O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
-nji surat. Hil babatynda baýraklar modeli
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuşlar
- 9.3. Kärhanada hil menejmenti
21-nji surat. Hil babatynda baýraklar modeli
Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna berilýän baha kärhananyň he reket etmeginiň we ony ösdürmegiň hakyky anyk strategiýasyny saý lap almaga we esaslandyrmaga mümkinçi lik berýär. Soraglar we ýumuşlar 1. «Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygy» düşünjesine kesgitleme beriň. 2. Pudagyň bäsdeşlige ukyplylygy we sebitiň bäsdeşlige ukyplylygy diýip nämä düşünilýär, kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde olar nähili rol oýnaýarlar? 3. Kärhananyň daşky we içki gurşawynyň haýsy görkezijileri onuň bäsdeşlige ukyplylygyna täsir edýär? 4. Kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna reýting baha bermegiň esasy tapgyrlaryny görkeziň we olaryň mazmunyny teswirläň. 5. «Bençmarking» diýip nämä düşünilýär we kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyna baha ber- mek üçin ol nähili görnüşlerde geçirilip bilner? 6. Hil babatynda baýraklar modelini onuň kärhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge edýän täsiri nukdaýnazaryndan teswirläň. 125 9.3. Kärhanada hil menejmenti Önümiň hili we bäsdeşlige ukyplylygy meselesi toplumlaýyn mesele bolup durýar we ony çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Hil menejmentiniň mehanizmini emele getirmegiň häzirkizaman guramaçylyk esas lary kärhanalarda hil menejmentiniň ulgamlaryna bildirilýän talaplary kesgitleýän 9000 tapgyrynyň halkara standartlarynda (HS) ISO (– International Standart Organization – Hal kara Standarty) goýlandyr. ISO adalgasyna laýyklykda «hil menejmenti ulgamy – bu gurama hil babatynda ýolbaşçylyk etmek we ony dolandyrmak üçin menejment ulga mydyr». Häzirki wagtda 176 ýurt ISO 9000i milli standartlar hökmünde ykrar etdi ýada şu ugurdaky milli standartlaryny olara laýyk getirdi. Dünýäde özleriniň hil menejmen ti ulgamlaryny ISO 9000 laýyklykda sertifikatlaşdyran (bellige aldyran) 600 müňden gowrak kompaniýa bardyr we olaryň sany ýyl saýyn artýandyr. Meselem, 1996–2001 nji ýyllarda ISO 9000 standartyna laýyklyk sertifikatlarynyň umumy sany 4 esse kö pelipdir. Ýurduň kärhanalary tarapyndan ISO 9000 tapgyrynyň ulanylmagy, bir tarapdan, kärhanalarda hili dolandyrmagyň häzirkizaman ulgamlaryny emele getirmegiň esaslaryny üpjün edýär, beýleki tarap dan, kärhananyň ýokary hilli önüm çykarmak boýunça bar bo lan mümkinçiligini tassyklaýan möhüm faktor hökmünde çykyş edýär. Ýokary hilli önüm çykarmagy hil we önümçilikler menejmenti ulgamlarynyň sertifikatlaşdyrylmagyny geçir mek üpjün edip biler. ISO 9001 hil menejmenti ulgamyna bildirilýän talaplary bel leýär, bu talaplar gurama lar tarapyndan onuň içinde ulanmak üçin, şeýle hem sertifikatlaşdyrmak ýada şertnama baglaşmak maksady bilen ulanylýar we buýrujylaryň talaplary ýerine ýetirilende hil menej menti ulgamynyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. ISO 9004 hil menejmenti ulgamynyň maksatlarynyň ISO 9001e garanyňda has giň topary boýunça maslahatlary öz içine alýar. Bu köp babatda kärhananyň işiniň yzygiderli kämilleşdi rilmegine, şeýle hem ulgamyň diňe bir netijeliligini däl, eýsem peý dalylygyny üpjün etmäge degişlidir. Bu standart ýolbaşçylary hili üznüksiz gowulandyrmagy maksat edinýän we ISO 9001 çäklerinden çykmak isleýän kärhanalar üçin maslahat beril ýär. Emma ISO 9004 sertifikasiýa maksatlary üçin niýetlenen däl dir. Kärhananyň hil menejmenti ulgamynyň ISO 9000 tarapyndan teklip edilýän modeli prosesleýin çemeleşmä esaslanýar (22-nji surat). Onuň funksional çemeleşmeden ýörel geleýin tapawudy şu ýagdaýda esasy ünsüň guramaçylyk gurluşyndaky dikligine (iýe rarhiýa) aragatnaşyklaryna (kärhanada olar däp bolşuna görä, ýeterlik derejede gowy ýola goýlandyr) dälde, eýsem keseligine aragatnaşykla ra, ýagny funksional birlikleriň arasyn daky gatnaşyklara berilýändi gin den ybaratdyr. Hil menejmenti ulgamy babatynda prosesleýin çemeleşme kär hanada hereket edýän prosesleri bölüp aýyrmagy we dolandyrmagy, şeýle hem olaryň özara hereket etmegini göz öňünde tutýar. 126 Hil menejmenti ulgamyny yzy giderli gowulandyrmak Ýolbaşçylaryň jogapkärçiligi Serişdeler menejmenti Ölçemek, seljer mek we gowu landyrmak Önümiň ýaşaýyş döwrüniň prosesleri Önüm Sarp edi jiler (we beýleki gy zyklanýan taraplar) Sarp edi jiler (we beýleki gy zyklanýan taraplar) Kana gatlan ma Talaplar Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling