O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

DOLANYŞYK SERIŞDELERI
Dolanyşyk önümçilik gaznalary
Önümçilik 
ätiýaçlyklary
Önümçilik
ätiýaçlyklary
Kadalaşdyrylmadyk
dolanyşyk serişdeleri
Tamamlanmadyk önümçiligiň 
gymmaty
, özüniň taýýarlan 
ýarym taýýar önümleri
Geljek döwürleriň 
çykdajylary
Ammardaky 
taýýar önüm
Iberilen, ýöne tölenmedik 
harytlar
Hasaplardaky we kassadaky 
pul serişdeleri
Debitor 
ber
gi
Dolanyşyk önümçilik gaznalary
19-njy surat. Dolanyşyk serişdeleriniň düzümi


94
Dolanyşyk serişdeleriniň we dolanyşyk gaznalarynyň tapawudy do lanyşygyň haýal 
bolup geçmeginde, geçginliligiň peselmeginde we beýlekilerde ýüze çykýar. Dolanyşyk 
serişdeleri ýokary derejede ykjamdyr, hereketlidir. Şu kärhana üçin laýyk gelýän üpjün­
çilik, önümçilik, ýerlemek we bank hasaplaşyklary şertleri bilen çäklendirilendir. Olaryň 
soňkulary dolanyşygyň tizligini, diýmek, dolanyşyk se rişdelerine bolan islegi kesgitleýär­
ler. Dolanyşygyň kadaly bolup geç ýän wagtynda önümçiligiň we dolanyşygyň dolanyşyk 
serişdeleri bi len kärhananyň önümçilik gaznalarynyň arasyndaky tapawut ýüze çyk maýar, 
olaryň hereketiniň tizligi bolsa, bellibir derejede sinhronlaşýar.
Eger gaznalaryň hereketi peselýän bolsa, laýyk gelmeýän hildäki çig malyň kärhana
gelip gowşandygy, önümçilikde zaýa önümiň köp çykarylmagy, hereket edýän enjamyň 
käbir birlikleriniň hatardan çykmagy (döwülme, meýilnamalaýyn abatlaýyş işleri), taýýar 
önü miň bazarda ýerlenip bilinmezligi bolup geçýär, şeýle bolanda tapawut bildirýär. Do­
lanyşyk serişdeleri islendik ätiýaçlygy döretmek üçin birmeňzeş ýaramlydyr. Eger do­
lanyşyk haýallasa, onda olar hem öz hereketini gowşadýar we ätiýaçlyklara goşulýar. 
Kärhanada dola nyşyk gaznalary has köp bolup, dolanyşyk serişdeleri bolsa ýeterlik bol­
man biler.
Dolanyşyk serişdeleri şu kärhana tarapyndan satyn alynýan maddy gymmatlyklar we 
ýerine ýetirilen işler hem­de hyzmatlar üçin tölegden beýleki tölege – taýýar önümi satyn 
alyjylardan gelip gowuşýan tölege çenli hereket edýär. Ol ýa­da beýleki hereketleriň möç­
berini we tizligini dolanyşyk serişdeleriniň dolanyşygy kesgitleýär. Mundan başga­da, do­
lanyşygyň tizligine çig malyň we material laryň iberilýän wagt tertibiniň ýerine ýetirilmegi, 
kärhanada tehnologik prosesiň guralyşy, iberilen önümler, ýerlenen önümler we beýleki 
harytlar hem­de hyzmatlar üçin tölegleriň tertibi täsir edýär.
Dolanyşyk serişdeleriniň wezipesi kärhana gelip gowuşýan maddy gymmatlyklaryň 
we edilen hyzmatlaryň tölegini şu maksatlar üçin hakujy pul möçberinden geçirmekden, 
başga sözler bilen aýdylanda kärhanada dolanyşygyň gymmatyna töleg­hasaplaşyk hyz­
matyndan ybaratdyr.
Kärhananyň önümçilik­hojalyk işi onuň töleg­hasaplaşyk düzgünine täsir edýär. 
Önümçilik ätiýaçlyklarynyň artmagy tölegleriň artmagyna, tamamlanmadyk önümçiligiň 
köpelmegi ýerlemegiň gowşamagyna, şeýlelikde, puluň gelip gowşuşynyň azalmagyna 
getirýär. Önümçilik prosesiniň çaltlandyrylmagy, ätiýaçlyklaryň azalmagy, ýerlemegiň 
ýokarlanmagy pul serişdeleriniň köp gelip gowuşmagyna getirýär. Eger dolanyşyk gaz­
nalarynyň hereketi her pursatda üznüksiz önümçiligiň maddy faktorlarynyň dolanyşygyny 
görkezýän bolsa, onda dolanyşyk serişdeleriniň hereketi pul serişdeleriniň dolanyşygyny 
görkezýär.
Geçişiň ýokary derejede hümmetsizlenme bilen bagly şertlerinde bazar ykdysadyýe­
tine geçmek kärhanalaryň dolanyşyk serişdelerini tiz ýitirmeklerine getirýär. Kärhana çig 
maly we materiallary satyn almak bilen, olary önümiň özüne düşýän gymmatynda hereket 
edýän bahalar boýunça hasaba alýar. Önüm öndürilenden we ýerlenenden soň kärhana 
çig malyň hem­de materiallaryň täze tapgyryny satyn alýar, ýöne eýýäm hümmetsizlen­
megi hasaba almak bilen emele getirilen täze bahalardan satyn alýar. Diýmek, kärhana 
dolanyşyk serişdeleriniň ýitgisiniň öwezini ýa peýdanyň hasabyna dolmaly ýa­da önümiň 


95
bahasyny ýokarlandyrmaly bolýar, bu bolsa önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň peselme­
gine getirýär.
Häzirki zaman şertlerinde kärhanalaryň dolanyşyk serişdeleriniň möçberine we gur­
luşyna köp faktorlar, köplenç, düýbünden gapma­garşy ugurlarda hereket edýän birnäçe 
faktorlar uly täsir edýär.
Täze ykdysady gurluşa azda­kände uýgunlaşan kärhana wagtlaýyn erkin pul serişde­
lerini gysga möhletli maliýe aktiwlerine goýmak üçin peýdalanýar, bu bolsa olary hümmet­
sizlemeden goramaga we hatda bellibir derejede girdeji almaga hem mümkinçilik berýär. 
Dolanyşyk serişdeleriniň gurluşy senagatyň dürli pudaklary üçin tapawutlanýar. Mysal 
üçin, debitor berginiň has ýokary möçberi elektroenergetika, maşyn gurluşygy üçin, has 
az möçberi bolsa ýeňil we azyk senagaty, ýagny gönüden­göni ahyrky sarp edijä, işleýän 
kärhanalar üçin häsiýetlidir.
Kärhananyň kadaly işini üpjün etmek üçin dolanyşyk serişdelerini meýilnamalaş­
dyrmagyň uly ähmiýeti bardyr, ol bu serişdelere bolan islegleriň başlangyç we ahyrky 
görkezijilerini, şeýle hem meýilnama döwrüniň içinde bu islegiň her bir degerli üýt­
geýşini (ýokarlanma, peselme) öz içine alýar. Hakykatdan hem, eger bellibir döwür üçin 
dolanyşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagy çaklanylýan bolsa, zerur bolan ha­
latynda, mysal üçin, karz sorap, banka ýüz tutmak mümkinçiligini göz öňünde tutmak 
üçin garaşylýan maliýe mümkinçiliklerine baha berilmelidir. Dolanyşyk serişdelerine 
bolan islegiň wagtlaýynça peselmegi gözegçilikde saklanmalydyr we degişli meýilna­
malarda görkezilmelidir, sebäbi şu döwürde boşadylýan serişdeler, mysal üçin, kärhana 
bellibir girdeji getirjek gysga möhletli gymmatly kagyzlary satyn almaga gönükdirilip 
bilner.
Başga sözler bilen aýdylanda, dolanyşyk serişdelerini meýilnamalaşdyrmak dürli 
seneler üçin kärhananyň dolanyşyk serişdelerine bolan isleginiň başlangyç derejesiniň 
we soňky üýtgemeleriň görkezilýän senenama grafiginiň düzülişine golaý bolmalydyr. 
Şunuň ýaly meýilnama­grafik kärhananyň pul serişdeleriniň we maliýe borç namalarynyň 
häsiýetnamasyny, şol sanda bank karzyna we karzyň beýleki görnüşlerine bolan islegi öz 
içine almalydyr. Kärhananyň dolanyşyk serişdelerini ortaça, birmeňzeş önümleriň tölegi 
üçin däl­de, köp dürli, kiçi we uly, ýygy we seýrek, howa arkaly, awtomobil ulaglary we 
beýlekiler bilen getirilýän önümler üçin sarp etmeli bolar. Geljekde önümleriň iberil­
meginiň depginini bilmek bilen, kärhana önümçiligi we maliýäni has esasly dolandyryp 
biler.
Kärhananyň dolanyşyk serişdelerini meýilnamalaşdyrmagyň esa sy kadalaşdyrmak 
bolup durýar.

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling