O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 7-nji surat. Kärhananyň guramaçylyk gurluşynyň matrisa gurluşy
- Sorag we ýumuşlar
- 2.2. Guramaçylyk gurluşlaryny emele getirmek we olary transformirlemek
Kärhananyň ýolbaşçylary
Taslamalaryň ýolbaşçysy 1nji taslama 1 2 3 2nji taslama Marketing Hasap Maliýe Ykdysadyýet Işgärler Meýilnamalaşdyrmak 3nji taslama Funksional birlikler 7-nji surat. Kärhananyň guramaçylyk gurluşynyň matrisa gurluşy Matrisa ulgamlarynyň ýetmezçilikleriniň hataryna ony amala aşyrmagyň dolan dyryşdaky bir ölçeglilik ýörelgesini berjaý etmek bilen bilelikde bolup geçmeýändigini degişli edip bolar, şonuň netije sinde her bir tabynlykda işgäriň bir dälde, birnäçe ýolbaş çysy bolýar, olaryň görkezmeleri bolsa, köplenç halatda, gapmagarşy bolup biler. Sorag we ýumuşlar 1. Kärhananyň umumy, guramaçylyk we önümçilik gurluşyna kesgitleme beriň. 2. Kärhananyň esasy guramaçylyk gurluşlarynyň nähili ýetmezçilikleri we artykmaçlyklary bar? 3. Edara ediş-buýruk beriş we bazar ykdysadyýeti şertlerinde işleýän kärhanalar üçin haýsy guramaçylyk gurluşlarynyň has kabul ederliklidigine seljerme geçiriň we esaslandyryň. 2.2. Guramaçylyk gurluşlaryny emele getirmek we olary transformirlemek Ykdysady gurşawyň yzygiderli üýtgeýän talaplaryna laýyk gel ýän guramaçylyk gur luşynyň gözlegi kärhanalary öz guramaçylyk gurluşyny üýtgetmäge mejbur edýär. Islen dik, bellibir şertler üçin iň gowy gurluş kärhananyň hereket etmeginiň barşynda daşky we içki gurşawda bolup geçýän üýtgemelere laýyk gelmän başlaýar. Guramaçylyk gurluşynyň emele getirilmegine daşky we içki faktorlar täsir edýärler, ýöne esasy roly önümçiligiň görnüşi – senagat önüm çiligini guramagyň aýratynlyklarynyň toplumlaýyn häsiýetnamasy oýnaýar. Önümçiligiň görnüşi önümçilik prosesiniň esasy ele mentleriniň içki aragatnaşyklarynyň häsiýetini we iş ýerlerinde önümçilik şertleriniň durnuklylyk derejesini görkezýär hemde birnäçe faktorlara, ýagny ýöriteleşme dereje sine, önümçiligiň gerimine, önüm leriň taýýarlanýan nomenklaturasynyň çylşyrymlylygyna we dur nuklylygyna bagly bolýar. Önümçiligiň üç görnüşi tapawutlandy rylýar: aýratyn, tapgyr laýyn we köpçülikleýin. 33 Aýratyn önümçilik üçin çäkli derejede sarp edilýän önümiň dürli görnüşli we yzygiderli üýtgeýän nomenklaturasyna girýän önüm leri birbirden (aýratyn) çykar mak häsiýetlidir (turbinalar we kuw watly elektrik maşynlary, kärende stanlary iri we özboluşly metal kes ýän stanoklar we ş.m.). Tapgyrlaýyn önümçilige çäkli no menklatura girýän, çykarylmagy bellibir wagtyň dowamynda gaýtalanýan bir meňzeş önümleri bir wagtda tapgyrlaýyn öndürmek mahsusdyr. Tap gyr diýip anyk döwrüň dowamynda üznüksiz, ugurdaş ýada yzy giderli, bölekleýin önümçilige goýberilýän birnäçe gurluş taýdan bir meňzeş önümlere düşünilýär. Iri elektro hereketlendiri jiler, kompres sorlar, ýolgurluşyk we oba hojalyk maşynlary hemde tehnikanyň beýleki görnüşleri tapgyrlaýyn önümçiligiň dürli görnüşli desgalary bolup durýarlar. Önümleriň sanyna baglylykda tapgyrda ownuk tapgyrlaýyn, orta tapgyrlaýyn we iri tapgyrlaýyn önümçilik görkezilýär. Köpçülikleýin önümçilige önümiň çäkli nomenklaturasyny köp möçberlerde taýýar lamagyň bellibir derejede uzak döwri mahsusdyr. Mysal üçin, awtomobiller, telewizorlar, durmuşda ulanylýan elektrik enjamlary we tehnikanyň beýleki görnüşleri köpçülikleýin önümçiligiň görnüşli obýektleri bolup durýar. Önümçiligiň guramaçylyk görnüşli gurluşyna täsir edýär. Köpçülikleýin önümçilik üçin işleýänleriň umumy sanynda hünärmenleriň paýynyň az bolmagy, diýmek, özbaş dak gurluş birlikleriniň az bolmagy häsiýetlidir, şonuň netijesinde dolandyryş wezipeleriň merkezleşme derejesi ýokarlanýar. Dolandyryş wezipeleriniň köp böle giniň gönüdengö ni önümçilik birliklerine berilýän ýeri bolan aý ratyn önümçilikde guramaçylyk gurluşy merkezleşmeden aýrylmaga ymtylýar, bu bolsa diwizional gurluşlaryň peýdalanylmagyna ge tirýär. Tapgyrlaýyn önümçilikde tapgyryň möçberi guramaçylyk gurluşyny kesgitleýär, ownuk tap gyrlaýyn önümçiligiň guralyşynyň aýratyn önümçiligiň guramaçylyk gurluşyna meňzeşligi bardyr, iri tap gyrlaýyn önümçiligiň guralyşy bolsa köpçülikleýin önümçiligiň gura maçylyk gurluşyna golaý bolýar. Guramaçylyk gurluşy ulgamyň aýryaýry elementleriniň bilelikde hereket etmeginiň aýryaýry elementleriň hereket etmeginiň jemi netijeliligine garanyňda has ýokary umumy netijeliligi üpjün eder ýaly guralmalydyr (ulgamlaýyn netije diýlip atlandyrylýar). Guramaçylyk gurluşy aşakdaky şertleri kanagatlandyrar ýaly gör nüşde işlenip taýýar lanylýar: – serişdeleriň peýdalanylyşyny amatly utgaşdyrmak we gözegçilik etmek hemde kärhananyň işiniň ýokary ykdysady netijeliligi; – kärhananyň her bir birligi boýunça maýa goýum we önümçilik harajatlaryny hem de çykdajylary hasaba almak. Guramaçylyk gurluşyny işläp taýýarlamak şu tapgyrlary öz içine alýar: – kärhananyň maksatlaryny we wezipelerini bellemek; – goýlan maksatlara ýetmek üçin kärhana tarapyndan durmuşa geçirilýän wezipeleri kesgitlemek (umumy ýolbaşçylyk, maliýe, ykdysady seljeriş, maliýe gözegçiligi, meýilna malaşdyrmak, hasaba alyş, işgärleri dolandyrmak, marketing, satyn almalar, önümçilik we ýerleşdirme); 3. Sargyt № 996 34 – wezipeleri toparlamak ýada özara baglanyşdyrmak; – anyk wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin jogap berýän gurluş birliklerini anyk lamak; – işleriň esasy görnüşleriniň ählisini seljermek, meýilnamalaşdyr mak we beýan etmek; – täze birlikler üçin işgärleri toplamak we okatmak maksatnamalaryny düzmek. Guramaçylygy taslamak (guramaçylyk gurluşyny işläp düzmek) şu kadalary berjaý etmek bilen amala aşyrylýar: – kärhananyň wezipeleri anyk birliklere ýada adamlara berkidilmelidir. Eger kärha nada haýsydyr bir wezipesiniň amala aşyrylmagyna jogap berýän bölüm ýada işgär ýok bolsa, onda ony ýerine ýetirmek serişdeleriň, birinji nobatda bolsa ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin gerek boljak wagtyň ýitirilmegi bilen bagly bolar; – her bir wezipäni diňe bir birlik ýada bir ýerine ýetiriji amala aşyrmaly, bolmasa gaýtalama ýüze çykar, bu hem önümçilik däl çykdajylarynyň bolmagyna getirýär we do landyryşyň ýitirilmegine sebäp bolýar; – kärhananyň geljekki ösüşini göz öňünde tutmaly we guramaçylygy taslamak işini geljekki maksatlara gözükdirmeli; – guramaçylyk gurluşyny amatly etmegiň esasy parametrlerine üns bermek talap edilýär, olaryň arasynda şular bardyr: dolandyryş çygry – birligiň ýolbaşçysynyň tabynly gyndaky işgärleriň sany; dolandyryş derejeleriniň sany; işler, prosesler, enjamyň görnüşleri, ýerleşýän ýerleri, önümler ýada sarp edijileriň derejeleri boýunça jikmejikleşdirmek; borç lary we ygtyýarlyklary tertipleşdirmek we paýlamak. Guramaçylyk gurluşy döwürleýin ösýär. Bellibir tapgyrda kärhana özüniň gurama çylyk gurluşynyň çäginden «ösüp çykýar» we ony özgertmek üçin şertler peýda bolýar. Kärhananyň gurluşynyň üýtgemegi bilen bagly ony özgertmegiň esasy usuly gur luş taýdan üýtgedip guramak bolup durýar, ol do lan dyryş gurluşyny we wezipeleri ni kämilleşdirmäge degişlidir. Kär hanany gurluş taýdan üýtgedip guramagyň maksa dy önümçiligiň neti jeliligini, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, zäh met öndürijiligini artdyrmak, şeýle hem önümçilik harajatlaryny azalt mak bolup durýar. Gurluş taýdan üýtgedip gurmagyň barşynda öz gertmeler toplumlaýyn amala aşyrylýar we kärhana hereket etmegiň bazaryň üýtgän şertlerine laýyk gelýän täze şer tlerine geçýär. Gurluş taýdan üýtgedip guramagy geçirmegiň netijesinde ýüze çykýan täze gurama çylyk gurluşy şu talaplara laýyk gelmelidir: – bähbitleriň çapraz gelmeginiň mümkin bolan nokatlarynyň sanyny azaltmak; – birlikleriň arasynda maglumatlaryň çalt we netijeli alşylmagyny üpjün etmek; – dolandyryş çözgütlerini kabul etmegiň barşynda ygtyýarlykla ryň we borçlaryň paýlanyşyny düzgünleşdirmek. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling