O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmegiň ýollary


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmegiň ýollary:
11-nji surat. Önümçilik gurluşyny kämilleşdirmegiň ýollary


45
Oýlanyşykly gurnalan, kärhananyň degişli guramaçylygyna has ýokary derejede laýyk 
gelýän önümçilik gurluşy kärhananyň ähli birlikleriniň hereketinde deň ölçegliligi üpjün 
edýär. Ony kämilleşdirmegiň usullarynyň biri hem önümçilik gurluşyny kärhananyň gura­
maçylyk we maliýe gurluşyna laýyk getirmek bolup durýar. Daşary ýurtlaryň korporasiýa­
lary üçin soňky döwürde ulgamlaýyn gurluşlary emele getirmäge bolan meýiller häsiýetli­
dir, şoňa laýyklykda önümçilik gurluşy ulgamlaýyn guramaçylyk boýunça hyzmatdaşlaryň 
arasynda paýlanýar. Meselem, önümçilik firmalarynda, düz gün bolşy ýaly, kömekçi sehler, 
kähalatlarda hyzmat edýän sehler hem bolmaýar, şunda olar gurallary, enjamlary abatlamak, 
ýükleri daşamak boýunça hyzmatlary we ş.m. beýleki guramalardan alýarlar. Daşary ýurt­
laryň maşyn gurluşyk kärhanalarynyň köpüsinde, adatça, özleriniň guýma, model, demir­
çilik seh leri we standart däl enjamlary taýýarlaýan sehleri bolmaýar. Şunuň ýaly önümler 
ýöriteleşdirilen öndürijilerden satyn alynýar. Şeýlelikde, önümçilik gurluşynyň kömekçi 
ele mentleriniň (telekeçilik­işleriniň) autsorsing esasda berilmegi bolup geçýär.
Guramaçylyk gurluşyny kämilleşdirmegiň esasy islegi çyzyklaýyn­funksional gurluşdan 
diwizional we matrisa esasynda gurluşa geç mekden ybaratdyr. Önümçilik gurluşy babatynda 
bu kärhanalaryň önümçilik birlikleriniň maliýe taýdan özbaşdaklygyny we jogapkärçiligini 
çuňlaşdyrmakda, ýagny olary maliýe hasaba alnyşynyň (peýdany ýa­da harajatlary hasaba al­
mak) merkezine öwürmekde ýüze çykýar. Şu manyda birligiň işiniň netijeliligi oňa berkidilen 
wezipeleri ýerine ýetirmegiň hili bilen däl­de, maliýe netijeleri bilen kesgitlenýär.
Ahyr netijede önümçilik gurluşynyň üýtgemegi kärhananyň tehniki­ykdysady görkezi­
jilerine täsir edýär; ýöriteleşme we kooperasiýa derejesi, önümçilik işleriniň üznüksizligi, 
önümleri taýýarlamagyň sazlaşyklylygy, zähmet öndürijiligi, önümiň hiliniň gowulanma­
gy, tamamlanmadyk önümçiligiň we ätiýaçlyklaryň möçberi, bu serişdeleriň peýdalanyş 
derejesi. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling