3-nji surat. Çyzyklaýyn guramaçylyk gurluşy
Çyzyklaýyn guramaçylyk gurluşy (1, 2. 3 – önümçilik sehleri; 1.1, 1.2... – önüm
çilik uçastoklary)
Gurluş ýönekeý we tygşytly bolup, başlyklyk etmek bilen jogap kärçiligiň balansyny
berjaý etmäge mümkinçilik berýär, şol bir wag tyň özünde hem ýolbaşçynyň ahyrky jo
gapkärçiligini üpjün edýär. Emma çyzyklaýyn gurluşa uly ýetmezçilik hem mahsusdyr – hiç
bir ýolbaşçy uniwersal bolup we kärhananyň işiniň ähli taraplaryna birmeňzeş hünärli ýol
başçylyk edip bilmejekdigi şol ýetmezçilik bolup durýar.
Şunuň ýaly gurluş diňe gündelik wezipeleri çözmäge gözükdirilendir. Onuň üçin çeýe
dällik häsiýetli bolup, ol býurokratizmiň ýüze çykmagyna we maglumatlar bir dolandyryş
derejesinden beýlekisine geçirilende olaryň ýoýulmagyna ýol berýär.
Funksional gurluşda (4nji suratda) funksional birlikleriň ýolbaşçylary bellibir iş
boýunça ýöriteleşýärler we degişli wezipeleriň durmuşa geçirilişine jogap berýärler, öz
ygtyýarlygyna girýän meseleler boýunça önümçilik birliklerine görkezme berýärler.
Funksional gurluşyň esasy artykmaçlyklary – hünärmenleriň önümçilige göni täsir etme
ginden, dolandyryşyň ýöriteleşmeginiň ýokary derejesinden, kabul edilýän çözgütleriň
çuňňur işlenip geçilmeginden we esaslandyrylmagyndan ybaratdyr. Esa sy ýetmezçi
lik çylşyrymlylygy we tygşytly däldigi (birlikleriň we diýmek, dolandyryş kanallarynyň
köplügi) bolup durýar.
Önümçiligiň çylşyrymlylygynyň ýokarlanmagy we geriminiň giňelmegi, dolandyryş
wezipeleriniň differensirlenmegi çyzyklaýynştab gurluşynyň peýda bolmagyny şertlendir
di. Ýolbaşçylaryň ýanynda «ştab lar» – bellibir wezipeleri (hasaba alyş, gözegçilik we ş.m.)
ýerine ýe tirýän, ýöne çözgütleriň kabul edilmegi, degişlilikde, önümçiligiň neti je leri üçin
göni jogapkärçilik çekmeýän hünärmenlerden durýan dolandyryş birlikleri döredilýär. Çy
zyklaýynştab gurluşy dolandyryş meselelerini başarnykly çözmäge mümkinçilik berýär,
ýöne çözgütleri kabul etmegiň barşynda ugurlaýyn ýolbaşçylaryň wagtlaýyn çalşylmagyna
getirýär.
29
Do'stlaringiz bilan baham: |