O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet58/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Hil menejmenti ulgamy nämeden ybarat?


128
2. ISO 9000 we 14000 tapgyrynyň düýp manysy nämeden ybarat we olaryň düzümine haýsy 
standartlar girýär?
3. TQM esasy ýörelgelerini aýdyp beriň.
4. Hil menejmentinde prosesleýin çemeleşmäniň düýp manysy nämeden ybarat?
5. Hil menejmenti ulgamyny taslamagyň esasy tapgyrlaryny açyp görkeziň.
 9.4.
Hili üpjün etmek ulgamynda
tehniki taýdan düzgünleşdirmek
Tehniki taýdan düz günleşdirmek – bu önümlere, önümçilik proseslerine, ulanmaga, 
saklamaga, daşamaga, ýerlemäge we ikinji gezek ulan maga bildirilýän hökmany talaplary 
bellemek, işleri ýerine ýetirmäge ýa­da hyzmatlary etmäge bildirilýän talap lary meýletin 
esasda bellemek babatynda hukuk taýdan düzgünleşdir mekdir we laýyklyga baha bermek 
babatynda gatnaşyklary hukuk taý dan düz günleşdirmekdir.
Kanunyň esasy maksady telekeçiler bileleşigine administratiw zor salmagy, şeýle 
hem söwdada tehniki päsgelçilikleri azaltmak bolup durýar. Şeýle hem tehniki taýdan dü­
zgünleşdirmegi özgertmek BSG (Bütindünýä söwda guramasy) girilende düýpli we zerur 
şert leriň biri bolup durýar.
Tehniki taýdan düzgünleşdirmek şu ýörelgelere esaslanýar:
– önümlere, ony öndürmek proseslerine bildirilýän talaplary bel lemegiň ýeke­täk ka­
dalaryny ulanmak;
– tehniki taýdan düzgünleşdirmegiň milli ykdysadyýetiň ösüş derejesine, onuň mad­
dy­tehniki binýadyna we ylmy­tehniki mümkinçiligine laýyk gelmegi;
– akkreditasiýa etmegiň ýeke­täk ulgamy we kadalary (akkreditasiýa etmek – gu­
ramanyň anyk synaglary ýa­da synaglar görnüşini ama la aşyrmaga ygtyýarlygyny resmi 
taýdan ykrar etmek);
– akkreditasiýa etmek boýunça edaralaryň garaşsyzlygy (akkreditasiýa etmek boýun­
ça edara – akkreditasiýa etmek ulgamyny dolandyrýan we akkreditasiýa etmegi geçirýän 
edara);
– laýyklyga hökmany baha bermek işleri geçirilende barlag laryň (synaglaryň) we öl­
çegleriň kadalarynyň we usullarynyň bitewüligi;
– geleşikleriň görnüşlerine ýa­da aýratynlyklaryna garamazdan, tehniki tertipleriň ta­
laplaryny ulanmagyň bitewüligi;
– akkreditasiýa we sertifikasiýa amala aşyrylanda bäsdeşligiň çäklendirilmegine ýol 
bermezlik;
– döwlet gözegçiligi edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça 
edaranyň ygtyýarlyklary bilen utgaşdyrylmagyna ýol bermezlik;
– akkreditasiýa etmek we sertifikatlaşdyrmak ygtyýarlyklarynyň bir edara tarapyndan 
utgaşdyrylmagyna ýol bermezlik;
– tehniki tertipleriň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiliginiň býujetden 
daşary maliýeleşdirilmegine ýol bermezlik.


129
Tehniki taýdan düzgünleşdirilýän obýektler (jaýlar, ymaratlar we desgalar, önüm ön­
dürmek prosesleri) babatynda ulanmak we ýerine ýetirmek üçin hökmany bolan talaplar 
tehniki tertiplerde bellenýär, olar şu resminamalar arkaly kabul edilip bilner:
– ýurduň bellenen kanunçylyk tertibinde tassyklanan halkara şertnamalary;
– ýurduň kanuny;
– ýurduň Prezidentiniň Permany;
– Hökümetiň karary.
Ýurtda umumy we ýörite tehniki tertipler hereket edýär, olaryň esasy häsiýetnamalary 
7-nji tablisada getirilýär.
7-nji tablisa

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling