O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet51/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuşlar
1. Ýöriteleşdirilen we uniwersal kärhanalaryň arasyndaky tapawudy görkeziň.
2. Haýsy önümçiligi ýöriteleşdirilen önümçilik diýip hasap edip bolar?
3. Ýöriteleşmegiň esasy görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny aýdyp beriň.
4. Ýöriteleşmegiň derejesine baha bermegiň haýsy görkezijilerini bilýärsiňiz?
5. «Kärhananyň önümçilik ugry» näme?
 8.2.
Önümçilik kooperasiýasy
Senagatda kooperasiýa ýöriteleşdirilen, biri­biri babatynda özbaşdak bolan kärhana­
laryň, pudaklaryň arasynda bilelikde önüm taý ýarlamak boýunça uzak wagtlyk göni önüm­
çilik aragatnaşykla ryny ýola goýmakdan ybaradyr.
Şulara esaslanýan aragatnaşyklar tapawutlandyrylmalydyr:
– önümçiligiň kooperirlenmegine;
– kärhanalaryň maddy­tehniki üpjünçiligine (lomaý önüm ibermeler). 
Kooperirlenme obýektleri, mysal üçin, maşyn gurluşykda (taslanan önümler, bölek­
ler, agregatlar) pudagara häsiýetde bolup we standartlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen 
tapawutlanýan hem bolsalar, bellibir anyk sarp ediji ýa­da olaryň köp bolmadyk möçberi 
üçin taýýarlanýar. Olar adatça maksatlaýyn ugry bolan maşynlaryň, apparatlaryň dar to­


116
paryny ýa­da bir görnüşli enjamy, ýa­da bir görnüşli ölçegi bolan enjamy öndürmek üçin 
peýdalanylýar.
Maddy­tehniki üpjünçilik (guýlan çoýun, guýma polat, list görnüşli ýa­da sortly sozu­
lan metal (prokat), agaç materiallary, ýangyç, çalgy materiallary we ş.m.) inçe ugurly bol­
maýarlar. Olar sarp edijileriň giň topary üçin niýetlenýär. Şol bir materiallar dürli önüm leri 
taýýarlamak üçin peýdalanylyp bilner.
Senagatda ýöriteleşmegiň görnüşlerine laýyklykda senagat kooperasiýasynyň üç 
görnüşi görkezilýär:
1. Predmetleýin ýa­da agregatlaýyn kooperasiýa – birnäçe kärhanalar tarapyndan baş 
kärhana dürli toplaýyş önümleriniň iberilmeginden ybaratdyr.
2. Bölekler boýunça kooperasiýa – ýöriteleşdirilen kärhanalaryň birnäçesi tarapyndan 
ahyrky önümi öndürmek üçin baş kärhana bölekleriň we şaýlaryň iberilmegi.
3. Tehnologik ýa­da tapgyrlaýyn kooperasiýa – ýöriteleşdirilen kärhanalar tarapyndan 
baş kärhana ýarym taýýar önümleri ibermek ýa­da aýry­aýry tehnologik amallary ýerine 
ýetirmek.
Kooperirlenme derejesiniň esasy görkezijisi kooperasiýa tertibinde beýleki kärha­
nalardan alynýan ýarym taýýar önümleriň, taslanan önümleriň, şaýlaryň, bölekleriň gym­
matynyň kärhananyň önümleriniň umumy gymmatynda tutýan orny bolup durýar. Şeýle 
hem ýöriteleşdirilen kärhanalar tarapyndan edilýän hyzmatlaryň gymmatynyň kärhananyň 
önümleriniň umumy özüne düşýän gymmatyndaky tutýan orny hasaplanýar. Kooperir­
lenme derejesiniň gytaklaýyn görkezijisi baş kärhananyň kooperirlenýän kärhanalarynyň 
sany bolup durýar. 
Kooperirlenme prosesine gatnaşýan kärhanalaryň pudaklaýyn degişliligi we çäk­
ler boýunça ýerleşişi nukdaýnazaryndan kärhanalaryň arasyndaky aragatnaşyklaryň şu 
görnüşleri tapawutlandy ryl ýar:
– sebit içi aragatnaşyklar – bir etrapda ýerleşýän kärhanalaryň kooperasiýasy;
– sebitara aragatnaşyklar – ýurduň dürli sebitlerinde, ýurtda we onuň daşynda ýer­
leşýän kärhanalaryň kooperasiýasy;
– pudagiçi aragatnaşyklar – bir pudaga degişli kärhanalaryň koo perasiýasy;
– pudagara aragatnaşyklar – dürli pudaklaryň kärhanalarynyň koo perasiýasy.
Pudagiçi we pudagara aragatnaşyklar sebit içi hem­de sebitara aragatnaşyklar bolup 
bilerler.
Öz gezeginde ösen bazar infrastrukturalarynyň bolmazlygy ýarym taýýar önümleri 
we toplayş önümlerini öndürijiler üçin öz önümlerini ýerleşdirmäge päsgelçilik bolup 
durdy. Senagat kärhanalary bozulan aragatnaşygy dikeltmek we täze önümçilik aragat­
naşyklaryny döretmek zerurlygyna gabat geldiler. Önümçilik ulgamynyň çökgünlikden 
çykmagy önümçiligiň durnuklaşmagy we soňundan ösüp başlamagy hil taýdan täze de­
rejede kooperirlenmegiň ýokary depginler bilen ösmegine getirdi, bu aýratyn hem aýry­
­aýry şaýlary we bölekleri öndürmekde ýöriteleşýän, şeýle hem iri kärhanalaryň aýratyn 
sargytlaryny ýerine ýetirýän kiçi we orta kärhanalaryň çalt ösmeginiň hasabyna bolup 
geçýär. Şunuň ýaly kärhanalar kooperasiýa ýörelgelerine esas lan ýan iri senagat kärha­
nalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýo l a goýmaga has ýokary derejede gyzyk­
lanýarlar.


117

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling