O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Kärhananyň önümçilik maksatnamasy näme we ol meýilnamalaşdyrmak ulgamynda nähili 
orun eýeleýär?
2. Kärhananyň meýilnamasy düzülende nähili ölçeýjilerden peýdalanylýandygyny düşündiriň.
3. Önümçilik meýilnamasy düzülende nähili gymmat görkezijileriniň peýdalanylýandygyny 
gürrüň beriň.
4. Önümçilik maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň tertibini beýan ediň. 
 3.5.
Kärhananyň işindäki
töwekgelçilik
Strategiýany emele getirmek we strategik saýlawlary saýlap almak tapgyrlarynyň biri 
hem töwekgelçilige baha bermek hem­de ony meýilnamalaşdyrmak bolup durýar. Töwek­
gelçilik häzirki we geljekki ýagdaýlar barada maglumatlaryň ýetmezçiliginde ýüze çykýar. 
Telekeçilik işine näbelliligiň mahsusdygy sebäpli, töwekgelçilik islendik hojalyk çözgüdi­
niň ýerine ýetirilişine mahsusdyr:
– ykdysady konýunkturanyň (haryda, pula bolan islegiň we teklibiň, önümçilik fak­
torlarynyň) näbelliligi;
– maýanyň ulanylýan çygyrlarynyň köp görnüşliligi;
– telekeçiniň biliminiň çäkliligi we ş.m.
Töwekgelçiligiň düýp manysyna düşünmek töwekgelçiligiň önümçilik işiniň barşyn­
da durmuşa geçirýän wezipelerini anyklamak bilen baglydyr.
1. Sazlaýjy wezipeleriniň gapma­garşy häsiýeti bolup, ol iki görnüşde çykyş edýär:
– konstruktiw görnüşde – töwekgelçilik telekeçilik işjeňligini, täzeçilligi, geljegi na­
zarlamagy höweslendirmek bilen, katalizatoryň ornunda çykyş edýär;
– destruktiw görnüşde – töwekgelçilik durnuklylygy bozýar, çöz gütleriň esassyz 
ýokary töwekgelçilik bilen durmuşa geçirilmegi wal ýuntarizme getirýär.
2. Gorag wezipelerine iki jähtden seredilip bilner:
– taryhy­genetiki jäht – adamzat öz ösüşiniň dowamynda amatsyz şertlerden goran­
magyň usullaryny, ýagny töwekgelçiligi peseltmegiň usullaryny gözläpdir.
– hukuk jähti – telekeçiniň oýlanyşykly töwekgelçilige bolan hukugyny kanunçylyk 
taýdan üpjün etmegiň zerurlygyna getirýär.
Töwekgelçilik bellibir şertlerde (töwekgelçilik ýagdaýy) ýüze çykýar, ol şulary öz 
içine alýar:
1. Näbelliligiň bolmagyny, ýagny häzirki ýagdaý barada we waka laryň geljekki ösüşi 
barada maglumatlaryň ýetmezçiligi.
2. Bar bolan saýlaw görnüşleriň arasyndan çözgüdi saýlap almak zerurlygy.


60
3. Bar bolan görnüşleriň her birini amala aşyrmagyň ähtimallygyna baha bermek müm­
kinçiligi.
Şeýlelikde, töwekgelçiligi gutulgysyz, ýagny hökmany saýlap alyş ýagdaýynda 
näbel liligi ýeňip geçmek bilen baglanyşykly iş hök münde kesgitläp bolar. Töwekgelçilik 
ýagdaýynda şu pursatlara baha berip bolar:
– islenýän netijäni almak ähtimallygy (şowlulyk);
– islenilmeýän netijäniň ýüze çykmak ähtimallygy;
– saýlanyp alnan maksatdan gyşarmalar ähtimallygy;
– hereketleriň mümkin bolan amatly we amatsyz netijeleri.
Telekeçilik töwekgelçilikleriniň dürli bardyr, hususan­da, şu ölçegler boýunça:
1. Howpuň çeşmesi boýunça:
1.1. Tebigy güýçleriň zyýan beriji täsiri bilen bagly tebigy töwekgelçilikler:
1.1.1. Howa sebäpli töwekgelçilikler (tupanlar, sil gelmegi, suw basmagy).
1.1.2. Geologiýa sebäpli töwekgelçilikler (ýer titreme, sunami);
1.1.3. Kosmos sebäpli töwekgelçilikler (meteoritleriň gaç magy);
1.1.4. Biologiýa sebäpli töwekgelçilikler (epidemiýalar).
1.2. Adamlaryň hereketleri bilen şertlendirilen durmuş töwekgelçilikler:
1.2.1. Delikat töwekgelçilikler (ogurlyklar, aldawçylyklar we ş.m.).
1.2.2. Syýasy töwekgelçilikler (uruşlar, iş taşlaýyşlar, embargo we ş.m.);
1.2.3. Bazar töwekgelçilikleri (puluň hümmetiniň üýtgemegi, hümmetsizlenme, töleg 
tölenmezligi);
1.2.4. Hukuk töwekgelçilikleri (kanunçylygyň üýtgemegi, ka nunlaryň ýalňyş ulanyl­
magy).
2. Işiň görnüşi boýunça: bank, ulaglar, maýa goýum, önümçilik, söwda, birža, oba 
hojalyk işleri we ş.m.
3. Ýüze çykýan ugry boýunça:
3.1. Daşky töwekgelçilikler – telekeçiniň işi bilen bagly bolmadyk töwekgelçilikler;
3.2. Içki töwekgelçilikler – esasy (ýitgiler) we kömekçi (abraýyň, bazardaky orun­
laryň ýitirilmegi we beýlekiler. Ýitirilen bähbit gör nüşinde aňladylýar).
4. Uzaklygy boýunça:
4.1. Gysga möhletli töwekgelçilikler – bellibir döwrüň dowamynda ýüze çykýar;
4.2. Hemişelik töwekgelçilikler (seýsmiki zolak, harby hereketleriň zolagy we ş.m.). 
5. Ýüze çykmagynyň hukuk esaslary:
5.1. Hökmany (şertnamalaýyn) esaslar – anyk geleşikden gelip çykýar;
5.2. Hökmany bolmadyk – şu geleşik bilen bagly bolmadyk esas lar.
6. Netijeleri:
6.1. Dinamiki (hereketdäki) töwekgelçilik – dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň 
netijesinde emlägiň gymmatynyň öňünden görülmedik üýtgemeleri ýa­da bazar, syýasy 
ýagdaýlaryň öňünden görülmedik üýtgemeleri sebäpli töwekgelçilik (girdejileriň ýitiril­
megine hem­de goşmaça girdejileriň alynmagyna getirip biler).


61
6.2. Statiki (hereketsiz) töwekgelçilik – eýeçilige zyýan ýetirmegiň netijesinde hakyky 
aktiwleri ýitirmek, şeýle hem guramanyň işe ukypsyzlygy sebäpli girdejini ýitirmek töwek­
gelçiligi, diňe ýitgilere getirýär.
7. Töwekgelçilik derejesi:
7.1. Kanuny töwekgelçilik; 
7.2. Bikanun (kanuny däl) töwekgelçilik (awantýura);
7.3. Moral töwekgelçiligi (ýitgiler ätiýaçlandyryş baýragy bilen ýapylar diýip hasap 
etmek bilen bagly töwekgelçilik).
Kabul ederlikli töwekgelçilik konsepsiýasy ALARA (As Low As Reasonable Achie­
vable) ýörelgesi hökmünde bellidir. Bu konsepsiýa laýyklykda, eger «absolýut howpsuz» 
taslamany saýlap alyp bolma ýan bolsa, onda şu taslama üçin howpsuzlygyň kabul ederlikli 
derejesine ýetmäge çalyşmak zerurdyr, ýagny islendik prosesi, islendik tehnologiýany ähli 
derejelerde ekologiýa, ykdysady we hukuk hem­de başga bir taýdan amatly etmäge çalyş­
mak gerek.
Töwekgelçiligiň kanunylygynyň şu ölçeglerini görkezip bolar:
1) bellenilen maksada töwekgelçiligi aradan aýyrýan tärleri ulanmak arkaly ýetmegiň 
mümkin däldigini ykrar etmek;
2) töwekgelçilikli hereketleriň jemgyýetçilik ähmiýeti bolan netijelere gönükdirilmegi;
3) adamyň ömrüne we saglygyna howp salýan ýagdaýlarda ha kyky çaklap bolýan 
derejede töwekgelçilige ýol bermezlik.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling