O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 1.5. Kärhanalaryň topara bölünmesi
Sorag we ýumuşlar
1. Kärhanalaryň esasy guramaçylyk-hukuk görnüşlerini sanap geçiň. 2. Şereketleriň esasy görnüşlerine gysgaça häsiýetnama beriň. 3. PJ-ni emele getirmegiň we onuň hereket etmeginiň aýratynlyklary nämeden ybarat? 4. Paýdarlar jemgyýetleriniň paýnamalarynyň esasy görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny görkeziň. 5. Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary saklap galmagyň zerurlygynyň nämeden ybaratdygyny düşündiriň we olaryň esasy görnüşlerini beýan ediň. 6. Kärende kärhanalaryny häsiýetlendiriň we onuň beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşleriniň arasynda nähili orun eýeleýändigini aýdyp beriň. 23 1.5. Kärhanalaryň topara bölünmesi Işiň käbir görnüşlerini alyp barmak üçin, kärhana degişli döwlet edaralaryndan ygtyýarnama – resmi taýdan resminama almaly bolýar, şonuň esasynda bellibir möhletiň dowamynda işiň bu resminamada görkezilen görnüşini amala aşyrmaga rugsat berilýär we işiň şu görnüşini amala aşyrmagyň şertleri kesgitlenýär. Mysal üçin, nebiti, gazy we olary gaýtadan işlemekden alnan önümleri saklamak üçin Nebit we gaz senagaty ministrliginden, senagat galyndylaryny we beýleki galyndylary ikinji gezek peýdalanmak, bir ýerde saklamak, ondanoňa geçirmek we ýerleşdirmek üçin Tebigaty goramak ministrliginden, halkara derejesinde syýahatçylyk işini alyp barmak üçin syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinden rugsat almak talap edilýär. Kärhananyň hereket etmeginiň şertleriniň (salgyt möçberleriniň, esasy serişdelerden ulanyş tutumyny almagyň görnüşiniň, gümrük ýygymlarynyň we ş.m.) işiň häsiýetine we aýratynlyklaryna bagly bolup durýandygy sebäpli, işiň kärhananyň tertipnamasynda ýazylyp bellenilen ugurlarynyň sanawynyň ýokary ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen bir wagtda döwlet möhüm makroykdysady proporsiýalary düzgünleşdirmek maksady bilen, halk hojalygynyň we senagatyň ileri tutulýan pudaklarynyň kärhanalary üçin ol ýada beýleki ýeňillikleri girizip biler. Häzirki zaman önümçiligi özara baglanyşykly birnäçe pudaklardan we önümçilikler den ybaratdyr. Bir pudagy beýleki pudakdan tapawutlandyrýan esasy alamatlar şulardan ybaratdyr: öndürilýän önümiň ykdysady maksady, sarp edilýän çig malyň we materiallaryň häsiýeti, önümçiligiň tehniki binýady we peýdalanylýan tehnologik prosesler, işgärleriň hünärlilik düzümi. Şu alamatlar boýunça aýryaýry önümçilikler hem tapawutlandyrylýar. Şeýlelikde, senagat pu dagy özleri üçin ýa öndürilýän önümiň bir maksadynyň bolmagy ýada ulanylýan tehnologik prosesleriň umumylygy ýada gaýtadan işlenýän çig malyň birmeňzeşligi häsiýetli bolan senagat kärhanalarynyň jeminden ybaratdyr. Kärhanany haýsydyr bir pudaga degişli etmek üçin getirilen ähli alamatlaryň bolmagy hökman däldir. Ykdysady iş tejribesinde agdyklyk edýän bir alamat peýdalanylýar. Mese lem, maşyn gurluşygynyň haýsydyr bir pudagyny emele getirmek üçin ýa önümiň bel lenilen maksadynyň umumylygy (stanok gurluşygy) ýada tehnologik amallaryň birligi (galwaniki ýada lakreňk çalmak) hasaba alynýar. Maşyn gurluşygynyň ol ýada beýleki pudagyna goşulýan kärhanalar, köplenç halatda, zähmet gurallary hökmünde peýdalanylýan önümleri ýada tehniki taýdan çylşyrymly, uzak möhletli peýdalanylýan harytlary öndürýärler. Azyk senagatyna birleşen kärhanalar we önümçilikler azyk önümlerini taýýarlaýarlar. Metallurgiýa kärhanalaryny birleşdirmegiň esasynda tehnologik prosesiň umumylygy goýlandyr. Agaç işläp bejerýän senagat gaýtadan işlenýän çig malyň umumylygynyň esasynda emele getirilýär. Senagat pudaklaryny emele getirmek bellibir şertleriň bolmagyny talap edýär, olaryň iň möhümleriniň biri hem önümiň şu görnüşini ýerleşdirmek üçin sygymly bazaryň bolma gydyr. Islegiň ujypsyz bolmagy önümiň netijeli öndürilmegini we onuň ýerleşdirilmegini üpjün edýän kärhanalary döretmäge mümkinçilik bermeýär. Elbetde, bu ýörelge aýryaýry ýagdaýlarda berjaý edilmän bilner. Ikinji möhüm şert degişli tebigy serişdeleriň bolmagy bolup durýar. Düzgün bolşy ýaly, bu senagatyň kömür, gaz, nebit çykaryjy we beýleki bir (mono) önüm öndürýän pu daklarydyr. Ykdysady nazaryýetde we tejribede senagat pudaklaryny klassifi kasiýa bölmegiň esa synda goýlan aşakdaky esasy alamatlar peýdala nyl ýar: 24 – önümiň funksional maksady; – önümçiligiň monopoliýalaşma derejesi; – ykdysady özboluşlylyk. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling