O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti


-njy surat. Kärhananyň maýa goýum maksatnamasyny


Download 1.28 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/103
Sana26.10.2023
Hajmi1.28 Mb.
#1725573
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   103
Bog'liq
azmyradowa O~Kärhananyň ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

26-njy surat. Kärhananyň maýa goýum maksatnamasyny
emele getirmegiň algoritmi
Soraglar we ýumuşlar
1. Kärhananyň maýa goýum syýasaty näme?
2. Maýa goýumlaryň esasy çeşmelerini görkeziň.
3. Kärhananyň maýa goýum maksatnamasyny emele getirmegiň tertibi barada gürrüň beriň.
4.Karz alnan maýa we öz maýasy näme?
5. Karzlaşdyrmagyň däp bolmadyk görnüşleriniň haýsylaryny bilýärsiňiz, olar nähili görnüşler 
bolup durýarlar? 
 11.3.
Lizingiň ykdysady esaslary
Lizing maýa goýumlaryň maýany tygşytlaýan görnüşi bolup durýar. Ilkibaşda lizing diýip 
enjamlary, ulag serişdelerini ýa­da jaýlary kärendä bermek­almak amallaryna düşünilýärdi, 
ýöne maliýe institutlarynyň ösüşine görä, maliýeleşdirmegiň esasy gaznalaryň elementlerini 
kärendesini bir wagtda bank maýasyny çekmek arkaly ýöriteleşdirilen lizing firmasynyň üs­
tünden karzlaşdyrmak bilen utgaşýan görnüşini lizing diýip atlandyryp başladylar. 
Dünýä tejribesinde «lizing» adalgasy uzak wagtlap peýdalanyl ýan harytlaryň kären­
desine esaslanýan dürli geleşikleri aňlatmak üçin peýdalanylýar.
Şertnamanyň baglaşylýan möhletine baglylykda kärende amal larynyň üç görnüşi ta­
pawutlandyrylýar: gysga möhletli (1 günden 1 ýyla çenli) – renting; orta möhletli (1 ýyldan 


155
3 ýyla çenli) – haýring; uzak möhletli (3 ýyldan 20 ýyla çenli we ondan hem köp möhlete) 
lizingiň özi.
Nusgawy lizing geleşigine özara gatnaşyklaryň üç taraply häsiýeti mahsusdyr. Birin­
jiden, oňa emlägi lizing şertnamasy esasynda peýdalanmaga berýän emläk eýesi – lizinge 
beriji gatnaşýar. Lizinge beriji bolup şular çykyş edip bilerler:
– lizing amallaryny amala aşyrmak üçin ýörite döredilýän maliýe lizingi kompaniýasy. 
Kompaniýanyň esasy wezipesi emlägiň tölegini geçirmek, ýagny geleşigi maliýeleşdirmek 
bolup durýar;
– ýöriteleşdirilen lizing kompaniýasy, ol geleşigi maliýe taýdan üpjün etmäge goşma­
ça hökmünde maliýe däl hyzmatlaryň tutuş toplumyny öz üstüne alýar: emlägi saklamak, 
abatlamak, könelen böleklerini çalyşmak, peýdalanmak boýunça geňeş bermek we ş.m.;
– olar üçin lizing esasy iş bolup durmaýan, ýöne telekeçiligiň tertipnamada gadagan 
edilmedik ugry bolan, lizing amallaryny geçirmek üçin maliýe çeşmeleri bar bolan islendik 
firma ýa­da kärhana.
Ikinjiden, lizing geleşiklerine gatnaşyjy emläkden peýdalanyjy – lizinge alyjy degişli­
dir, islendik guramaçylyk­hukuk görnüşindäki ýuridik şahs lizinge alyjy bolup biler. Üçün­
ji gatnaşyjy – üpjün ediji – lizinge alyja emlägi satýan şahs bolup durýar.
Nusgawy lizing geleşiginde subýektleriň arasyndaky özara geleşikler 27­nji suratda 
getirilen çyzgy boýunça gurulýar.
Kärendä alynýan obýektiň tebigaty boýunça gozgalýan we gozgalmaýan emläk ta­
pawutlandyrylýar. Lizing şertnamasynyň hereket edýän möhleti şu faktorlary göz öňünde 
tutýar:
1. Enjamyň peýdalanylmaly möhleti, bu onuň tehniki­ykdysady maglumatlary bilen 
kesgitlenýär. Lizing geleşiginiň möhleti enjamyň kärendeçi tarapyndan ulanylmagynyň 
mümkin bolan möhletinden ýokary bolup bilmez. Şertnama möhletiniň kanunçylyk arkaly 
çäklendirilýän wagty hem bolýar. Meselem, Awstriýada aşaky çägi ulanyş tutumyny hasap­
lap ýazmak üçin kabul edilen möhletiň 40%­i, ýokary çägi şol möhletiň 90%­i derejesinde 
bellenendir.
ÜPJÜN 
EDIJI
BANK
ÄTIÝAÇ­
LANDYRYŞ 
KOMPANI­
ÝASY
LIZINGE ALYJY
11 10 8
7
6
2
1
9
12
4
3
5
6
LIZINGE BERIJI
3

Download 1.28 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   103




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling