O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Sorag we ýumuşlar
1. Ykdysady taýdan göni döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz we 
düýp manysy nämeden ybarat?
2. Döwlet telekeçiliginiň nämedigini düşündiriň.
3. Döwletiň köpçülikleýin kärhanalaryny we döwletiň hususy hukuga esaslanýan kärhana-
laryny häsiýetlendiriň.
4. «Döwlet tarapyndan maksatnamalaşdyrmak» düşünjesine häsiýetnama beriň.
 4.3.
Kärhanalaryň işini ykdysady
taýdan gytaklaýyn
düzgünleşdirmek
Gytaklaýyn döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek şu düzüm böleklerini öz içine alýar:
– býujet salgyt ulgamy;
– gümrük çäklendirmeleri;
– pul­karz syýasaty;
– döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek.
Kärhanalaryň işini gytaklaýyn düzgünleşdirmegiň iň netijeli usuly salgyt taýdan düz­
günleşdirmek bolup durýar. Salgyt ulgamy esa sy üç wezipäni ýerine ýetirýär:
– döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin döwlete zerur bolan maliýe serişdelerini 
çekýär;
– durmuş adalatlylygy üpjün etmek, gurby pes raýatlaryň bähbitlerini we jemgyýetde 
durnuklylygy goramak maksady bilen, durmuş we syýasy ileri tutulýan ugurlara baglylyk­
da milli girdejini gaýtadan paýlaýar;
– işiň ileri tutulýan ugurlaryny höweslendirmek bilen, jemgyýetiň derwaýys mesele­
lerini çözmäge ýardam edýär.
Dünýä tejribesinde kärhanalaryň işini salgyt taýdan düzgünleşdirmegiň esasy usul­
laryna şular degişlidir:
– salgyt salmagyň umumy derejesiniň üýtgemegi;
– maýa goýumlar üçin salgyt ýeňillikleri;
– işiň aýry­aýry pudaklarynda ýa­da sebitlerde işewürlik işjeňligini höweslendirýän 
ýa­da kärhanalaryň ol ýa­da beýleki çärelere gyzyklanmalaryny güýçlendirýän dürli görnüş­
däki ýörite salgyt ýe ňillikleri.
Häzirki zaman dünýä ykdysadyetinde salgyt salmak ulgamyna bellibir meýiller 
häsiýetlidir. Öňi bilen, bu ykdysadyýetdäki ýagdaýa baglylykda, kärhanalaryň peýdasyn­
dan alynýan salgytlaryň möçberleriniň üýtgemegi bolup durýar. 
Daşary ýurtlarda önümçiligiň ösüşini höweslendirmekde täze döredilýän kompaniýa­
lar üçin peýdadan alynýan salgyt boýunça ýeňillikler degerli orun tutýar.
Kärhanalaryň netijeleri goýlan serişdeleri gysga möhletde ödemeýän we döwürleýin 
maliýe serişdeleriniň berilmegini talap edýän öz ylmy maksatnamalaryny maliýeleşdir­
meklerini höweslendirmek üçin köp ýurtlarda ýörite salgyt ýeňillikleri – salgyt karzy gi­
rizilýär, bu bolsa kompaniýalara özüniň YBTKI (ylmy­barlag we tejribe­konstruktorçylyk 
işläp taýýarlamalary) üçin çykdajylarynyň geçen döw rüň çykdajylary bilen deňeşdirilende 


70
artan möçberiniň bir bölegini peýdadan alynýan salgytdan (korporatiw salgytdan, paýna­
malaryň girdejilerine salynýan salgytdan) ýa­da girdejilerden alynýan beýleki bir salgytdan 
aýyrmaga mümkinçilik berýär. 
Kärhananyň işini salgyt taýdan düzgünleşdirmegiň bir görnüşi hem ulanyş tutumlarynyň 
alnyşyny düzgünleşdirmek bolup durýar, bu, düzgün bolşy ýaly, ol ýa­da beýleki pudaklarda 
we sebitlerde ylmy­tehniki ösüşi (YTÖ) tizleşdirmek üçin peýdalanylýar.
YTÖ şertlerinde önümçilik enjamlarynyň moral taýdan tiz könelmegi bolup geçýär, 
ulanyş tutumynyň ölçegini ýokarlandyrmak we ulanyş tutumy alynýan möhletleri azalt­
mak kanuny meýil bolýar. Elbetde, şunuň ýaly şertlerde balansyň aktiwinde möhüm orun 
ulanyş tutumlaryna degişli bolýar, önümçilik gurallaryny täzelemek üçin bolsa tizleşdirilen 
ulanyş tutumy syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bolýar, bu esasy maýanyň gymmatyny has 
gysga möhletlerde we ulanyş tutumynyň has ýokary ölçegleri boýunça hasapdan öçürmäge 
mümkinçilik berýär hem­de kärhananyň maýa goýum mümkinçiligini artdyrýar.
Tizleşdirilen ulanyş tutumy syýasatynyň düýp mazmuny ulanyş tutumyndan ge­
çirimleri esasy maýanyň hakyky könelmesinden düýpli ýokary bolan möçberlerde ha­
sapdan öçürmäge berlen rugsatdan ybaratdyr, bu bolsa kärhanalara berilýän özboluşly 
salgyt subsidiýalary bolup durýar – ulanyş tutumyndan geçirimler önümiň özüne düşýän 
gymmatyna goşulýar we ol ýerlenenden soň eýesine gaýtarylýar. Önümiň özüne düşýän 
gymmatynyň artmagynyň hasabyna (önümiň bahasynyň üýtgemedik ýagdaýynda) salgyt 
salynýan peýdanyň möç beri we degişlilikde, kärhana tarapyndan tölenýän salgytlar pe­
selýär.
Ulanyş tutumynyň ölçeginiň ýokarlanmagy we ulanyş tutumy alynýan möhletleriň 
degişli derejede peselmegi maýa toplamagyň depginini çaltlandyrýar, bu bolsa kärhanalara 
esasy maýany täzelemek, şonuň bilen bir wagtda peýdadan alynýan salgydyň toplumyny 
azaltmak üçin giň mümkinçilikler berýär.
Salgytlaryň her bir görnüşiniň sazlaýjy wezipeleri ýeňillikleri ber mek we salgyt 
çärelerini ulanmak mümkinçilikleri bilen kesgitlen ýär. 
Häzirki wagtda ýurtda hereket edýän salgyt ýeňilliklerini birnäçe topara bölüp bolar.
Birinji topardaky ýeňillikler maýa goýumlar üçin sarp edilýän peýda degişlidir, ikin­
ji toparyň ýeňillikleri durmuş­medeni işi goldamak üçin ulanylýan peýdalara degişlidir, 
üçünji toparyň ýeňillikleri töleýjileriň aýratyn görnüşleri tarapyndan alnyp bilner.
Birinji topara düýpli goýumlary artdyrmak üçin şertleri döred ýän ýeňillikler degişli­
dir. Kärhanalaryň önümçilik we önümçilik däl häsiýetli düýpli goýumlaryny maliýeleşdir­
mäge, şeýle hem şol maksatlar üçin niýetlenen bank karzlaryny üzmek üçin gönükdirilen 
peýdasy salgyt salmakdan boşadylýar. Bu ýeňillik özüniň önümçilik we önümçilik däl des­
galaryny ösdürmegi amala aşyrýan kärhanalara olar tarapyndan ulanyş tutumlarynyň maýa 
goýum maksatlarynda doly peýdalanan şertlerinde berilýär. Soňky şert, birinji nobatda, 
kärhananyň öz serişdelerini jemlemegi, diňe ikinji nobatda maýa goýumlaryny amala aşyr­
mak üçin salgyt ýeňillikleri görnüşinde kömek berilmegi üçin döwlete ýüz tutmalydygy 
babatynda talap bilen baglydyr.
Kärhana tarapyndan tölenýän diwidendlere, olaryň kärhananyň içinde önümçiligiň 
durkuny täzelemek we/ýa­da giňeltmek üçin maýa goýuma gönükdirilýän halatynda, sal­
gyt alynmaga degişli däldir.


71
YBTKI guramak we geçirmek üçin ulanylýan, peýda salgyt salnanda kärhanalara be­
rilýän salgyt ýeňillikleri hem şulara degişlidir. 
Ikinji topara degişli salgyt ýeňillikleri saglygy goraýyş, bilim, sport we medeni des­
galaryny we edaralary, çagalar edaralaryny we kärhananyň balansyndaky beýleki durmuş 
desgalary saklamak üçin harçlanýan bölegini salgyt salynýan peýdadan aýyrmaga mümkin­
çilik berýär. Bu haýyr­sahawat maksatlary üçin, ekologiýa we sagaldyş gaznalaryna geçi­
rilýän gatançlara hem degişlidir.
Üçünji topara degişli ýeňillikler işgärleriniň umumy sanynyň 50%­den az bolmadyk 
bölegi maýyplardan ýa­da pensionerlerden (70%­den az bolmadyk bölegi) durýan kärhana­
lara degişlidir. Şu ýagdaýda kärhananyň peýdasyndan alynýan salgyt 50 % azalýar.
Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çäreleriniň ulgamynda gümrük taýdan düzgün­
leşdirmek degerli orun tutýar. 
Kärhanalaryň işini düzgünleşdirmekde pul­karz syýasaty aýratyn orun tutýar. Karz 
– bu karzdar tarapyndan köplenç halatda ondan peýdalanylandygy üçin karz alyjy tara­
pyndan göterim tölemek bilen gaýtarmak şertlerinde karz alyja berilýän pul ýa­da haryt 
görnüşindäki nesýedir. Bazar ykdysadyýetiniň tebigaty bazar subýektleriniň işiniň, şol san­
da döwletiň işiniň hem bellibir tapgyrlarynda emele gelýän pul serişdeleriniň hereketsiz 
durmagyna ýol bermeýär. Däp bolşy ýaly, bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde karz serişde­
leriň esasy çeşmeleri şular bolup durýar:
– kärhanalaryň ulanyş tutumy gaznasy;
– kärhananyň dolanyşyk maýasynyň taýýar önüminiň ýerlenýän we üznüksiz önümçi­
ligi dowam etmek üçin zerur bolan dolanyşyk gaznalarynyň elementleriniň satyn alynýan 
pursaty bilen gabat gelmezligi, şeýle hem zähmet hakynyň tölenmeli pursady bilen bagly 
wagt laýyn erkin bölegi;
– fiziki we ýuridik şahslaryň, banklaryň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň we beýleki 
maliýe institutlarynyň hasaplarynda jemlenilýän pul girdejileri we tygşytlanan serişdeleri;
– döwletiň toplanan pul serişdeleri (döwlet býujetiniň we býujetden daşary gazna­
laryň serişdeleri).
Karz makro we mikro ykdysady deňeçerligi üpjün etmekde möhüm wezipeleri ýerine 
ýetirýär. Karzyň kömegi bilen maýany dür li pudaklaryň we kärhanalaryň arasynda bazaryň 
üýtgeýän konýun k tu rasyna hem­de önümçiligiň gurluşynyň amatly edilişine laýyklykda 
gaýtadan paýlamak amala aşyrylýar. Karz dürli görnüşlerde hereketi amala aşyrýar, olaryň 
arasynda täjirçiilk we bank karzy nusgawy görnüşler bolup durýar. Täjirçilik karzy, mälim 
bolşy ýaly, tölegi soňa süýşürmek bilen haryt satylanda peýdalanylýar. Haryt görnüşindäki 
serişdeler onuň obýekti bolup çykyş edýär, maksady harytlaryň, hyzmatlaryň we pul seriş­
deleriniň hereketini tizleşdirmek bolup durýar.
Bank karzy pul serişdeleriniň eýeleri, banklar, ýörite karz edaralary tarapyndan nesýe 
pullar görnüşinde berilýär. Şeýlelikde, bank karzynyň obýekti pul maýasy, telekeçi, döwlet, 
öý hojalyklary sektory karz alyjy, pul serişdeleriniň eýesi karzdar (karz beriji) bolup durýar. 
Döwletiň pul­karz syýasaty bazar ykdysadyýetini merkezleşdirilen tertipde düzgün­
leşdirmegiň we dolandyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri bolup durýar. Bazaryň kanun­


72
laryna goşulman, tersine, olary we edil şonuň ýaly, bazar mehanizmini peýdalanmak bilen, 
döwlet pul­karz syýasatynyň özboluşly çäreleriniň we gurallary arkaly diňe bir karz­maliýe 
hem­de pul ulgamlaryny däl, eýsem tutuş ykdysadyýeti durnuklaşdyrmagyň mümkin bolan 
şertlerini döredýär. Döwletiň pul­karz syýasaty iki esasy ugurda amala aşyrylýar: Merkezi 
bankyň (MB) işi arkaly we döwletiň gymmatly kagyzlaryny emissiýa etmegiň (zaýomlary 
geçirmek) üsti bilen amala aşyrylýar.
MB­niň döwletiň ykdysadyýetini, aýry­aýry pudaklaryň we kärhanalaryň ykdysadyýe­
tini düzgünleşdirmekdäki esasy guraly gaýtadan maliýeleşdiriş möçberi (stawkasy) ýa­da 
hasaba alyş möçberi (stawkasy) bolup durýar, ol aýry­aýry bank amallaryny düzgünleşdir­
megiň ölçegi hökmünde MB tarapyndan peýdalanylýan göterim möç beridir. Hasaba alyş 
stawkasynyň möçberi nesýe bank göteriminiň möçberine we depozit möçberlerine täsir 
edýär. Gaýtadan maliýeleşdiriş möçberiniň ýokarlanmagy depozitler boýunça göterim möç­
berleriniň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa olary hakyky sektora maýa goýum goýmaga 
seredeniňde özüne çekiji edýär. Şunuň ýaly syýasat ýurduň senagat önümçiliginiň peselme­
gine getirýär. Kärhanalar önümçilik döwri gysga bolan önümleri öndürmäge geçýärler, teh­
nologiýa ýönekeýleşýär, ýagny senagat kärhanalarynyň köpüsiniň bar bolan ylmy­tehniki 
we önümçilik mümkinçiligi peýdalanylmaýar, ol wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýär.
Gaýtadan maliýeleşdiriş möçberiniň durnukly peselýän halatynda ýokardakynyň ter­
sine bolan ýagdaýy bolup geçýär.
Kärhanalaryň işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň mö hüm guraly karz gura­
malarynyň işiniň normatiwler ulgamy bolup dur ýar. Anyk normatiwleri bellemek bilen 
döwlet amallaryň ol ýa­da beýleki görnüşlerini ýa­da anyk müşderiler bilen amallary bank­
lar üçin özüne çekiji edýär. Hökmany ätiýaçlandyryş kadalarynyň üýtge megi hem pul­karz 
syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Täjirçilik banklary özleriniň ätiýaç­
lyk serişdelerini MB­niň ýörite hasaplarynda saklamalydyrlar. Kähalatda bu talap ähli ins­
titutlara däl­de, diňe karz sorap MB­ä ýüz tutulanda degişli ýeňillik alýan agza banklar 
diýilýänlere degişli bolýar. Hökmany ätiýaçlandyryş kadalarynyň üýtgemeginiň makroyk­
dysady manysy bank karzlarynyň möçberini düzgünleşdirmekden ybaratdyr. Hökmany 
ätiýaçlandyryş kadalaryny artdyrmak bilen, MB degişlilikde, banklaryň hasaplarynda 
goýumlar görnüşinde, karz serişdeleri hökmünde bar bolan serişdeleriň peýdalanylyşyny 
çäklendirýär. Tersine, bu kadany peseltmek bilen, MB täjirçilik banklarynyň karz işjeňli­
gini giňeltmek üçin serişdeleriň boşadylmagyny höweslendirýär. Bäsleşik şertlerinde tä­
jirçilik banklarynyň karz mümkinçilikleriniň giňelmegi bolsa, müşderilere, öňi bilen hem 
senagat kärhanalaryna pes göterim möçberi bilen karz almaga mümkinçilik berýär.
Pul­karz syýasatynyň iň möhüm bazar gurallarynyň biri hem gymmatly kagyzlaryň 
satyn alnyşyny­satylyşyny we degişlilikde, bank ätiýaçlyklarynyň azalyşyny ýa­da köpelişini 
görkezýän gazna biržalaryndaky amallar bolup durýar. Açyk bazardaky amallaryň obýekti 
bolup, düzgün bolşy ýaly, ozal çykarylan gysga möhletli gaz naçylyk borçnamalary, döwletiň 
gaznaçylyk borçnamalary (DGB), döwletiň beýleki gymmatly kagyzlary hyzmat edýärler. 
Düzgünleşdirmegiň bu görnüşi has netijelidir, sebäbi amallaryň bellibir derejede ýokary bol­
madyk möçberlerinde islenilýän netijäni alyp bolýar. Karz­kagyz pullaryň agdyklyk bilen 
ösýän şertlerinde açyk bazardaky amallar diňe bir karz amallary düzgünleşdirimek görnüşin­
de bolman, eýsem pul toplumyna gözegçilik etmegiň möhüm usuly hem bolup durýar.


73
Döwletiň gymmatly kagyzlaryny (DGK) çykarmak we olar boýunça girdejililigiň ulu­
ly gyny bellemek bilen döwlet toplama hem­de maýa goýum proseslerini düzgünleşdirip 
bi ler. 
Döwlet karz işini döwlet kärhanalaryna we ýerli häkimiýet edaralaryna degişli garyşyk 
kärhanalara goýulýan düýpli goýumlary maliýeleşdirmek üçin zaýomlary çykarmak arkaly 
hem amala aşyrýar, býujetiň ýa­da döwletiň karz gaznalarynyň serişdeleriniň hasabyna 
döwlet karzlaryny berýär. Döwlet karzlary telekeçiniň nukdaýnazaryndan peýdasy az we 
düşewüntsiz, ýöne ykdysadyýetiň hereket et megi üçin zerur bolan pudaklara gönükdirilýär.
Döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ýene bir görnüşi walýutany (daşary ýurt 
puluny) düzgünleşdirmek bolup durýar. Milli puly dewalwasiýa (hümmetini peseltmek) 
ýa­da rewalwasiýa (hümmetini ýokarlandyrmak) etmek bilen döwlet önümiň eksportyny 
ýa­da importyny peýdaly ýa­da peýdasyz edýär. Milli puluň dewalwasiýasy importy peý­
dasyz edýär we kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär, şeýlelikde, ýurduň 
önüm öndürijileriniň işewürlik işjeňligini höweslendirýär. 

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling