O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet19/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar 
1. Önümçilik prosesine kesgitleme beriň.
2. Esasy, kömekçi we hyzmat etmek proseslerine häsiýetnama beriň.
3. Önümçilik prosesini oýlanyşykly guramagyň ýörelgelerini görkeziň.
4. Ýönekeý we çylşyrymly önümçilik proseslerine mysal getiriň.
5. Önümçilik döwrüniň nämedigini düşündiriň.
6. Önümçilik döwrüniň uzaklygy nähili hasaplanyp çykarylýar?
 2.4.
Kärhananyň önümçilik gurluşy
Kärhananyň bilelikde alnan önümçilik birlikleri (esasy, kömekçi we hyzmat edýän 
birlikler) we olaryň arasynda aragatnaşyklar önümçilik gurluşyny emele getirýär. Ol köp 
babatda zähmet öndürijiliginiň derejesini, maddy serişdeleri we tehnikany peýdalanmagyň 
netijeliligini kesgitlemek bilen, degişli önümçilik şertlerinde kärhananyň ykdysadyýetine 
düýpli täsir edýär. 
Kärhananyň önümçilik birliklerine şular degişlidir:
– kärhana tarapyndan çykarylýan esasy önümiň taýýarlanylýan seh leri we uçastoklary;
– beýleki taraplardan alynýan toplaýyş önümleriniň, material laryň we ýarym taýýar 
önümleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň gözegçilik bar lagynyň we synagynyň geçirilýän laborato­
riýalary;
– tehnologik zerurlyklar üçin energiýa işläp çykarýan sehler. 
Düzgün bolşy ýaly, kärhananyň esasy gurluş birligi seh bolup durýar, bu gurama­
çylyk we tehnologik taýdan aýrybaşga bölüm bolup, onda önümler (ýa­da olaryň bölek­
leri) öndürilýär, önümçilik prosesiniň bellibir tapgyry ýerine ýetirilýär. Käbir uly bolmadyk 
kärhanalaryň sehsiz gurluşy bolýar, ýagny olar kiçi önümçilik birliklerinden – aýry­aýry 
önümçilik uçastoklaryndan ýa­da liniýalaryndan durýar. Sehler özbaşdak we doly hukukly 
birlikler bolup durýar hem­de olara kärhananyň maliýe gurluşynda jogapkärçilik merkezi 
hökmünde seredilip bilner.


42
Mysal üçin, senagatda sehleri şu toparlara bölüp bolar:
1. Esasy sehler – ýerlemek üçin niýetlenen önümleri taýýarlamak boýunça amallary 
amala aşyrýarlar. Maşyn gurluşykda ola ra önümleri taslaýan (guýma, demirçilik­ştamp­
laýyş, demirçilik­basyş), işläp bejeriş (mehaniki, agaç işläp bejeriş, termiki, gal waniki, lak­
reňk, gorag we bezeg şaýlary goýulýan sehler), ýygnama (agregat we önümleri gutarnykly 
ýygnama sehleri) synag sehleri degişlidir. 
2. Kömekçi sehler – esasy sehleri zerur bolan gurallar, abzallar bilen üpjün edýärler, 
tehnologik enjamlara tehniki taýdan hyzmat edýärler we olary abatlamak işlerini ýerine 
ýetirýärler, kärhanany energiýa we ýylylyk bilen üpjün edýärler we ş.m. Energetika (bug 
gazanlary, kompressor stansiýalary, elektrostansiýalar we kiçi transformator stansiýalary), 
gurallar (modeller, ştamplar we abzallar, kesiji we ölçeýji gurallar) we abatlaýyş (abat­
laýyş­mehaniki, abatlaýyş­gurluşyk, standart däl enjam) kömekçi sehler.
3. Hyzmat edýän sehler – esasy we kömekçi sehlere ulag hyzmatlaryny etmek, çig 
maly, ýarym taýýar önümleri, taýýar önümleri saklamak hyzmatlaryny etmek boýunça, 
energiýa bermek boýunça amallary ýerine ýetirýärler – ammar, ulag birlikleri we ş.m.
Konstruktorçylyk we tehnologik birlikler, ylmy­barlag bölümleri we laboratoriýalar 
kärhananyň önümçilik gurluşynda aýratyn orun eýeleýärler. Olaryň işleriniň bir bölegi in­
nowasion prosesiň aýry­aýry tapgyrlarynda – YBTKI­nde, önümçiligi tehnologiýa taýdan 
taýýarlamakda jemlenendir, şunuň bilen önümiň we tutuş kärhananyň bäsdeşlige ukyplyly­
gy üpjün edilýär.
Sehleriň içki önümçilik gurluşy bardyr, içki gurluş diýip olarda bar bolan önümçilik 
uçastoklarynyň, kömekçi we hyzmat ed ýän birlikleriň düzümine, olaryň önümçilik aragat­
naşyklarynyň gör nüşlerine düşünilýär.
Önümçilik uçastogy – önümçilik amallarynyň bellibir derejede aýrybaşgalaşdyrylan 
böleginiň amala aşyrylýan iş ýerleriniň toparyny birleşdirýän gurluş birligi. Uçastoklaryň 
düzümi, sany we olaryň arasyndaky önümçilik aragatnaşyklary sehleriň sanawyny we tutuş 
kärhananyň önümçilik gurluşyny kesgitleýär.
Kärhananyň önümçilik gurluşynyň ilkinji bölegi iş ýeri bolup durýar, bu önümçilik 
meýdançasynyň işçiniň ýa­da işçiler toparynyň degişli enjamlary we tehnologik abzallary 
peýdalanmak bilen, önümi taýýarlamak ýa­da önümçilige hyzmat etmek boýunça aýratyn 
amaly ýerine ýetirýän bölegidir. Iş ýerleriniň sany we sanawy önümleri taýýarlamagyň 
tehnologiýasy, zähmet bölünişiginiň derejesi, önümiň öndürilen möçberi we ony taýýar­
lamagyň zähmet talap edijiligi bilen kesgitlenýär. Iş ýeri ýönekeý (bir işçi enjamyň birine 
hyzmat edýär), köp stanokly (bir işçi enjamlaryň birnäçe sine hyzmat edýär), toplumlaýyn 
(işçiler topary bir agregata hyzmat edýär) bolup biler.
Önümçilik gurluşy, guramaçylyk gurluşy ýaly, kärhana döredilende emele getirilýär 
we ol täze önümleri öndürmäge geçende üýtgedilýär. Önümçilik gurluşy önümçilik pro­
sesini gurmagyň guramaçylyk görnüşine (ýagny onuň kärhananyň sehleriniň we uçastok­
larynyň arasynda paýlanylyşyna), işiň tehniki­ykdysady görkezijilerine we tutuş kärhanany 
onuň aýry­aýry sehlerini dolandyryş eda ralarynyň gurluşyna degerli täsir edýär.
Zawodyň içinde ýöriteleşmegiň görnüşine we kärhanada kooperirlenmäniň derejesine 
baglylykda önümçilik gurluşynyň üç görnüşi tapawutlandyrylýar (10-njy surat).


43
1. Predmetleýin gurluş: esasy sehler we olaryň uçastoklary her bir (uçastok, liniýa) 
tarapyndan bir önümi ýa­da önümler toparyny ýa­da olaryň böleklerini taýýarlamak ala­
maty boýunça gurulýar. Bir sehde dürli görnüşdäki birnäçe tehnologik prosesler birleşýär, 
önümi taýýarlamak boýunça amallaryň ählisini ýa­da esasy toplumyny ýerine ýetirmek 
üçin düýpli görnüşdäki enjamlar jemlenýär. Gurluşyň şunuň ýaly görnüşi iri tapgyrlaýyn 
we köpçülikleýin önümçilik (awtomobil gurluşygy) üçin häsiýetlidir.
Predmetleýin gurluşyň artykmaçlyklaryna şular degişlidir: zawodyň içinde ko­
operasiýanyň azalmagy we ýönekeýleşmegi, önümçilik sikliniň uzaklygynyň gysgal­
magy, işgärleriň işiň hili üçin, birlikleriň ýolbaşçylarynyň bolsa degişli mukdarda we 
bel lenen möhletlerde kesgitlenen hildäki önümleriň taýýarlanmagy üçin jogapkärçilik­
leriniň ýokarlanmagy, önümçiligi meýilnamalaşdyrmagyň ýönekeýleşmegi; önümçi­
ligiň üznüksizlik usullarynyň, ýokary öndürijilikli enjamlaryň, önümçilik proseslerini 
toplumlaýyn awtomatlaşdyrmagyň we mehanizirlemegiň ulanylmagy. Bu artykmaçlyk­
laryň ählisi önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna getirýär. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling