O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Önümiň bellenilen maksady nukdaýnazaryndan tutuş senagat esa sy gaznalaryň, do-
lanyşyk gaznalarynyň elementlerini, sarp edil ýän zatlary (predmetleri) öndürýän pudakla- ra bölünýär. Önümçiligiň monopoliýalaşma derejesi boýunça ähli pudaklar doly bäsdeşlige ukyply, monopolistik, monopolistik bäsleşikli we oligopolistik pudaklara bölünýärler. Doly bäsdeşlige ukyply pudaklara her biri bäsdeşleriniň harytlarynyň ýerini doly tutup bilýän harytlary öndürýän we bazara çykarýan köp sanly kärhanalardan durýan pudaklar de gişlidir. Şunda her bir kärhananyň teklibiniň möçberi teklibiň umumy möçberiniň ujypsyz bölegini (1%den köp däl) düzýär we emele gelen baha täsir edip bilmeýär. Doly bäsdeşlige ukyply pudaklar üçin düzümiň durnukly däldigi häsiýetlidir, çünki her bir kärhananyň bazaryň konýunkturasyna garamazdan, pudaga erkin girmek we ondan çykmak mümkinçiligi bardyr. Monopolistik pudak önümiň bir görnüşini öndürmegi we bazara çykarmagy amala aşyrýan bir kärhanadan durýar. Monopolistik pudaklaryň harydyň bazardaky möçberine, önümiň bahasyna gözeg çilik etmäge we bazara bäsdeşleriň girmegine päsgelçilik bermäge mümkinçiligi bolýar. Bazarda bäsdeşleriň peýda bolmagynyň öňüni almak döwletden önümiň (hyzmat laryň) şu görnüşini öndürmäge aýratyn hukuklary almagyň, eýelerine şu önümi öndürmäge we satmaga aýratyn hukuklary berýän täze önümler we tehnologiýalar üçin patentleriň we awtorlyk hukuklarynyň hasabyna üpjün edilýär. Monopol bazarda täze oýunçylaryň peýda bolmagy üçin päsgelçilik bolup, iri maýa goýumlarynyň zerurlygy çykyş edýär (nazary taýdan ugurdaş ulgamlar boýunça gazy akdyrmagy üpjün edýän korporasiýanyň Gaz prom bilen bäsdeşligini göz öňüne getirip bolar, ýöne ägirt uly möç berlerde maýa goýumlaryň talap edilýändigi sebäpli ony durmuşa geçirmek iş ýüzünde mümkin däldir). Monopolistik bäsleşikli pudak bellibir derejede, ownuk, dürli görnüşdäki önümleri öndürýän köp sanly kärhanalaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Her bir firmanyň önü miniň mahsus aýratynlygy bar hem bolsa, sarp ediji onuň ýerini tutýan harydy ýeňil tapyp we öz islegini oňa gönükdirip biler. Pudaga girýän kärhanalar biribiri bilen bäsleşýärler we bazaryň köp bolmadyk bölegine (1den 10%e çenli) eýeçilik edýärler. Emma differen sirlenen önümiň çykarylmagy bellibir monopolistik häsiýeti üpjün edýär we bahalar bel lenilende we önümçiligiň möçberleri kesgitlenilende bäsdeşleriň pikirine üns bermezlige mümkinçilik berýär. Oligopolistik pudak monopolistik bäsleşikli pudakdan özünde bazaryň epesli böle gine eýeçilik edýän çäkli kärhanalaryň bardygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa önümiň çykarylýan möçberleri we bahasy kesgitlenilende, olaryň özara baglylygyny şertlendirýär we bazar bahalarynyň hemde pudaklaýyn teklibiň möçberiniň ýokary derejede durnuk lylygyny üpjün edýär. Pudaklary önümçiligiň aýryaýry kärhanalarda jemlenmegi alamaty boýunça topara bölmek hökümete bazar ýagdaýyna baha bermäge, degişli pudak edaralaryna bolsa bazary düzgünleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we onda (bazarda) monopolistik meýilleriň ösüşine garşy durmaga mümkinçilik berýär. Senagat pudaklary olara girýän kärhanalaryň ykdysady özbo luş lylygy alamatlary boýunça hem klassifikasiýa bölünýär, hususanda: 25 1. Önümçilik çykdajylarynyň gurluş düzüminiň umumylygy. Pudaklar we önümçilikler materialy köp talap edýänlere (kärhananyň önüminiň özüne düşýän gymmatynda maddy ha rajatlar agdyklyk edýär – azyk senagaty, gara metallurgiýa), energiýany köp talap edýänlere (ýangyç we energiýa üçin harajatlar – alýumin senagaty), zähmeti köp talap edýänlere (zäh met haky üçin harajatlar we durmuş zerurlyklar üçin geçirimler – çaphana), gaznany (esasy serişdäni) köp talap edýänlere (ulanyş tutumlary – gaz we nebit çykaryjy senagat) bölünýär. 2. Esasy önümçilik gaznalarynyň (serişdeleriniň) gurluş düzüminiň umumylygy. Kärha nalaryň esasy önümçilik gaznalarynyň (serişdeleriniň) gymmatynyň gurluş düzüminde esa sy orny jaýlar (gurluşyk materiallary, etsüýt senagaty), desgalar (ýangyç), geçiriji enjamlar (elektroenergetika), iş maşynlary (maşyn gurluşygy, ýeňil senagat) we ş.m. 3. Önümçilik görnüşleriniň umumylygy (aýratyn, köpçülikleýin, tapgyrlaýyn önümçilik). Pudaklaryň arasyndaky bellibir önümçilik baglanyşyklaryny gör kezýän mukdar häsiýetnamalary senagatyň pudaklaýyn gurluş düzüminiň beýany bolup durýar. Senagatyň gurluş düzümine üç derejede seredilip bilner: makro, mezo we mikro gurluşlar. Senagatyň makrogurluşy diýip senagatyň toplumlaýyn pudaklarynyň «birleşdirilen» pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyga we özara baglanyşyklara düşüneris (gara metallur giýa, ýangyç senagaty, maşyn gurluşygy hemde metal işläp bejeriş we ş.m.). Mezogurluşy «birleşdirilen» pudaklaryň düzümine girýän senagat pudaklaryny emele getirýär. Mysal üçin, maşyn gurluşygy we metal işläp bejeriş enjam gurluşygy, gural ýa saýjy senagaty, elektro tehniki, awtomobil, podşipnik senagatyny we beýlekileri, azyk se nagatyny – etsüýt, gant, ýag senagatyny öz içine alýar. Mikrogurluş kiçi pudaklary we senagat önümçiliginiň aýryaýry görnüşlerini öz içine alýar. Senagatyň gurluş düzümine seljerme geçirilende, önüm öndürmegiň möçber görkezi jileri, esasy önümçilik serişdeleriniň, maýa goýumlaryň ululygy we işleýänleriň sany peý dalanylýar. Pudaklaryň mukdar gatnaşygyny önümçiligiň möçber görkezijisi has laýyk häsiýetlendirýär, sebäbi birinji nobatda bizi haýsydyr bir pudagyň ýada ykdysady işiň görnüşiniň senagat önümçiligine gatnaşma paýy gyzyklandyrýar. Ykdysady işiň görnüşleri niň gatnaşygy baradaky goşmaça maglumatlar esasy önümçilik serişdeleriniň gymmatynyň ýada işleýänleriň sanynyň gatnaşygyny berýär. Bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde ykdysady işiň görnüşiniň býujetleriň ähli derejelerine salgytlaryň gelip gowuşmagyndaky paýynyň görkezijisi peýdalanylyp bilner, bu degişli derejäniň býujetiniň emele getirilme ginde olaryň ornuna baha bermäge mümkinçilik berýär. Dürli görkezijiler boýunça pudaklaýyn gurluş düzümine geçirilen seljerme ol ýada beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň işiniň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, senagat önümçiliginde azyk senagatynyň paýy maşyn gurluşygyna garanyňda iki esse, işleýänleriň sany boýunça bolsa 6 essä golaý az hem bolsa, olaryň býujetiň girdeji bölegini emele getirmekdäki ähmiýeti birmeňzeşdir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling