O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Önümçilik görnüşleriniň aýratynlyklary


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet16/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Önümçilik görnüşleriniň aýratynlyklary
(maşyn gurluşygyň mysalynda)
Önümçiligiň 
görnüşi
Esasy alamatlary
Önümçilik 
görnüşleriniň 
mysal lary
Nomen- 
klaturanyň 
durnuklylygy 
we giňligi
Çykarylýan 
maşynlaryň 
köpdürlüligi we 
gaýtalanylyşy
Bir ýylda bir-
meňzeş maşyn-
laryň çykarylýan 
möçberi
1
2
3
4
5
Aýratyn
Örän 
durnuksyz. 
Çäklendiril­
medik
Köp bolmadyk 
möçberlerde 
çykarylýan 
maşynlaryň 
görnüşleriniň örän 
köpdürlüligi
Aýry­aýry ek­
zemplýarlar ýa­da 
birnäçe sany 
(2­den 10­a çenli) 
kiçi tapgyrlar
1. Iri turbinalar we 
generatorlar.
2. Metallurgiýa, 
dag­magdan we 
himiýa enjam la ry ny 
çykarýan agyr maşyn 
gurluşyk.
3. Agyr enjamlar we 
iri gidropresler.
4. Awtomatik liniýalar
1
2
3
4
5
Tapgyrlaýyn
Bellibir de­
rejede gysga 
möhletiň 
dowamynda 
durnukly. Tap­
gyrlar bilen 
çäklendirilýär
Köp möç berlerde 
çykarylýan 
maşynlaryň 
görnüşleri köp­
dürli däl.
Bir wagtda 
birnäçe görnüşler 
çykarylýar ýa­
­da şu görnüşli 
maşynlary 
çykarmak bellibir 
wagtdan soň 
gezekleşdirilýär
Şu görnüşli 
maşynlary tapgyr­
laýyn (onlarça we 
ýüzlerçe sany)
çykarmak döwür­
leýin gaýtalanýar.
Şu görnüşdäki has 
kämil maşyn­
laryň çykarylýan 
tapgyr lary gaýta­
lanýar
Zawodlar:
1.Enjam gurluşygy 
(ýeňil we orta möç­
berli enjamlar).
2.Ulag maşyn gur­
luşygy (teplowozlar, 
elektrowoz lar).
3.Uçar gurluşygy.
4.Ýol­gurluşyk maşyn 
gurluşygy (ekskowa­
torlar, buldozerler).
5.Agyr ýük awtomo­
biller
Köpçülikleýin Bellibir 
derejede uzak 
möhletiň 
dowamynda 
(8­10 ýyl) 
durnukly.
Bir ýa­da 
birnäçe maşyn 
(bölekler) 
Bir görnüşli 
maşyn hemişe 
çykarylýar.
Bir wagt da 
bir görnüşdäki 
ma şyn laryň para­
metrleri boýunça 
biri­birinden 
ujypsyz tapawut­
lanýan birnäçe 
modifikasiýasy 
çykarylýar 
Şu görnüşli 
maşynlar müň 
sany çykarylýar, 
durmuşda 
ulanylýan maşyn­
lar we gural lar we 
aý ry­aýry bölekler 
boýunça mil liona 
golaý çykarylýar
1.Uniwersal ýeňil 
traktorlar.
2.Ýeňil ýük we ýeňil 
awtomobiller.
3.Orta we kiçi elek­
trohereketlendirijiler.
4.Telewizorlar, 
magnitofonlar, kir 
ýuwýan maşynlar 
we beýleki durmuş 
tehnikasy.
5.Standart gural


36
Guramaçylygy taslamak boýunça işleriň netijeleri «Kärhanalaryň guramaçylyk gur­
luşy hakynda düzgünnamada» durmuşa geçirilýär, ol şulary öz içine alýar, kärhananyň 
strategik maksatlaryny we syýasatyny umumy beýan etmek, kesgitlemek; işiň esasy 
ugurlary, öndürilýän önümiň we edilýän hyzmatlaryň düzümi; funksional we önümçilik 
birlikleriniň beýany (her birlik tarapyndan ýerine ýetirilýän esasy wezipeleri görkezmek 
bilen). «Guramaçylyk gurluşy hakynda düzgünnamany» jikme­jikleşdirmek üçin we oňa 
laýyklykda her bir gurluş bölüminiň işini, ygtyýarlyklaryny, borçlaryny tertipleşdirýän 
resminamalar we iň bolmanda esasy hünärmenleriň ählisi üçin wezipe görkezijileri işlenip 
düzülýär.
Her bir kärhananyň guramaçylyk gurluşynyň özüniň amatlaşdyrma kriterisi bardyr. 
Şonuň üçin hem mysal hökmünde maslahat berip boljak haýsydyr bir uniwersal amatly 
guramaçylyk gurluşyny görkezmek mümkin däldir.
Soraglar we ýumuş
1. Önümçiligiň görnüşi näme we ol kärhananyň guramaçylyk gurluşyna nähili täsir edýär?
2. Önümçiligiň esasy görnüşlerini görkeziň we senagatyň dürli pudaklarynda olary peýdalanma-
gyň mümkinçiliklerini teswirläň.
3. Guramaçylygy taslamak näme, onuň esasy tapgyrlary nämeden ybarat?
4. Kärhananyň guramaçylyk gurluşy haýsy kadalaşdyryjy resminamalar bilen tertipleşdi-
rilýär?
 2.3.
Önümçilik prosesini guramak
Önümçilik prosesi önümçiligiň özara baglanyşykly esasy, kömekçi we hyzmat etmek pro-
sesleriniň hem-de olaryň netijesinde başlangyç material laryň taýýar önümlere öwrülýän 
tebigy prosesleriniň jeminden ybaratdyr.
Önümçiligiň barşynda işçi zähmet serişdeleriniň kömegi bilen zähmet predmetlerine 
täsir edip, olary taýýar önüme öwürýär. Özüniň gurluşy boýunça önümçilik prosesleri 
ýönekeý we çylşyrymly proseslere bölünýär. Bellibir obýekti taýýarlamagyň birnäçe yzy­
gider amallaryndan ybarat bolan ýönekeý prosesden tapawutlylykda çylşyrymly proses 
wagt boýunça utgaşdyrylan ýönekeý prosesleriň jeminden durýar.
Amal – önümçilik prosesiniň bölegi bolup, bir ýa­da birnäçe (brigada) işçiler tara­
pyndan bir ýa­da birnäçe iş ýerlerinde ýerine ýetirilýär we önümçilik obýektiniň üstünde 
geçirilýän birnäçe hereketlerden durýar (8-nji surat). 
Önümçilik proseslerini birnäçe alamatlar boýunça topara bölüp bolar (3-nji tablisa). 
1­nji amal
2­nji amal
3­nji amal
n­nji amal
8-nji surat. Ýönekeý prosesiň
çyzgysy


37
3-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling