46
maýa goýum syýasatynda saýlanyp alnan ugruň dogry boljakdygy onuň işiniň netijeliligine
baglydyr. Şol bir wagtyň özünde iň şowly çözgütler hem, eger olar kärhananyň maksatlary
na we syýasatyna laýyk gelmeýän bolsa, netijeli bolup bilmez.
Kärhananyň
strategik, taktiki we gündelik maksatlaryny düzmek, syýasaty işläp
taýýarlamak, garaşylýan netijeleri anyklaşdyrmak, esasy tehnikiykdysady görkezijileriň
çaklanylýan ähmiýetleriniň hasaplamasy – bular meýilnamalaşdyryş prosesiniň mazmu
nyny eme le getirýär.
Sepgitlere (meýilnamanyň düzülýän döwürlerine) laýyklykda uzak möhletli, orta
möhletli we gysga möhletli meýilnamalaşdyrmak tapawutlandyrylýar (12-nji surat).
Uzak möhletli meýilnamalaşdyrmagyň strategik häsiýeti bardyr, sebäbi uzak möhlet
li çemeleşmede kärhananyň strategik maksatlary we olary durmuşa geçirmegiň ýollary
anyklanylýar. Kärhananyň göwrümine baglylykda strategik meýilnamalaşdyrmagyň
möhleti kiçi kärhana üçin 35 ýyla we iri kärhana üçin 20 ýyla deň bolup biler.
Şol sebäpli hem uzak möhletli meýilnamalaşdyrmak strategik meýilnamalaşdyrmak
bilen meňzeş hasap edilýär, onuň gönüdengöni predmeti bolsa kärhananyň strategiýasyny
işläp taýýarlamak we seljermek bolup durýar.
Do'stlaringiz bilan baham: