O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 1.2. Kärhana: düşünje, düýp manysy, hereket etmegiň ykdysady esaslary
Sorag we ýumuşlar
1. Telekeçilik işi nämeden ybarat? 2. Esasy önümçilik faktorlaryny görkeziň. 3. Ýurtdaky esasy eýeçilik görnüşlerini görkeziň. 4. «Ýuridik şahs» düşünjesine kesgitleme beriň. 5. Täjirçilik däl guramalaryň görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny gör keziň. 1.2. Kärhana: düşünje, düýp manysy, hereket etmegiň ykdysady esaslary Ykdysadyýetiň esasyny önüm öndürmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek düz ýär. Önümçilik bolmasa sarp ediş bolmazda, diňe ozal toplanan baýlyk gutarar. Önümçi ligi guramagyň häzirki görnüşi ykdysadyýetiň esasy bölegi (halkasy) bolup çykyş edýän kärhana bolup durýar. Tutuş ykdysadyýetiň ýagdaýy onuň işiniň netijeliligine, maliýe ýag daýyna, tehnologik we durmuş taýdan «guratlygyna» baglydyr. Kärhana ýurduň tutuş yk dysadyýetiniň çylşyrymly piramidasynyň esasyny emele getirýär. Biz kärhana, öňi bilen hem senagat kärhanasy bilen tanyşýan wag tymyzda özi bilen zawodlaryň binalaryny, enjamlaryny, ulag ulgam laryny, kommunikasiýalary, ýagny önüm çiliktehniki toplumy gör ýäris. Olaryň aňyrsynda kärhananyň işiniň barşynda biribiri bilen çyl şyrymly gatnaşyklara girýän adamlar – işçiler, inženerler, önüm çili giň guramaçylary (menejerler), eýeler (paýdarlar) bar. Kärhana has doly häsiýetnama bermek üçin önümleri ýerlemegi guramak, ony sarp edijileriň topary, harytlary iberme ulgamy we üpjün edijileriň düzümi barada hem düşün jäniň bolmagy zerurdyr. Mundan başgada, kärhananyň guramaçylykhukuk görnüşi, onuň emläginiň düzümi we gymmaty, maliýekarz guramalary hemde döwlet bilen özara gat naşyklary we ş.m. anyklanmalydyr. Bularyň ählisi bilelikde kärhananyň ykdysady taýdan bitewüligini emele getirýär. «Kärhana» düşünjesine dürli nukdaýnazardan seredip bolar. Bir tarapdan, kärhana bu telekeçilik işini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan emläk toplumydyr. Kärhana öz işini amala aşyrmak üçin niýetlenen ähli emläk görnüşlerini, şol sanda ýer böleklerini, jaýlary, 11 desgalary, enjamlary, esbaplary, çig maly, önümleri, firma adyny, haryt nyşanlaryny, şeýle hem bergileri we beýleki aýratyn hukuklary bir topluma birleşdirýär. Beýleki tarapdan, kärhana bu tehniki we guramaçylyk prosesleri, onuň içinde bolup geçýän ykdysady gatnaşyklar bilen emele getirilýän bellibir durmuşy bitewülikdir. Aýdylan laryň ählisini nazara almak bilen, «kärhana» düşünjesini şunuň ýaly emele getirip bolar: Kärhana – ykdysady we özbaşdak kanuny, ýagny ýuridik şahsyň hukuklary, haryt lary, işleri, hyzmatlary öndürmek we ýerleşdirmek hemde peýda almak ýaly maksatlaryň umumylygy bilen kesgitlenýän guramaçylyktehniki, ykdysady we durmuş bitewülik bilen şertlendirilen hojalyk birligidir. Guramaçylyktehniki, ykdysady we durmuş bitewülik şulary göz öňünde tutýar: – peýdalanylýan serişdeleriň ähli görnüşleriniň we kärhananyň işiniň ykdysady neti jeleriň umumylygyny; – önümçilik serişdeleriniň umumylygyny we özara baglanyşygyny, tehnologik en jamlaryň özara baglylygyny we biribiriniň üstüni ýetirýändigini; – önümçiligi we zähmeti guramagyň ýeketäk ulgamyny; – işleýänleriň maksatlarynyň we bähbitleriniň umumylygyny. Kärhananyň ykdysadyýetiň esasy bölegi hökmündäki ähmiýeti şu ýagdaýlar bilen kesgitlenýär: – kärhanalarda önüm öndürilýär, işler ýerine ýetirilýär we hyzmatlar edilýär, olar aýratynlykda her bir adamynyň we tutuşlygyna jemgyýetiň ýaşaýşynyň maddy esasyny emele getirýär; – kärhana jemgyýetde önümleri öndürmek, ýerleşdirmek, paýlamak we sarp etmek bilen bagly emele gelýän gatnaşyklaryň esasy subýekti hökmünde çykyş edýär; – kärhana esasy önümçilik serişdelerine (çig mala, materiallara, ýangyja, energiýa, tehnologik enjamlara, işçi güýjüne, maliýe we mag lumat serişdelerine), tehnologik, önüm we guramaçylykdolandyryş innowasiýalaryna bolan isleg çeşmesi bolup durýar; – kärhana ähli derejelerdäki býujetleriň girdejilerini emele getirmegiň iň möhüm çeş meleriniň biri bolup durýar; – ilatyň köp bölegi kärhanalarda işlemek bilen, özüniň zähmeti üçin hakheşdek alýar; – kärhanalarda raýatlar durmuş taýdan uýgunlaşma geçýärler, ähli derejedäki dolandyryş edaralary tabynlygyndakylar bilen özara gatnaşyklarynyň kadalary we endikleri emele gelýär. Kärhana hereketsiz duran göwre däldir. Islendik kärhana öz «ömrüniň» dowamynda «döreýiş ösüş – durnuklaşma – peselme – ýapylma» döwrüni geçýär. Kärhanalar döreýärler we ýapylýarlar, olaryň ýerinde täzeleri peýda bolýar, olar hem öz gezeginde täze döreýän lere öz orunlaryny berýärler. Häzirki zaman kärhanalary hünärmentçilik önümçiligi, manifakturalar we fabrikler tap gyrlaryny geçmek bilen, uzak ewolýusiýanyň netijesinde häzirki görnüşe geldiler. Hünärmentçilik önümçiligi önümçilik işinde diňe adamyň fiziki güýji bilen herekete getirilýän gurallaryň peýdalanylýandygy bilen tapawutlanýar. Zähmet gurallaryny dolan dyrmak hünärmentden uly sungaty, kähalatlarda bolsa degerli fiziki güýji talap edipdir. Düzgün bolşy ýaly, hünärment önümi taýýarlamak boýunça amallaryň hemmesi bolma sada, köpüsini ýerine ýetiripdir. El bilen herekete getirilýän gurallaryň ulanylmagy we zähmet bölünişiginiň pes derejesi onuň öndürijiliginiň ýokary derejesini üpjün edip bil 12 meýärdi. Haryt ýerleşdirilýän bazarlaryň çäkli bolmagy we ösen bazar gatnaşyklarynyň bolmazlygy şol bir wagtda satyjynyň wezipeleriniň hünärment tarapyndan ýerine ýetiril megine getiripdir. Tehnikanyň we zähmeti guramagyň ösmegi, bazaryň giňelmegi öndürijileriň öz öndüren önümlerini ýerleşdirmekdäki kynçylyklaryny şertlendirdi. Şonuň üçin hem öndüriji bilen sarp edijiniň arasynda öndürijiden taýýar önümi has giň we uzakdaky bazarda gaýtadan sat mak üçin satyn alýan ýada öndürijä gaýtadan işlemek üçin materiallary berýän we soňundan bazarda ýerlemek üçin taýýar önümleri alýan araçy hökmany suratda tanyşdyrylmalydyr. Iki ýagdaýda hem bu hünärmentçilik önümçiliginden manifaktura geçmäge ýardam berilmelidir. Manifaktura hem, hünärmentçilik önümçiligi hem diňe adam tarapyndan herekete ge tirilýän gurallary peýdalanmagy häsiýetlendirýär, ýöne muňa garamazdan, olaryň birinjisi kärhananyň möçberiniň ululygy we zähmet bölünişiginiň has ýokary derejesi bilen tapawut lanýar. Hünärmentçilik önümçiliginden çykan manifaktura iki ugur bilen ösdi: – biribirine bagly bolmazdan işleýän, ýöne bellibir önümi ön dürmek boýunça amal lary ýerine ýetirýän birnäçe özbaşdak hü när mentleriň birleşmegi: mysal üçin, araba manu fakturasy ozal aýryaýrylykda işlän demirçi ussalaryň, agaç ussalarynyň, misçileriň, gaň ňa çylaryň, ti kinçileriň birleşmesi hökmünde emele gelipdi; – bir hünärdäki hünärmentleriň birleşmegi: mebel taýýarlaýan agaç ussalary mebel manifakturasyny döredipdirler. Iki ýagdaýda hem telekeçi işçileriň arasyndaky birleşdiriji hal ka hökmünde çykyş edipdir, ol manifaktura ýolbaşçylyk edipdir we ahyr ky maksada ýetmek üçin ähli amallary dolandyrypdyr. Kärhananyň ösüşinde üçünji – has kämil tapgyr fabrik bolup dur ýar. Bellibir derejede iri kärhana bolmak bilen, ol manifakturadan maşynlaryň bardygy bilen tapawutlanýar. Eger manifakturada önümçilik aýryaýry amallary ýerine ýetirýän işgärleriň arasynda bölünen bolsa, onda fabrigiň maşyn önümçiligi aýryaýry işçileriň wezipelerini birleşdirmäge niýetlenendir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling