O. Ýazmyradowa, A. Nabatowa KÄrhananyň ykdysadyýeti
Maýa goýum taslamasynyň öň ýanyndaky tapgyr
Download 1.28 Mb. Pdf ko'rish
|
azmyradowa O~KärhananyÅ ykdysadyýeti-2017`Türkmen döwlet neÅirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ulanyş tapgyry Kabul etmek we işe goýbermek Enjamy çalyşmak Giňeltmek, innowasiýalar 28-nji surat. Maýa goýum sikliniň tapgyrlarynyň mazmuny
Maýa goýum taslamasynyň öň ýanyndaky tapgyr
160 Maýa goýum tapgyry Gepleşikleri geçirmek we şertnamalary baglaşmak Taslamak Gurluşyk Marketing Okuw Ulanyş tapgyry Kabul etmek we işe goýbermek Enjamy çalyşmak Giňeltmek, innowasiýalar 28-nji surat. Maýa goýum sikliniň tapgyrlarynyň mazmuny Maýa goýuma zerurlyk kärhananyň işine geçirilen dessine seljermäniň netijesinde bel lenilýär we soňra onuň geljekki ösüşi emele getirilende takyklanylýar. Şonuň esasynda taslamanyň maksatlary kesgitlenilýär we nazaryýet taýdan goýlan maksatlara laýyk gelip biljek meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar. Taslama esaslandyrylanda ony durmuşa geçirmegiň netijesinde öndüriljek önüm isleg den peýdalanar we taslamanyň kanagatlanarly özüni ödeýşini üpjün etmäge ukyply bahalar boýunça ýerlener diýen çaklamadan ugur alynýar. Şu maksatlar bilen maýa goýumçylar, düz gün bolşy ýaly, önümçiligiň çak edilýän möçberiniň 50%den az bolmadyk mukdaryny maliýe taýdan ygtybarly buýrujylar bilen bag laşylýan uzak möhletli şertnamalar bilen berkitmäge çalyşýarlar. Şunuň ýaly şertnamalar, eger bu mümkin bolsa, ulanyş we beýleki harajatlaryň ýokarlanan halatynda bahalary ýokarlandyrmak hukygyny öz içine almalydyr (üýtgeýän bahalar). Mundan başgada, şunuň ýaly şertnamalarda bahanyň ondan pes bolan ýagdaýynda kärhananyň diňe bir peýdany däl, eýsem dolanyşyk maýasyny ýitirip başlaýan derejesi ýazylyp bellenilýär. Taslamanyň ugruny işläp taýýarlamagyň mundan beýläkki prosesi mümkin bolan her bir görnüşi olaryň amala aşyrarlygy nuk daý nazaryndan seljerilmegini, şeýle hem olaryň 161 esasynda amatly çöz gütleri seçip almagyň bolup geçýän kesgitlenen kadalaryň kesgitlen megini göz öňün de tutýar. Ol ýada beýleki görnüşiň kabul edilmegini kesgitleýän esasy kesgitlenen kadalar şu lar bolup durýar: – taslamanyň gymmaty; – onuň durmuşa geçirilmeli möhleti; – taslamany ýerine ýetirmegiň netijesinde maýa goýumçynyň maýasynyň artyşy. Taslamanyň üstünde işlemegiň şu tapgyrynda birnäçe goşmaça bölümler göz öňün de tutulýar, olara soňundan has jikmejik seredilýär. Olaryň arasynda şu bölümleri gör kezip bolar: enjamlaryň alyn ýan çeşmeleri; çig mal, materiallar, ýangyç we toplaýyş önümleri bilen üpjünçilik çeşmeleri; taslamanyň durmuşa geçirilýän etrabynda zerur bolan infra strukturanyň ýagdaýy; taslamanyň bar bolan kanunçy lyga laýyklyklygy (döwlet we sebit derejesinde). Olaryň gymmaty, durmuşa geçirilmeli möhletleri we ma ýanyň artyşy ölçeg leri boýunça taslamanyň saýlap alma görnüşlerine toplumlaýyn baha bermek işinde taslamanyň ýaşaýşa ukyplylygy görkezijisini peýdalanmak kabul edi lendir: – maýa goýumlaryň talap edilýän ösüş depginlerini üpjün etmek mümkinçiligi; – taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda maýa goýumçylara goýlan serişdeleriň we öz üstüne alan töwekgelçiliginiň öwezini dolmak üçin ýeterlik bolan girdejileriň akymyny emele getirmek ukyby. Taslamanyň ýaşaýşa ukyplylygyny seljermek iki tapgyrdan durýar: 1. Taslamanyň saýlap alma görnüşlerinden ýaşaýşa has ukyplysy saýlanyp alynýar. 2. Saýlanyp alnan görnüş üçin taslamanyň aňryçäk ýaşaýşa ukyp lylygyny üpjün edýän maliýeleşdirme usullary we maýa goýumlaryň gurluşy seçilip alynýar. Taslamanyň ýaşaýşa ukyplylygyny esaslandyrmak üçin aşakdaky görkezijiler boýun ça onuň ykdysady häsiýetnamalaryna seljerme geçirilýär: – arassa diskontirlenen gymmat; – maýa goýumlaryň özüni ödeýjilik koeffisiýenti; – taslamanyň özüni ödeýän döwri; – maýa goýmagyň netijeliligi. Bu görkezijiler maýa goýmagyň deňeşdirilýän mümkinçiliklerini hasaba alýar we diskontirlemegi, ýagny geljekki döwürleriň girdejilerini häzirki wagtda berilýän baha geti rilmegini göz öňünde tutýar. Şunda esasy zat arassa diskontirlenen gymmat görkezijisi NPV (Net Present Value) bolup durýar, sebäbi beýlekileri şu görkezijiniň bellibir modifikasiýasyndan durýar ýada şu görkeziji onuň esasynda ýatýar. Arassa diskontirlenen gymmaty hasaplamak zerur bolan hasaplamalary ýönekeýleş dirýän bellibir ýol bermelere esaslanýar: – maýany çekmek we ýerleşdirmek birmeňzeş göterimleriň hasabyna geçirilýär; – pul serişdeleriniň gelmegi we gitmegi diňe her bir döwrüň başynda hemde ahyryn da amala aşyrylýar; 11. Sargyt № 996 162 – pul akymlary takyk kesgitlenýär we töwekgelçilik babatynda düzediş girizmek zerurlygy bolmaýar; – strategik maksat hökmünde firmanyň ýagdaýyny aňryçäk derejede gowulandyrmak kabul edilýär. Diskontirlemegiň maksady puluň gymmatynyň wagt boýunça üýtgeýşini hasaba almak bolup durýar. «Puluň gymmaty» – bu hasap lamalarda kabul edilen diskontirleme möçberidir. NPV taslamanyň hereket edýän döwründe toplanan, serişdeleriň gelşi bilen gidişiniň arasyndaky diskontirlenen tapawutdyr. NPV hasaplamak düzgüni şu ädimlerden durýar: – diskontirlemegiň laýyk gelýän möçberini saýlap almak; – maýa goýum taslamasyndan garaşylýan ähli pul girdejileriniň gündelik gymmatyny hasaplamak; – şu maýa goýum taslamasy üçin talap edilýän gündelik gymmatdan ähli düýpli goýumlary aýyrmak. NPV kriterisi boýunça taslamalary seçip almagyň kadasy: eger taslamanyň arassa diskontirlenen gymmaty nola deň ýada ondan ýokary bolsa, onda taslama kabul ederlik bolup durýar. Şeýlelikde, maýa goýum taslamasynyň NPV firmanyň öz maliýe ýagdaýyny ýaramazlaşdyrmazdan, maýany goýuma gönükdirmek mümkinçiligi üçin töläp biljek aňry çäk möçberi hökmünde kesgitläp bolar. Garaşylýan NPV maýa goýum üçin hasaplama harajatlardan ýokary gelýän bölegi babatynda maýanyň peýdalanylmadyk artyşy bolup durýar. Garaşylýan pul girdejileri hakyky girdejilere öwrülen halatynda maýanyň şunuň ýaly artmagynyň durmuşa geçirilendigi, ýagny peýdalanylandygy bolar. NPV oňyn ululygy diňe bir maýanyň girdejililiginiň çaklanylýan derejesinde maýa goýum taslamasy üçin harajatlaryň doly öweziniň dolunýandygyna şaýatlyk etmän, eýsem goşmaça girdejiniň alnandygyna hem şaýatlyk edýär. NPV hasaplamak üçin formulanyň şunuň ýaly görnüşi bardyr: NPV = ∑C t (1+r) –t ; n 1 bu ýerde C t – döwrüň ahyrynda arassa pul akymy t; r – şu firma üçin puluň wagt boýunça gymmaty (diskont möçberi); n – maýa goýum taslamasynyň ýaşaýyş döwri, ýyl. A we B maýa goýum saýlap almalary deňeşdirilende NPV görkezijisiniň esasynda çözgütleri kabul etmek şu şertlerde amala aşyrylyp bilner: 1. NPVA > 0; NPVB < 0. 2. NPVA > 0; NPVB > 0; NPVA > NPVB. 3. NPVA > 0; NPVB > 0; NPVA = NPVB Üçünji şert saýlawlaryň birini saýlap almak üçin kabul eder likdir. Bu ýerde NPV esasynda hasaplamagyň goşmaça usullary peýdalanylmalydyr. Olara gymmaty diskontirle megiň uzaklygy we diskontirlenen gymmatyň paýy degişlidir. Diskontirlenen gymmatyň paýy ilkibaşda goýum hökmünde goýlan maýanyň ululygy babatynda NPV hökmünde hasaplanýar: D NPV = NPV / I. 163 Maýa goýumlaryň özüni ödeýşine baha berlende düýp mazmuny boýunça birmeňzeş birnäçe düşünjeler peýdalanylýar: girdejililik, göterim möçberi, maýa goýumlaryň girdeji liligi, maýa goýum girdejisiniň gündelik gymmaty, wagt boýunça düzediş girizilen girdeji möçberi we ş.m. Iň dogry düşünje «özüni ödemegiň içki ölçegi (girdeji)» (IRR – Internal Rate Return) bolup durýar. Ol hasaplananda NPV konsepsiýasy peýdalanylýar. IRR düýp manysy maýa goýum taslamasyndan garaşylan girdejileriň gündelik gymmatynyň zerur bolan pul goýumlarynyň gündelik gymmatyna deň bolan diskontirleme möçberini tapmak dan ybaratdyr. Şunuň ýaly möçberi tapmak iteratiw (gaýtalanýan hereketi görkezýän) usul bilen amala aşyrylýar. Eger maýa goýumçynyň geljek döwürleriň her birindäki geljekki girdejileri we çykdajylary belli bolsa, onda gözlenýän möçberi tapmagy diskontyň islendik möçberinden başlap bolar. Eger alnan arassa gündelik gymmat noldan ýokary bolsa, onda diskontyň has ýokary möç beri alynmalydyr we NPV gaýtadan hasaplanmalydyr. Şeýlelik de, diskontyň gözlenýäne golaý möçberini alyp bolar. Bu möçber hem IRR diýlip atlan dyrylar. IRR goýuma gönükdirilen maýanyň ösüş depgini hökmünde ýada eger maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek üçin serişdeleriň ählisi karz serişdeler bolup durýan bolsa, maliýe ýagdaýyna zyýan ýetirmezden karz alyjynyň töläp biljek has ýokary göterim möç beri hökmünde seredip bolar. Hasaplama üçin deňleme şunuň ýaly bolar: ∑C t (1 + IRR) –t = 0. Maýa goýum taslamasynyň NPV hasaplamasy diskontyň käbir bellenen ölçeginde onuň netijeli boljakdygy baradaky soraga jogap berýän bolsa, onda taslamanyň IRR hasap lamanyň barşynda kesgitlenýär we soňra goýulýan maýa üçin maýa goýumçy tarapyndan talap edilýän girdejiniň ölçegi bilen deňeşdirilýär. IRR maýa üçin maýa goýumçy tarapyn dan talap edilýän girdejiniň ölçegine deň ýada ondan ýokary bolan halatynda maýa goýum esaslydyr we taslamany kabul etmek baradaky meselä seredilip bilner. Tersine bolanda maýa goýumlar maksada laýyk däldir. Eger taslamanyň saýlaw (biribirini inkär edýän) görnüşleriniň NPV we IRR deňeş dirilmegi gapmagarşy netijelere getirýän bolsa, NPV görkezijisine berilýän baha ileri tu tulmalydyr. Özüni ödeme möhleti – iň az wagt aralygy (taslamanyň amala aşyrylyp başlanan wagtyndan bäri) bolup, onuň daşynda integral netije ýaramaz däl bolar we soňy bilen şeýle bolup hem galýar. Başga sözler bilen aýdylanda, bu döwür ondan başlap ilkibaşky goýumlaryň we maýa goýum taslamasy bilen baglanyşykly beýleki harajatlaryň ony amala aşyrmagyň jemi netijeleri bilen ýapylyp başlanýan döwrüdir (aýlarda, çärýeklerde ýada ýyllarda ölçenilýän döwür). Özüni ödemek möhletini diskontirleme prosesini peýdalanmak bilen kesgitlemek maslahat berilýär. Özüni ödemegiň diskontirlenmedik döwrüni hasaplamak üçin formula şu görnüşde bolýar: T = t + [I – ∑NCF k ] : NCF t + 1 , 164 bu ýerde t – ilkibaşda goýuma gönükdirilen maýanyň jemlenen arassa pul akymy bilen ýapylan pursatynyň öň ýanyndaky ýyl; I – ilkibaşda goýuma gönükdirilen maýa; NCF t+1 . – özüni ödemeli pursatynyň düşýän ýylynda arassa pul akymy NCF t + 1 (t+1). Diskontirlemegi hasaba almak özüni ödemeli möhleti şu formula boýunça kesgit lenýär: T = t + Sanalyp geçilen kriterileriň hiç biri hem özözünden taslamany kabul etmek üçin ýe terlik bolup durmaýar. Taslama maýa goýmak baradaky çözgüt sanalyp geçilen kriterileriň ählisiniň ululygyny, şeýle hem ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini hasaba almak bilen kabul edilmelidir. Çözgüt kabul edilende taslamany amala aşyrmak üçin çekilýän maýanyň gur luşy we onuň wagt boýunça paýlanyşy, şeýle hem diňe bir bölegini netijeli (resmi däl) hasaba alyp bolýan beýleki faktorlar möhüm rol oýnamalydyr. Maýa goýumyň netijeliligi girdejileriň arassa diskontirlenen akymynyň girdejileriň şu akymyny üpjün edýän taslamanyň arassa diskontirlenen gymmatyna bolan gatnaşygy hökmünde hasaplanýar. Taslamanyň ýaşaýşa ukyplylygyna baha bermegiň birinji tap gyrynda sanalyp geçilen ähli görkezijileri peýdalanmak bilen, saýlaw görnüşleriniň arasyndan oňa gatnaşyjylara goýlan serişdeler üçin maýanyň gymmatynyň has ýokary derejede artmagyny, şeýle hem iň pes maliýe töwekgelçiligini üpjün edýän görnüşi saýlanyp alynmalydyr. Soňky tapgyrda taslamany paýdarlar tarapyndan maliýeleşdirilişine goşmaça ony karz serişdeler arkaly maliýeleşdirmek mümkinçiligine baha bermek we girdejileri ýokarlandyr mak hemde töwekgelçiligi peseltmek maksady bilen maýa goýumlaryň akymlaryny amat ly etmek zerurdyr. Ýagny şu tapgyrda ýüze çykýan bergini üzmek nukdaýnazaryndan tas lamanyň mümkinçiliklerine seredilýär. Taslamanyň bergini üzmek boýunça mümkinçiliklerine baha bermek bergini ýapmak koeffisiýentiniň we göterim möçberini ýapmak koeffisiýentiniň esasynda geçirilýär. Bergini ýapmak koeffisiýenti taslamanyň häzirki döwürde pul serişdeleriniň borçna many ýerine ýetirmek üçin ýeterlik möçberini getirmek ukybyny häsiýetlendirýär. Bu koef fisiýent bergini üzmek üçin peýdalanylyp bilinjek erkin pul serişdeleriniň ululygynyň üzmek üçin talap edilýän pul serişdeleriniň möçberine bolan gatnaşygy hökmünde hasaplanýar. Bergini ýapmagyň < 1 koeffisiýenti bolanda girdejileriň akymy bergini üzmäge laýyk däldir. Göterim möçberini ýapmak koeffisiýenti taslamanyň karzlar boýunça göterimleri tölemek üçin ýeterlik bolan gündelik girdejini getirmek ukybyny görkezýär. Pul serişdeleriniň akymyny seljermegiň esasynda bergini üzmegiň gün tertibini düzüp bolar. Taslamanyň bergini üzmek babatynda umumy ukyby kesgitlenenden soň ony dur muşa geçirmek üçin goýlan serişdeleriň we alnan töwekgelçiligiň öwezini dolmak üçin ýeterlik bolan amatly maýa goýum akymlary hemde taslama gatnaşyjylaryň ählisi üçin girdejileriň akymlary hasaplanýar. Akymlaryň ähli görnüşleriniň amatly gatnaşy gy olar üçin hasaplanyp çykarylan NPV arkaly kesgitlenýär. 165 Taslamanyň ugurlarynyň işlenip taýýarlanýan tapgyrynda binýatlyk (deslapky) tas lamak işleri başlanýar, ol taslamanyň esa sy häsiýetnamalarynyň kesgitlemesini öz içine alýar. Bu iş şu esasy ugurlar boýunça geçirilýär: – taslamanyň esasy ýörelgelerini işläp taýýarlamak; – taslamany tehniki taýdan esaslandyrmak; – harajatlary ilkibaşda meýilnamalaşdyrmak we esaslandyrmak; – guramaçylyk we tehnologik işi kesgitlemek. Tehniki taýdan esaslandyrma – maýa goýumy taslamak işleriniň esasy pursatlarynyň biridir. Şu tapgyrda önümçilik maksatnamasy işlenip taýýarlanmalydyr, önümleriň aýratynlygy we önümiň ýerlenmeli möçberleriniň meýilnamalaýyn tabşyryklary kesgit lenmelidir. Şeýle hem soňundan saýlaw usulynyň saýlanyp alnyşyna haýsydyr bir dere jede täsir edýän ähli tehniki talaplar göz öňünde tutulmalydyr. Başlangyç meýilnamalaşdyrmak we önümçilik çykdajylaryna baha bermek irki tap gyrlarda taslamanyň işlenip taýýarlanyşyna gözegçiligi üpjün etmelidir. Taslamak işleri geçirilende esaslandyrylan ähli saýlawlaryň işlenip taýýarlanmagyny we baha berilmegini kepillendirmek talap edilýär. Guramaçylyk we önümçilik işlerini kesgitlemek taslamakonstruktorçylyk işläp taýýarlamalary bilen ugurdaş alnyp barylmalydyr. Bu işler taslamanyň ähli jähtlerini öz içine almalydyr. Taslamanyň ähli jähtlerini (maddytehniki üpjünçilik, hili kepillendirmek, nouhau goramak, ätiýaçlandyrmak, işgärleri hakyna tutmagyň zähmet hakyny tölemegiň şertleri we ş.m.) işläp geçmek taslamak işleriniň irki tapgyrlary tamamlanandan soň hem dowam etdirilmelidir. Download 1.28 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling