O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet60/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. Tehniki taýdan düzgünleşdirmek näme we ol haýsy ýörelgelere esaslanýar?
2. Tehniki tertip diýip nämä düşünilýär?
3. Tehniki tertipleriň görnüşlerini we olaryň esasy häsiýetnamalaryny aýdyp beriň.
4. Tehniki tertipleriň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi edaralarynyň nähili 
hukuklary bar?
 9.5.
Hili üpjün etmek ulgamynda standartlaşdyrmak
Standartlaşdyrmak – bu olary meýletin köp gezek peýdalanmak maksady bilen, ka­
dalary we häsiýetnamalary bellemek boýunça önüm çilik ulgamynda we önümleriň (işleriň 
ýa­da hyzmatlaryň) dola nyşygynda tertipliligi gazanmaga we bäsdeşligi ukyplylygy ýokar­
landyrmaga gönükdirilen işdir.


131
Standartlaşdyrmak şu maksatlarda amala aşyrylýar:
– raýatlaryň ömrüniň ýa­da saglygynyň, fiziki ýa­da ýuridik şahslaryň emläginiň, 
döwlet ýa­da munisipal emlägiň howpsuzlygynyň, ekologiýa howpsuzlygynyň, haýwan­
laryň we ösümlikleriň ömrüniň ýa­da saglygynyň howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyr­
mak we teh niki tertipleriň talaplarynyň berjaý edilişine ýardam etmek;
– tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmak töwekgelçi­
ligini hasaba almak bilen, obýektleriň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak;
– ylmy­tehniki progresi üpjün etmek;
– önümleriň, işleriň, hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
– serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak;
– tehniki we maglumat taýdan laýyk getirmek;
– barlaglaryň (synaglaryň) we ölçegleriň netijeleriniň, tehniki we ykdysady­statistik 
maglumatlaryň laýyk gelmegi;
– önümleriň bir­birini çalşyp bilmegi.
Standartlaşdyrmak – önümiň hilini üpjün etmegiň kadalaýyn esa sy bolup durýar, şun­
da ol esasy üç wezipäni, ýagny ykdysady, durmuş we kommunikatiw wezipeleri ýerine 
ýetirýär.
Ykdysady wezipesi şu ugurlarda durmuşa geçirilýär:
– ylalaşyklarda (şertnamalarda) önüm barada amatly we düş nükli görnüşde dogry 
mag lumatlary bermek;
– önümiň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, sebäbi önümiň esasy 
parametrleriniň standartlaşdyrylmagy netijesinde onuň hiliniň we bäsdeşlige ukyplyly­
gynyň derejesine dogry baha bermek, olary ýokarlandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek 
mümkin bolýar;
– täze tehnikany ornaşdyrmak we şoňa meňzeş tehnikany işläp taý ýarlamagy gaýtala­
mak mümkinçiligini azaltmak;
– önümçiligiň tapgyrlaýynlygyny we gerimini giňeltmek, bu zähmet öndürijiliginiň 
ýokarlanmagyna we önümiň özüne düşýän gym matynyň peselmegine ýardam edýär;
– bir­birini çalşyp bilmegi we laýyk gelmegi – standartlaşdyrmak aýry­aýry bölek­
leriň ölçegleriniň laýyk gelmegini, önümleriň dürli görnüşlerini laýyk getirip peýdalanmak 
mümkinçiligini üpjün edýär;
– önümçiligi netijeli dolandyrmak, çünki önümçilik proseslerini we olaryň barşyna 
gözegçilik etmegiň standartlaşdyrmagy amatly harajatlar bilen hiliň bellenen derejesini ga­
zanmak üçin zerur şertleri döredýär.
Durmuş wezipesi kadalary döretmekde we iş ýüzünde önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) 
parametrleriniň jemgyýetiň daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, önüm öndürilende, 
onuň bilen iş salşylanda, peýdalanylanda we gaýtadan ulanylanda adamlaryň howpsuzlygy 
ýaly durmuş maksatlaryna laýyk gelýän derejesini gazanmakda ýüze çykýar.
Kommunikatiw wezipesi jemgyýet tarapyndan maglumatlaryň dürli görnüşleriniň 
obýektiw kabul edilmegi üçin binýat döretmek mümkinçiligini üpjün edýär, şeýlelikde, 
jemgyýet üçin zerur bolan özara düşünişmegi gazanmaga ýardam edýär we maglumatlary 
özara alyşmak mümkinçiligini giňeldýär.
Standartlaşdyrmak şu ýörelgelere esaslanýar:


132
– standartlary meýletin ulanmak;
– standartlar işlenip taýýarlananda gyzyklanýan taraplaryň kanuny bähbitlerini 
mümkin bolan derejede hasaba almak;
– halkara standartyny milli standarty işläp taýýarlamagyň esasy hökmünde ulanmak;
– tehniki tertiplere gapma­garşy gelýän standartlaryň bellenmegine ýol bermezlik;
– standartlaryň birmeňzeş ulanylmagy üçin şertleri üpjün etmek. 
«Tehniki taýdan düzgünleşdirmek hakynda» kanuna laýyklykda standartlaşdyrmagyň 
milli ulgamy emele getirilýär, onuň esasyny şular düzýär:
milli standartlar;
– standartlaşdyrmak kadalary, standartlaşdyrmak babatynda kadalar we maslahatlar;
– bellenilen tertipde ulanylýan topara bölünmeler, tehniki­ykdysady we durmuş mag­
lumatlaryň umumy klassifikatorlary;
– guramalaryň standartlary.
Milli standart – standartlaşdyrmak boýunça milli edara tara pyn dan tassyklanan stan­
dartdyr. Milli standartlar, guramalaryň stan dartlary ýaly, diňe meýletin esasda ulanylýar. 
«Tehniki taýdan düz günleşdirmek hakynda» kanun kabul edilmezinden öň döwlet stan­
dartlarynyň talaplary hökmany häsiýetde hem, meýletin häsiýetde­de bolup bilýärdi.
Milli standartyň ulanylmagy milli standarta laýyklyk nyşany bilen tassyklanýar.
Häzirki wagtda Döwlet standartlaşdyryş ulgamy (DSU) hereket edýär. Standartlaş­
dyrmak boýunça işleri guramak we alyp barmak ýurduň tehniki taýdan düzgünleşdirmek 
boýunça ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň üstüne ýüklenýär, ol işleri pudagara utgaş­
dyrmagy, şeýle hem tehniki taýdan düzgünleşdirmek, metrologiýa babatynda funksional 
düzgünleşdirmegi amala aşyrýar.
Standartlaşdyrylýan obýekte we onuň aýratynlygyna baglylykda standartlar şu 
görnüşlere bölünýär:
esasy standartlar;
– adalgalar standarty;
– önümleri we hyzmatlar üçin standartlar;
– prosesler üçin standartlar;
– gözegçilik, synag, ölçegler we seljeriş usullary üçin standartlar;
– laýyk gelijilik standarty.
Ýurduň önüm öndürijileriniň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň 
möhüm ugry halkara (sebitleýin halkara) standartlaryny ulanmak, milli standartlary we 
synag usullaryny halkara dereje bilen sazlamak (laýyk getirmek) bolup durýar.
Häzirki zaman şertlerinde bu ýurduň standartlaşdyrmak we met rologiýa boýunça 
hal kara guramalarynyň işine gatnaşmagy bilen üpjün edilýär, bu döwletara standartlaryny 
işläp taýýarlamaga, döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikasiýa ugurlaryn­
da anyk işleri geçirmäge, şonuň esasynda halkara söwdanyň we halkara hyzmatdaşlygyň 
ösmegine ýardam edýär.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling