O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Önümçilik döwrüniň uzaklygy


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet18/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Önümçilik döwrüniň uzaklygy
Iş wagtynyň
uzaklygy
Tehnologik amallaryň 
uzaklygy
Taýýarlyk­jemleýji 
wagt
Gözegçilik
amallarynyň wagty
Aýratyn wagt
Daşamak
amallarynyň wagty
Tehnologik däl
amallaryň uzaklygy
Tebigy prosesleriň
uzaklygy
Arakesmeleriň
uzaklygy
Çalşykara
Garaşmalar
Tapgyrlaýynlyk
9-njy surat. Önümçilik döwrüniň uzaklygynyň emele getirilişi
Önümçilikde artykmaçlyk gazanmak üçin on talap
1. Materiallary we işi önümçilik konweýerine oýlanmazdan dykyşdyrmagyň ýerine 
ondan önümi çekip almaly.
2. Taslanan önümi ammarda üýşürip goýmagyň we ondan-oňa geçirmegiň ýerine ön-
dürijiligi gowulandyrmak üçin çalt öndürmeli we ibermeli.
3. Artykmaç hereketleri we önümiň çykarylyşyna ýa-da hiline göni ýardam etmeýän 
hereketleri aradan aýryp, tabşyryk alnandan başlap önüm iberilýänçä sarp edilýän wagty 
azaltmaly.
4. Öndürijiligi ýokarlandyrmak we sarp edijä önümiň ýokary funksionallygyny we 
ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin konstruksiýanyň işlenip taýýarlanyşyny gowulandyr-
maly.
5. Satyn alynýan çig malyň we materialyň önümiň birligi üçin sarp edilýän möçberini 
azaltmaly.
6. Ýönekeýligi höweslendirmek we serişdeleriň sarp edilişini azaltmak bilen, önümçi-
lik prosesini kämilleşdirmeli.
7. Önümçilikdäki ýalňyşlary olaryň ýüze çykan wagtynda anyklamaly we düzetmeli.
8. Maglumatlar we gözegçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeli, olary işläp taýýarlaýyş 
we önümçilik bilen utgaşdyrmaly.
9. Bilimleri alyşmak we netijeliligi artdyrmak maksady bilen, üpjün edijiler we serwis 
hyzmatyny edýän wekilhanalar bilen hyzmatdaşlyk etmeli.
10. Işiň önümleri işläp taýýarlamaga we olary sarp edijilere ibermäge degişli ähli 
ugurlarynda goşmaça gowulandyrmalary geçirmäge çalyşmaly.
Önümçilik prosesindäki arakesmeleriň bäş görnüşini görkezip bolar:
– kärhananyň iş düzgüni bilen şertlendirilen we iş çalşyklarynyň sanyna, olaryň 
arasyndaky arakesmeleriň uzaklygyna, dynç we iş däl günleriň sanyna bagly arakesmeler 
(çalşygara arakesmeler);


41
– iş ýeriniň (enjamyň) boş däldigi, şonuň netijesinde şaýlaryň onuň beýleki işlerden 
boşaýan wagtyna garaşyp ýatýandygy sebäpli (garaşma arakesmeleri);
– şaýlar tapgyrlaýyn işlenilip bejerilende, tutuş tapgyryň indiki amal üçin daşalmagyn­
dan öň işlenmäge garaşyp ýatýandygy sebäpli arakesmeler (tapgyrlaýynlyk arakesmeler);
– kärhanada önümçilik işiniň kanagatlanarsyz guralandygy sebäpli ýüze çykýan 
arakesmeler. Iş ýerleriniň ýaramaz guralmagy, materiallaryň ýa­da gurallaryň öz wagtynda 
berilmezligi, tehniki resminamalaryň hiliniň pes derejede bolmagy, abatlaýyşdaky kemçi­
likler işiň barşynda mejbury arakesmelere we netijede önümçilik döwrüniň uzaklygynyň 
artmagyna getirýär;
– tötänleýin ýüze çykýan ýagdaýlar, hususan­da, materiallaryň üpjün edijilerden gelip 
gowuşmagynyň bökdelmegi, elektrik energiýasynyň öçürilmegi, enjamyň awariýa düşme­
gi sebäpli ýüze çykýan arakesmeler.
Önümçilik döwrüniň uzaklygy köp babatda kärhanada gündelik­senenamalaýyn 
meýilnamalaşdyrmagyň hiline baglydyr.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling