O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Elektrohereketlendirijiniň hiliniň aýratyn görkezijileri
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Elektrohereketlendirijiniň hiliniň aýratyn görkezijileri
Ulanyş görkezijileri (tehniki dereje görkezijileri) Önümçilik-tehnologik görkezijileri (tehnologiýa görkezijileri) Bellenilen maksadynyň görkezijileri Iş sikliniň uzaklygy Zähmet talap edijiligi Sarp ediş kuwwaty Material talap edijiligi Peýdaly hereket täsiri Energiýa talap edijiligi Gaýry bellenilen maksat görkezijileri Bir ölçege getirmek we standartlaşdyrmak Ygtybarlylyk görkezijileri Bökdençsiz işlemek Bloklaýynlyk (ýygnamak) Berkligi Gaýry tehnologiýa görkezi jileri Abatlap bolýandygy Saklap bolujylygy Ergonomiki görkezijiler Estetiki görkezijiler Daşap bolujylyk görkezi jileri Howpsuzlyk görkezijileri Ekologiýa görkezijileri Ygtyýarnamahukuk görkezijileri – howpsuzlyk görkezijileri – önümiň ulanylýan ýada sarp edilýän mahalynda onuň adamyň howpsuzlygyny üpjün edýän häsiýetlerini häsiýetlendirýär; 119 – ekologiýa görkezijileri – önümiň ulanylýan ýada sarp edilýän mahalynda ýüze çykýan, daşky gurşawa edýän ýaramaz täsirleriniň derejesini kesgitleýän aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär (daşky gur şawa taşlanýan zyýanly garyndylaryň düzümi, zyýanly taşlan dylaryň bol mak ähtimallygy we ş.m.); – ygtyýarnamahukuk görkezijileri – ygtyýarnama goragyny we ygtyýarnama aras salygyny häsiýetlendirýär. Olaryň birinjisi önümiň eksport edilmegi ýada satylmagy göz öňünde tutulýan ýurtlarda ýurtdaky oýlap tapyşlar üçin berlen ygtyýarnamalaryň awtorlyk şahadatnamalary we ygtyýarnamalary bilen goraglylyk derejesini kesgitleýär, ikinjisi bol sa öz çäklerinde hereket edýän, aýratyn hukuklary goraýan resminamalary bozmak howpy bolmazdan, önümiň şu ýurtda erkin peýdalanmak mümkinçiligini tassyklaýan häsiýet lerine baha berýär. Önümçiliktehnologik görkezijiler (tehnologiýa görkezijileri) şulary häsiýetlen dirýär: – zähmet talap edijiligi – bir önümi taýýarlamak (işiň, hyzmatlaryň birligini ýerine ýetirmek) üçin sarp edilen zähmetiň möçberi; – energiýa talap edijiligi – bir önümi taýýarlamak üçin sarp edilen energiýa; – bir ölçege getirmek we standartlaşdyrmak – önümde standartlaşdyrylan we bir ölçe ge getirilen şaýlaryň we bölekleriň näderejede bardygy, şeýle hem meňzeş önümler bilen deňeşdirilende bir ölçege getirme derejesi; – bloklaýynlyk (ýygnamak) – önümiň düzüm böleginiň umumy möçberinde ýörite leşdirilen düzüm bölekleriniň paýy. Önümiň bloklaýynlygy ony gurnamagyň ýönekeýli gine şaýatlyk edýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde sarp edijini diňe bir önümiň hili däl, eýsem oňa şu önüm bilen bagly ýokary hilli goşmaça hyzmatlaryň edilişi hem gyzyklandyrýar. Şu ýag daýda sarp ediji üçin hil şu görnüşde kesgitlenip bilner: Q ö = f (Q öh Q uhh ; Q s ), bu ýerde Q öh – önümiň hili; Q uhh – ugurdaş harytlaryň we hyzmatlaryň hili; Q s – hyzmatyň hili. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygy diýip bazaryň bellibir şertlerinde, bellibir döwürde şu önümiň hili we ony satyn almak hemde ulanmak (ýada sarp etmek) üçin harajat görkezijileri boýunça onuň anyk sarp edijiniň talaplaryny kanagatlandyrmak ukybyna düşünilýär. Sarp edijiniň şu önümi satyn almak we ulanmak (ýada sarp etmek) üçin harajat lary onuň sarp ediş bahasy hökmünde kesgitlenýär. Harydyň bäsdeşlige ukyplylygy önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna garanyňda has giň düşünje bolup durýar, sebäbi ol harydyň bazarda ýerlenýän şertlerini (mysal üçin, şertna malaryň täjirçilik şertleri, serwis hyzmatynyň derejesi we ş.m.) häsiýetlendirýän görkezi jileri hem öz içine alýar. Bazar ykdysadyýetinde öndüriji kärhanalar tarapyndan önümiň hilini üpjün etmek onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň möhüm elementi bolup durýar. Ösen ýurtlaryň tejribesi 1960njy ýyllaryň ortasyndan başlap bäsdeşikli göreşde agram merkeziniň önümiň ýokary hiline tarap üýtgändigini görkezýär, önümiň bäsdeşlige ukyplylygy 7080% derejede hile baglydyr. Şonuň üçin hem bäsdeşikli göreşiň usullarynyň arasynda baha däl usullar ag 120 dyklyk edýär, ýagny önümiň hilini, onuň ýerleniş şertlerini gowulandyrmaga hemde satyn alyjylaryň aýratyn talap laryny üpjün etmäge we degişlilikde, ony ulanmagyň netijeliligine esa sy üns berilýär. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermek 20-nji suratda görkezilen yzygider lilikde geçirilýär. Önümiň bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermekde kadalaýyn parametr lere we şertlere seljerme geçirmäge epesli rol berilýär, şol seljermäniň çäklerinde anyk bazarda harydy satmagyň ýörelgeleýin mümkinçilikleri kesgitlenmelidir. Bäsdeşlige ukyplylygyň kadalaýyn parametrlerine we şertlerine önümiň hiliniň pa tenthukuk görkezijilerini, şeýle hem söwdada tarif däl çäklendirmeleri (embargo, ygtyýar landyrma, önüm üçin sertifikatyň bolmagy, belgilemäge we gaplamaga bildirilýän ýörite talap lar we beýlekiler) degişli edilmelidir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling