O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Kärhanada meýilnamalaşdyrmak işi
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
13-nji surat. Kärhanada meýilnamalaşdyrmak işi
4. Sargyt № 996 50 3. Tehniki ösüş we önümçiligi guramak meýilnamasy şu kiçi bölekleri öz içine al malydyr: önümiň täze görnüşlerini özleşdirmek we çykarylýan önümiň tehniki derejesini ýokarlandyrmak; öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak; önümçiligi mehanizasiýalaş dyrmagyň, awtomatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, kärhanada zähmeti we önüm çiligi dolandyrmak, meýilnamalaşdyrmak we guramak ulgamyny kämilleşdirmek. Innowasion işiň her bir ugry boýunça anyk çäreler işlenip taýýarlanýar, maýa go ýumlaryň möçberi we garaşylýan ykdysady netije (peýdanyň üýtgemegi ýada şu maýa üçin zerur bolan islegiň azalmagy görnüşinde) hasaplanýar. Kärhananyň strategik meýil namasynda kesgitlenýän maksatlara baglylykda maýa goýum işiniň ileri tutulýan ugurlary bellenilýär, bu bolsa maýa goýum serişdelerini iň ähmiýetli ugurlarda jemlemäge mümkin çilik berýär. 4. Düýpli gurluşyk meýilnamasy esasy gaznalaryň, önümçilik kuwwatlyklarynyň we beýleki düýpli gurluşyk desgalarynyň seredilýän döwründe işe girizilmeli möçberlerini kesgitleýär. Maýa goýumlaryň zerur bolan möçberlerini kesgitlemek, şeýle hem ony ma liýeleşdiriş çeşmelerini anyklamak onuň möhüm elementi bolup durýar. Şonuň bilen bir wagtda gurluşykgurnama işleriniň häsiýeti (potrat, öz güýçleri bilen ýerine ýetirilýän işler we ş.m.) kesgitlenýär. 5. Satyn almalar meýilnamasy (maddytehniki üpjünçilik) esasy maddy serişdelere bolan islegi kesgitleýär we olaryň alynmaly çeşmelerini takyklaýar (esasy üpjün edijiler, ibermek barada uzak möhletli şertnamalaryň bolmagy, önümçilik kooperasiýasy, çäkli serişdeler bilen üpjünçilik we ş.m.), bu bölekde maddy serişdeleriň peýdalanylyşynyň we saklanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem meýilnamalaşdyrylýar. 6. Zähmet we zähmet haky boýunça meýilnama zähmet öndürijiliginiň üýtgeme görkezijilerini öz içine alýar, zähmet serişdelerine bolan zerurlygy we olaryň üstüni ýetir megiň mümkin bolan çeşmelerini kesgitleýär. Wagt boýunça hak tölenende zähmet haky gory hasaplanýar ýada zähmete hak tölemegiň beýleki görnüşlerinde zähmet hakyny ha saplamak üçin ölçegnama kesgitlenýär. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň usul laryna baha bermäge aýrytyn üns berilýär. 7. Önümiň özüne düşýän gymmaty, peýda we önümçiligiň hemde kärhananyň düşewüntliligi boýunça meýilnama önümçilik çykdajylarynyň depgini baradaky maglumat laryň seljermesini öz içine alýar. Şu esasda önüm öndürmegiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegiň mümkinçilikleri kesgitlenýär, özüne düşýän gymmatyň üýtgemeginiň peý da we düşewüntlilige edýän täsirine baha berilýär. Garaşylýan peýdanyň we önümçiligiň düşewüntliliginiň hasaplamalary we seredilýän döwrüň ýyllary boýunça bu görkezijileriň depgini getirilýär. 8. Tebigaty goramak boýunça meýilnama ekologiýa ugry bolan çäreleri göz öňünde tutýar. 9. Maliýe meýilnamasy (býujet) – bu bölek kärhananyň girdejileriniň we çykda jylarynyň balansyny, geljekki çykdajylaryň we geçirimleriň hasaplamasyny, karz özara gatnaşyklaryny, merkezleşdirilen we ýerli býujetiň öňündäki borçnamalary öz içine alýar. Maliýe meýilnamasy meýilnamalaşdyrylýan döwrüň her bir ýyly üçin kärhananyň girdeji leriniň we çykdajylarynyň balansyny öz içine alýar. Geljegi göz öňünde tutýan meýilnamany işläp düzmegiň algoritmi şulardan ybaratdyr: 51 – strategik meýilnamany işläp düzmegiň barşynda geçirilen marketing barlaglarynyň netijeleri takyklanýar. Geçen döwürlerde satuwlaryň möçberiniň depginine seljerme be rilýär, önümçilik kuwwatlyklarynyň hakyky mümkinçiliklerine baha berilýär. Bu mag lumatlaryň esasynda ýyllar boýunça bölmek bilen, seredilýän döwür üçin kärhananyň önümçilik maksatnamasy we önümleri ýerlemegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar; – önümçilik maksatnamasynyň esasynda kärhananyň maýa goýum işiniň maksatna masy işlenilip taýýarlanylýar, onda önümçilik ulgamynda maýa goýum harajatlaryndan başgada, daşky gurşawy goramak üçin çykdajylar hasaba alynýar we maddy hemde zäh met serişdelerine bolan zerurlyga baha berilýär; – önüm öndürmegiň özüne düşýän gymmatynyň depgini seljerilýär, meýilnamalaş dyrylýan peýda we önümçiligiň düşewüntliligi hasaplanýar, özüne düşýän gymmaty pe seltmegiň mümkinçiliklerine seredilýär we bu çäreleriň netijesine baha berilýär. Geljegi göz öňünde tutýan meýilnamany düzmek işini kärhananyň maliýe meýilna masyny (býujetini) işläp taýýarlamak jemleýär. Kärhanany ösdürmegiň geljege niýetlenen meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ykdysadymatematiki usullar we häzirkizaman hasap laýyş tehnikasy uly rol oýnaýarlar. Olardan peýdalanylmagy hojalygy ýöretmegiň durnuksyz şertlerinde (salgyt syýasatynyň we gümrük kanunçylygynyň üýtgemegi, ýeňillikleriň ýatyrylmagy ýada girizilmegi, önümlere bolan islegiň üýtgäp durmagy, bahalaryň depgini we ş.m.) firmany ösdürmegiň dürli görnüşlerine seljermäni gowy hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Meýilna manyň köp görnüşliligi ony amatly etmäge, ýagny bar bolan çäklendirmelerde köp sanly görnüşleriň arasyndan kriteriler hökmünde saýlanyp alnan parametrleriň amatly ähmiýetini üpjün etmäge mümkinçilik berýän bir görnüşini saýlap almaga mümkinçilik berýär. Köp görnüşli beýleki hemişelik görkezijileriň bolmagynda aýryaýry parametrleri üýtgetmek bilen gazanylýar, bu bolsa meýilnama işlenip taýýarlanylanda hasaba alynýar. Geljekde meýilnama gysga möhletli meýilnamalaşdyrmagyň çäklerinde anyklaş dyrylýar – kärhananyň ýyllyk meýilnamasynyň hasaplamasy ýerine ýetirilýär. Ýyllyk ykdysady we durmuş ösüş meýilnamasy kärhananyň önümçilikhojalyk işi niň mukdar hemde hil görkezijileri boýunça takyklanylan ýyllyk maksatnamasy bolup durýar, zerur bolan ähli tehnikiykdysady hasaplamalary öz içine alýar, kärhananyň önüm çilikhojalyk işiniň ähli taraplaryny gurşap alýar we geljege niýetlenen meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylýan böleklerine laýyklykda işlenip düzülýär. Ýyllyk meýilnama çärýek ler boýunça bölünýär. Ony düzmek üçin başlangyç resminamalar şulardan ybaratdyr: – kärhanany ösdürmegiň geljege niýetlenen meýilnamasy; – onuň önümçilikhojalyk işiniň netijelerine täsir edýän kanunçylyk binýadynyň üýt gemegi; – geçen döwürde önüme bolan isleg we bahalaryň depgini babatynda geçirilen marke ting barlaglarynyň takyklanylan netijeleri; – geçen döwürde önüm öndürmek we ýerlemek boýunça hemde esasy maliýe görkezijileri boýunça kärhananyň hasabatlary; – geçen döwürdäki ýetmezçiligi (artyklygy) hasaba almak bilen, meýilnamalaş dyrylýan döwür üçin maýa goýum harajatlaryny amala aşyrmagyň we kreditor bergini üz megiň meýilnamasywagt tertibi; 52 – meýilnamalaşdyrylýan ýyl üçin täzelikleri özleşdirmek mak sat namasyna goşmaça intellektual işiň obýektleri (oýlap tapyşlar, ygtyýarnamalar, täzeçillik teklipler). Ýyllyk meýilnama hem geljege niýetlenen meýilnama ýaly birnäçe tapgyrlarda dü zülýär. Ýyllyk meýilnamanyň taslamasy emele getirilýär. Bu tapgyrda geçen ýylyň we şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri seljerilýär. Şonuň esasynda kärhananyň bar bolan mad dy, zähmet we maliýe serişdeleriniň peýdalanyşy hasaplanylyp çykarylýar. Şunda kärha nanyň dolandyryş edarasynyň meýilnamalaşdyrylýan döwürdäki hereketleri geçen ýyldaky ýaly bolar diýip hasap edilýär. Deslapky hasaplamalaryň maksady meýilnamalaşdyrylýan ýyl üçin, takmynan, önümçilik maksatnamasyny düzmek bolup durýar, şonuň esasynda hem kärhananyň peýdasynyň çaklamasy kesgitlenilýär. Kärhanany dolandyrmakda düýpli üýtgemeleriň bolup geçmedik we önümleri geçen döwürdäki ýaly möçberde öndürmek barada çözgüt kabul edilen ýagdaýynda hem peý danyň ululygy seredilýän döwrüň hasabatynda görkezilen ululykdan tapawutlanar. Şunuň ýaly gyşarma hojalygy ýöretmegiň daşky şertleriniň üýtgemeginiň göni netijesi bolup durýar, olar çaklama hasaplamalar düzülende hasaba alynmalydyr. Daşky şertleriň üýt gemegi bilen bir hatarda, kärhananyň öz içinde hem käbir üýtgemeler bolup biler. Mysal üçin, geljege niýetlenen meýilnama laýyklykda meýilnamalaşdyrylýan ýylda täze tehnolo giýany ornaşdyrmak, maýa goýum taslamasyny amala aşyrmak, işgärleriň hil ýada muk dar düzümini üýtgetmek we ş.m. göz öňünde tutulyp bilner. Degişli üýtgetmeler hasaba alnandan soň peýda boýunça deslap ky hasaplama düze dilen görnüşi alýar we meýilnamalaşdyrmagyň soňky tapgyrlary üçin binýat bolup biler. Kärhanany dolandyrmakdaky mümkin bolan üýtgemelere seretmezden, geçen döwrüň sel jermesine esaslanýan hasaplamalar meýilnamalaşdyrmagyň passiw tap gyryna degişlidir. Peýdanyň düzediş girizilen hasaplamasy meýilnama görnüşini alýar, ol maliýe meýil namasy düzülende peýdalanylar. Maliýe meýilnamasynyň esasynda kärhananyň geljek ýyl üçin meýilnama balansy işlenip taýýarlanylýar we peýdalylyk hemde geçginlilik görkezi jilerine seljerme geçirilýär. Bu görkezijileriň durnuklylygyna subutnama bar bolan ýag daýynda meýilnama kabul edilýär. Elbetde, telekeçilik işiniň ýokary derejede näbellilik we ykdysady şertleriň durnuksyz lyk şertlerinde, şeýle hem daşky ykdysady gurşawdaky üýtgemelere çalt seslenmek zerur bolanda geljege niýetlenen we ýyllyk meýilnamalary düzmegiň doly düzgüni ony ýönekeýleşdirmek tarapyna üýtgär. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling