O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet6/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sebitleýin dereje.
2-nji surat. Kärhananyň daşky gurşawynyň milli
we sebitleýin derejeleri
Sorag we ýumuşlar
1. Kärhananyň daşky gurşawynyň gurluşyny teswirläň.
2. Kärhananyň wezipelerini durmuşa geçirmegiň barşynda onuň bilen özara hereketde bolýan 
bazar subýektleriniň düzümini görkeziň.
3. Kärhana täsir edýän haýsy hojalyk subýektleri milli derejä,
haýsylary bolsa sebit derejesine degişli bolup durýar?
 1.4.
Kärhanalaryň guramaçylyk- 
-hukuk görnüşleri 
Çylşyrymly durmuş­ykdysady ulgam hökmünde kärhananyň ýagdaýy we onuň wezi­
pesi resminamalarda görkezilýär. Şunuň ýaly resminamalara kärhananyň pasporty, eger 
giňişleýin häsiýetnama zerur bolsa, kärhananyň portreti degişlidir.
Kärhanalaryň guramaçylyk­hukuk görnüşleri şular boýunça tapawutlanýar:
– maýanyň eýesiniň kärhanany dolandyrmaga we onuň önümçilik işine şahsy özüniň 
gatnaşmagynyň hökmanylygy boýunça;
– telekeçilik işini amala aşyrýan täjirçilik guramasynyň maýa synyň eýeleri bolup du­
ran raýatlaryň karzdarlaryň öňündäki emläk jogap kärçiliginiň derejesi boýunça;
– kärhananyň esaslyk (goşulan) maýasyna goýlan serişdeleri yzyna gaýtarmak 
mümkinçiligi we tertibi boýunça;
– esaslandyryjylaryň we gatnaşyjylaryň beýleki hukuklary hem­de borçnamalary 
boýunça.
Käbir ýurtlarda hojalyk şereketleriniň iki görnüşi bolýar: doly şereket we ynama esas­
lanýan şereket.
Doly şereket munuň özi, eger oňa gatnaşýanlar (doly şereketçiler) özaralarynda bag­
laşylan şertnama laýyklykda şereketiň adyndan telekeçilik işi bilen meşgullanýan bolsalar 
we özleriniň emlägi bilen onuň borçnamalary boýunça raýdaş jogapkärçilik çekýän bolsa­
lar, ýagny şerekete karz beren tarap şol bir wagtda olaryň ählisine hem, olaryň birine hem 
doly möçberde emläk talabyny bildirip bilýän bolsa, doly şereketi aňladýar. Gatnaşýanlar 
azyndan iki bolmalydyr, gatnaşýanlaryň aňryçägi kesgitlenen däldir. Haýsydyr bir sebäbe 
görä diňe bir gatnaşyjynyň galýan ýagdaýynda doly şereket hojalyk jemgyýetine öwrülýär 
ýa­da ýatyrylýar. Şunuň ýaly şereketiň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi esaslandyryş res­


16
minamalarynyň bellige aldyrmak üçin berlen senesindäki ýagdaýa görä, zähmet hakynyň 
iň pes möçberiniň 100 essesinden az bolmaly däldir. 
Doly şereketiň esaslandyryş resminamasy esaslandyryş şertnamasy bolup durýar. 
Onda şereketi döretmegiň tertibi, emlägi oňa bermegiň şertleri, peýdany we ýitgileri gat­
naşyjylaryň arasynda paýlamagyň şertleri hem­de tertibi, doly şereketiň işini dolandyr­
magyň tertibi, esaslandyryjylaryň onuň düzüminden çykmagynyň düzgüni we esaslyk 
maýanyň düzümi we ş.m. kesgitlenýär.
Doly şereketiň işini alyp barmagyň üç usuly bardyr:
– her bir gatnaşyjy hojalyk işini şereketiň adyndan özbaşdak alyp barýar;
– gatnaşyjylar şereketiň işini bilelikde alyp barýarlar, ýagny şereketiň adyndan geçi­
rilýän ähli geleşikler diňe gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikdäki çözgüdiniň esasynda amala 
aşyrylýar;
– işleri alyp barmak gatnaşyjylaryň birine tabşyrylýar, beýlekileri, eger olar şereketiň 
adyndan haýsydyr bir geleşikleri geçirjek bolsalar, onda bu geleşik «dolandyrýan» gat­
naşyjynyň ynanç hatynyň esasynda amala aşyrylýar. Doly şerekete gatnaşyjynyň her biri­
niň, özüniň esaslyk maýadaky paýyna garamazdan, diňe bir sesi bolýar.
Ynama esaslanýan şereket – bu oňa gatnaşyjylaryň iki görnüşi girýän şereketdir: 
olaryň biri şereketiň adyndan telekeçilik işini amala aşyrýan we şereketiň borçnamalary 
boýunça özüniň ähli emlägi bilen jogap berýän, ýagny hukuk derejesi boýunça telekeçiler 
bolup durýan bir ýa­da birnäçe «doly» şereketçiler, beýlekisi şereketiň işlerini dolandyrma­
ga gatnaşmaýan we öz goýumlarynyň çäklerinde şereketiň işi bilen bagly ýitgiler töwek­
gelçiligini çekýän bir ýa­da birnäçe «goýumçylar» (kommandistler) bolup durýar.
Gatnaşýanlaryň iň az möçberi iki adamdyr, olaryň biri doly şereketçi, beýlekisi goýumçy 
bolýar, gatnaşýanlaryň iň ýokary möçberi çäklendirilmeýär. Ynama esaslanýan şereket üçin 
hojalyk işini ýöretmegiň doly şereket üçin niýetlenen görnüşi ýaly görnüşi bolýar, emma do­
landyryşyň saýlanyp alnan görnüşi esaslandyryş şertnamasynda bellenýär.
Iki görnüşdäki şereketleriň hem gowy tarapy gurluşynyň çeýeligi, meseleleri gat­
naşýanlaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça çözmek mümkinçiligi bolup durýar. Şunda 
kanunçylyk taýdan berk düzgünleşdirme bolmaýar, dolandyryş örän ýönekeýdir we resmi 
häsiýete eýedir. Şereketiň öz işi barada köpçülikleýin hasabat bermeli däldigi möhüm ýag­
daýdyr. 
Esasy ýetmezçiligi – gatnaşýanlaryň öz emlägi bilen jogap ber ýän ligidir (goýum­
çylar muňa girmeýär). Şu sebäbe görä, şereket tele ke çilik işiniň töwekgelçiligi pes bolan 
ugurlarynda, ýagny maglumat ge ňeş hyzmatlary we ş.m. ugurlarynda döredilse gowy bolar. 
Ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny hojalyk jemgyýetleri tutýar. Olaryň şereketler­
den düýpli tapawudy şereketiň adamlaryň birleşigi bolup, onda hojalyk işine işjeň gatnaşma­
gyň hökmanydygyndan, hojalyk jemgyýetiniň bolsa maýanyň birleşmegi bolup, jemgyýetiň 
işine hökmany gatnaşmagyň talap edilmeýändiginden ybaratdyr. 
Hojalyk jemgyýetleriniň esasy üç görnüşi görkezilýär: çäkli jogapkärçilikli jemgyýet, 
goşmaça jogapkärçilikli jemgyýet we paýdarlar jemgyýeti. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling