O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Dolanyşyk serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligine nähili baha berilýär?
2. Dolanyşyk koeffisiýenti nähili hasaplanýar we ol nämäni häsiýetlendirýär?
3. Dolanyşyk serişdeleriniň ortaça galyndysynyň nämedigini düşündiriň.
VII BAP. IŞGÄRLER, KÄRHANADA ZÄHMETI
GURAMAK WE HAK TÖLEMEK
 7.1.
Kärhanada işgärler we onuň gurluşy
Kärhananyň serişdeler potensialynyň umumy ulgamynda aýratyn orun zähmet seriş­
delerine degişlidir. Häzirki wagtda zähmet bazary işjeň hereket edýär, onuň infrastruktu­
rasy döredildi, işsizlik gizlin gör nüşden açyk görnüşe geçdi. Kärhananyň işgärleri önümçi­
ligiň maddy we maliýe serişdelerini birleşdirmegi üpjün edýär.


101
Kärhananyň işgärleri kärhanada işleýän dürli kärli – hünär derejeli toparlaryň işgär­
lerinden ybaratdyr. Olar ýuridik şahs hökmünde kärhana bilen hakyna tutma şertnamasy 
bilen baglanyşykly fiziki şahslaryň jemini emele getirýärler.
Kärhananyň işgärlerini dolandyrmak kärhanany ösdürmegiň strategiýasyna tabyn 
edilýär, şol strategiýa baglydyr we onuň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 
Senagat kärhanalarynyň işgärleriniň gurluşy olaryň ýerine ýetirýän wezipelerine bag­
lylykda işgärleriň dürli kategoriýalarynyň we toparlarynyň düzümi hem­de san gatnaşygy 
bilen kesgitlenýär. 
Kärhananyň önüm öndürmek (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek) prosesi bilen gönü­
den göni bagly işgärleri, ýagny önümçilik işinde işleýän işgärleri senagat­önümçilik iş­
gärlerini (SÖI) emele getirýär. Senagat kärhanalarynda oňa esasy, kömekçi, hyzmat edýän 
sehleriň, ylmy­barlag, taslama­konstruktorçylyk we tehnologik guramalaryň, laboratoriýa­
laryň we kärhananyň balansyndaky birlikleriň işgärleri, edara kärhananyň administrasiýasy 
we funksional bölümleriň hem­de gulluklaryň ählisi we ş.m. goşulýar.
Haýsy ulgamda zähmet çekilýändigine garamazdan, kärhananyň senagat­önümçilik 
işgärleri iki esasy kategoriýa – işçiler we gullukçylar kategoriýalaryna bölünýär.
Işçiler önüm öndürmek prosesine gönüden­göni gatnaşýarlar, maşynlary, enjamlary 
dolandyrýarlar, awtomatik enjamlaryň işine gözegçilik edýärler, maşynlary abatlamagy, 
düzgünleşdirmegi we saz lamagy, gelip gowuşýan toplaýyş enjamlaryna we çig mala, 
taýýar önümlere gözegçiligi amala aşyrýarlar, ýüklemek­düşürmek we daşamak, ammara 
ýerleşdirmek işlerini we ş.m. ýerine ýetirýärler.
Işgärleriň toparynda esasy we kömekçi işgärler görkezilýär. Olaryň üstüne ýük­
lenýän işler dürli­dürli bolýar, şonuň üçin hem kärhanada bellibir geljekki döwür üçin 
olaryň sany kesgitlenilende meýilnamalaşdyrmagyň barşynda peýdalanylýan usullar 
hem dürli­dürlüdir. 
Esasy işgärlere önümi öndürmek bilen gönüden göni meşgullanýan işçiler (stanok­
çylar, awtomatiki we beýleki enjamlaryň we ş.m. operatorlary), kömekçi işgärlere esasy 
işgärler tarapyndan ýerine ýetirilýän önümçilik proseslerine hyzmat edýän işgärler (en­
jamlary sazlaýjylar, abatlaýjy, ulag we ammar işgärleri, gözegçiler we ş.m.) degişlidir. 
Gullukçylar toparynda ýolbaşçylar, hünärmenler we gönüden göni gulluk edýän iş­
gärler toparlara bölünip görkezilýär. Ýolbaşçylar toparyny kärhanada ýolbaşçy wezipeleri 
eýeleýän işgärler (direktor, başlyk, dolandyryjy), şeýle hem olaryň gurluş birliklerindäki we 
bölümlerindäki orunbasarlary, baş hünärmenler (baş inžener, baş hasapçy, baş mehanik, baş 
ykdysatçy we ş.m.) emele getirýär. Işgärleriň bu toparynyň tapawutly aýratynlygy ýolbaş­
çylarda köp ugurly wezipeleri çözmek ygtyýarlygynyň bardygyndan, olaryň wezipäni goý­
magy, şol wezipeleri çözmegi we gözegçiligi guramagy amala aşyrýandyklaryndan ybaratdyr. 
Hünärmenler toparyny inžener­tehniki, ykdysady, buhgalterçilik, hukuk we beýleki 
wezipeleri ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan işgärler emele getirýär. Hünärmenlere bil­
dirilýän esasy talaplar – kärhananyň administrasiýasy tarapyndan goýlan funksional wezi­
peleri öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gowy hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek 
bolup durýar. 


102
Gullukçylar resminamalary taýýarlamagy we resmileşdirmegi amala aşyrýarlar, 
olaryň geçişine gözegçilik edýärler, gurama hojalyk taýdan hyzmat etmek we işleri ýöret­
mek bilen meşgullanýarlar (agentler, kassirler, iş ýöredijiler, kätipler we beýlekiler). 
Olaryň esa sy borjy wezipe borçlaryny, ýolbaşçylaryň hem­de hünärmenleriň tabşyryk­
laryny takyk we doly möçberde ýerine ýetirmek bolup durýar. 
Esasy we kömekçi işçileriň, hünärmenleriň we işgärleriň beýleki kategoriýalarynyň 
ýerine ýetirýän wezipeleriniň köpdürlüligi her bir kär boýunça, her bir käriň çäklerinde 
bolsa hünäri we hünärlilik derejesi boýunça olara bolan islegi meýilnamalaşdyrmagy talap 
edýär. 
Kär diýip zähmet işiniň bellibir nazary bilimleri we amaly endikleri talap edýän 
aýratyn görnüşine, hünäri diýip käriň çäklerindäki işiň özboluşly aýratynlygy bolan we 
goşmaça bilimleri hem­de endikleri talap edýän görnüşine düşünilýär. Meselem, slesar 
käriniň birnäçe hünär ugurlary bolup biler: slesar bellikleýji, slesar­ýygnaýjy we ş.m.
Her bir käriň çäklerinde dürli hünär derejesi bolan, ýagny bu käre dürli derejede erk 
edip bilýän işgärler bardyr. 
Kärhananyň işgärleri kärhananyň esasy gaznalary we dolanyşyk serişdeleri ýaly 
önümçilik serişdesi bolup durýar, degişlilikde, kärhanany dolandyrmak işgärleri dolandyr­
magy göz öňünde tutýar. Işgärleri dolandyrmak funksional derejede hem, guramaçylyk 
derejesinde hem amala aşyrylyp bilner. Birinji ýagdaýda işgärleri dolandyrmak şu möhüm 
elementleri öz içine alýar:
– kärhanada işgärler ugruny ösdürmegiň umumy strategiýasyny kesgitlemek;
– işgärleriň gurluşyny we sanyny meýilnamalaşdyrmak;
– işgärleri çekmek;
– işgärleri seçip almak;
– işgärlere baha bermek;
– hünäri ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak;
– wezipä geçmegi (gulluk boýunça ýokary çekilmegi) dolandyrmak;
– işi gurmak we gurnamak, şol sanda işleriň mazmunyny we olary ýerine ýetirmegiň 
yzygiderliligini, zähmet şertlerini, zähmet haky sy ýa satyny kesgitlemek.
Ikinji ýagdaýda işgärleri dolandyrmagy kärhanada işgärler bilen işlemek üçin jo­
gapkärçilik çekýän ähli adamlar we gulluklar amala aşyrýarlar. Işgärler bilen iş alyp bar­
mak çyzyklaýyn ýolbaşçylaryň, şeýle hem birnäçe funksional bölümleriň, gulluklaryň, 
aýry­aýry hünärmenleriň we menejerleriň üstüne ýüklenýär: işgärler bölümi (müdirligi), 
zähmeti guramak we zähmet haky bölümi, işgärleri okatmak bölümi, işgärleri dolandyryş 
bölümi, işgärler boýunça direktor.
Işgärleri dolandyrmagyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde meýilnamalaşdyrmak, 
kärhananyň baş maksatlaryndan we önüm öndürmegiň hem­de ony ýerlemegiň şertlerin­
den ugur alyp, şu wezipeleriň çözülmegini göz öňünde tutýar: zähmet serişdeleri babatyn­
da wezipeleri çözmek; işleýänleriň hakyky sanyny anyklamak; işgärleriň geldi­geçerligine 
baha bermek we işden çykýanlaryň ýerine öz wagtynda işgär alynmagyny üpjün etmek; 
işçi güýjüniň ýetmezçiligi ýüze çykmazyndan öň onuň lokallaşdyrylmagyny däl, eýsem 
ýüze çykmagynyň ähtimal bolan wagtyny kesgitlemek we ş.m.


103

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling