O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Marketing strategiýasynyň elementleri
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
Marketing strategiýasynyň elementleri
Strategiýanyň elementleri Mysaly çözgütler Önümiň strategiýasy Harydyň modifikasiýasy Täze harydy döretmek Bar bolan haryda marketing taýdan goldaw bermek we ş.m. Nyrh emele getirmek strategiýasy Abraýly bahalar Saýlanyp alnan alamatlaryň biri boýunça bahalary bellemek Harytlaryň paýlanýan kanallarynyň strategiýasy Göni ýerleme kanaly (öndüriji – sarp ediji) Gytaklaýyn kanal (öndüriji – araçy – sarp ediji) Garyşyk kanal (göni we gytaklaýyn ýerleme kanal laryny peýdalanmak) Harydy öňe sürmek strategiýasy Mahabat Ýerlemegi höweslendirmegiň usullary we dürli serişdeleri 139 Marketing strategiýasynyň her bir düzüm bölegini aýratynlykda ýada özara baglylyk da meýilnamalaşdyrmak bazary we kompaniýanyň potensial mümkinçiliklerini öwrenmegiň hemde çaklamagyň netijelerine esaslanýar. Şunda bazary öwrenmek harydy üstünlikli ýerle mek üçin ähmiýeti bar bolan ähli şertleriň seljermesini gurşap alýar. Önümiň strategiýasy emele getirilende şu barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar: täze önüme potensial islegiň ýada ony emele getirmek mümkinçiliginiň bardygy; sarp ediş islegleriniň esaslary; harydy öndürmek usuly (gerimiň täsirini peýdalanmak mümkin çiligi); önümiň bäsdeşlige ukyplylygy; önümleriň gulluk etmeli möhleti; önümleri ulan magyň möhletiniň olardan peýdalanmagyň kadalaryna bagly bolmagy; önümiň dizaýny; dolanyşyk möçberi; satuwlardan alynýan peýda; ýerleme tizligi we ş.m. Harytlaryň nyşanlaryna ýada haryt maşgalalaryna aýratyn ähmiýet berilýär, olar önüm maşgalalarynyň sarp edijiler üçin anyk haryt – haryt nyşany bilen deňeşdirilende aýratyn mana eýe bolýan, anyk durmuşdemografik toparlaryň bellibir gymmatlyklary bi len bag lanyşdyrylýan özboluşly nyşanlary ýada sözde aňladylýan atlary bolup durýarlar. Bu gymmatlyklar gerekli şekili we islegi döredýän esaslandyrylan ýada esaslandyrylma dyk zerurlygy emele getirýärler. Tejribäniň görkezişi ýaly, haryt nyşanynyň şowly saýlanyp alynmagy sarp edijileriň ileri tutmalaryna, olaryň diňe anyk bir harydy dälde, eýsem şu nyşan (belgi) bilen ýerlenýän islendik harydy satyn almaga taýýardygyna düýpli täsir edýär. Köp babatda haryt nyşanlarynyň täsiri bilen sarp edijileriň durnukly toparlary emele getirilýär, olar özboluşly «kepillendirilen satyn alyjylar» bolup, marketing ulgamy meýil namalaşdyrylanda olara arkaýyn bil baglap bolar. Şu görkezijiler seljerilýär: – ýaş toparlaryna we sebitlere bölmek bilen, ilat sanynyň depgini, bu giňden sarp edilýän harytlar bazarda öňe sürlende zerur maglumatlary üpjün edýär; – ilatyň jan başyna hasaplanyňda harytlaryň sarp edilişi, bu bolsa sarp edijileriň özüni alyp barşyndaky üýtgemeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär; – ilatyň (müşderileriň) çykdajylarynyň gurluşynyň depgini, ol bu çykdajylaryň bir harytdan beýlekisine geçişini görkezýär; – ilatyň toparlarynyň satyn alyjylyk ukybynyň depgini; – bazarda bellenen maksady boýunça deňeşdirip bolýan ähli harytlara bolan umumy islegiň depgini; – bäsdeşleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň üýtgeýiş depgini. Bu maglumatlar önümçiligiň görnüşini (köpçülikleýin, aýratyn ýada tapgyrlaýyn) saýlap almagyň maksada laýyklygy barada çözgüt kabul etmäge mümkinçilik berýär, ola ra bolan islegiň ösýän, bitarap we islegiň pese gaçýan harytlaryny bölüp görkezmäge ýardam edýär. Haryda bolan islege barlag geçirmegiň we ony çaklamagyň, orun eýelemegiň hemde ony üstünlikli ýerlemek üçin ähmiýeti bar bolan şertlere seljerme geçirmegiň netijeleriniň esasynda marketing gullugy tarapyndan ykdysady strategiýanyň çäklerinde şu harydyň ön dürilýän möçberini artdyrmak, ony modifisirlemek ýada harydy önümçilikden aýyrmak barada ýada düýbünden täze harydyň önümçiligini döretmek we giňeltmek zerurlygy ba rada çözgüt kabul edilýär. 140 Häzirki wagtda birnäçe usullar bolup, firmalar şol usullaryň esa synda mümkin bolan sarp edijileriň toparyny ýokary derejede ygtybarlylyk bilen kesgitläp we olaryň sanyny giňeltmek boýunça çäreleri meýilnamalaşdyryp bilerler. Önümiň strategiýasyny emele getirmek üçin onuň ýaşaýyş döwrüniň (ÖÝD) mode- lini peýdalanyp bolar. Düzgün bolşy ýaly, ÖÝD-niň däp bolan modeli grafika görnüşde satuwlaryň egri çyzygy görnüşinde görkezilip bilner, oňa döwürleri öz içine alýan wagt böleginde seredilýär: 1. Ornaşdyrmak we ösüş. 2. Kämillik. 3. Önümiň we önümçilik prosesiniň bar bolan strategiýalaryny üýtgetmek (modifika siýa meýilnamasy). 4. Bar bolan önümden marketing goldawyny aýyrmak. 5. Harydy ýerlemek kanallary boýunça ýaýratmagy bes etmek. 6. Täze önümi çykarmaga geçmek üçin önümçilik proseslerini peýdalanmak we döwrebaplaşdyrmak. Ýönekeýleşdirilen görnüşde ÖÝDniň döwürleriniň topara bölünmesi şunuň ýaly bo lar: ornaşdyrmak, ösüş, kämillik, satuwlaryň möçberleriniň pese gaçmagy. ÖÝDniň modeli önümiň görnüşi (telewizorlar), önümiň daşky görnüşi (ekranynyň bellibir ölçegi bolan telewizorlar) we söwda nyşany (Sony firmasynyň telewizorlary) babatynda peýdalanylyp bilner. ÖÝDniň däp bolan modeli önümiň daşky görnüşine ýada söwda nyşanyna garanyňda önümiň görnüşine has laýyk gelýär. Soňky on ýyllykda önümiň (harydyň ýada hyzmatyň) ÖÝDniň ähli döwürlerini geç ýän wagtyň azalma meýli bellenýär. Nyrh emele getirmegiň marketing strategiýasyny kabul etmek bahalary bellemäge çe meleşme bolup, ol yzygiderli tapgyrlardan durýar, şol tapgyrlaryň her biri özünden soňky tapgyra çäklendirme belleýär: – maksatlaýyn bazary kesgitlemek; – söwda nyşanynyň şekilini kesgitlemek; – marketing strategiýasynyň beýleki elementlerini seljermek; – nyrh emele getirmek babatynda maksat goýmak; – umumy nyrh syýasatyny kesgitlemek; – nyrh strategiýasyny işläp taýýarlamak; – anyk bahalary bellemek. Kompaniýanyň nyrh emele getiriş strategiýasyny emele getirmäge köp sanly faktorlar täsir edýär, olaryň esasylary şulardan ybaratdyr: – kompaniýanyň marketing maksatlary; – hakyky çykdajylar we peýda; – bäsdeşleriň teklibine garanyňda harydyň sarp ediji üçin gymmaty; – bazaryň segmentleriniň arasyndaky tapawut; – bäsdeşleriň mümkin bolan jogaplary. 141 Marketing maksatnamalarynyň ählisine täsir edýän möhüm çöz gütleriň biri hem hary dyň paýlanylýan kanallaryny kesgitlemekdir. Harytlaryň hereket edýän bar bolan kanallary ýerlemegiň esasy üç usulynyň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar: – göni usul – önüm öndüriji garaşsyz araçylaryň hyzmatyndan peýdalanman, özü niň ýerleme ulgamynyň kömegi bilen önümi sarp edijiler bilen gönüdengöni gatnaşykda bolýar; – gytaklaýyn usul – öndüriji öz harytlaryny ýerlemegi guramak üçin dürli görnüşdäki garaş syz araçylaryň hyzmatyndan peýdalanýar; – garyşyk usul – araçyl halka hökmünde öndüriji firmanyň serişdelerini hemde haýsydyr bir garaşsyz kompaniýanyň serişdelerini öz içine alýan garyşyk maýasy bolan guramalar hyzmat edýär. Firmanyň ýerleme işini guramagyň ol ýada beýleki usulyny saýlap almak bazaryň, satuwlaryň anyk şertlerine we kärhananyň özüniň strategiýasyna baglydyr. Köplenç halat da kärhana bazaryň häsiýetine we ýerlenýän harydyň aýratynlygyna baglylykda ýerleme ulgamyny guramagyň bar bolan ähli görnüşlerini utgaşdyryp işlemegi ileri tutýar. Bazarda harydy öňe sürmegiň marketing strategiýasy işlenip taýýarlanylanda haryt laryň ýerlenişini höweslendirmek üçin dürli usul lar we serişdeler göz öňünde tutulýar, olaryň arasynda, öňi bilen, mahabaty, şahsy satuwlary, sergileri, ýarmarkalary we ş.m. ag zap bolar. Kärhana tarapyndan bu çäreleri meýilnamalaşdyrmak we durmuşa geçirmek onuň marketing işiniň strategiýasyny hemde taktikasyny işläp taýýarlamagyň möhüm ugry bo lup durýar. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling