O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyna kesgitleme beriň.
2. Önümçilik kuwwatlyklarynyň balansynyň haýsy görkezijileri öz içine alýandygyny aýdyp beriň.
3. Önümçilik kuwwatlylygynyň ätiýaçlygy näme üçin döredilýär we onuň ululygy nähili kes-
gitlenýär?
4. Önümçilik kuwwatlylygynyň ätiýaçlygyna haýsy faktorlar nähili görnüşde täsir edýärler?
5. Önümçilik kuwwatlyklarynyň peýdalanyş koeffisiýenti nähili hasaplanyp çykarylýar?
 5.6.
Maddy däl serişdeler: düýp manysy,
maksady, topara bölünmesi
Häzirki zaman şertlerinde maddy däl serişdeler kärhananyň hojalyk işiniň serişdeleri­
niň aýrylmaz bölegi bolup durýar, olaryň ep­esli bölegini maddy däl aktiwler emele ge­
tirýär. Maddy däl akitiwlere fiziki alamatlary bolmadyk, ýöne hemişelik esasda ýa­da uzak 
wagtyň dowamynda girdeji almak mümkinçiligini üpjün edýän obýektler degişlidir. Şunuň 


87
ýaly aktiwlere şular degişlidir: tebigy serişdelerden we ýerden peýdalanmak hukugy, oýlap 
tapyş hukugy, awtorlyk hukugy, patentler, haryt nyşanlary, [«nou­hau»], söwda nyşanlary, 
satyn alnan dellalçylyk ýerleri ýa­da dellalçylyk ýerlerinden peýdalanmak hukugy we 
beýlekiler degişlidir. Maddy däl aktiwleriň gymmaty kärhananyň balansynda görkezilýär.
Kärhananyň möhüm serişdeler toplumy hökmünde maddy däl serişdelere bolan gy­
zyklanma birsyhly ýokarlanýar. Bu şu ýagdaýlar bilen baglydyr:
– global derejede öňdebaryjylyk üçin bäsleşikli göreşiň güýçlenmegi;
– hyzmatlar ulgamynyň giňelmegi;
– ylmy­tehniki ösüşiň çaltlanmagy we çylşyrymlaşmagy;
– bu aktiwleriň gymmatynyň haýal (maddy serişdeler bilen deňeşdirilende) pese gaç­
magy we beýlekiler.
Maddy däl serişdeleriň käbir görnüşleriniň gymmaty kärhananyň aktiwleriniň gym­
maty boýunça onuň satylýan bahasyndan birnäçe esse ýokary bolup biler. Bu haryt nyşan­
larynyň gymmatynyň mysalynda has aýdyň görünýär. Kanunçylyga laýyklykda haryt 
nyşany we hyzmat ediş nyşany – degişlilikde, bir ýuridik ýa­da fiziki şahslaryň harytlaryny 
we hyzmatlaryny beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň birmeňzeş harytlaryndan we hyzmat­
laryndan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgilerdir. Bazaryň esasy subýektleri­
niň – haryt öndürijileriň we sarp edijileriň özara hereketler ulgamynda haryt nyşanynyň 
ornuna 16­njy suratda getirilen şekil boýunça syn edip bolar.
Öndüriji
Öndüriji
PEÝDA
ISLEG
Sarp edijiniň hukuklaryny 
goramak
Sarp ediji
Birmeňzeş harytlaryň 
arasyndan
harytlary bölüp
tapawutlandyrmak
Harydyň 
hilini kepillen ­
dirmek
Harydyň
hilini 
görkezmek
Gelip çykan 
çeşmesini 
görkezmek
Mahabat­
landyrma

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling