O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Kärhananyň daşky gurşawynyň düzümi


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

1-nji surat. Kärhananyň daşky gurşawynyň düzümi


14
Döwlet-syýasy gurşaw syýasy çözgütleriň kärhananyň işiniň ykdysady şertlerine 
edýän täsiri bilen onuň işini tertipleşdirýär. Kärhananyň döwlet­syýasy gurşawa bag­
lylygy döwletiň ykdysady proseslere täsir ediş derejesi bilen kesgitlenýär, çünki hökü­
met syýasy maksatlary, esasan, maliýe gurallaryny peýdalanmak arkaly durmuşa ge­
çirýär.
1­nji suratyň ýokary tarapynda kärhananyň işine täsir edýän subýektler hökmünde 
onuň daşky gurşawynyň elementleri görkezilýär. Birinji nobatda olara kärhana tarapyndan 
öndürilen önümleri sarp edijiler degişlidir, olar haýsydyr bir zady ileri tutýandyklary we 
öz girdejilerine ygtyýar edýändikleri bilen kärhananyň önümleriň nomenklaturasyna, baha 
syýasatyny saýlap alşyna, önümçiligiň möçberlerine täsir edýärler. 
Serişdeler (maddy, zähmet, maglumat, maliýe) bilen üpjün edijiler harajatlaryň emele 
getirilýän wagtynda täsir edýärler. Serişdeler bilen üpjün edijiler hökmünde beýleki se­
nagat kärhanalary, ilat, maýa goýum­karz edaralary, ylmy­barlaglar we konstruktorçylyk 
işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan guramalar, geňeşçi firmalary we ş.m. çykyş edip 
bilerler.
Kärhana daşyndan täsir edýän subýektlere bäsdeşler hem degişlidir. Bazarda bäsleşik 
derejesi, bäsdeşleriň strategiýalary kärhananyň öz strategiýasynyň bolmagyny we onuň 
funksional kiçi ulgamlarynyň (baha, innowasion, daşary ykdysady ulgamlar) düzgünleşdir­
megini talap edýär.
Hyzmatdaşlar (beýleki kärhanalar, banklar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, ylmy­bar­
lag we taslama­konstruktorçylyk guramalary we beýlekiler) hem kärhananyň işine täsir 
edýärler, aýratyn hem goşulyşan birleşikleriň, mysal üçin, dikligine ýa­da keseligine bir­
leşikleriň işindäki gatnaşyklara täsir edýärler. Kärhananyň dikligine ýa­da keseligine bir­
leşigine girmegi, adatça, kärhananyň mümkinçilikle rini, hususan­da, goşmaça serişdeleri 
çekmek mümkinçiligini giňeldýär. 
Daşky gurşaw subýektlerine döwletiň ykdysady syýasatyny alyp baryjylar bolup 
durýan edaralar we guramalar hem, şol sanda salgyt gulluklary, tehniki düzgünleşdiriş, 
sertifikatlaşdyryş we metrologiýa edaralary we beýlekiler degişlidir. 
Kärhananyň içki gurşawyna täsir ediş ulgamynda jemgyýetçilik guramalary aýra tyn 
orun eýeleýärler, olar, mysal üçin, «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak jemgyýeti» ön­
dürilýän önümiň we edilýän hyzmatlaryň hiline gözegçilik etmekde degerli rol oýnaýar­
lar. Ekologiýa guramalary kärhananyň ekologiýa ýagdaýyna edýän täsirine gözegçilik ed ­
ýärler.
Kärhana täsir edýän subýektler makrogurşawyň milli derejesine, sebitleýin derejesine 
şeýle­de olaryň ikisine­de degişli bolup bilerler (2-nji surat). Sebitleýin derejä degişli täsir 
edýän subýektler näçe köp bol sa, sebitiň ykdysady gurşawy şol derejede ýapyk bolýar, olaryň 
diňe sebit derejesine degişli bolmagy bolsa (serişdeler bilen üpjün edijileriň hem­de sarp 
edijileriň bir sebitde ýerleşmegi) sebitiň sebitara zähmet bö lünişigine doly manysynda gat­
naşmaýandygyny habar berýär. 


15
Milli dereje.
Döwletiň ykdysady
syýasatyny alyp baryjylar:
– bäsdeşler;
– maddy­çig mal serişde­
ler bilen üpjün edijiler;
– pul­karz serişdeleri 
bilen üpjün edijiler;
– sarp edijiler:
– zähmet serişdeleri bilen 
üpjün edijiler;
– giňişlik serişdeleri (ýer, 
tokaýlar we ş.m.) bilen 
üpjün edijiler.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling