O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Kärhananyň önümçilik
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
18-nji surat. Kärhananyň önümçilik
we maliýe döwürleri Maliýe döwri materiallar üçin üpjün edijilere tölegiň geçirilen pursadyndan başlanýar (kreditor bergini üzmek) we satyn alyjylardan serişdeleriň alnan pursadynda tamamlanýar (debitor bergini üzmek). Bu prosesleriň gabat gelmegi önümiň (harytlaryň) ýerlenýän tapgyrynda tamamlanýar. Şu pursatdan başlap maddy görnüşdäki harydyň hereketi bilen onuň gymmatynyň hereketi aýratyn lykda bolup geçýär. Sarp ediş gymmaty hökmünde haryt önümçilikden gönüdengöni sarp edişe gelip gowuşýar ýada ätiýaçlyklaryň artmagyny emele getirýär. Ýerlenen gymmat bolsa iki bölekden durýar – biri önümçilige berlen hakujy serişdeleriň öwezini dolýar, beýlekisi bolsa girdejini emele getirýär. Köp bölegini dolanyşyk serişdeleri tutýan gymmatyň hereketiniň çaltlanmagy ýada haýallamagy dolanyşyk serişdelerini emele getirýär, kärhananyň işiniň maliýe netijelerine göni täsir edýär. Dolanyşyk serişdeleri (dolanyşyk maýasy, dolanyşyk aktiwleri) – pul serişdeleriniň üznüksiz dolanyşygyny üpjün edýän dolanyşyk önümçilik gaznalaryny we dolanyşyk gaz nalaryny döretmek üçin hakujy hemde her bir dolanyşyk tamamlanandan soň, başky gör nüşine gaýdyp gelýän pul serişdeleriniň jemidir. Dolanyşyk önümçilik gaznalary – önümçilik serişdeleriniň her bir önümçilik siklinde dolulygyna sarp edilýän, özüniň gymmatyny dolulygyna taýýar önüme geçirýän we her bir siklden soň natural görnüşde hem, gymmaty boýunça hem täzeden döreýän bölegi dir. Dolanyşyk önümçilik gaznalarynyň gymmatyna zähmet predmetleriniň (çig mal, esasy materiallar, ýangyç, kömekçi materiallar, gap, ätiýaç lyk şaýlar) we käbir zähmet serişde leriniň (peýdalanylýan möhleti bir ýyldan ýokary bolmadyk ýada gymmaty iň pes zäh met hakynyň 100 essesinden ýokary bolmadyk gymmaty pes we çalt zaýalanýan önümler) 93 gymmaty girýär. Mundan başgada, dolanyşyk serişdelerine tamamlanmadyk önümçili giň gymmaty, özüniň taýýarlan ýarym taýýar önümleri we geljek döwürleriň çykdajylary goşulýar. Tamamlanmadyk önümçilik we özüniň taýýarlan ýarym taýýar önümleri – önümçilik prosesine gelip gowşan zähmet predmetleri: materiallar, şaýlar, bölekler we işlenip beje rilýän ýada ýygnalýan önümler, şeýle hem özüniň taýýarlan, bir sehde önümçiligi doly tamamlanmadyk we şol kärhananyň beýleki sehlerinde mundan beýläk gaýtadan işlenmäge degişli ýarym taýýar önümleri. Geljek döwürleriň çykdajylary – dolanyşyk gaznalarynyň serişdeleriniň maddy däl elementleri, olar täze önümi taýýarlamak we özleşdirmek üçin şu döwürde çykarylan, ýöne geljek döwürlere degişli bolan harajatlary öz içine alýarlar. Dolanyşyk gaznalary – kärhanalaryň dolanyşykda bolýan we taýýar önümiň ätiýaç lyklaryna, iberilen harytlara goýlan, ýöne tölenmedik serişdeleri, şeýle hem hasaplaşyk lardaky serişdeler we kassadaky hemde kärhananyň hasaplaryndaky pul serişdeleri. Do lanyşyk serişdeleriniň düzümi we topara bölünmesini 19njy suratda görkezilýär. Dolanyşyk gaznalary önüm öndürmek üçin harçlanýar we oňa öz gymmatyny ge çirýär. Dolanyşyk serişdeleri önümçilikde sarp edil meýär, pul görnüşinde hakujy we önüm ýerlenenden soň, dolanyşygy gaýtalamak üçin, şu görnüşde hakujy bermegiň başlangyç noka dyna gaýdyp gelýär. Dolanyşyk serişdeleriniň gymmaty material gymmatlyklarda mad dylaşdyrylandyr we onuň bilen üznüksiz baglydyr. Şol bir wagtyň özünde dolanyşyk serişdeleri pul serişdeleri görnüşindäki gymmat bolup durýar. Kärhananyň dolanyşyk serişdeleri maddy gymmatlyk laryň ätiýaçlyklaryny döretmek üçin niýetlenen pul gaznasyny emele getirýär. Dolanyşyk gaznalary şu ätiýaçlyklardan ybaratdyr. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling