O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- 11.4. Maýa goýum taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek
Soraglar we ýumuşlar
1. Lizing düşünjesini we onuň kärendeden tapawudyny açyp görkeziň. 2. Kim lizinge beriji bolup biler? 3. Lizing tölegleriniň düzümine haýsy çykdajy maddalary girýär? 4. Maýa goýumyň beýleki görnüşlerine garanyňda lizingiň lizing alyjy üçin artykmaçlyklary barada gürrüň beriň. 5. Lizingiň haýsy görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny bilýärsiňiz? 11.4. Maýa goýum taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek Maýa goýum taslamasy diýip olary amala aşyrmak üçin fiziki obýektleriň (jaýlar, desgalar, önümçilik toplumlary), tehniki prosesleriň, tehniki we guramaçylyk resmina malarynyň, maddy, maliýe, zähmet we beýleki serişdeleriň, şeýle hem dolandyryş çöz gütleriniň we olary durmuşa geçirmek üçin çäreleriň döredilýän maksatlar ulgamyna düşünilýär. Olaryň aýratynlygy ýokary derejede çylşyrymly bolan obýektleri döretmegi talap edýän pudaklaryň birnäçesinde öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin toplumlaýyn maýa goýumlar hökmünde bilelikdäki özbaşdak taslamalar durmuşa geçirilýär. «Maýa goýum taslamasy» düşünjesine, bir tarapdan, taslamada goýlan maksatlara ýet mäge gönükdirilen çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan iş hökmün de, beýleki tarapdan, taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiliginiň we onuň netijeliliginiň esaslandyrmasyny we taslamada goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyrmak üçin zerur bolan guramaçylykhukuk we hasaplamamaliýe resminama larynyň ulgamy hökmünde seredilýär. Birnäçe toparlara bölme alamatlary bolup, olaryň esasynda ähli taslamalary ulgamlaş dyrmak amala aşyrylýar. 1. Gerimi boýunça taslamalar kiçi, orta we mega taslamalara bölünýär. Olary topar laryň birine degişli etmek üçin şu häsiýetnamalar peýdalanylýar: 159 – düýpli goýumlaryň möçberi; – zähmet harajatlary; – durmuşa geçirmegiň uzaklygy; – dolandyryş ulgamynyň çylşyrymlylygy; – daşary ýurtly gatnaşyjylary çekmek; – ýurduň, sebitiň we ş.m. durmuşykdysady gurşawyna edýän täsiri. 2. Durmuşa geçirmegiň möhletleri boýunça taslamalary gysga möhletli (1 ýyla çenli), orta möhletli (1 ýyldan 5 ýyla çenli) we uzak möhletli (5 ýyldan ýokary) taslamalara böl mek kabul edilendir. Gysga möhletli taslamalar, düzgün bolşy ýaly, önümleriniň görnüşi tiz täzelenýän kärhanalar üçin, aýryaýry enjamlary ýada işleri döwrebaplaşdyrmak, tejribe enjamlaryny döretmek we ş.m. üçin häsiýetlidir. Şunuň ýaly taslamalary durmuşa geçir megiň barşynda wagt faktory esasy bolup durýar ýada maýa goýum goýulýan obýektiň häsiýeti bilen kesgitlenýär. 3. Hili boýunça taslamalary adaty we kemçiliksiz taslamalara bölmek kabul edilendir. Kemçiliksiz taslamalar üçin olary durmuşa geçirmekde agdyklyk edýän şert maýa goýumlar bolup durýar, şolaryň netijesinde ýetip bolýan sepgitleriň iň ýokary derejesi we bellenen stan darta doly laýyklyk üpjün edilýär. Şular ýaly taslamalar, düzgün bolşy ýaly, gymmata düşýär we standartdan sähelçe gyşarylmagy ýaramaz netijelere getirmek howpy bolan pudaklara (mysal üçin atom energetikasy) degişlidir. Maýa taslamasynyň başlanmagy diýip, düzgün bolşy ýaly, taslamany amala aşyrmak üçin serişdeleriň sarp edilip başlanan pursatyny hasap etmek kabul edilendir. Maýa goýum taslamasynyň tamamlanmagy obýektiň ulanmaga berlen wagty ýada obýektiň işiň belle nilen ölçeg lerine ýetmegi ýada taslamany maliýeleşdirmegiň bes edilmegi bilen kesgit lenýär. Ýaşaýyş döwri (biribirini yzygiderli çalyşýan, islendik taslamanyň olaryň üstünden geçýän tapgyrlary) üç düzüm bölegini öz içine alýar: maýa goýumynyň öň ýanyndaky, maýa goýum we ulanyş tapgyrlary (28-nji surat). Maýa goýum mümkinçiliklerini seljermek Deslapky tehnikiykdysady esaslandyrma Takyklanan tehnikiykdysady esaslandyrma Maýa goýum mümkinçilikleri barada habarnama Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling