O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet49/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. «Zähmet öndürijiligi» düşünjesine kesgitleme beriň.
2. Zähmet öndürijiligi bilen önümiň zähmet talap edijiliginiň nähili gatnaşygy bar?
3. Zähmet talap edijiliginiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?
4. Zähmet talap edijiligini peseltmegiň mümkinçilikleri nähili toparlanma bölünýär?


112
 7.5.
Kärhanada zähmete hak tölemek 
Her bir kärhana önümçilik prosesine işçi güýji serişdesini çekmek bilen, degişli hara­
jatlary çekýär.
Kärhanalaryň işçi güýji üçin harajatlary – ýerine ýetirilen iş, iş le nen wagt üçin pul we 
natural görnüşdäki hak­heşdekleriň jemidir; iş gärleri ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek boýun­
ça çykdajylar; durmuş taý dan goramak üçin çykdajylar, muňa býujetden daşary gaznalara 
ge çirimler, meýletin pensiýa, saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy we äti ýaçlandyrmagyň 
beýleki görnüşleri üçin ätiýaçlandyryş gatançlary, şeý le hem sagaldyş çäreleri, medeni­dur­
muş taýdan hyzmat etmek bilen bagly çykdajylar; kär­hünär öwretmek üçin çykdajylar; iş 
sapary çyk dajylaryny goşmak bilen, gaýry çykdajylar; hakyna tutma işçi güý jüni çekmek 
bilen baglanyşykly salgytlar. 
Zähmet haky – bu zähmet üçin hak­heşdegiň görnüşidir. Kärhanalarda zähmete hak 
tölemegiň esasynda şu ýörelgeler goýlandyr (ol ýa­da beýleki modifikasiýalar bilen olar 
bazar ykdysadyýetli ýurtlaryň ählisinde hereket edýär):
– zähmetiň mukdaryna we hiline (kwalifikasiýa) baglylykda zähmete hak tölemek;
– uzak möhletli döwürde zähmet hakynyň artyşy bilen deňeşdirilende zähmet öndüri­
jiliginiň öňegidişlikli ýokarlanmagy;
– işleýänleriň dürli kategoriýalary we toparlary üçin zähmet hakynyň möçberleriniň 
kärhanalaryň sebitleýin we pudaklaýyn degişliligine, zähmet şertlerine we ş.m. baglylykda 
differensirlenmegi;
– ýurtda hümmetsizlenme depginlerine laýyklykda zähmet hakynyň ýokarlanmagy;
– zähmet hakynyň kepillendirilmegi.
Zähmete hak tölemegiň potrat ýa­da wagt boýunça töleg ulga myny saýlap almak 
önümçilikde zähmetiň haýsy ölçeginiň (önüm ýa­da wagt) saýlanyp alnandygyna bagly 
bolup durýar.
Zähmete potrat usulynda hak tölenilende zähmet haky taýýarlanan önümiň mukdary­
na we işe bildirilýän hünär talaplaryna bag lylykda bellenýär. Hak tölemegiň bu görnüşi 
teh nologik prosesleriň yzygiderli gaýtalanýan, amallary tehniki taýdan kadalaşdyryp 
bolýan, önümiň çykarylyşyny artdyrmagyň bolsa, esasan, işçä bagly bolup durýan ýer­
lerinde ulanylýar. Zähmet hakynyň wagt boýunça tölenýän mahalynda zähmet haky işle­
nen wag tyň mukdaryna hem­de tarif derejesi ne görä bellenen we iş öndürijiliginiň aýratyn 
kadasyny bellemegiň mümkin bolmadyk, şeýle hem işçiniň wezipeleriniň maşynlary saz­
lamakda we olara gözegçilik etmekde jemlenýän önümçiligiň awtomatlaşdyrylan uçastok­
larynda, önümçilik bellenen depgini bolan konweýer usulynda guralanda peýdalanylýan 
hünär derejesine bagly bolýar. Göni özbaşdak potrat usulynda zähmete hak tölenende iş­
çiniň iş haky öndürilen önümiň mukdary we onuň biriniň (birliginiň) bahasy bilen kesgit­
lenýär, şunda bahalar hemişelik bolmalydyr we iş öndürijiliginiň kadalarynyň ýerine ýeti­
rilmegine bagly bolmaly däldir. Zähmet haky brigadalaýyn potrat usulynda tölenilende hak 
tölemek ýerine ýetirilen işiň mukdaryna we işiň birliginiň bahasyna baglylykda brigadanyň 
işiniň ahyrky netijeleri boýunça geçirilýär. Soňra zähmet haky brigadanyň agzalarynyň 
arasynda öňünden bellenen ýörelge boýunça (mysal üçin, hünär derejesine we işlenen wa­
gta laýyklykda) paýlanýar. Zähmet hakynyň potrat­baýrak ulgamy göni potrat ulgamy bo­


113
lup, onuň üstüne bellibir önümçilik görkezijileriniň gazanylandygy üçin baýrak tölemek 
goşulýar. Zähmete hak tölemegiň potrat­progressiw ulgamynda iş öndürijiliginiň bellenilen 
çäklerinde önüm öndürilendigi üçin üýtgewsiz bahalar boýunça hak töleýärler. Kadadan 
ýokary öndürilen önüm üçin kadanyň artygy bilen ýerine ýetirilen derejesine bag lylykda 
progressiw artýan – ýokarlandyrylan baha boýunça hak tölenýär. Zähmete hak tölemegiň 
gytaklaýyn­potrat usuly potratçylaryň iş öndürijiligine ep­esli täsir edýän kömekçi işçiler 
üçin käbir pudaklarda ulanylýar. Olaryň zähmet haky özleriniň hyzmat edýän esasy işçi­
leriniň işiniň görkezijileri boýunça kesgitlenýär. Akkord ulgamy awariýa ýagdaýynda we 
gysga möhletlerde geçirilmeli bolan beýleki işleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. 
Şunda tabşyrykda göz öňünde tutulan ähli işleriň mukdary üçin zähmet hakynyň pul möç­
beri öňünden bellenýär.
Ýönekeý wagt boýunça hak tölenilende işçiniň zähmet haky onuň hakyky işlän wag­
tynyň we oňa berlen tarif stawkasynyň esasynda bellenilýär. Wagt boýunça baýrak ulgamy – 
ýönekeý wagt boýunça zähmet hakyny tölemegiň gazanylan netijeler üçin baýrak bermek 
bi len utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Wagt boýunça baýrak ul ga mynyň bir görnüşi 
aýlyk zähmet haky (oklad) ulgamy bolup durýar, onda işçileriň zähmetine hak tölemek tarif 
möçberleri boýunça däl­de, aýlyk zähmet haklary boýunça geçirilýär.
Zähmete hak tölenilişini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek ulgamynyň esasy 
kanunçylykda bellenýän zähmet hakynyň iň pes möçberi (ZHPM) bolup durýar. Zähmet 
hakynyň iň pes möçberi işgäriň durmuş zerurlyklarynyň iň pes derejesini üpjün edýär 
diýlip hasaplanýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   45   46   47   48   49   50   51   52   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling