O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet46/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Soraglar
1. Işgärleriň haýsy kategoriýalary senagat-önümçilik işgärlerini emele getirýär?
2. «Kär» diýip nämä düşünilýär?
3. Işgärleri dolandyrmak haýsy elementleri öz içine alýar?
4. Kärhananyň haýsy gurluş birlikleri işgärleri dolandyrmak bilen meşgul lanýar? 
 7.2.
Kärhananyň işgärlerini
meýilnamalaşdyrmak
Işgärleriň sanyny bellenilen döwre meýilnamalaşdyrmak ilkibaşda şulary kesgitleme­
giň zerurlygyny göz öňünde tutýar (kärler we wezipeler boýunça):
– işgärler düzümi;
– işleýänleriň sany;
– işgärleriň artyklygy we ýetmezçiligi;
– işden boşadylýan işgärleri işe ýerleşdirmegiň usullary, şeýle hem işgärleriň üstüni 
ýetirmegiň çeşmeleri we usullary.
Senagat­önümçilik işgärleriniň düzümi adatça işçiler we gullukçylar boýunça 
aýratynlykda kesgitlenýär.
Esasy işçileriň düzümi ahyrky önümi taýýarlamagyň tehnologik prosesiniň häsiýeti 
bilen kesgitlenýär, kömekçi işgärleriň düzümi bolsa önümçiligi guramagyň, sehler hem­
de gulluklar boýunça kömekçi we hyzmat edýän işgärleriň gurluşynyň shemalary boýun­
ça bellenilýär. Kärhananyň işgärlere bolan islegi işleýänleriň toparlary we kategoriýalary 
boýunça meýilnamalaşdyrylmalydyr.
Gullukçylaryň düzümini kesgitlemek kärhanada bar bolan guramaçylyk gurluşyny 
hasaba almaga we dolandyryş apparatynyň hereket edýän wezipe sanawyna esaslanýar. 
Kärhananyň işgärleriniň mukdar häsiýetnamasy işgärleriň sanaw, ortaça sanaw we 
bar bolan sanynyň görkezijileri bilen ölçenilýär. 
Sanaw düzümi ähli işgärleriň sanynyň hereketini – işe kabul etmegi, işden çykarma­
gy we beýlekileri görkezýär. Onda hemişelik we wagtlaýyn işgärleriň ählisi, şol sanda iş 
saparynda we rugsatda bolýan, doly däl iş gününe ýa­da stawkanyň bir bölegine işe kabul 
edilen işgärler, şeýle hem olar bilen zähmet gatnaşyklary resmileşdirilen adamlar hasaba 
alynýar.
Işgärleriň anyk döwürdäki sanyny kesgitlemek üçin ortaça sanaw sany görkezijisi 
hasaplanýar, ol ortaça zähmet öndürijiligi, ortaça zähmet haky, işgärleriň geldi­geçerligi we 
ş.m. hasaplanylanda ulanylýar. Ony hasaplamak üçin iş wagtynyň tabelleri boýunça hasaba 
alyş maglumatlary peýdalanylýar.
Bar bolan düzümi diýlip bellibir wagtyň dowamynda hakykatdan iş ýerinde bolýan 
işgärleriň sanyna düşünilýär.
Işgärleriň sanyny kesgitlemek. Senagat­önümçilik işgärleriniň sanyny meýilnamalaş­
dyrmak tejribesinde işgär sanyny hasaplamagyň birnäçe usullary peýdalanylyp bilner:
– binýatlyk işgär sanyna düzediş girizmek;
– önümçilik maksatnamasynyň zähmet talap edijiligi boýunça;
– wezipe sanawy boýunça;


104
– iş ýerleri, iş öndürijiligi ýa­da hyzmat etmek ölçegleri. 
Usuluýeti saýlap almak önümçiligi we dolandyryşy guramagyň aýratynlyklary, mag­
lumatlaryň dolulygy we garaşylýan netijä bildirilýän talaplar bilen kesgitlenýär.
1. Binýatlyk sana düzediş girizmek usulyna birikdirilen usul hökmünde seredilýär, 
onuň ulanylmagy şu ýagdaýlarda esaslydyr, eger:
– meýilnamalaşdyrylýan döwürde kärhananyň önümçilik mak satnamasynda önüm­
leriň nomenklaturasy we görnüşleri babatynda düýpli üýtgemeler bolup geçmedik bolsa;
– kärhananyň innowasiýalary ornaşdyrmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak we 
işgärleriň sanyny azaltmak boýunça çäreleriň işlenip taýýarlanan meýilnamasy bar bolsa.
Bu usul peýdalanylanda meýilnama döwründe kärhananyň işgärleriniň sany kesgit­
lenýär:
L
meý
= (L
bin
x k
öö
) + ∆L
md
,
bu ýerde L
bin 
– binýatlyk (hasabat) döwürde işgärleriň sany; k
öö
– meýilnama döwründe 
önümçiligiň möçberiniň artyş koeffisiýenti; ∆L
md
– meýilnama döwründe täzelikleri giriz­
megiň netijesinde işgär sanynyň üýtgemegi.
Usulyň esasy ýetmezçiligi gullukçylaryň sanynyň önümçilik möçberine göni deň öl­
çegli bagly däldigi bolup durýar. 
2. Önümçilik maksatnamasynyň zähmet talap edijiligi boýunça işgär sanyny hasapla­
magyň usuly. Işgär sanyna baha bermek üç tapgyry öz içine alýar:
– önümiň önümçilik maksatnamasyna goşulan her bir görnüşini taýýarlamagyň zäh­
met talap edijiligi hasaplanýar;
– tutuşlygyna we işleriň görnüşleri boýunça önümçilik maksatnamasynyň zähmet ta­
lap edijiligi bellenilýär;
– tutuşlygyna we işleýänleriň kategoriýalary boýunça işgärleriň sany kesgitlenilýär.
Şu usuldan peýdalanylanda önümçilik maksatnamasynyň doly zähmet talap edijiligi 
(L
z.dol
) tehnologik (L
z.teh
), hyzmat etmek (L
z.hyz
) we dolandyryş (L
z.dol
) zähmet talap edijiligi­
niň jemi hökmünde kesgitlenilýär:
L
z.dol
= L
z.teh
+ L
z.hyz
+ L
z.dol
.
Birinji iki görkezijiniň jemi esasy we kömekçi işgärleriň zähmet harajatlaryny 
görkezýär we degişlilikde, önümçilik zähmet talap edijiligini (L
z.ön
) emele getirýär, üçünjisi 
bolsa gullukçylaryň zähmet hakyny görkezýär: 
L
z.ön
= L
z.teh
+ L
z.hyz
.
Tehnologik zähmet talap edijiligi tehnologik täzeden işlemeler, işiň görnüşleri we meýil­
nama döwri üçin kabul edilen zähmet harajatla rynyň kadasyny peýdalanmak bilen önümi 
taýýarlamagyň tehnologik prosesinde göz öňünde tutulan amallar boýunça kesgitlenip bilner. 
Hyzmat etmegiň zähmet talap edijiligi iki usul bilen hasaplanyp bilner:
– göni usul – normatiwleri gönüden­göni önüm üçin hasaplanan esasy önümçilige 
hyzmat etmegiň aýry­aýry wezipeleri boýunça;
– alternatiw usul – hyzmat etmegiň zähmet talap edijiligi bilen tehnologik zähmet 
talap edijiligiň arasyndaky gatnaşyklary, soňundan olara önüm boýunça möçberiň, koo­
perirlenme derejesiniň, şeýle hem meýilnama guramaçylyk­tehniki şertleriň üýtgeme fak­


105
torlaryna görä düzediş girizmek bilen, binýatlyk döwrüň hasaba alyş maglumatlarynyň 
esasynda kesgitlemek. 
Dolandyryş zähmet talap edijiligi hyzmat etmek zähmet talap edijiligine meňzeşdir, 
ýöne birinjiden, dolandyryşyň guramaçylyk gurluşynda meýilnamalaşdyrylan üýtgemeler 
hasaplaşyga kabul edilýär, ikinjiden, işleriň birligi hökmünde tehnologik däl­de, önümçilik 
zähmet talap edijiligi kabul edilýär.
Işgärleriň umumy sany meýilnamalaýyn önümçilik zähmet talap edijiligini iş ölçeg­
lerini ýerine ýetirmegiň meýilnamalaýyn koeffisiýentini hasaba almak bilen, bir ýylda bir 
işgäriň iş wagtynyň netijeli gaznasyna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär:
L

= L
mak
/ (T
peý
x k
işk
),
bu ýerde L
i
– işgärleriň ortaça sanaw sany; L
mak
– önümçilik maksatnamasynyň meýilna­
malaýyn zähmet talap edijiligi (esasy işgärleriň zähmet harajatlary boýunça), norma­sagat­
larda; T
peý
– bir işgäriň wagtynyň peýdaly gaznasy, sagat; k
işk 
– iş öndürijiliginiň ölçegini 
ýerine ýetirmegiň meýilnamalaşdyrylýan koeffisiýenti.
Işgärleriň ortaça sanaw sany (L
gul
) önümçilik maksatnamasyny dolandyrmagyň meýil­
namalaýyn zähmet talap edijiligini bir ýylda bir gullukçynyň iş wagtynyň netijeli koeffi­
siýentine bölmek ýoly bilen kesgitlenýär:
L
gul
= L
dol
/ T
doly

bu ýerde L
gul 
– gullukçylaryň ortaça sanaw sany; L
dol
– önümçilik maksatnamasynyň 
meýilnamalaýyn zähmet talap edijiligi (esasy işgärleriň zähmet harajatlary boýunça), 
norma – sagatlarda. 
Meýilnama döwründe senagat­önümçilik işgärleriniň umumy sany (L
söi
) işçileriň we 
gullukçylaryň sanynyň jemi hökmünde kesgitlenýär:
L
söi
= L

+ L
gul
.
Bir işgäriň iş wagtynyň peýdaly gaznasy hasaplananda iş wag tynyň býujetiniň sene­
nama, nominal, bar bolan we peýdaly gaznalary tapawutlandyrylýar.
Senenama wagt gaznasy bir ýyldaky senenama günleriniň sanyna laýyk gelýär. No­
minal gazna dynç günlerini we baýramçylyk günlerini aýyrmak bilen senenama wagtyny 
görkezýär. Bar bolan wagt gaznasy nominal gaznadan kanunçylykda göz öňünde tutulan 
işe doly günläp gelinmedik günleri aýyrmak ýoly bilen kesgitlenýär. Bu ululyk meýilnama­
laýyn döwrüň dowamynda bir işgäre düşýän iş günleriniň sanyny görkezýär. 
Peýdaly wagt gaznasy bir işgäre düşýän iş günleriniň sanyny, iş gününiň kanunda 
rugsat edilen gysgaltmalaryny hasaba alyp, düzediş girizilen iş gününiň ortaça dowamlyly­
gyna köpeltmek ýoly bilen kesgitlenýär.
3. Wezipe sanawy boýunça işgär sanyny hasaplamagyň usuly köplenç zähmete hak 
tölemegiň wagt boýunça ulgamyny peýdalanýan kärhanalarda ulanylýar. Bu usul önüm­
çilik mehanizasiýalaşdyrylan we awtomatlaşdyrylan mahalynda – enjamlaryň iş düzgün­
lerini saklamagyň we tehnologik prosesi berjaý etmegiň zähmet öndürijiliginiň we önümiň 
hiliniň enjamlarda goýlan degişli derejelerini üpjün edýän wagtynda barha giň ýaýrawa 
eýe bolýar. Guramaçylyk taslamasynyň usullarynyň ösmegi we kärhanany dolandyrmagyň 


106
oýlanyşykly gurluşlaryny gurnalmagy, dolandyryş apparatynyň iň amatly ýagdaýa golaý 
wezipe sanawyny bellemäge we gullukçylara degişli dolandyryş wezipelerini berkitmäge 
mümkinçilik berýär.
Bu usulyň peýdalanylmagy kärhanada dolandyryş apparatynyň, wagt boýunça işleýän 
esasy işgärleriň we kömekçi işgärleriň aýratynlykdaky esaslandyrylan wezipe sanawynyň 
bolmagyny göz öňünde tutýar. 
Dolandyryş apparatynyň wezipe sanawy kärhananyň dolandyryş birlikleri boýunça 
gullukçylaryň sanawyny öz içine alýar. Bu sanawda dolandyryş apparatynyň birliklerinden 
başga­da, işgär düzümindäki wezipeler, işgärleriň sanawy we sanalyp geçilen wezipeler 
boýunça aýlyk wezipe haklary görkezilýär. Işgärleriň sany işgär düzümindäki wezipeler 
boýunça işleýänleriň sanyny jemlemek ýoly bilen kesgitlenýär.
Wagt boýunça işleýän esasy işgärleriň wezipe sanawy kärhanada kabul edilen, tehno­
logik enjamlary dolandyrmagyň iş ýerleriniň ýerleşýän shemalary boýunça düzülýär. Esasy 
işgärleriň sany şular ýaly iş ýerleriniň sanyny enjamyň kabul edilen iş düzgünini goşmak 
ýoly bilen kesgitlenýär. 
Wagt boýunça işleýän kömekçi işgärleriň wezipe sanawy esasy önümçilik prose sine 
hyzmat etmek wezipelerini (iş ýerlerini çig mal, materiallar, şaýlar, gurallar we abzal­
lar bilen üpjün etmek, enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, önümçilik 
jaýlaryny abatlamak, howpsuzlygy üpjün etmek we beýlekiler) bel lenen grafikleriň we 
hyz mat edýän zolaklaryň esasynda berkidýär. Hyzmat etmegiň her bir wezipesi boýunça 
wagt boýunça işleýän kömekçi işgärleriň wezipe borçlary bellenýär we işiň häsiýetini hem­
de möçberini hasaba almak bilen, kömekçi işgärleriň zerur bolan sany kesgitlenýär.
4. Işgär sanyny iş ýerleri, iş öndürijiliginiň kadasy (ölçegi) we hyzmat etmegiň ka­
dalary boýunça hasaplap çykarmak usuly kärhananyň ähli kategoriýalara degişli işgärleri­
niň sanyny kesgitlemek üçin peýdalanylyp bilner. Gullukçylar babatynda ol örän seýrek 
ulanylýar, bu dolandyryş işgärleriniň zähmetini kadalaşdyrmagyň usullarynyň taýýar­
lanyşynyň gowşakdygy sebäplidir. Adatça bu usul esasy we kömekçi işgärlere bolan islegi 
hasaplamak üçin wezipe sanawy boýunça işgär sanyny kesgitlemegiň usuly bilen bilelikde 
peýdalanylýar.
Iş ýerleri boýunça hasaplamak usuly olaryň işi bellibir iş ýerlerinde ýerine ýetirilýän 
we hyzmat etmegiň anyk obýekti (krançy, ammarçy we ş.m.) bilen baglydygy sebäpli 
işleriň möçberi hem, hyz mat etmegiň kadalary hem bellenip bilinmeýän kömekçi işgärleriň 
toparynyň sany kesgitlenende ulanylýar. Şu ýagdaýlarda hasaplama şu formula boýunça 
geçirilýär:
L
ki
= N
e
x h x k
ss

bu ýerde N
e
– iş ýerleriniň sany; h – gije­gündizde çalşyklaryň sany; k
ss
– sanaw sanynyň 
koeffisiýenti (iş wagtynyň nominal gaznasyny iş wagtynyň meýilnama balansy boýunça iş 
günleriniň fiziki sanyna bölmekden alnan netije).
Gullukçylaryň sany bar bolan pudaklaýyn maglumatlaryň esa synda, olaryň bolmadyk 
wagtynda bolsa gönüden göni kärhanada işlenip taýýarlanan kadalar boýunça bellenýär. 


107
Işgär sanynyň normatiwleri olaryň bellenen maksadyna baglylykda, diňe tutuş kärhana 
boýunça we ony dolandyrmagyň her bir wezipesi boýunça däl­de, eýsem işiň aýry­aýry 
görnüşleri we wezipeler boýunça işlenip taýýarlanmalydyr. Ýolbaşçylaryň sany kärhananyň 
ululygyna, onuň pudaklaýyn aýratynlyklaryna, dolandyryş kadalaryna we ş.m. bag lydyr.
Iş öndürijiliginiň kadalary boýunça hasaplananda esasy işgärleriň sanyny önümçilik 
tabşyrygyndan we iş öndürijiliginiň kadalaryndan ugur almak bilen, şu formula boýunça 
kesgitleýärler:
L
ei 
= Q
ýer
/ (N
ön
x T
net
), 
bu ýerde Q
ýer
– kabul edilen ölçeg birliklerinde ýerine ýetirilen işleriň möçberi; N
ön
– iş 
wagtynyň birliginde iş öndürijiliginiň meýilnamalaýyn kadasy; T
net 
– iş wagtynyň netijeli 
gaznasy. 
Hyzmat etmegiň kadalary boýunça hasaplamak usuly işini kadalaşdyrmak kyn bolan 
esasy işgärleriň sanyny kesgitlemek üçin peýdalanylýar. Bu agregatlary, peçleri, apparatlary, 
maşynlary we beýleki enjamlary dolandyrýan we tehnologik prosesleriň barşyna gözegçilik 
edýän işçilere degişlidir. Işçileriň ortaça sanaw sany şu formula boýunça hasap lanýar:
L
i
= n x L
iag
x h x (T
mdgg
/ T
hgg
),
bu ýerde n – iş agregatlarynyň sany; L
iag
– çalşygyň dowamynda bir agregata hyzmat etmek 
üçin zerur bolan işçileriň sany; T
mdgg
– meýilnama döwründe agregatyň işlemeli güje­gün­
dizleriniň sany; T
hgg
– işlenilýän gije­gündizleriň sany. 
Kömekçi işgärleriň sany işleriň zähmet talap edijiligi, hyzmat ediş kadalary we iş 
ýerleri boýunça kesgitlenip bilner.
Möçberini wagt kadalary boýunça kesgitläp bolýan işlerde wagt boýunça işleýän kö­
mekçi işçileriň sany wagt boýunça işleýän esasy işgärleriň sany ýaly, işleriň zähmet talap 
edijiligi boýunça hasap lanylýar. Tapawut diňe esasy işçileriň sany hasaplananda çykarylýan 
önümiň zähmet talap edijiliginden, kömekçi işçileriň sany kesgitlenende bolsa kömekçi 
işleriň zähmet talap edijiliginden ugur alynýandygyndan ybaratdyr.
Olar babatynda hyzmat etmegiň kadalary bar bolan işleri ýerine ýetirýän kömekçi 
işçileriň sany (L
ki
) işleriň çalşyklylygyny we hyzmat etmegiň kadalaryny hasaba almak 
bilen, hyzmat edilýän obýektleriň umumy sanynyň esasynda, şu formula boýunça hasap­
lanýar:
L
ki
= n x h x k
ss
/ N
hyz
,
bu ýerde n – hyzmat edilýän obýektleriň umumy sany; N
hyz
– hyzmat ediş kadasy, ýagny 
bir kömekçi işçi ýa­da olaryň topary tarapyndan hyzmat edilýän enjamlaryň, önümçilik 
meýdanlarynyň sany.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   42   43   44   45   46   47   48   49   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling