgünleşdirmesiniň esasy usullaryny atlandyryň. 4. Ulanyş tutumy arkaly düzgünleşdirmegi we onuň kärhananyň işine edýän täsirini häsiýet- lendiriň. 5. Pul-karz düzgünleşdirmesiniň esasy gurallary haýsylar? V BAP. KÄRHANANYŇ ESASY MAÝASY 5.1. Esasy gaznalar: düşünje, düzümi, gurluşy Ýurduň ykdysadyýetiniň çäklerinde önüm öndürmegi, edil şonuň ýaly aýryaýry kärhanalaryň çäklerinde önümleri öndürmegi se rişdeleriň esasy üç görnüşiniň – maliýe, zähmet we maddy serişde leriň özara hereketi bolmazdan amala aşyrmak mümkin däldir. Olaryň soňkusy çig maly, materiallary, toplaýyş önümlerini, ýangyjy we energiýany, şeýle hem tehnologik enjamy, jaýlary, desgalary, ulag seriş delerini we beýlekileri öz içine alýar. Islendik önümçilik prosesi, bir tarapdan, maddy zät binýadynyň (onuň esasyny önüm çilik serişdeleriniň (zähmet predmetleri we serişdeleri) emele getirýär) kömegi bilen, beýleki tarapdan,gönüdengöni janly zähmet arkaly amala aşyrylýar. Maýa diýip biz maddy ýada maliýe serişdelerine, önümçilik prosesine gatnaşýan we peýda almak serişdesi bolup hyzmat edýän intellektual işläp taýýarlamalara we gurama çylyk (telekeçilik) başar nyklaryna düşünýäris. 74 Maýanyň hereketi we önümçiligiň barşynda ony özgertmek hemde önümleri ýerle mek prosesi maýanyň töwerekleýin dolanyşygy diýlip atlandyrylýar. Ykdysady nazaryýetde ol şu şekil bilen aňladylýar: F D D P L D – pul görnüşindäki maýa, ol önümçilik serişdelerini (F) we işçi güýjüni (L) satyn almak üçin peýdalanylýar. Soňra önümçilik faktorlary (F we L) önümçilik prosesiniň pudaklaýyn aýratynlyklaryny görkezýän bellibir proporsiýalarda birleşýärler önüm (P) döred ýärler, ol bolsa bazarda ýerlenmek bilen düşewünt (D`) alynmagyna ýardam edýär. Bu girdeji ozal pul görnüşinde (D) harçlanan maýanyň öwezini dolman, eýsem bellibir peýdany hem öz içine alýar. Şeýlelikde, töwerekleýin dolanyşygyň barşynda maýa şol bir wagtda şu görnüşlerde bolup biler: pul, önümçilik (önümçilik serişdeleri) we haryt (harytlar) görnüşinde. Öndürijilikli maýanyň jaýlarda, desgalarda, maşynlarda, enjam larda we önümçilik prosesine köp gezek gatnaşýan, bu prosesiň barşynda gymmaty bölekleýin, kemkemden taýýar önüme geçirilýän beýleki zähmet serişdelerinde maddylaşan bölegi esasy gaznalar diýlip atlandyrylýar. Öndürijilikli maýanyň bir önümçilik sikliniň barşynda peýdalanylýan we öz gym matyny dolulygyna taýýar önüme geçirýän beýleki bölegi (çig mal, materiallar, ýangyç, toplaýyş önümleri) dolanyşyk gaznalary diýlip atlandyrylýar. Hereket edýän ulgamyna baglylykda esasy gaznalar önümçilik we önümçilik däl gaz nalara bolünýär. Önümçilik gaznalaryna önümçilik prosesine gönüdengöni gatnaşýan we ony amala aşyrmak üçin şert döredýän esasy gaznalar degişlidir. Esasy önümçilik däl gaznalar – bu durmuş ulgamyň obýektleridir (çagalar baglary, bakja baglary, sport desgalary, saglygy go raýyş, medeniýet binalary), şeýle hem kärhanalaryň işgärlerine durmuş hyzmatyny etmek üçin niýetlenen desgalardyr. Kärhanalaryň esasy gaznalary onuň birlikleriniň ykdysady işiniň (pudaklaýyn degişli liginiň) görnüşleri boýunça toparlanma bölünýär. Meselem, senagat kärhanasynyň esasy önümçilik gaznalary gönüden göni önümçilik prosesine gatnaşýan, onuň hereket etmegini üpjün edýän, oňa hyzmat edýän senagatönümçilik gaznalaryna we senagat däl gaznalara bölünip biler. Soňkularyna kärhana degişli bolan kömekçi hojalygyň jaýlary, desgalary we enjamlary, kärhananyň gurluşyk birlikleriniň esasy gaznalary degişlidir. Esasy önümçilik gaznalary olaryň önümçilik prosesinde bellenilen maksadyna we na turalmaddy alamatlaryna laýyklykda şulara bölünýär: 1. Jaýlar – zähmet çekmek we maddy gymmatlyklary saklamak üçin zerur şertleri döredýän binagärlikgurluşyk desgalary, hususanda, esasy, kömekçi we goşmaça önümçi lik prosesleriniň amala aşyrylýan jaýlary we ymaratlary, şeýle hem edara jaýlary we hojalyk ymaratlary. Olaryň gymmatyna jaýlary ýaramly ýagdaýda saklamak ulgamlarynyň (ýyla dyş, suw geçirijiler, elektroset, wentilýasiýa we beýleki ulgamlaryň) gymmaty goşulýar. 75 2. Desgalar – önümçilik prosesine hyzmat etmek boýunça tehniki wezipeleri ýerine ýetirýän we zähmet serişdeleriniň üýtgemegi bilen bagly bolmadyk inženertehniki desga lardyr (ötükler, estakadalar, zawodyň içindäki demir ýollar, suw akdyrylýanlar we beýleki şuňa meňzeş desgalar). 3. Geçiriji enjamlar – olaryň kömegi bilen elektrik, ýangyç we mehaniki energiýanyň, şeýle hem suwuk (ergin) we gaz görnüşli maddalaryň geçirilýän enjamlary (elektrik we ýylylyk ulgamlary, aragatnaşyk liniýalary, gaz ulgamlary, bug geçirijiler we jaýyň düzüm bölegi bolup durmaýan beýleki enjamlar). 4. Maşynlar we enjamlar, şol sanda: 1) güýç maşynlary we enjamlar – energiýany işläp çykarýarlar, özgerdýärler we paýlaýarlar (generatorlar, elektrodwigateller, bug maşynlary we turbinalar, içinden ot lanýan dwigateller, güýç transformatorlary, paýlaýyş şitleri we ş.m.); 2) iş maşynlary we enjamlar – zähmet serişdelerine täsir etmek we önüm öndürmegiň barşynda olary ondanoňa geçirmek bilen gönüdengöni tehnologik prosese gatnaşýarlar (tehnologik enjamlar – stanoklar, presler, ýekedabanlar, termiki enjamlar, buraw enjamlary, göterijiulag mehanizmleri, konweýerler we beýlekiler); 3) ölçeýji we sazlaýjy gurallar hemde enjamlar – önümçilik proseslerini el bilen ýa da awtomatik usulda sazlamak, tehnologik prosesleriň düzgünlerini ölçemek we parame trlerine gözegçilik etmek, laboratoriýa synaglaryny we barlaglaryny geçirmek üçin hyzmat edýärler; 4) hasaplaýyş tehnikasy – kärhanany, önümçiligi hemde tehnologik prosesleri dolandyr mak wezipelerini çözmek işlerini tizleşdirmek we awtomatlaşdyrmak üçin niýet lenen serişdeleriň jemi bolup durýar (elektronhasaplaýyş maşynlary, enjamlary we beýle kiler); 5) ýokarda sanalyp geçilen toparlara girmedik, bellibir tehniki wezipeleri ýerine ýetirýän gaýry maşynlar we enjamlar (awtomatik telefon stansiýalary, ýangyn wagtynda ulanylýan basgançaklar, ýangyna garşy göreş maşynlary we beýlekiler). 5. Ulag serişdeleri – kärhananyň çäginde adamlary gatnatmak we ýükleri daşamak üçin serişdeler (kärhana degişli bolan demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzümi, suw we awtomobil ulaglary, şeýle hem zawodyň içindäki ulag serişdeleri). 6. Gural – gönüden göni görnüş emele getirýän element hökmünde önümçilik pro sesini amala aşyrmaga gatnaşýar (gymmaty iň pes zähmet hakynyň 100 essesinden ýokary we peýdalanylýan möhleti 1 ýyldan gowrak bolan gurallaryň, ştamplaryň, abzallaryň ähli görnüşleri). 7. Önümçilik esbaplary we abzallary – önümçilik amallaryny ýeňilleşdirmek, howp suz iş şertini döretmek, zähmet serişdelerini, ergin we ürgün jisimleri saklamak üçin hyz mat edýär (iş stollary, werstaklar, germewler, wentilýatorlar, baklar, tekjeler we beýlekiler). 8. Hojalyk esbaplary – önümçilige hyzmat etmek we iş üçin şert leri üpjün etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýär (köpeldiji we nusga alyjy apparatlar, stollar, şkaflar, hat ýazýan maşynkalar, kompýuterler, printerler we beýlekiler). Esasy önümçilik gaznalary aktiw we passiw böleklere bölünýär. Aktiw bölegine zäh met predmetlerini taýýar önüme öwürmäge gönüden göni gatnaşýan esasy gaznalar de gişlidir. Bu iş maşynlary we enjamlary, gurallar we abzallar, ölçeýji we sazlaýjy gurallar we 76 beýlekiler bolup durýar. Passiw bölegine, düzgün bolşy ýaly, zähmet serişdeleriniň önüme öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýän we şeýlelikde önümçilik prosesine ýardam edýän esasy serişdeleri – jaýlary, desgalary, geçiriji enjamlary we beýlekileri degişli edýärler. Esasy önümçilik gaznalarynyň aktiw we passiw bölekleriniň gatnaşygy kärhananyň önümçilik mümkinçiligine şaýatlyk edýär. Düzgün bolşy ýaly, aktiw bölegiň paýy näçe ýokary bolsa, esasy önümçilik gaznalarynyň şol bir jemi ululygynda şol derejede köp önüm (natural görnüşde) öndürilip bilner. Esasy gaznalaryň ol ýada beýleki görnüşlerini aktiw ýada passiw bölege degişli et mek kärhananyň işiň ol ýada beýleki görnüşine degişliligine baglydyr. Meselem, mysal üçin, maşyn gurluşyk önümçiligi üçin maşynlar we enjamlar, nebit çykarýan önümçilik üçin nebit çykaryjy enjamlar we guýylar aktiw bölek bolup durýar. Önümçilik prosesinde ýerine ýetirilýän wezipä baglylykda, esasy gaznalaryň şol bir görnüşi aktiw bölege ýada passiw bölege degişli edilip bilner. Meselem, eger transporter tehnologik prosesiň düzüm bölegi ýada şaýlary amallaryň arasynda ondanoňa geçirmek üçin hyzmat edýän bolsa, onda ony esasy gaznalaryň aktiw bölegine degişli edip bolar. Kärhana gelip gowuşýan materiallary gaýtadan ýüklemek üçin peýdalanylýan halatynda onuň roly passiwdir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling