O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet47/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar we ýumuş
1. Esasy işgärleriň sany haýsy usullar bilen kesgitlenýär?
2. Kömekçi işgärleriň sany nähili kesgitlenýär?
3. Iş ýerleri boýunça işgär sanyny hasaplamagyň usulyna häsiýetnama beriň we ony sena-
gat-önümçilik işgärleriniň haýsy topary babatynda ulanyp bolýandygyny düşündiriň.
4. Gullukçylaryň sany nähili kesgitlenýär? 


108
 7.3.
Kärhanada işgärleriň
hereketi
Kärhananyň işgärleriniň sanaw sanynda işgärleri işe kabul etmek we çykarmak bilen 
bagly üýtgeşmeler yzygider bolup geçýär. Işgärleri dolandyryş nukdaýnazaryndan kärha­
nanyň işiniň netijeliligine baha bermek zerurlygy olaryň işe gelýän çeşmelerine we olaryň 
işden çykyp gidýän ugurlaryna seljerme geçirmegi talap edýär.
Düzgün bolşy ýaly, gurama işgärleri işe çekmegiň aşakdaky çeşmelerini peýdalanyp 
biler:
– guramanyň öz içindäki çeşmeler;
– guramanyň işgärleriniň kömegi bilen tanyşlaryň we garyndaşlaryň arasyndan;
– özüni hödürleýän kandidaturalaryň arasyndan. Islendik gurama elektron poçta, 
poçta arkaly ýa­da dil üstünden iş gözleýän adamlardan teklipleri alýar. Häzirki pursatda 
olaryň tekliplerini kabul etmek zerurlygy ýok hem bolsa, gerek bolan halatynda peýdalan­
mak üçin bu kandidaturalar maglumatlar binýadyna goşul ma lydyr;
– köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde – teleýaýlymda, radioda, metbugatda, ýöri­
te neşirlerde, şol sanda olaryň elektron görnüşlerinde bildiriş bermek;
– degişli kär we hünär derejesi bolan hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerine 
gidip görmek;
– potensial kandidaturalar boýunça özlerinde ýeterlik derejede giň maglumatlar 
binýady bolan işe ýerleşdirmek baradaky döwlet edaralary;
– işgärleri seçip almak boýunça hususy agentlikler.
Işgärleri seçip almagyň amatly usulynyň ýokdugy sebäpli, işgärleri dolandyryş bölü­
minde kandidatlary çekmek üçin tärleriň tutuş toplumy bolmalydyr we çözülýän anyk 
wezipä baglylykda mümkin bolan ähli usullardan peýdalanylmalydyr.
Guramanyň geljekki işgärlerini seçip almagyň algoritmi birnäçe yzygiderli tapgyrlar­
dan ybarat bolup biler:
– ilkinji seçip alyş – boş duran wezipäni eýelemek üçin zerur bolan häsiýetnamalaryň 
iň pes derejesi bolmadyk kandidatlary dalaşgärleriň sanawyndan çykarmak. Häzirki wagt­
da anketa maglumatlaryny seljermek, test barlagyny geçirmek we hatda hat ýazyp bilşini 
seljermek ýaly usullar has giň ýaýrandyr;
– işgärleri dolandyryş bölüminiň işgäri bilen söhbetdeşlik;
– onuň öňki işlän ýerlerinden we ony tanaýan adamlardan kandidat barada maglumat­
lary almak;
– birligiň ýolbaşçysy bilen söhbetdeşlik;
– synag;
– işe kabul etmek barada çözgüt.
Işgärleriň işden çykyp gitmeginiň sebäpleriniň arasynda şu sebäpler görkezilýär: fi­
ziologik häsiýetli sebäpler (ölüm, uzak wagtlap näsaglyk, pensiýa ýaşyna ýetmegi, saglyk 
ýagdaýy sebäpli şu kärhanada öz borçlaryny ýerine ýetirmegiň mümkin bolmazlygy); ka­
nun çylykda göni göz öňünde tutulan sebäpler (işçi güýjüniň ze rur bolan dolanyşygy) – 
gulluga çagyrylmak, önümçilik den aýrylmak şerti bilen okuwa girmek; işçi güýjüniň ar­
tykmaç dolanyşygy ýa­da işgärleriň geldi­geçerligi (öz islegiň boýunça işden çykmak, işe 


109
çyk mazlygy we düzgün­nyzamyň beýleki bozulmalary üçin, kazyýetiň çözgüdi boýunça 
we ş.m. üçin işden çykarmak).
Firmanyň işgärler gulluklarynyň işiniň hiline baha bermek üçin işgärleriň dolanyşy­
gynyň intensiwligini häsiýetlendirýän görkezijiler ulgamy peýdalanylýar:
– kabul etmek boýunça dolanyşygyň intensiwliginiň koeffisiýenti – seljerilýän döwür­
de işe kabul edilen adamlaryň sanynyň ortaça sanaw sanyna bolan gatnaşygy;
– çykyp gitmek boýunça dolanyşygyň intensiwliginiň koeffisiýenti – seljerilýän 
döwürde işden çykyp giden adamlaryň sanynyň ortaça sanaw sanyna bolan gatnaşygy;
– işgärleriň geldi­geçerliginiň koeffisiýenti – işgärleriň geldi­geçerligine degişli se­
bäpler boýunça çykyp giden işgärleriň sanynyň şol döwürdäki işgärleriň ortaça sanaw 
sanyna bolan gatnaşygy. Işgärleri çalyşmak we olaryň durnuklylygy koeffisiýentleri hem 
peýdalanylýar.
Firmanyň işgärleri bilen alnyp barylýan işiň möhüm ugurlarynyň biri hem işgärleri 
okatmak we gaýtadan taýýarlamak (şol sanda kärhananyň özünde) bolup durýar. Bu önüm­
çiligiň we tutuş firmanyň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak üçin zerur bolup, işgärleri 
okatmak we gaýtadan taýýarlamak zerurlygyny şertlendirýär. Kärhanada işleýän işgärler 
hemişe öwrenmek (okuw) prose sinde bolýarlar, sebäbi täze enjamlar peýda bolýar, täze 
teh nologik prossesler ulanylýar, dolandyryşy, önümçiligi we zähmeti guramagyň ýörel­
geleri üýtgeýär, ozal bol madyk täze wezipeler (mysal üçin, marketing) ýüze çykýar.
Soňky ýyllarda işgärler bilen iş alyp barmagyň täze görnüşleri peýda boldy. Gürrüň, 
birinji nobatda, işgärleriň lizingi barada gidýär. Işgärleriň lizingi (staff leasing) işgärleri 
daşyndan wagtlaýyn ýa­da möhletli çekmegiň bir görnüşi bolup durýar. Wagtlaýyn işgär­
leriň hyzmatlaryndan adatça şu ýagdaýlarda peýdalanýarlar:
– gyssagly işler döwründe we möwsümleýin işlerde;
– ýerini çalşyp bolmaýan hemişelik hünärmeniň işde bolmaýan wagtynda (rugsat, 
dekret we ş.m.);
– guramanyň esasy iş ugry bilen bagly bolmadyk ýörite işleri ýerine ýetirmek üçin;
– hemişelik işgär düzümine täze işgärleri girizmek mümkinçiligi ýok bolanda.
Köp ýurtlaryň kanunçylygynda [«lizing»] düşünjesiniň işgärlere degişli däldigi se­
bäpli, arassa hukuk babatynda degişli hyzmatlary etmek barada gürrüň edilip bilner.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling