Barlag üçin soraglar
1. Uzak möhletli (strategik), orta möhletli we ýyllyk meýilnamalaşdyrma haýsy kriteriler bo-
ýunça tapawutlandyrylýar?
2. Strategik meýilnamalaşdyrmada haýsy görkezijiler peýdalanylýar?
3. Strategik meýilnamalaşdyrmada nähili binýatlyk strategiýalar peýdalanylýar?
3.2.
Kärhananyň geljek döwür
üçin we gündelik meýilnamalary
Meýilnamalaşdyrmagyň 15 ýyllyk sepgidi (kärhananyň möç berine baglylyk
da) orta möhletli ýada geljegi göz öňünde tutulyp meýilnamalaşdyrmaga laýyk gelýär
(13-nji surat). Geljegi göz öňünde tutulyp meýilnamalaşdyrmagyň düýp manysy boýunça
tehnikiykdysady meýilnamalaşdyrma bolup durýar. Geljek üçin meýilnamada şu esasy
bölekler görkezilýär:
1. Önümi ýerlemek meýilnamasy (ýerlemek maksatnamasy) orta möhletli meýilna
malaşdyrmagyň ýyllary boýunça önümiň sanawyna we görnüşlerine laýyklykda önüm ýer
lemek maksatnamasyndan ybaratdyr. Ýerlemek maksatnamasy haryt we ýerlemegiň çak
lanylýan bahalaryny hasaba almak bilen gymmat manysynda emele getirilýär we önümçilik
meýilnamasyny işläp düzmegiň esasy bolup durýar.
2. Önümçilik meýilnamasy (önümçilik maksatnamasy) natural manysynda öndürilýän
önümiň esasy görnüşlerini çykarmagyň me ýil namasy bolup durýar, ol täze enjamyň işe gi
rizilmegini, zähmet öndürijiliginiň, çykarylýan önümiň gurluşynyň üýtgemegini we onuň
hiliniň ýokarlanmagyny hasaba almak bilen, önümçilik kuwwatlyklarynyň balansynyň ha
saplamalary bilen berkidilýär.
Daşky gurşawa
seljerme we baha
bermegi geçirmek
Strategik
maksatlary
kesgitlemek
Strategik
maksatlary
kesgitlemek
Strategiýany
saýlap almak
Gutarnykly strategik
meýilnamany
taýýarlamak
Orta möhletli
meýilnamalaşdyrmak
Gysga möhletli
meýilnamalaşdyrmak
Meýilnamalary
durmuşa geçirmek
Netijelere
gözegçilik etmek
Kärhananyň
mümkinçiligine
seljerme geçirmek we
baha bermek
Do'stlaringiz bilan baham: |