O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-nji surat. Hil menejmenti ulgamynyň prosesleýin


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

22-nji surat. Hil menejmenti ulgamynyň prosesleýin
çemeleşmä esaslanýan nusgasy
ISO 9000:2000 standartyna laýyklykda, proses – işiň giriş­çykyşyny özgerdýän, özara 
baglanyşykly we özara hereket edýän görnüşleriniň jemidir. Degişlilikde, prosesiň çäkleri­
ni kesgitleýän girişler we çykyşlar bellenen talaplara laýyk gelmelidir.
Prosesiň netijeliligini we dolandyrylyşyny üpjün etmek üçin prosesiň eýesini we ýol­
başçysyny kesgitlemek zerurdyr. Prosesiň eýesi – kärhananyň wezipeli işgäri bolup, ol pro­
sesiň netijeli we peýdaly bolmagy üçin, şeýle hem prosesi meýilnamalaşdyrmak we alyp 
barmak üçin jogapkärçilik çekýär. Prosesiň ýolbaşçysy – meýilnamalaşdyrylan netijeleri 
gazanmak maksady bilen, prosesiň gündelik dolandyrylyşy üçin jogapkärçilik çekýän 
wezipeli işgärdir.
Hil menejmenti ulgamynda prosesler şulara bölünýär:
– binýatlyk (esasy) prosesler, olaryň gönüden­göni netijesi önüm çykarmak ýa­da 
hyz mat etmek bolup durýar;
– üpjün edýän (kömekçi) prosesler, olaryň netijesi bolup, esasy prosesleri amala aşyrmak 
üçin zerur şertleri emele getirmek çykyş edýär;
– menejment prosesleri, olaryň netijeleri binýatlyk we üpjün edýän prosesleriň neti­
jeliligini hem­de peýdalylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar.
Kärhananyň hil menejmenti ulgamynyň emele getirilmegi prosesleriň identifika­
siýasyny (olaryň bölünmegini), ýaýradylmagyny (olaryň häsiýetnamalaryny kesgitleme­
gi), prosesleri resminamalaşdyrmagy (kärhananyň proseduralarynda ýa­da standartlarynda 
olaryň beýan edilmegini), prosesleriň yzygiderliligini we özara hereketini kesgitlemegi 
(prosesler boýunça jogapkärçilik matrisasyny we prosesleriň özara baglanyşyk halkalaryny 
düzmegi) göz öňünde tutýar. 


127
Ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlarda hili dolandyrmak babatynda häzirkizaman meýil­
leriniň arasynda hili ählumumy (umumyfirma) dolandyrmak (Total Quality Management – 
TQM) konsepsiýasynyň kärhanalary dolandyryş tejribesine integrirlenmegi belläp geçmek gerek. 
TQM düşünjesiniň özi kärhananyň işi babatynda T – işiň ähli görnüşlerini gurşap 
alýan çemeleşme, Q – işiň ähli görnüşlerini dolandyrmagyň hilini üpjün etmek, M – kärha­
nanyň ähli işgärlerini, öňi bilen hem onuň ýolbaşçylaryny gurşap alýan täze ýörelgeleriň 
esasynda dolandyrmak ýaly düşündirilýär. TQM­iň çäklerinde hil menejmenti kärhananyň 
işiniň beýleki jähtlerini – maliýäni, serişdeleri, daşky gurşawy goramagy dolandyrmak bi­
len ýakyndan baglydyr. TQM binýatlyk ýörelgeleri ISO 9000 tapgyrynyň esasynda ýatýar. 
Halkara standartlaşdyrmagyň tejribesinde ISO (HS) 9000 tap gyrynyň kärhanalarda 
hil menejmentiniň ulgamlaryna bildirilýän talaplary belleýän ilkinji standartlar bolupdy. 
Soňra ISO tarapyndan HS kärhananyň daşky gurşawynyň howpsuzlygynyň we hiliniň ka­
dalaryny kesgitleýän 14000 tapgyry kabul edildi.
ISO 14000 tapgyrynyň binýatlyk standartlary şular bolup durýar:
– ISO 14001:1996 «Ekologiýa menejmenti ulgamy. Umumy talap lar we olary peýda­
lanmak boýunça maslahatlar»;
– ISO 14004:1996 «Ekologiýa menejmenti ulgamy. Döretmek boýunça gollanma we 
hereket etmegini üpjün etmegiň usullary».
ISO 14000 tapgyrynyň esasynda kärhanada ekologiýa menejmentiniň ulgamy emele 
getirilýär, ol kärhananyň önümçilik işiniň barşynda tebigy serişdeleriň oýlanyşykly peýda­
lanylmagyny üpjün edýär we onuň daşky gurşawa zyýan ýetirmezlik ukybyna baha berýär.
Häzirki wagtda dünýäde ol boýunça ekologiýa sertifikatlary berilýän ISO 14000 tap­
gyrynyň laýyklyk ulgamlaryny sertifikatlaşdyr mak boýunça işler işjeňleşdi. Meselem, 
2000­nji ýyldan 2002­nji ýyllar aralygynda berlen sertifikatlaryň sany Ýaponiýada 5 esse, 
Germaniýada 4 esse, Şwesiýada 9 esse ýokarlandy. Genaral Motors we Ford kompaniýa­
lary özleriniň üpjün edijilerinden olaryň önümleriniň ISO 14000 standartynyň talaplaryna 
laýyk gelmegini talap etjekdiklerini yglan etdiler.
Häzirki wagtda ISO 14000 standartyna laýyklykly ulgamy sertifikatlaşdyrylan 112 
ýurduň arasynda berlen sertifikatlaryň sany boýunça birinji ýerde Ýaponiýa (10 952), ikinji 
ýerde Germaniýa (3700), üçünji ýerde Ispaniýa (3228) durýar. 
Hil menejmenti babatynda halkara standartlaşdyrmagyň ösüş meý li bilen bir hatar­
da, umumy häsiýetli standartlary döretmek mak sady bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň 
aýratynlyklary babatynda iş lenip taýýarlanan standartlaryň ösüş meýli hem bellenýär. 
Şular ýaly standartlar bilen öndürijileriň pudaklaýyn assosiasiýalary, şeýle hem kärhana­
laryň milli derejede hereket edýän birleşikleri meşgullanýarlar. Soňy bilen bu standartlar 
sebitleýin we halkara derejelerde goldaw alýarlar. Hil menejmenti babatynda pudaklaýyn 
standartlaryň arasynda şulary görkezip bolar: TL 9000 (telekommunikasiýalar ulgamyn da), 
AS 9100 (aerokosmiki ugurda), QS 9000 (awtomobil gurluşy ulgamynda), HACCP (azyk 
senagatynda), GMP (derman önümçiliginde) we beýlekiler.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling